Yza
Hukukçy
Kanunlar
Kanunlar
Kömek
Resminamany barla
Içeri gir
Kanunlar
«Türkmenistanyň döwlet sylaglary hakynda» Türkmenistanyň Kanuny
kanun
18.06.2016 · № 409-V
«Türkmenistanyň döwlet sylaglary hakynda» Türkmenistanyň Kanuny
23 madda · 9 sahypa
23 madda
1-nji madda
Türkmenistanyň döwlet sylaglary
1. Türkmenistanyň döwlet sylaglary (mundan beýläk - döwlet sylaglary) - munuň özi döwleti we demokratik jemgyýeti, halkyň agzybirligini goramaga we pugtalandyrmaga, adamyň we raýatyň hukuklaryny we azatlyklaryny goramaga goşantlary,…
2-nji madda
Döwlet sylaglary hakynda Türkmenistanyň kanunçylygy
Döwlet sylaglary hakynda Türkmenistanyň kanunçylygy Türkmenistanyň Konstitusiýasyna esaslanýar we şu Kanundan, şeýle hem şu çygyrda jemgyýetçilik gatnaşyklaryny düzgünleşdirýän Türkmenistanyň gaýry kadalaşdyryjy hukuk namalaryndan ybaratdyr
3-nji madda
Döwlet sylaglarynyň görnüşleri
1. Döwletiň we jemgyýetiň öňünde bitirilen hyzmatlar üçin berilýän Türkmenistanyň iň ýokary tapawutlandyryş derejesi - «Türkmenistanyň Gahrymany» diýen at, Türkmenistanyň ordenleri, medallary we hormatly atlary döwlet sylaglarynyň…
4-nji madda
Döwlet sylaglary hakynda statut we düzgünnama
1. Döwlet sylaglary hakynda statutlar we düzgünnamalar sylaglamak üçin esaslary kesgitleýärler, döwlet sylaglarynyň ýazgylaryny özünde saklaýarlar, şeýle hem döwlet sylaglary bilen sylaglamagyň, olary dakynmagyň tertibini we gaýry…
5-nji madda
Döwlet sylaglary bilen sylaglamak
1. Döwlet sylaglary bilen sylaglamak Türkmenistanyň Prezidenti tarapyndan amala aşyrylýar. 2. Döwlet sylaglary bilen Türkmenistanyň raýatlary sylaglanylýarlar. Eger Türkmenistanyň kanunlary bilen başgaça göz öňünde tutulmadyk bolsa,…
6-njy madda
Türkmenistanyň iň ýokary tapawutlandyryş derejesi
1. «Türkmenistanyň Gahrymany» diýen at Türkmenistanyň iň ýokary tapawutlandyryş derejesidir we ol döwletiň hem-de jemgyýetiň öňünde bitiren aýratyn görnükli hyzmatlary üçin diňe Türkmenistanyň raýatlaryna dakylýar. Türkmenistanyň…
7-nji madda
Türkmenistanyň iň ýokary tapawutlandyryş derejesini dakynmagyň tertibi
Türkmenistanyň Gahrymanynyň aýratyn tapawutlandyryş nyşany - «Altyn Aý» altyn nyşany ordenleriň, medallaryň we hormatly atlaryň döşe dakylýan nyşanlarynyň ýokarsyndan döşüň çep tarapyndan dakynylýar.
8-nji madda
Türkmenistanyň ordenleri
1. Şular Türkmenistanyň ordenleridir: 1) «Watan»; 2) «Türkmenistanyň ilkinji Prezidenti Beýik Saparmyrat Türkmenbaşy»; 3) «Prezidentiň Ýyldyzy»; 4) «Oguzhanyň Ýyldyzy»; 5) «Türkmenbaşy»; 6) «Altyn asyr»; 7) «Garaşsyzlyk»; 8)…
9-njy madda
Türkmenistanyň medallary
Şular Türkmenistanyň medallarydyr: 1) «Arkadag»; 2) «Mälikguly Berdimuhamedow»; 3) «Edermenlik»; 4) «Gaýrat»; 5) «Türkmen edermen»; 6) «Magtymguly Pyragy»; 7) «Watana bolan söýgüsi üçin»; 8) «Harby gullugyň weterany»; 9) «Içeri işler…
10-njy madda
Türkmenistanyň hormatly atlary
1. Türkmenistanda şu hormatly atlar dakylyp bilner: 1) «Türkmenistanyň halk mugallymy»; 2) «Türkmenistanyň halk lukmany»; 3) «Türkmenistanyň halk atşynasy»; 4) «Türkmenistanyň halk itşynasy»; 5) «Türkmenistanyň halk artisti»; 6)…
11-nji madda
Döwlet sylaglary bilen sylaglamak hakynda teklipnamalar
1. «Türkmenistanyň Gahrymany» diýen ady dakmak, Türkmenistanyň ordeni, medaly bilen sylaglamak, Türkmenistanyň hormatly adyny dakmak Türkmenistanyň Mejlisiniň, Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň Orunbasarlarynyň,…
12-nji madda
Döwlet sylaglaryny gowşurmagyň tertibi
1. Döwlet sylaglary Türkmenistanyň Prezidenti ýa-da Türkmenistanyň Prezidentiniň adyndan onuň ygtyýarly eden beýleki wezipeli adamlary tarapyndan dabaraly we giň aýanlyk ýagdaýynda gowşurylýar. 2. Döwlet sylaglaryny gowşurmak Prezident…
13-nji madda
Döwlet sylaglaryna mynasyp bolanlaryň hukuklary we borçlary
1. Döwlet sylaglaryna mynasyp bolanlaryň hukuklary we borçlary şu Kanun we Türkmenistanyň beýleki kadalaşdyryjy hukuk namalary bilen bellenýär. 2. Döwlet sylaglary bilen sylaglanan adamlaryň şulara hukugy bardyr: 1) döwlet sylaglaryny şu…
14-nji madda
Sylaglanan ölenden soň döwlet sylaglaryny saklamak
1. Sylaglanan ölenden soň ýa-da merhum sylaglanan halatynda döwlet sylaglary olaryň maşgalalarynda galdyrylýar ýa-da ýadygärlik hökmünde saklamak üçin berilýär. 2. Ölen sylaglananyň ýa-da sylaglanan merhumyň mirasdarlarynyň razylygy bilen…
15-nji madda
Sylaglanan kärhanalar, edaralar, guramalar, döredijilik toparlary we harby bölümler üýtgedilip guralandan soň we beýleki halatlarda döwlet sylaglaryny saklamak
1. Sylaglanan kärhana, edara ýa-da gurama üýtgedilip guralan halatynda onuň döwlet sylaglary hukuk oruntutarynda saklanylyp bilner. Döwlet sylaglarynyň hukuk oruntutarda saklanylmagy barada towakganamany üýtgedip guramagy amala aşyrýan…
16-njy madda
Döwlet sylaglaryndan we sylaglaryň aýratyn görnüşlerinden mahrum etmek
1. Döwlet sylaglary we sylaglaryň aýratyn görnüşleri (döwletiň we jemgyýetiň taryhynda möhüm seneleriň we wakalaryň şanyna döredilýän ýubileý, ýadygärlik medallary we beýleki sylaglar) bilen sylaglanan şahslar Türkmenistanyň Prezidenti…
17-nji madda
Döwlet sylaglaryna bolan hukugy dikeltmek we olaryň öwezlikleri
1. Döwlet sylaglaryndan mahrum edilen şahsyň bu döwlet sylaglaryna bolan hukugyny dikeltmek şu Kanunyň 16-njy maddasynyň birinji böleginde görkezilen edaralaryň teklip etmegi boýunça Türkmenistanyň kanunçylygynda bellenilen tertipde…
18-nji madda
Döwlet sylaglaryny Türkmenistanyň çäginden daşary alyp gitmegiň tertibi
1. Döwlet sylaglary bilen sylaglananlar ýa-da olaryň mirasdarlary Türkmenistanyň çäginden daşary gidenlerinde döwlet sylaglaryny, şeýle hem sylaglamak hakynda resminamalary özleri bilen alyp gitmäge haklydyrlar. 2. Döwlet sylaglaryna bolan…
19-njy madda
Döwlet sylaglaryny bikanun döretmek, taýýarlamak we dakynmak
1. Döwlet sylaglaryny bikanun döretmek, Türkmenistanyň, Türkmenistan SSR-niň we SSSR-iň ordenleri we medallary, hormatly atlarynyň döşe dakylýan nyşanlary bilen daşky görnüşi boýunça meňzeşligi bolan döşe dakylýan we beýleki nyşanlary…
20-nji madda
Döwlet sylaglary bilen geleşikleriň gadagan edilmegi
1. Türkmenistanyň, Türkmenistan SSR-niň we SSSR-iň ordenleri, medallary, hormatly atlarynyň döşe dakylýan nyşanlary bilen geleşikleri (satyn almak, satmak, çalyşmak, sowgat etmek we beýlekiler) amala aşyrmak gadagandyr. 2. Şu maddanyň…
21-nji madda
Türkmenistan SSR-niň we SSSR-iň döwlet sylaglaryny ykrar etmek
Türkmenistan Türkmenistanyň raýatlarynyň mynasyp bolan Türkmenistan SSR-niň we SSSR-iň döwlet sylaglaryny (ordenler, medallar we hormatly atlar) ykrar edýär.
22-nji madda
Türkmenistan SSR-niň we SSSR-iň döwlet sylaglarynyň ýeňillikleri
Türkmenistan SSR-niň we SSSR-iň döwlet sylaglaryna mynasyp bolan Türkmenistanyň raýatlary şol sylaglar hakynda kanunçylykda bellenen halatlarda we tertipde ýeňilliklerden peýdalanýarlar.
23-nji madda
Şu Kanunyň güýje girmegi
1. Şu Kanun resmi taýdan çap edilen gününden güýje girýär. 2. Türkmenistanyň kanunçylygy şu Kanuna laýyk getirilýänçä, ol şu Kanuna garşy gelmeýän böleginde hereket edýär.