Yza
Hukukçy
Kanunlar
Kanunlar
Kömek
Resminamany barla
Içeri gir
Kanunlar
«Adam söwdasyna garşy hereket etmek hakynda» Türkmenistanyň Kanuny
kanun
15.10.2016 · № 454-V
«Adam söwdasyna garşy hereket etmek hakynda» Türkmenistanyň Kanuny
40 madda · 19 sahypa
40 madda
1-nji madda
Şu Kanunda ulanylýan esasy düşünjeler
Şu Kanunda aşakdaky esasy düşünjeler ulanylýar: 1) adam söwdasyndan ýa-da şonuň bilen baglanyşykly jenaýatlardan ejir çekmegi mümkin bolan fiziki şahs - çak edilýän pida (mundan beýläk - çak edilýän pida) - olar babatda adam söwdasynyň…
2-nji madda
Adam söwdasyna garşy hereket etmek hakynda Türkmenistanyň kanunçylygy
1. Adam söwdasyna garşy hereket etmek hakynda Türkmenistanyň kanunçylygy Türkmenistanyň Konstitusiýasyna esaslanýar we şu Kanundan, Türkmenistanyň Jenaýat kodeksinden we adam söwdasyna garşy hereket etmek çygrynda gatnaşyklary…
3-nji madda
Şu Kanunyň hereket edýän çygry
1. Şu Kanun adam söwdasyna garşy hereket etmek çygrynda döwlet edaralarynyň we olaryň wezipeli adamlarynyň, ýerli öz-özüňi dolandyryş edaralarynyň, şeýle hem jemgyýetçilik guramalarynyň, raýat jemgyýetiniň beýleki institutlarynyň,…
4-nji madda
Şu Kanunyň maksatlary we wezipeleri
1. Şu Kanun: 1) şahsyýeti we jemgyýeti adam söwdasyndan we onuň bilen baglanyşykly jenaýatlardan goramaga; 2) adam söwdasyny we onuň bilen baglanyşykly jenaýatlary duýdurmaga, ýüze çykarmaga, öňüni almaga; 3) adam söwdasynyň pidalaryny…
5-nji madda
Adam söwdasyna garşy hereket etmek çygrynda döwlet syýasaty
1. Adam söwdasyna garşy hereket etmek çygrynda döwlet syýasatynyň esasy ugurlary: 1) adam söwdasyna garşy hereket etmek boýunça netijeli mehanizmi emele getirmek; 2) adam söwdasyna garşy hereket etmek çygrynda kanunçylygy…
6-njy madda
Adam söwdasyna garşy hereket etmegiň esasy ýörelgeleri
Adam söwdasyna garşy hereket etmegiň esasy ýörelgeleri: 1) adamyň we raýatyň hukuklaryny we azatlyklaryny üpjün etmek; 2) adam söwdasyna garşy hereket etmek çygrynda kanunylygy berjaý etmek; 3) adam söwdasynyň pidalarynyň hukuklaryny we…
7-nji madda
Adam söwdasynyň pidalaryna täsir etmegiň usullary
Adam söwdasynyň pidalaryny ezmek: 1) zorluk ulanmak ýa-da (we) neşe serişdelerini we psihotrop maddalaryny, alkogolly we güýçli täsir edýän serişdeleri ulanmak arkaly fiziki taýdan mejbur etmek; 2) bergi bendiligi ýa-da başga maddy taýdan…
8-nji madda
Adam söwdasynyň pidalaryny ezmegiň görnüşleri
1. Adam söwdasynyň pidalary babatda işiň mazmuny boýunça ezmek şu aşakdaky görnüşlerde amala aşyrlyp bilner: 1) adamyň beden agzalaryny we (ýa-da) dokumalaryny transplantasiýa etmek we biolukmançylyk gözlegleri geçirmek maksatlar üçin…
9-njy madda
Adam söwdasyna garşy hereket etmek çygrynda Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň ygtyýarlyklary
Türkmenistanyň Ministrler Kabineti öz ygtyýarlyklarynyň çäklerinde: 1) adam söwdasyna garşy hereket etmek çygrynda döwlet syýasatyny kesgitleýär; 2) adam söwdasyna garşy hereket etmek çygrynda döwlet syýasatyny durmuşa geçirmek boýunça…
10-njy madda
Adam söwdasyna garşy hereket etmegi amala aşyrýan döwlet edaralarynyň ygtyýarlyklary
1. Adam söwdasyna garşy hereket etmegi amala aşyrýan döwlet edaralary adam söwdasy bilen meşgullanýan adamlary yzarlamak we jogapkärçilige çekmek, adam söwdasyny we onuň bilen baglanyşykly jenaýatlara getirýän sebäpleri we şertleri ýüze…
11-nji madda
Adam söwdasyna garşy hereket etmek çygrynda jemgyýetçilik guramalarynyň ygtyýarlyklary
Adam söwdasynyň we onuň bilen baglanyşykly jenaýatlaryň öňüni almak, adam söwdasynyň pidalaryny goramak we kömek bermek maksady bilen jemgyýetçilik guramalary adam söwdasyna garşy hereket etmek çygrynda şulara hukuklydyr: 1) şu Kanunyň…
12-nji madda
Adam söwdasyna garşy hereket etmek çygrynda halkara guramalarynyň işi
Adam söwdasyna garşy hereket etmek çygrynda işleri amala aşyrýan halkara guramalar adam söwdasynyň we şonuň bilen baglanyşykly jenaýatlary duýdurmak, adam söwdasynyň pidalaryny kesgitlemek, olary goramak we kömek bermek maksady bilen, şu…
13-nji madda
Adam söwdasynyň pidalarynyň gaýtadan ugrukdyrylmagynyň mehanizmi
1. Adam söwdasyna garşy hereket etmek işini amala aşyrýan döwlet edaralary bilen jemgyýetçilik guramalaryň, döwlete degişli bolmadyk edaralaryň we halkara guramalaryň arasyndaky hyzmatdaşlyk adam söwdasynyň pidalarynyň gaýtadan…
14-nji madda
Adam söwdasyna garşy hereket etmek çygrynda döwlet edaralarynyň we jemgyýetçilik guramalarynyň işlerini utgaşdyrmak
1. Adam söwdasyna garşy hereket edýän döwlet edaralarynyň, jemgyýetçilik guramalarynyň işlerini utgaşdyrmak Adam söwdasyna garşy hereket etmek boýunça Pudagara topar (mundan beýläk - Pudagara topar) tarapyndan amala aşyrylýar. Pudagara…
15-nji madda
Adam söwdasyna garşy hereket etmegi amala aşyrýan döwlet edaralaryna ýardam bermek
1. Döwlet häkimiýet edaralary, ýerli öz-özüňi dolandyryş edaralary, jemgyýetçilik guramalary, wezipeli adamlar we raýatlar döwlet edaralaryna olaryň adam söwdasyna garşy hereketlerinde ýardam etmäge borçludyrlar. 2. Adam söwdasyna garşy…
16-njy madda
Adam söwdasyna garşy hereket etmek boýunça işleri meýilleşdirmek
1. Adam söwdasyna garşy hereket etmegiň, şeýle hem onuň pidalarynyň goralmagynyň netijeliligini ýokarlandyrmak maksady bilen, adam söwdasyna garşy hereket etmegi amala aşyrýan döwlet edaralary bu ugurda hereketleriň milli meýilnamasyny…
17-nji madda
Adam söwdasy çygrynda jenaýatlar hakyndaky maglumatlary ulgamlaşdyrmak
1. Adam söwdasyna garşy netijeli hereket etmegi, adam söwdasy bilen meşgullanýanlaryň jenaýatçylykly hereketlerini ýüze çykarmagy we öňüni almagy, adam söwdasynyň pidalaryny kesgitlemegi we degişli maglumatlary ulgamlaşdyrmagy üpjün etmek…
18-nji madda
Adam söwdasynyň öňüni almak boýunça çäreler
1. Adam söwdasyna garşy hereket etmek boýunça işi amala aşyrýan döwlet edaralary onuň öňüni almak boýunça çäreleri görýärler. 2. Adam söwdasynyň öňüni almaklyga gönükdirilen çäreleriň ulgamy şulary öz içine alýar: 1) jenaýatyň şu görnüşini…
19-njy madda
Maglumatlar çygrynda adam söwdasynyň öňüni almak boýunça çäreler
1. Adam söwdasynyň we şonuň bilen baglanyşykly jenaýatlaryň öňüni almak maksady bilen, şol jenaýatlary wagyz etmek, şeýle hem adam söwdasy bilen baglanyşykly hyzmatlaryň mahabaty Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykda gadagan edilýär. 2.…
20-nji madda
Bilim çygrynda adam söwdasynyň öňüni almak boýunça çäreler
Adam söwdasynyň öňüni almak çygrynda bilim syýasaty şu çäreleri göz öňünde tutýar: 1) bilim edaralarynyň terbiýeçilik işleriniň meýilnamasyna adam söwdasy we şonuň bilen baglanyşykly jenaýatlaryň öňüni almak boýunça çäreleriň…
21-nji madda
Adam söwdasynyň pidalaryny kesgitlemek
1. Adam söwdasynyň pidalaryny kesgitlemek, olara zerur kömegi we goragy bermek, şeýle hem olaryň gaýtadan adam söwdasy bilen bagly ýagdaýlara çekilmeginiň öňüni almak maksady bilen amala aşyrylýar. 2. Adam söwdasynyň pidalaryny kesgitlemek…
22-nji madda
Çak edilýän pidanyň hukuklary
1. Çak edilýän pida hukuklary bilen tanyşdyrylmalydyr we onuň razylygy bilen adam söwdasynyň pidalaryny kesgitlemegi geçiren edara tarapyndan zerur kömekleriň we goragyň berilmegi üçin ýöriteleşdirilen edaralara we (ýa-da) şu Kanunyň…
23-nji madda
Adam söwdasynyň pidasynyň statusy
1. Adama adam söwdasynyň pidasy statusyny bermek şu Kanunyň 24-nji maddasynda göz öňünde tutulan tertipde amala aşyrylýar. 2. Çak edilýän pidany adam söwdasynyň pidasy diýip ykrar etmeklik şulara bagly däldir: 1) raýatlygynyň bardygyna…
24-nji madda
Adam söwdasynyň pidasy statusyny bermegiň tertibi
1. Adama adam söwdasynyň pidasy statusynyň berilmegi şu Kanunyň 10-njy maddasynyň ikinji böleginde görkezilen döwlet edaralary tarapyndan amala aşyrylýar. 2. Adam söwdasynyň pidasy diýip ykrar etmek hakynda arza çak edilýän pidanyň özi…
25-nji madda
Adam söwdasy çygryndaky jenaýat boýunça jenaýat önümçiligine jebir çeken ýa-da şaýat hökmünde gatnaşýan adam söwdasynyň pidasynyň hukuklary
1. Adam söwdasynyň pidasynyň adam söwdasy çygryndaky jenaýat boýunça jenaýat önümçiligine jebir çeken ýa-da şaýat hökmünde gatnaşmagy, şeýle adama Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykda howpsuzlygyny we durmuş taýdan goldawy üpjün etmek…
Öňki
1 / 2
Indiki