Yza
Hukukçy
Kanunlar
Kanunlar
Kömek
Resminamany barla
Içeri gir
Kanunlar
«Azyk howpsuzlygy hakynda» Türkmenistanyň Kanuny
kanun
23.11.2016 · № 479-V
«Azyk howpsuzlygy hakynda» Türkmenistanyň Kanuny
19 madda · 9 sahypa
19 madda
1-nji madda
Esasy düşünjeler
Şu Kanunda aşakdaky esasy düşünjeler ulanylýar: 1) azyk howpsuzlygy - ýurduň azyk garaşsyzlygy, ýaşaýyş üçin wajyp iýmit önümleriniň we iýmit çig malynyň öndürilmeginiň zerur derejesi üpjün edilýän, şeýle hem işjeň we sagdyn durmuş üçin…
2-nji madda
Azyk howpsuzlygy hakynda Türkmenistanyň kanunçylygy
1. Azyk howpsuzlygy hakynda Türkmenistanyň kanunçylygy Türkmenistanyň Konstitusiýasyna esaslanýar we şu Kanundan hem-de Türkmenistanyň beýleki kadalaşdyryjy hukuk namalaryndan ybaratdyr. 2. Iýmit önümleriniň howpsuzlygyny we hilini üpjün…
3-nji madda
Türkmenistanyň azyk howpsuzlygyny üpjün etmek
1. Türkmenistanyň azyk howpsuzlygy Türkmenistanyň Ministrler Kabineti, azyk howpsuzlygyny üpjün etmek babatda ygtyýarlandyrylan döwlet edaralary we ýerine ýetiriji häkimiýetiň ýerli edaralary tarapyndan üpjün edilýär. 2. Türkmenistanyň…
4-nji madda
Türkmenistanyň azyk howpsuzlygyny üpjün etmegiň maksatlary we wezipeleri
1. Ilaty howpsuz oba hojalyk, balyk önümleri we beýleki azyk bilen üpjün etmek, şeýle hem Türkmenistanyň ilaty tarapyndan ýaşaýyş üçin wajyp iýmit önümleriniň sarp edilişiniň olary sarp etmegiň rejeli kadalaryna çenli ösmegi Türkmenistanyň…
5-nji madda
Türkmenistanyň azyk howpsuzlygyny üpjün etmek boýunça esasy çäreler
1. Türkmenistanyň azyk howpsuzlygyny üpjün etmek boýunça çäreler azyk howpsuzlygynyň içerki we daşky howplarynyň ygtybarly öňüniň alynmagyna gönükdirilendir we döwletiň durmuş-ykdysady ösüşiniň döwlet çaklamalary bilen bir wagtda işlenilip…
6-njy madda
Azyk howpsuzlygyny üpjün etmek babatda döwlet düzgünleşdirmesini amala aşyrýan edaralar
1. Azyk howpsuzlygyny üpjün etmek babatda döwlet düzgünleşdirmesi Türkmenistanyň Ministrler Kabineti, azyk howpsuzlygyny üpjün etmek babatda ygtyýarlandyrylan edaralar we ýerine ýetiriji häkimiýetiň ýerli edaralary tarapyndan amala…
7-nji madda
Azyk howpsuzlygyny üpjün etmek babatda Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň ygtyýarlylygy
Türkmenistanyň Ministrler Kabineti: 1) azyk howpsuzlygyny üpjün etmek babatda döwlet syýasatynyň strategiýasynyň esasy ugurlaryny tassyklaýar, ony amala aşyrmak boýunça çäreleri kesgitleýär; 2) azyk howpsuzlygyny üpjün etmegiň döwlet…
8-nji madda
Azyk howpsuzlygyny üpjün etmek babatda ygtyýarlandyrylan döwlet edaralarynyň ygtyýarlylygy
1. Azyk howpsuzlygyny üpjün etmek babatda ygtyýarlandyrylan döwlet edaralary: 1) azyk howpsuzlygyny üpjün etmek babatda döwlet syýasatyny durmuşa geçirýärler; 2) azyk howpsuzlygyny üpjün etmegiň ýörite döwlet maksatnamalaryny işläp…
9-njy madda
Azyk howpsuzlygyny üpjün etmek babatda ýerine ýetiriji häkimiýetiň ýerli edaralarynyň ygtyýarlylygy
1. Ýerine ýetiriji häkimiýetiň ýerli edaralary özleriniň garamagyndaky çäklerde: 1) azyk howpsuzlygyny üpjün etmek babatda döwlet syýasatyny geçirmek boýunça çäreleri durmuşa geçirýärler; 2) iýmit önümlerini we iýmit çig malyny öndürmek,…
10-njy madda
Azyk howpsuzlygyny üpjün etmekde jemgyýetçilik birleşikleriniň orny
1. Jemgyýetçilik birleşikleri azyk howpsuzlygyny üpjün etmegiň döwlet maksatnamalaryny işläp taýýarlamaga we durmuşa geçirmäge, ilaty ýaşaýyş üçin wajyp iýmit önümleri we iýmit çig maly bilen üpjün etmek boýunça degişli çäreleri işläp…
11-nji madda
Azyk öndürmegiň zerur we hakyky derejesiniň balansy
Döwletde azyk öndürmegiň zerur we hakyky derejesiniň balansy, döwletiň azyk howpsuzlygynyň we azyk garaşsyzlygynyň derejesine baha bermek bilen baglanyşykly hasaplamalar ulgamynyň esasy, şeýle hem ýaşaýyş üçin wajyp iýmit önümlerini we…
12-nji madda
Azyk howpsuzlygynyň üpjün edilişine döwlet gözegçiligi
1. Azyk howpsuzlygynyň üpjün edilişine döwlet gözegçiligi şu Kanunyň talaplaryny berjaý etmek, azyk howpsuzlygyny üpjün etmegiň döwlet maksatnamalaryny ýerine ýetirmek we ilaty ýaşaýyş üçin wajyp iýmit önümleri we iýmit çig maly bilen…
13-nji madda
Döwlet azyk ätiýaçlygy
1. Döwlet azyk ätiýaçlygy Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykda ilaty ýaşaýyş üçin wajyp iýmit önümleri we iýmit çig maly bilen durnukly üpjün etmek, şeýle hem iýmit önümleriniň we iýmit çig malynyň gytçylygynyň ýüze çykmak…
14-nji madda
Azyk bazaryna döwlet gözegçiligi
1. Azyk bazaryna döwlet gözegçiligi Türkmenistanda azyk öndürmegiň zerur we hakyky derejesiniň balansynyň esasynda Türkmenistanyň Ministrler Kabineti we onuň tarapyndan ygtyýarlandyrylan döwlet edaralary tarapyndan amala aşyrylýar. 2. Azyk…
15-nji madda
Azyk howpsuzlygyny üpjün etmek babatda maglumat we monitoring
1. Azyk howpsuzlygyny üpjün etmek babatda maglumat we monitoring şu aşakdakylary öz içine almalydyr: 1) azyk öndürmegiň zerur we hakyky derejesiniň balansynyň mukdar häsiýetnamalaryny; 2) iýmit önümleriniň öndürilişiniň ýagdaýy baradaky,…
16-njy madda
Azyk howpsuzlygyny üpjün etmek babatda ýüze çykýan jedelleri çözmek
Azyk howpsuzlygyny üpjün etmek babatda ýüze çykýan jedeller Türkmenistanyň kanunçylygynda bellenen tertipde çözülýär.
17-nji madda
Azyk howpsuzlygy hakynda Türkmenistanyň kanunçylygynyň bozulandygy üçin jogapkärçilik
Azyk howpsuzlygy hakynda Türkmenistanyň kanunçylygynyň bozulmagy Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykda jogapkärçilige eltýär.
18-nji madda
Azyk howpsuzlygyny üpjün etmek babatda Türkmenistanyň halkara hyzmatdaşlygy
Azyk howpsuzlygyny üpjün etmek babatda Türkmenistanyň halkara hyzmatdaşlygy Türkmenistanyň kanunçylygyna we halkara şertnamalaryna laýyklykda amala aşyrylýar.
19-njy madda
Şu Kanunyň güýje girmegi
Şu Kanun resmi taýdan çap edilen gününden güýje girýär.