Yza
Hukukçy
Kanunlar
Kanunlar
Kömek
Resminamany barla
Içeri gir
Kanunlar
«Fiziki şahslaryň goýumlarynyň hökmany kepilligi hakynda» Türkmenistanyň Kanuny
kanun
15.10.2016 · № 455-V
«Fiziki şahslaryň goýumlarynyň hökmany kepilligi hakynda» Türkmenistanyň Kanuny
24 madda · 10 sahypa
24 madda
1-nji madda
Şu Kanunda ulanylýan esasy düşünjeler
Şu Kanunda aşakdaky esasy düşünjeler ulanylýar: 1) goýum (depozit) (mundan beýläk - goýum) - goýumyň möçberiniň jemine hasaplanan göterimleri hasaba almak bilen bank goýumy hakynda şertnamanyň esasynda ýa-da onsuz fiziki şahs tarapyndan…
2-nji madda
Türkmenistanyň fiziki şahslaryň goýumlarynyň hökmany kepilligi hakynda kanunçylygy
1. Türkmenistanyň fiziki şahslaryň goýumlarynyň hökmany kepilligi hakynda kanunçylygy Türkmenistanyň Konstitusiýasyna esaslanýar we şu Kanundan hem-de Türkmenistanyň beýleki kadalaşdyryjy hukuk namalaryndan ybarat. 2. Eger Türkmenistanyň…
3-nji madda
Şu Kanunyň hereket edýän çygry
1. Şu Kanunyň hereketi banklaryň fiziki şahslar bilen baglaşan bank goýumlary hakynda şertnamalaryndan ýüze çykýan gatnaşyklara degişlidir. 2. Şu Kanunyň düzgünleri aşakdaky ýagdaýlara degişli däldir: 1) gatnaşyjy bankyň üýtgedilip…
4-nji madda
Goýumlaryň hökmany kepillendiriliş ulgamynyň maksatlary we ýörelgeleri
1. Goýumlaryň hökmany kepillendiriliş ulgamynyň maksady gatnaşyjy bankyň mejbury suratda ýatyrylan ýagdaýynda kepillik öwez dolmany tölemek ýoly bilen goýumçylaryň bähbitlerini goramakdan, ilatyň tygşytlanan pullarynyň çekilmegini…
5-nji madda
Goýumlaryň hökmany kepillendiriliş ulgamynyň subýektleri
Goýumçylar, Türkmenistanyň Merkezi banky we gatnaşyjy banklar goýumlaryň hökmany kepillendiriliş ulgamynyň subýektleri bolup durýarlar.
6-njy madda
Goýumlaryň hökmany kepillendiriliş ulgamynyň obýektleri
1. Goýumçylaryň gatnaşyjy bankyň goýum hasabyna (hasaplaryna) ýerleşdirilen pul serişdeleri goýumlaryň hökmany kepillendiriliş ulgamynyň obýekti bolup durýar. 2. Şu Kanuna laýyklykda aşakdakylar goýumlaryň hökmany kepillendiriliş ulgamynyň…
7-nji madda
Türkmenistanyň Merkezi bankynyň hukuklary
Türkmenistanyň Merkezi bankynyň fiziki şahslaryň goýumlarynyň hökmany kepillendiriliş ulgamynda şulara hukugy bardyr: 1) şularyň tertibini kesgitlemäge: a) goýumlaryň hökmany kepillendiriliş gaznasynyň emele gelmeginiň, serişdeleriniň…
8-nji madda
Türkmenistanyň Merkezi bankynyň borçlary
Fiziki şahslaryň goýumlarynyň hökmany kepillendiriliş ulgamynda Türkmenistanyň Merkezi banky şulara borçludyr: 1) gatnaşyjy banklar tarapyndan hökmany gatançlaryň doly we öz wagtynda tölenilmegine gözegçilik etmäge; 2) gatnaşyjy banklaryň…
9-njy madda
Türkmenistanyň Merkezi bankynyň kepillikleri
1. Türkmenistanyň Merkezi banky gatnaşyjy bankyň mejbury suratda ýatyrylýandygy baradaky kazyýetiň karary kanuny güýje giren gününden onuň goýumçylaryna kepillik öwez dolmanyň tölenilmegini amala aşyrmak boýunça borçnamany öz üstüne alýar…
10-njy madda
Goýumlaryň hökmany kepillendiriliş gaznasy
1. Goýumlaryň hökmany kepillendiriliş gaznasy Türkmenistanyň Merkezi bankynda döredilýär we goýumçylara kepillik öwez dolmanyň tölenilmegi üçin niýetlenendir. 2. Goýumlaryň hökmany kepillendiriliş gaznasy gatnaşyjy banklaryň ýörite hasaba…
11-nji madda
Kepillik ätiýaçlygy
1. Türkmenistanyň Merkezi banky goýumlaryň hökmany kepillendiriliş gaznasynyň serişdelerini ýerleşdirmekden gelen girdejilerden we gatnaşyjy banklaryň ýörite gatançlaryndan kepillik ätiýaçlygyny döredýär. 2. Gatnaşyjy banklaryň kepillik…
12-nji madda
Banklaryň goýumlaryň hökmany kepillendiriliş ulgamyna gatnaşmagy
1. Gatnaşyjy bankda goýumlary kepillendirmek boýunça borçnamalar şu Kanunyň güýji bilen, hem-de fiziki şahslaryň goýumlaryny çekmäge hukuk berýän bank işiniň amala aşyrylmagy üçin ygtyýarnamanyň esasynda ýüze çykýar. Bankda goýumlaryň…
13-nji madda
Gatnaşyjy banklar tarapyndan hökmany we ýörite gatançlaryň tölenilmeginiň tertibi
1. Gatnaşyjy bank şu Kanuna laýyklykda aşakdaky gatançlary tölemäge borçludyr: 1) hökmany gatançlar - gatnaşyjy banklaryň goýumlaryň hökmany kepillendiriliş gaznasyna her çärýekdäki tölegleri; 2) ýörite gatançlar - goýumlaryň hökmany…
14-nji madda
Gatnaşyjy bankyň hukuklary we borçlary
1. Gatnaşyjy bankyň şulara hukugy bardyr: 1) goýumlaryň hökmany kepilliginiň meseleleri boýunça zerur bolan maglumatlary almaga, bank syryny we kanun tarapyndan goralýan başga syry düzýän maglumatlar muňa degişli däldir; 2) hökmany…
15-nji madda
Gatnaşyjy bankyň adynyň we (ýa-da) guramaçylyk hukuk görnüşiniň üýtgemeginiň netijeleri
1. Gatnaşyjy bank döwlet tarapyndan gaýtadan bellige alnandygy hakynda şahadatnamany alan gününden başlap bäş iş gününiň dowamynda Türkmenistanyň Merkezi bankyna öz adynyň we (ýa-da) guramaçylyk-hukuk görnüşiniň üýtgändigi hakynda ýazmaça…
16-njy madda
Gatnaşyjy bankyň goýumlaryň hökmany kepillendiriliş ulgamyndan çykarylmagy
1. Gatnaşyjy bankyň goýumlaryň hökmany kepillendiriliş ulgamyndan çykarylmagy şu aşakdaky ýagdaýlarda amala aşyrylýar: 1) bank işiniň amala aşyrylmagy üçin ygtyýarnamasy ýatyrylanda; 2) gatnaşyjy bank mejbury suratda ýatyrylanda; 3)…
17-nji madda
Kepillik öwez dolmanyň tölenilmegi
1. Goýumlaryň hökmany kepillendiriliş gaznasy goýum boýunça kepillik öwez dolmany haçan-da olar mejbury suratda ýatyrylýan bank tarapyndan tölenilip bilinmeýän ýagdaýynda töleýär. 2. Goýumlar boýunça kepillik öwez dolmanyň tölenilmegi…
18-nji madda
Goýumçylaryň kepillik öwez dolma hukuklary
1. Goýumçy anyk gatnaşyjy bankdaky bank goýumlarynyň sanyna garamazdan, kepillendirilýän goýumy boýunça bank goýumynyň 100 göterimi möçberinde kepillik öwez dolmany almaga haklydyr. Fiziki şahslaryň goýumlary boýunça kepillik öwez dolmanyň…
19-njy madda
Ygtyýarlyk berlen bank
1. Kepillik öwez dolmanyň tölenilmegi Türkmenistanyň Merkezi banky tarapyndan gatnaşyjy banklaryň hataryndan saýlanan ygtyýarlyk berlen bankyň üsti bilen amala aşyrylýar. 2. Goýumlaryň hökmany kepillendiriliş gaznasynyň serişdeleriniň…
20-nji madda
Kepillik öwez dolmanyň tölenilmegi barada maglumat
1. Türkmenistanyň Merkezi banky kazyýetiň gatnaşyjy banky mejbury suratda ýatyrmak hakynda karary kanuny güýje giren gününden başlap on dört iş gününiň dowamynda köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň üsti bilen bu barada habar…
21-nji madda
Kepillik öwez dolmanyň töleniliş şertleri
1. Kepillik öwez dolmanyň tölenilmegi ygtyýarlyk berlen bank tarapyndan diňe goýumçy tarapyndan şu aşakdaky resminamalar tabşyrylan mahalynda geçirilýär: 1) Türkmenistanyň Merkezi banky tarapyndan bellenilen görnüşdäki arza; 2) goýumçynyň…
22-nji madda
Jedelleriň çözülişi
Fiziki şahslaryň goýumlarynyň hökmany kepilligi boýunça gatnaşyklardan ýüze çykýan jedeller Türkmenistanyň kanunçylygynda bellenilen tertipde çözülýär.
23-nji madda
Şu Kanunyň bozulandygy üçin jogapkärçilik
Şu Kanunyň bozulmagynda günäkär şahslar Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykda jogapkärçilik çekýärler.
24-nji madda
Şu Kanunyň güýje girmegi
Şu Kanun resmi taýdan çap edilen gününden güýje girýär.