Yza
Hukukçy
Kanunlar
Kanunlar
Kömek
Resminamany barla
Içeri gir
Kanunlar
«Ilatyň iş bilen üpjünçiligi hakynda» Türkmenistanyň Kanuny
kanun
18.06.2016 · № 411-V
«Ilatyň iş bilen üpjünçiligi hakynda» Türkmenistanyň Kanuny
37 madda · 17 sahypa
37 madda
1-nji madda
Şu Kanunda ulanylýan esasy düşünjeler
Şu Kanunda aşakdaky esasy düşünjeler ulanylýar: 1) iş bilen üpjünçilik - adamlaryň Türkmenistanyň kanunçylygyna garşy gelmeýän, olara zähmet haky, gazanç, özlügindäki töleg şekilinde pul ýa-da gaýry görnüşde girdeji (mundan beýläk - zähmet…
2-nji madda
Türkmenistanyň ilatyň iş bilen üpjünçiligi hakynda kanunçylygy
1. Türkmenistanyň ilatyň iş bilen üpjünçiligi hakynda kanunçylygy Türkmenistanyň Konstitusiýasyna esaslanýar we şu Kanundan hem-de Türkmenistanyň ilatyň iş bilen üpjünçiliginiň çygryndaky gatnaşyklary düzgünleşdirýän beýleki kadalaşdyryjy…
3-nji madda
Şu Kanunyň hereket edýän çygry
1. Şu Kanunyň hereketi Türkmenistanyň çäginde ilatyň iş bilen üpjünçiliginiň çygrynda ýüze çykýan gatnaşyklara degişlidir. 2. Türkmenistanyň çäginde hemişelik ýaşaýan daşary ýurt raýatlary we raýatlygy bolmadyk adamlar, eger şu Kanunda…
4-nji madda
Ilatyň iş bilen üpjünçiligi çygrynda döwlet syýasatynyň esasy ugurlary
Ilatyň iş bilen üpjünçiligi çygrynda döwlet syýasatynyň esasy ugurlary şu aşakdakylar bolup durýar: 1) özüniň garaýşyna görä hünär, kesp-kär we iş ýerini, zähmetiň sagdyn we howpsuz şertlerini erkin saýlamagy üçin her kime deň hukuklaryň…
5-nji madda
Iş bilen üpjün ilat
Iş bilen üpjün ilata şular degişlidir: 1) kärhanalarda (şol sanda daýhan birleşiklerinde we daýhan hojalyklarynda), guramalarda we edaralarda işleýän adamlar; 2) Türkmenistanyň çäginde ýerleşýän halkara guramalarynda işleýän adamlar, şeýle…
6-njy madda
Ilatyň iş bilen üpjünçiligi çygryndaky döwlet kepillikleri
1. Şular ilatyň iş bilen üpjünçiliginiň çygrynda döwlet kepillikleri bolup durýar: 1) käriňi, kesp-kär görnüşini we iş ýerini öz garaýşyň boýunça erkin saýlamak, sagdyn we howpsuz zähmet şertleriniň döredilmegi, kär, iş edinmekde we…
7-nji madda
Döwletiň goldawyna mätäç adamlara döwlet kepillikleri
1. Ilatyň iş bilen üpjünçiliginiň çygrynda döwletiň goldawyna mätäç adamlara döwlet kepillikleri berilýär. Olara şu aşakdakylar degişlidir: 1) kämillik ýaşyna ýetmedik çagalary (on sekiz ýaşa çenli maýyplygy bolan çagany) terbiýeleýän ýeke…
8-nji madda
Iş bilen üpjünçilige ýardam bermek baradaky döwlet gaznasy
1. Ilatyň iş bilen üpjünçiligi çygrynda döwlet syýasatyny durmuşa geçirmek maksady bilen Iş bilen üpjünçilige ýardam bermek baradaky döwlet gaznasy döredilýär. 2. Iş bilen üpjünçilige ýardam bermek baradaky döwlet gaznasynyň serişdeleriniň…
9-njy madda
Ilatyň iş bilen üpjünçiligi çygrynda döwlet tarapyndan düzgünleşdirmegi amala aşyrýan döwlet edaralary
Türkmenistanyň Ministrler Kabineti, Türkmenistanyň Zähmet we ilaty durmuş taýdan goramak ministrligi (mundan beýläk - ygtyýarly edara) hem-de ýerine ýetiriji häkimiýetiň ýerli we ýerli öz-özüňi dolandyryş edaralary ilatyň iş bilen…
10-njy madda
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň ygtyýarlylygy
Türkmenistanyň Ministrler Kabineti: 1) ilatyň iş bilen üpjünçiligi çygrynda ýeke-täk döwlet syýasatyny kesgitleýär; 2) ilatyň iş bilen üpjünçiligi çygrynda kadalaşdyryjy hukuk namalaryny çykarýar; 3) şu aşakdakylary tassyklaýar: a) Ilatyň…
11-nji madda
Ygtyýarly edaranyň ygtyýarlylygy
Ygtyýarly edara: 1) ilatyň iş bilen üpjünçiliginiň çygrynda ýeke-täk döwlet syýasatynyň durmuşa geçirilmegini amala aşyrýar; 2) ilatyň iş bilen üpjünçiliginiň çygrynda kadalaşdyryjy hukuk namalaryny kabul edýär; 3) Ilatyň iş bilen…
12-nji madda
Ýerine ýetiriji häkimiýetiň ýerli we ýerli öz-özüňi dolandyryş edaralarynyň ygtyýarlylygy
1. Ýerine ýetiriji häkimiýetiň ýerli we ýerli öz-özüňi dolandyryş edaralary: 1) ilatyň iş bilen üpjünçiligi çygrynda ýeke-täk döwlet syýasatynyň durmuşa geçirilmegine gatnaşýarlar; 2) ilatyň iş bilen üpjünçiliginiň meselelerine degişli…
13-nji madda
Işe ýerleşmäge bolan hukuk
1. Her bir adamyň iş ýerini erkin saýlap almaga we işe ýerleşmäge hukugy bardyr. Bu hukuk işe ýerleşmekde iş berijä göni ýüz tutulmagy ýa-da iş bilen üpjünçilik gullugynyň ýardamy arkaly ýa-da Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykda işe…
14-nji madda
Iş bilen üpjünçilik meseleleri boýunça maglumat we maslahat almaga, hünäre ugrukdyrylmaga, hünär taýdan taýýarlanylmaga, gaýtadan taýýarlanylmaga we hünäriniň ýokarlandyrylmagyna bolan hukuk
1. Raýatlaryň iş bilen üpjünçilik gullugyndan kärhanalarda, edaralarda we guramalarda boş iş orunlarynyň we boş duran wezipeleriň barlygy, zähmet şertleri we düzgünleri hakynda maglumatlary almaga hukuklary bardyr. 2. Işsiz ýa-da iş…
15-nji madda
Türkmenistanyň çäklerinden daşarda zähmet çekmäge bolan hukuk
Türkmenistanyň raýatlarynyň Türkmenistanyň kanunçylygynda bellenilen tertipde Türkmenistanyň çäklerinden daşarda özbaşdak iş gözlemäge we işe ýerleşmäge hukuklary bardyr.
16-njy madda
Iş bilen üpjünçilik gullugy
1. Iş bilen üpjünçilik gullugy ygtyýarly edaranyň düzüm birligi bolup durýar, zähmet çekmäge ukyply ilatyň iş bilen üpjünçiliginiň gazanylmagy we saklanylmagy üçin zähmet bazaryna täsir etmek onuň esasy maksady bolup durýar. 2. Iş bilen…
17-nji madda
Iş berijileriň ilatyň iş bilen üpjün edilmegine gatnaşmagy
1. Iş berijiler ilatyň iş bilen üpjünçiligi çygrynda döwlet syýasatynyň durmuşa geçirilmegine şu aşakdakylar arkaly gatnaşýarlar: 1) Türkmenistanyň zähmet kanunçylygyna laýyklykda zähmet we köpçülikleýin şertnamalaryň…
18-nji madda
Kärdeşler arkalaşyklarynyň ýa-da işgärleriň beýleki wekilçilikli guramalarynyň ilatyň iş bilen üpjünçiligine ýardam bermäge gatnaşmagy
Kärdeşler arkalaşyklary ýa-da işgärleriň beýleki wekilçilikli guramalary ilatyň iş bilen üpjünçiligi çygrynda döwlet syýasatyny amala aşyrmak maksady bilen, şulara gatnaşýarlar: 1) Türkmenistanyň kadalaşdyryjy hukuk namalarynyň, ygtyýarly…
19-njy madda
Döwlete dahylsyz iş bilen üpjünçilik gulluklarynyň ilatyň işe ýerleşdirilmegine gatnaşmagy
1. Ilatyň iş bilen üpjünçiligine ýardam bermek maksady bilen, Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykda adamlary tölegli esasda işe ýerleşdirmek boýunça hyzmatlary edýän döwlete dahylsyz iş bilen üpjünçilik gulluklary döredilip bilner. 2.…
20-nji madda
Laýyk gelýän iş
1. Iş gözleýän adam üçin şular laýyk gelýän iş hasaplanylýar: 1) onuň öňki hünär derejesine we hünärine laýyk gelýän; 2) onuň ýaşyna we saglyk ýagdaýyna laýyk gelýän; 3) iş ýeriniň ulag elýeterliligine laýyk gelýän (jemgyýetçilik ulagynda…
21-nji madda
Hak tölenilýän jemgyýetçilik işlerini guramak
1. Hak tölenilýän jemgyýetçilik işlerini guramak işsizleri goşmaça durmuş taýdan goldamak maksady bilen amala aşyrylýar. 2. Hak tölenilýän jemgyýetçilik işlerine daş-töweregi abadanlaşdyrmak, durmuş taýdan hyzmat etmek, jemgyýetçilik…
22-nji madda
Hünär taýýarlygy, gaýtadan taýýarlyk we hünäriniň ýokarlandyrylmagy
1. Işsizleriň we iş gözleýän adamlaryň hünär taýýarlygy, gaýtadan taýýarlygy we hünäriniň ýokarlandyrylmagy olary durmuş taýdan goramak we olaryň zähmet bazarynda bäsleşige ukyplylygyny ýokarlandyrmak maksady bilen amala aşyrylýar. 2.…
23-nji madda
Daşary ýurt işçi güýjüniň çekilmegi
1. Türkmenistanda daşary ýurt işçi güýjüniň çekilmegi we peýdalanylmagy kärhanalarda, edaralarda we guramalarda olaryň zähmetiniň peýdalanylmagy üçin iş ýerleriniň paýlara bölünmegi esasynda amala aşyrylýar. 2. Türkmenistanda daşary ýurt…
24-nji madda
Işsizlikden meýletin ätiýaçlandyrmak
1. Iş berijileriň öz işgärlerini olaryň işsiz galan ýagdaýy üçin meýletin ätiýaçlandyrmagy amala aşyrmaga hukuklary bardyr. 2. Işgärler işsiz galan ýagdaýy üçin ätiýaçlandyryş guramalary bilen meýletinlik esasynda şertnama…
25-nji madda
Ilatyň iş bilen üpjünçiligi hakynda statistik hasabatlylyk
Ilatyň iş bilen üpjünçiligi hakynda statistik hasabatlylygynyň ýöredilmegi Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykda amala aşyrylýar.
Öňki
1 / 2
Indiki