Yza
Hukukçy
Kanunlar
Kanunlar
Kömek
Resminamany barla
Içeri gir
Kanunlar
«Adalatçy hakynda» Türkmenistanyň Kanuny
kanun
23.11.2016 · № 476-V
«Adalatçy hakynda» Türkmenistanyň Kanuny
46 madda · 13 sahypa
46 madda
1-nji madda
Adalatçy
1. Türkmenistanda Adam hukuklary boýunça ygtyýarly wekil bolup durýan Adalatçynyň wezipesi, adamyň we raýatyň hukuklarynyň we azatlyklarynyň döwlet tarapyndan goragynyň kepilliklerini, şeýle-de döwlet häkimiýet edaralary, ýerli öz-özüňi…
2-nji madda
Şu Kanuny ulanmagyň çygry
Şu Kanuny ulanmagyň çygry, bolýan ýerine garamazdan, Türkmenistanyň raýaty, Türkmenistanyň çäginde bolýan daşary ýurt raýaty ýa-da raýatlygy bolmadyk adam bilen döwlet häkimiýet, ýerli öz-özüňi dolandyryş edaralarynyň we olaryň wezipeli…
3-nji madda
Adalatçynyň işiniň hukuk esaslary
1. Adalatçy öz işinde Türkmenistanyň Konstitusiýasyny, şu Kanuny we Türkmenistanyň gaýry kadalaşdyryjy hukuk namalaryny we halkara şertnamalaryny gollanýar. 2. Türkmenistanyň kanunçylygynda, Türkmenistanyň halkara şertnamalarynda şeýle-de…
4-nji madda
Adalatçynyň saýlanylmagy
1. Türkmenistanyň Mejlisi Adalatçyny gizlin ses bermek arkaly, deputatlaryň bellenen sanyndan sesleriň ýönekeý köplügi bilen Türkmenistanyň Prezidenti tarapyndan hödürlenen üç dalaşgäriň arasyndan saýlaýar. 2. Eger Türkmenistanyň Mejlisi…
5-nji madda
Adalatçynyň wezipesine dalaşgäre bolan talaplar
Adalatçynyň wezipesine ýaşy kyrkdan pes bolmadyk, adam hukuklaryny goramak babatda tejribeli we ýokary ahlak sypatlaryna eýe bolan, ýokary bilimli, döwlet dilini bilýän, Türkmenistanyň çäginde soňky on ýylyň dowamynda hemişelik ýaşaýan we…
6-njy madda
Adalatçynyň we onuň orunbasarynyň wezipesine girişmegi
1. Adalatçy we onuň orunbasary saýlanylan güni Türkmenistanyň Mejlisiniň maslahatynda dabaraly ýagdaýda şu aşakdaky mazmunly kasam edýär: «Men (familiýasy, ady we atasynyň ady), wezipäme girişmek bilen, adamyň we raýatyň hukuklaryny we…
7-nji madda
Adalatçynyň ygtyýarlyklarynyň möhleti
1. Adalatçy bäş ýyl möhlet bilen saýlanylýar. Şol bir adam görkezilen wezipä yzygiderli iki möhletden köp saýlanylyp bilinmez. Adalatçynyň ygtyýarlyklarynyň möhleti onuň ygtyýarlyklaryny ýerine ýetirmäge girişen pursadyndan başlanýar. 2.…
8-nji madda
Adalatçynyň orunbasary
1. Adalatçynyň orunbasarlary bolýar. Adalatçynyň orunbasarynyň wezipesi döwlet wezipesi bolup durýar. Adalatçynyň orunbasary Adalatçynyň hödürnamasy boýunça Türkmenistanyň Mejlisi tarapyndan bäş ýyl möhlete saýlanylýar we wezipesinden…
9-njy madda
Adalatçynyň we onuň orunbasarynyň ygtyýarlyklarynyň möhletinden öň ýatyrylmagy
Adalatçynyň we onuň orunbasarynyň ygtyýarlyklary Türkmenistanyň Mejlisiniň deputatlarynyň bellenen sanyndan sesleriň ýönekeý köplügi bilen şu halatlarda möhletinden öň ýatyrylyp bilner: 1) öz ygtyýarlyklaryny üstünden aýyrýandygy hakynda…
10-njy madda
Adalatçynyň we onuň orunbasarynyň wezipesini eýelemek üçin çäklendirmeler
1. Adalatçy we onuň orunbasary şol bir wagtda Türkmenistanyň Mejlisiniň deputaty, häkimiýetiň ýerli wekilçilikli edaralarynyň we ýerli öz-özüňi dolandyryş edaralarynyň agzasy bolup bilmez, şeýle hem ylmy, mugallymçylyk we döredijilik…
11-nji madda
Adalatçynyň we onuň orunbasarynyň eldegrilmesizligi
1. Adalatçy we onuň orunbasary şahsy eldegrilmesizlik hukugyna eýedir. Türkmenistanyň Mejlisiniň razylygy bolmazdan, olar jenaýat jogapkärçiligine we kazyýet tertibinde administratiw jogapkärçilige çekilip, tutulyp saklanylyp, tussag…
12-nji madda
Adalatçynyň işiniň esasy ýörelgeleri
Adalatçynyň işi garaşsyzlyk, kanunylyk, tarapgöýsüzlik, elýeterlilik, maglumatlaryň ýaşyrynlygy, kemsidilmelere ýol berilmezligi, adamyň we raýatyň hukuklarynyň we azatlyklarynyň ileri tutulmagy, adalatlylyk, dogruçyllyk we aýanlyk…
13-nji madda
Adalatçynyň garaşsyzlygy
1. Adalatçy öz ygtyýarlyklaryny amala aşyranynda garaşsyzdyr we haýsydyr bir döwlet edaralaryna we wezipeli adamlara hasabat berýän däldir. 2. Adalatçy öz ygtyýarlyklaryny ýerine ýetireninde özbaşdakdyr we döwlet edaralaryna, wezipeli…
14-nji madda
Adalatçynyň işiniň aýanlygy
Adalatçynyň işi aýandyr we Türkmenistanyň köpçülikleýin habar beriş serişdelerinde beýan edilýär.
15-nji madda
Adalatçynyň zähmet hukuklarynyň kepillikleri
1. Adalatçynyň ygtyýarlyklaryny ýerine ýetirmeginiň möhleti işgäriň umumy iş döwrüne, nobatdaky harby ýa-da ýörite ady dakylmagyna we hünär derejesiniň berilmegine hukuk berýän gulluk ediş möhletine goşulýar. 2. Adalatçynyň ygtyýarlygy…
16-njy madda
Adalatçynyň maddy we durmuş kepillikleri
1. Adalatçynyň zähmete hak tölemek, lukmançylyk, durmuş we gaýry üpjünçiligi hem-de hyzmaty bilen baglanyşykly maddy we durmuş kepillikleri Türkmenistanyň kanunlary we gaýry kadalaşdyryjy hukuk namalary bilen döwlet wezipeli adamlar üçin…
17-nji madda
Adalatçynyň işine päsgel berilendigi üçin jogapkärçilik
Adalatçynyň çözgüdine ýa-da hereketine täsir etmek maksady bilen onuň işine gatyşylmagy, eldegrilmesizligine kast edilmegi, şu Kanunda göz öňünde tutulan borçlaryň wezipeli adamlar tarapyndan ýerine ýetirilmezligi, şeýle hem onuň işine…
18-nji madda
Adalatçynyň ygtyýarlyklary
1. Adalatçy: 1) döwlet häkimiýet edaralaryna, ýerli öz-özüňi dolandyryş edaralaryna, guramaçylyk-hukuk görnüşlerine we eýeçiliginiň görnüşlerine garamazdan kärhanalara, edaralara we guramalara, düzediş we beýleki…
19-njy madda
Adalatçynyň esasy wezipeleri
1. Adalatçynyň esasy wezipeleri şu aşakdakylara ýardam etmekdir: 1) adamyň we raýatyň hukuklarynyň we azatlyklarynyň berjaý edilmegine; 2) adamyň we raýatyň bozulan hukuklarynyň we azatlyklarynyň dikeldilmegine; 3) adam hukuklary babatda…
20-nji madda
Adalatçynyň maglumaty
1. Adalatçy her ýyl öz işi we ýurtda adam hukuklary babatdaky ýagdaý hakynda maglumaty Türkmenistanyň Prezidentiniň seretmegine berýär, şol maglumat bilen Türkmenistanyň Mejlisiniň öňünde çykyş edýär. 2. Adalatçynyň her ýylky maglumaty…
21-nji madda
Adalatçynyň şikaýatlara seretmegi
1. Adalatçy Türkmenistanyň raýatlarynyň we Türkmenistanyň çäginde bolýan daşary ýurt raýatlarynyň hem-de raýatlygy bolmadyk adamlaryň hukuklaryny, azatlyklaryny we kanuny bähbitlerini bozýan döwlet häkimiýet edaralarynyň, ýerli öz-özüňi…
22-nji madda
Adalatçy tarapyndan şikaýatlara seretmegiň şertleri
1. Adalatçy arza berijä özüniň hukuklarynyň, azatlyklarynyň we kanuny bähbitleriniň bozulandygy hakynda mälim bolan ýa-da eger arza beriji öz hukuklaryny we azatlyklaryny goramagyň beýleki serişdelerini peýdalanyp, ýöne kabul edilen…
23-nji madda
Adalatçy tarapyndan şikaýatlara seretmegiň möhletleri
Adalatçy şikaýat gelip gowşan gününden başlap bir aýdan gijä galman oňa seredýär. Şikaýata seretmek üçin goşmaça barlaglaryň geçirilmegi zerur bolan halatynda ol möhlet Adalatçy tarapyndan uzaldylyp bilner. Şunda şikaýata seretmegiň…
24-nji madda
Şikaýatlaryň mazmuny
1. Adalatça berlen şikaýatda arza berijiniň familiýasy, ady, atasynyň ady, şahsy goly we onuň salgysy, hereketine (hereketsizligine) şikaýat edilýän kärhananyň, edaranyň, guramanyň ady, wezipeli adamyň ýa-da ygtyýarly adamyň familiýasy,…
25-nji madda
Adalatçynyň iş önümçiliginiň dili
1. Adalatçynyň iş önümçiligi Türkmenistanyň döwlet dilinde alnyp barylýar. 2. Adalatça ýüz tutujylar ene dilinde ýa-da özleriniň bilýän başga dilinde ýüz tutmaga hukuklydyrlar. Şu ýagdaýda ýüz tutuja jogap döwlet dilinde we onuň bilýän…
Öňki
1 / 2
Indiki