Yza
Hukukçy
Kanunlar
Kanunlar
Kömek
Resminamany barla
Içeri gir
Kanunlar
«Türkmenistanyň halk çeper döredijiligi hakynda» Türkmenistanyň Kanuny
kanun
23.11.2016 · № 478-V
«Türkmenistanyň halk çeper döredijiligi hakynda» Türkmenistanyň Kanuny
26 madda · 8 sahypa
26 madda
1-nji madda
Şu Kanunda ulanylýan esasy düşünjeler
Şu Kanunyň maksatlary üçin aşakdaky esasy düşünjeler ulanylýar: 1) halk çeper döredijiligi - Türkmenistanyň halkynyň özboluşly çeper däp-dessurlaryny şöhlelendirýän önümleri döretmek bilen baglanyşykly taryhy taýdan kemala gelen işiň…
2-nji madda
Türkmenistanyň halk çeper döredijiligi hakynda kanunçylygy
1. Türkmenistanyň halk çeper döredijiligi hakynda kanunçylygy Türkmenistanyň Konstitusiýasyna esaslanýar we şu Kanundan hem-de Türkmenistanyň beýleki kadalaşdyryjy hukuk namalaryndan durýar. 2. Eger Türkmenistanyň halkara şertnamasynda şu…
3-nji madda
Halk çeper döredijiligi babatda döwlet syýasatynyň esasy ugurlary
Halk çeper döredijiligi babatda döwlet syýasatynyň esasy ugurlary şulardyr: 1) halk çeper döredijiligini döwlet tarapyndan goldamak boýunça kanunçylyk we guramaçylyk çärelerini kesgitlemek we durmuşa geçirmek; 2) halk çeper döredijiligini…
4-nji madda
Halk çeper döredijiligi babatda döwlet tarapyndan düzgünleşdirmäni amala aşyrýan edaralar
Halk çeper döredijiligi babatda döwlet tarapyndan düzgünleşdirilmegi Türkmenistanyň Ministrler Kabineti, medeniýet babatda ýerine ýetiriji häkimiýetiň ygtyýarly edarasy (mundan beýläk - ygtyýarly edara), ýerine ýetiriji häkimiýetiň ýerli…
5-nji madda
Halk çeper döredijiligi babatda Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň ygtyýarlylygy
Türkmenistanyň Ministrler Kabineti: 1) halk çeper döredijiligi babatda ýeke-täk döwlet syýasatyny amala aşyrýar; 2) halk çeper döredijiligini dikeltmek, aýap saklamak, ösdürmek we goldamak boýunça döwlet maksatnamalaryny kabul edýär; 3)…
6-njy madda
Halk çeper döredijiligi babatda ygtyýarly edaranyň ygtyýarlylygy Ygtyýarly edara: 1) halk çeper döredijiligini dikeltmegiň, aýap saklamagyň, ösdürmegiň we goldamagyň döwlet maksatnamalaryny işläp taýýarlaýar we durmuşa geçirýär; 2) halk…
7-nji madda
Halk çeper döredijiligi babatda ýerine ýetiriji häkimiýetiň ýerli we ýerli öz-özüňi dolandyryş edaralarynyň ygtyýarlylygy
Ýerine ýetiriji häkimiýetiň ýerli we ýerli öz-özüňi dolandyryş edaralary öz tabynlygyndaky çäkde we öz ygtyýarlylygynyň çäklerinde: 1) halk çeper döredijiligi hakynda Türkmenistanyň kanunçylygynyň berjaý edilmegini üpjün edýärler; 2) halk…
8-nji madda
Halk çeper döredijiligi babatda ylmy guramalaryň, ýokary okuw mekdepleriniň we muzeýleriň gatnaşmagy
Ylmy guramalar, ýokary okuw mekdepleri we muzeýler: 1) halk çeper döredijiliginiň önümlerini ýüze çykarmak işine gatnaşýarlar, olary öwrenmek boýunça ylmy barlag işini geçirýärler; 2) halk çeper döredijiligini ýaýratmak boýunça çäreleri…
9-njy madda
Halk çeper döredijiligi babatda işiň esasy görnüşleri
Şu aşakdakylar halk çeper döredijiligi babatda işiň esasy görnüşleridir: 1) halyçylyk; 2) milli nagyşlary we suratlary peýdalanmak bilen palaslary we keçe önümlerini taýýarlamak; 3) zergärçilik işi; 4) milli nagyş we milli örmek; 5)…
10-njy madda
Halk çeper döredijiligi babatda işi guramak
1. Halk çeper döredijiligi babatdaky iş professional ýa-da höwesjeň esasda amala aşyrylyp bilner. 2. Halk çeper döredijiligi babatdaky iş fiziki we ýuridik şahslar tarapyndan şu aşakdaky guramaçylyk-hukuk görnüşlerde amala aşyrylyp…
11-nji madda
Halk çeper döredijiliginiň önümlerini öndürýän kärhanalar
1. Halk çeper döredijiliginiň önümlerini öndürýän kärhanalara, olaryň öndürýän önümleriniň umumy möçberiniň azyndan 50 göterimini halk çeper döredijiliginiň önümleri düzýän kärhanalar degişlidir. 2. Halk çeper döredijiliginiň önümlerini…
12-nji madda
Halk çeper döredijiligi babatda işiň maliýeleşdirilmegi
1. Halk çeper döredijiligi babatda işiň maliýeleşdirilmegi aşakdakylaryň hasabyna amala aşyrylýar: 1) Türkmenistanyň Döwlet býujetiniň serişdeleriniň; 2) býujetden daşary serişdeleriň; 3) ýuridik we fiziki şahslaryň serişdeleriniň; 4)…
13-nji madda
Önümleriň halk çeper döredijiliginiň önümlerine degişliliginiň ölçegleri
1. Önümleriň halk çeper döredijiliginiň önümlerine degişliliginiň esasy ölçegleri olary taryhy taýdan emele gelen usullar bilen taýýarlamak, şeýle hem halk çeper döredijiliginiň önümleri taýýarlananda zähmetiň, önümçilik serişdeleriniň,…
14-nji madda
Halk çeper döredijiligi babatda işi amala aşyrýan raýatlaryň hukuklary
Halk çeper döredijiligi babatda işi amala aşyrýan raýatlar fiziki şahslar hökmünde ýa-da ýuridik şahslaryň düzüminde bolup, olar şu aşakdaky hukuklara eýedirler: 1) özleriniň döredijilik hyýallaryny goramaga; 2) ylmy barlaglar bilen…
15-nji madda
Halk çeper döredijiligi babatda işi amala aşyrýan raýatlaryň awtorlyk hukuklary
Halk çeper döredijiliginiň önümlerinde (halk çeper döredijiliginiň täsin önüminde ýa-da önümiň birkysmy nusgasynda) iş ýüzüne geçirilen intellektual işiň netijesine bolan raýatlaryň awtorlyk hukuklary, şonuň bilen birlikde soňra gaýtadan…
16-njy madda
Halk çeper döredijiliginiň ussasy
1. Halk çeper döredijiliginiň ussasy öz işini halk çeper döredijiliginiň önümlerini öndürýän kärhana bilen zähmet şertnamasynyň (kontraktynyň) ýa-da raýat-hukuk şertnamasynyň şertlerinde ýa-da ýuridik şahsy döretmezden hususy telekeçi…
17-nji madda
Halk çeper döredijiligini öwretmek
Halk çeper döredijiligini öwretmek aşakdakylar arkaly amala aşyrylýar: 1) işgärleri gös-göni halk çeper döredijiliginiň önümlerini öndürýän kärhanalarda taýýarlamak; 2) däp-dessurlaryň meňzeşligini üpjün etmek maksady bilen çeper…
18-nji madda
Halk çeper döredijiliginiň ýaýradylmagy
Halk çeper döredijiligini ýaýratmak, şeýle hem halk çeper döredijiligi babatda iş bilen meşgullanýan fiziki we ýuridik şahslary höweslendirmek maksady bilen, ygtyýarly edara gyzyklanýan ministrlikler we pudaklaýyn dolandyryş edaralary,…
19-njy madda
Halk çeper döredijiligi muzeý işinde
Halk çeper döredijiliginiň has gymmatly önümlerini ýygnamak we görkezmek maksady bilen ygtyýarly edara tarapyndan halk çeper döredijilik muzeýleri, şeýle hem olaryň Türkmenistanyň muzeýlerinde hereket edýän ýöriteleşdirilen bölümleri…
20-nji madda
Halk çeper döredijiligi boýunça resminamalaryň gaznalary (arhiwleri)
Taryhy-medeni ähmiýeti bolan halk çeper döredijiligi boýunça resminamalaryň gaznalaryna (arhiwlerine) Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykda medeni gymmatlylygyň derejesi berilýär.
21-nji madda
Halk çeper döredijiligi babatda Türkmenistanyň halkara hyzmatdaşlygy
Halk çeper döredijiligi babatda Türkmenistanyň halkara hyzmatdaşlygy aşakdakylar arkaly amala aşyrylýar: 1) halk çeper döredijiligi babatda halkara gatnaşyklaryny guramak we ösdürmek; 2) halk çeper döredijiligi babatda bilelikdäki ylmy…
22-nji madda
Halk çeper döredijilik önümlerini äkitmek
1. Taryhy, çeperçilik, ylmy ýa-da beýleki medeni ähmiýete eýe bolan halk çeper döredijiliginiň önümleri, şeýle hem medeni gymmatlyklar hökmünde döwlet tarapyndan goralýan önümleri Türkmenistanyň çäklerinden daşyna äkitmäge sergileri,…
23-nji madda
Halk çeper döredijiligi bilen baglanyşykly daşary ykdysady işiň amala aşyrylmagy
Ýuridik we fiziki şahslar tarapyndan amala aşyrylýan halk çeper döredijiligi bilen baglanyşykly daşary ykdysady işe diňe Türkmenistanyň Ministrler Kabineti tarapyndan kesgitlenilýän tertipde berilýän rugsat bolanda ýol berilýär.
24-nji madda
Jedelleriň çözülişi
Halk çeper döredijiligi babatda jedeller Türkmenistanyň kanunçylygynda bellenilen tertipde çözülýär.
25-nji madda
Türkmenistanyň halk çeper döredijiligi hakyndaky kanunçylygynyň bozulmagy üçin jogapkärçilik
Türkmenistanyň halk çeper döredijiligi hakyndaky kanunçylygynyň bozulmagy Türkmenistanyň kanunçylygynda bellenilen jogapkärçilige eltýär.
Öňki
1 / 2
Indiki