Yza
Hukukçy
Kanunlar
Kanunlar
Kömek
Resminamany barla
Içeri gir
Kanunlar
«Türkmenistanyň Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi hakynda» Türkmenistanyň Kanuny
kanun
23.11.2016 · № 480-V
«Türkmenistanyň Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi hakynda» Türkmenistanyň Kanuny
16 madda · 5 sahypa
16 madda
1-nji madda
Türkmenistanyň Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi
1. Türkmenistanyň daşary ýurt döwletindäki Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi (mundan beýläk - Ilçi) bolýan döwletinde Türkmenistanyň resmi taýdan bellenen ýokary derejeli wekili bolup durýar. 2. Ilçi bolýan döwletinde Türkmenistana…
2-nji madda
Ilçiniň işiniň hukuk esaslary
1. Ilçi öz işinde Türkmenistanyň Konstitusiýasyny, şu Kanuny we Türkmenistanyň beýleki kadalaşdyryjy hukuk namalaryny, şeýle hem Türkmenistanyň halkara şertnamalaryny we halkara hukugynyň umumy ykrar edilen kadalaryny goldanýar. 2. Eger…
3-nji madda
Ilçiniň wezipä bellenilmegi
1. Öz üstüne ýüklenen wezipeleri ýerine ýetirmek üçin belent şahsy häsiýetlere eýe bolan, ýokary bilimi, zerur hünäri we guramaçylyk taýdan ukyp-başarnygy bolan Türkmenistanyň raýaty Ilçi bolup biler. 2. Ilçi wezipesine bellenilen tertipde…
4-nji madda
Ilçiniň diplomatik derejesi
«Diplomatik derejeler hakynda» Türkmenistanyň Kanunyna laýyklykda, Ilçä Türkmenistanyň Prezidenti tarapyndan Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçi diýen diplomatik dereje berilýär.
5-nji madda
Ilçi tarapyndan ynanç hatynyň gowşurylmagy we onuň wezipä girişmegi
1. Bellenilen döwletine gidýän Ilçä Türkmenistanyň Prezidenti tarapyndan gol çekilen we Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi tarapyndan berlen, kontrassiglenen ynanç haty, kabul edýän döwletiň baştutanyna şol ýurtda hereket edýän…
6-njy madda
Ilçiniň birnäçe daşary ýurt döwletlerinde we halkara guramalarynda wezipä bellenilmegi
Ilçi, eger bolýan döwletleriniň islendik biri tarapyndan garşylyk bildirilmese, onda ol şol bir wagtda döwletleriň birnäçesinde wezipä bellenip bilner. Ol, şeýle hem islendik halkara guramasynyň ýanynda Türkmenistanyň wekilligine bellenip…
7-nji madda
Ilçiniň wezipelerini wagtlaýyn ýerine ýetirmek
Ilçiniň bolýan döwletinde wagtlaýyn bolmadyk halatynda onuň wezipelerini Türkmenistanyň Ilçihanasynyň (mundan beýläk - Ilçihana) diplomatik işgäri bolan, Işler wagtlaýyn ynanylan şahs ýerine ýetirýär.
8-nji madda
Ilçiniň wezipesine bolan işgärler ätiýaçlygy
Ilçiniň wezipesine işgärleriň ätiýaçlygy Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi tarapyndan döredilýär. Ilçiniň wezipesine bolan işgärler ätiýaçlygyny döretmegiň we onuň işini guramagyň tertibi Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň…
9-njy madda
Ilçiniň hukuklary
Ilçiniň şulara hukugy bardyr: 1) Türkmenistanyň Prezidentiniň, Türkmenistanyň Hökümetiniň, Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň tabşyrygy boýunça gepleşikleri geçirmäge; 2) bolýan döwleti bilen ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň we…
10-njy madda
Ilçiniň borçlary
Ilçi şulara borçludyr: 1) özüniň bolýan döwletinde Türkmenistanyň, onuň raýatlarynyň we ýuridik şahslarynyň bähbitlerini goramaga; 2) Türkmenistanyň Prezidentiniň, Türkmenistanyň Hökümetiniň, Türkmenistanyň Daşary işler…
11-nji madda
Ilçi wezipesinde bolmak bilen baglanyşykly çäklendirmeler
1. Ilçiniň şulara hukugy ýokdur: 1) mugallymçylyk, ylmy we döredijilik işinden başga, hak tölenilýän beýleki iş bilen meşgullanmaga; 2) özüniň ýa-da ynanylan adamlarynyň üsti bilen telekeçilik işi bilen meşgullanmaga; 3) Türkmenistanyň…
12-nji madda
Ilçiniň maddy we durmuş-ýaşaýyş taýdan üpjünçiligi
Ilçiniň maddy we durmuş-ýaşaýyş taýdan üpjünçiliginiň şertleri we tertibi Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň hödürlemegi boýunça Türkmenistanyň Prezidenti tarapyndan tassyklanylýan Diplomatik gullugyň işgärlerini maddy we…
13-nji madda
Ilçä we onuň maşgala agzalaryna berilýän esasy kepillikler
Ilçä we onuň maşgala agzalaryna şu aşakdaky esasy kepillikler berilýär: 1) Ilçi we onuň maşgala agzalary bolýan döwletinde wezipe ýagdaýyny we ýerli şertleri nazara almak bilen ýaşaýyş jaýy bilen üpjün edilýär; 2) Ilçiniň we onuň maşgala…
14-nji madda
Ilçini yzyna çagyrmak
Ilçi ýa-da onuň maşgala agzalary abraýdan gaçyrýan etmişleri ýa-da gulluk ygtyýarlyklaryny mundan beýläk ýerine ýetirmekde ýaramaz netijelere getirip biljek hereketleri amala aşyran halatynda, ol Türkmenistanyň Prezidenti tarapyndan işlän…
15-nji madda
Ilçini wezipesinden boşatmak
Ilçi Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň teklipnamasy boýunça Türkmenistanyň Prezidenti tarapyndan wezipesinden boşadylýar.
16-njy madda
Şu Kanunyň güýje girmegi
Şu Kanun resmi taýdan çap edilen gününden güýje girýär.