Yza
Hukukçy
Kanunlar
Kanunlar
Kömek
Resminamany barla
Içeri gir
Kanunlar
«Milli taryhy-medeni mirasyň gozgalýan gymmatlyklaryny goramak, äkitmek we getirmek hakynda» Türkmenistanyň Kanuny
kanun
26.03.2016 · № 373-V
«Milli taryhy-medeni mirasyň gozgalýan gymmatlyklaryny goramak, äkitmek we getirmek hakynda» Türkmenistanyň Kanuny
80 madda · 4 bölüm · 26 sahypa
Mazmuny
Ähli bölümler
I
Umumy düzgünler
II
Milli taryhy medeni mirasyň gozgalýan gymmatlyklaryny goramak
III
Milli taryhy-medeni mirasyň gozgalýan gymmatlyklaryny äkitmek we getirmek
IV
Jemleýji düzgünler
Ähli bölümler
I. Umumy düzgünler
II. Milli taryhy medeni mirasyň gozgalýan gymmatlyklaryny goramak
III. Milli taryhy-medeni mirasyň gozgalýan gymmatlyklaryny äkitmek we getirmek
IV. Jemleýji düzgünler
80 madda
1-nji madda
Milli taryhy-medeni mirasyň gozgalýan gymmatlyklary düşünjesi
Milli taryhy-medeni mirasyň gozgalýan gymmatlyklary diýlip, öz niýetlenilişi we tebigaty boýunça jemgyýetçilik-adamzat işiniň elli we ondan hem köp ýyl ozal döredilen gozgalýan maddy eserlerine we uly medeni gymmata eýe bolan beýleki…
2-nji madda
Milli taryhy-medeni mirasyň gozgalýan gymmatlyklarynyň görnüşleri
Milli taryhy-medeni mirasyň gozgalýan gymmatlyklary şu görnüşlere bölünýär: 1) taryhy - türkmen halkynyň durmuşyndaky taryhy wakalar, jemgyýetiň we döwletiň ösüşi, ylmyň we tehnikanyň taryhy bilen baglanyşykly, şeýle hem meşhur…
3-nji madda
Milli taryhy-medeni mirasyň gozgalýan gymmatlyklaryny goramak, äkitmek we getirmek hakynda Türkmenistanyň kanunçylygy
1. Milli taryhy-medeni mirasyň gozgalýan gymmatlyklaryny goramak, äkitmek we getirmek hakynda Türkmenistanyň kanunçylygy Türkmenistanyň Konstitusiýasyna esaslanýar we şu Kanundan we Türkmenistanyň beýleki kadalaşdyryjy hukuk namalaryndan…
4-nji madda
Milli taryhy-medeni mirasyň gozgalýan gymmatlyklarynyň goragyny kesgitlemek
Milli taryhy-medeni mirasyň gozgalýan gymmatlyklaryny goramak şu Kanuna laýyklykda milli taryhy-medeni mirasyň gozgalýan gymmatlyklaryny ýüze çykarmaga, aýap saklamaga, peýdalanmaga we ýaýratmaga, şeýle hem döwlet tarapyndan goramaga…
5-nji madda
Milli taryhy-medeni mirasyň gozgalýan gymmatlyklaryny goramak babatda döwlet tarapyndan düzgünleşdirmek
Milli taryhy-medeni mirasyň gozgalýan gymmatlyklaryny goramak babatda döwlet tarapyndan düzgünleşdirmek Türkmenistanyň Ministrler Kabineti, medeniýet babatda ýerine ýetiriji häkimiýetiň ygtyýarlandyrylan edarasy (mundan beýläk - ygtyýarly…
6-njy madda
Milli taryhy-medeni mirasyň gozgalýan gymmatlyklarynyň goralmagy babatda Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň ygtyýarlygy
Türkmenistanyň Ministrler Kabineti: 1) milli taryhy-medeni mirasyň gozgalýan gymmatlyklaryny goramak babatda döwlet syýasatyny kesgitleýär; 2) döwlet eýeçiliginde duran milli taryhy-medeni mirasyň gozgalýan gymmatlyklaryna eýeçilik…
7-nji madda
Milli taryhy-medeni mirasyň gozgalýan gymmatlyklarynyň goralmagy babatda ygtyýarly edaranyň ygtyýarlygy
Ygtyýarly edara: 1) milli taryhy-medeni mirasyň gozgalýan gymmatlyklaryny ýüze çykarmagyň, aýap saklamagyň, goramagyň, peýdalanmagyň we ýaýratmagyň ýörite döwlet maksatnamasyny işläp taýýarlamaga gatnaşýar; 2) milli taryhy-medeni mirasyň…
8-nji madda
Milli taryhy-medeni mirasyň gozgalýan gymmatlyklarynyň goralmagy babatda ýerine ýetiriji häkimiýetiň ýerli edaralarynyň we ýerli öz-özüňi dolandyryş edaralarynyň ygtyýarlyklary
Ýerine ýetiriji häkimiýetiň ýerli edaralary we ýerli öz-özüňi dolandyryş edaralary öz garamagyndaky çäklerde we öz ygtyýarlyklarynyň çäklerinde: 1) milli taryhy-medeni mirasyň gozgalýan gymmatlyklaryny goramak barada Türkmenistanyň…
9-njy madda
Milli taryhy-medeni mirasyň gozgalýan gymmatlyklarynyň goralmagyny üpjün etmekde ylmy edaralaryň, ýokary okuw mekdepleriniň we muzeýleriň gatnaşmagy
Ylmy edaralar, ýokary okuw mekdepleri we muzeýler: 1) milli taryhy-medeni mirasyň gozgalýan gymmatlyklaryny ýüze çykarmaklyga gatnaşýarlar, olary öwrenmek boýunça ylmy-barlag işlerini geçirýärler; 2) milli taryhy-medeni mirasyň gozgalýan…
10-njy madda
Milli taryhy-medeni mirasyň gozgalýan gymmatlyklarynyň goralmagyny üpjün etmekde jemgyýetçilik birleşikleriniň we raýatlaryň gatnaşmagy
1. Tertipnamalarynda işleriniň esasy ugurlary hökmünde milli taryhy-medeni mirasyň gozgalýan gymmatlyklaryny ýüze çykarmak, aýap saklamak, peýdalanmak we ýaýratmak göz öňünde tutulan jemgyýetçilik birleşikleri milli taryhy-medeni mirasyň…
11-nji madda
Milli taryhy-medeni mirasyň gozgalýan gymmatlyklarynyň döwlet tarapyndan goralmagyny üpjün etmek
1. Milli taryhy-medeni mirasyň gozgalýan gymmatlyklarynyň ýok edilmeginiň, peýdalanylmagynyň bellenilen tertibiniň bozulmagynyň öňüni almak we olara zyýan ýetirýän beýleki hereketleriň öňüni almak, şeýle hem olary daşky gurşawyň amatsyz…
12-nji madda
Milli taryhy-medeni mirasyň gozgalýan gymmatlyklaryny döwlet tarapyndan hasaba almak
1. Milli taryhy-medeni mirasyň gozgalýan gymmatlyklaryny döwlet tarapyndan hasaba almak Türkmenistanyň milli taryhy-medeni mirasynyň gozgalýan gymmatlyklarynyň Döwlet sanawynda alnyp barylýar. Milli taryhy-medeni mirasyň gozgalýan…
13-nji madda
Milli taryhy-medeni mirasyň gozgalýan gymmatlyklaryny döwletiň milli taryhy-medeni mirasynyň gozgalýan gymmatlyklarynyň aýawhanalarynda saklamak we toplamak
1. Milli taryhy-medeni mirasyň gozgalýan gymmatlyklaryny döwletiň milli taryhy-medeni mirasynyň gozgalýan gymmatlyklarynyň aýawhanalarynda saklamak we toplamak milli taryhy-medeni mirasyň gozgalýan gymmatlyklarynyň döwlet goragynyň esasy…
14-nji madda
Türkmenistanyň milli taryhy-medeni mirasynyň gozgalýan gymmatlyklarynyň Döwlet sanawyna girizilen milli taryhy-medeni mirasyň gozgalýan gymmatlyklaryny saklamak
1. Ygtyýarly edara Türkmenistanyň milli taryhy-medeni mirasynyň gozgalýan gymmatlyklarynyň Döwlet sanawyna girizilen her bir milli taryhy-medeni mirasyň gozgalýan gymmatlygynyň goragynyň dessurynyň işlenip taýýarlanylmagyny amala aşyrýar,…
15-nji madda
Milli taryhy-medeni mirasyň gozgalýan gymmatlyklarynyň ýagdaýyna gözegçiligi guramak
1. Ygtyýarly edara, muzeýler, kitaphanalar, arhiwler, hususy toplaýjylar Türkmenistanyň milli taryhy-medeni mirasynyň gozgalýan gymmatlyklarynyň Döwlet sanawyna girizilen milli taryhy-medeni mirasyň gozgalýan gymmatlyklarynyň ýagdaýyna…
16-njy madda
Türkmenistanyň milli taryhy-medeni mirasynyň gozgalýan gymmatlyklarynyň Döwlet sanawy düşünjesi
1. Türkmenistanyň milli taryhy-medeni mirasynyň gozgalýan gymmatlyklarynyň Döwlet sanawy (mundan beýläk - Sanaw) milli taryhy-medeni mirasyň gozgalýan gymmatlyklarynyň hukuk derejesi, mukdary we hil häsiýetnamalary we bahasy hakyndaky…
17-nji madda
Sanawyň ýöredilmegi
1. Sanawyň ýöredilmegi ygtyýarly edaranyň üstüne ýüklenilýär. 2. Sanawyň ýöredilmegi milli taryhy-medeni mirasyň gozgalýan gymmatlyklaryny ýüze çykarmak we hasaba almak boýunça işleri öz içine alýar. Resminamalaryň sanawy, olary alyp…
18-nji madda
Milli taryhy-medeni mirasyň gozgalýan gymmatlyklaryny Sanawa girizmegiň tertibi
1. Taryhy-medeni gymmatlygy bolan serişdeleri Sanawa girizmeklige bolan hukuk ygtyýarly edara degişlidir. 2. Taryhy-medeni gymmatlygy bolan serişdeler bu serişdeleri Sanawa girizmegiň maksadalaýyklygy barada milli taryhy-medeni mirasyň…
19-njy madda
Milli taryhy-medeni mirasyň gozgalýan gymmatlygynyň pasporty
1. Sanawa girizilen milli taryhy-medeni mirasyň gozgalýan gymmatlygyna pasport düzülýär. Bu pasporta Sanawda saklanylýan maglumatlar girizilýär. 2. Milli taryhy-medeni mirasyň gozgalýan gymmatlygynyň pasportynyň görnüşi ygtyýarly edara…
20-nji madda
Milli taryhy-medeni mirasyň gozgalýan gymmatlygyny Sanawdan çykarmak
Milli taryhy-medeni mirasyň gozgalýan gymmatlygyny Sanawdan çykarmak ygtyýarly edara tarapyndan milli taryhy-medeni mirasyň gozgalýan gymmatlyklarynyň döwlet taryhy-medeni bilermenler seljermesiniň bu gozgalýan gymmatlygyň fiziki durkuny…
21-nji madda
Milli taryhy-medeni mirasyň gozgalýan gymmatlyklarynyň döwlet taryhy-medeni bilermenler seljermesiniň maksatlary
1. Milli taryhy-medeni mirasyň gozgalýan gymmatlyklarynyň döwlet taryhy-medeni bilermenler seljermesi (mundan beýläk - Bilermenler seljermesi) şu maksatlar bilen geçirilýär: 1) milli taryhy-medeni mirasyň gozgalýan gymmatlygyny Sanawa…
22-nji madda
Bilermenler seljermesini geçirmegiň ýörelgeleri
Bilermenler seljermesi şu ýörelgeleriň esasynda geçirilýär: 1) ylmy taýdan esaslandyrylmagy, hakykylygy we kanunalaýyklygy; 2) milli taryhy-medeni mirasyň gozgalýan gymmatlygynyň islendik bellenen hojalyk işinde aýap saklanylyşynyň dogry…
23-nji madda
Bilermenler seljermesiniň serişdeleri
Bilermenler seljermesiniň serişdeleri şular hasaplanýar: 1) şu Kanunyň 2-nji maddasyna laýyklykda milli taryhy-medeni mirasyň gozgalýan gymmatlygynyň alamatlaryna eýe bolan serişdeler; 2) milli taryhy-medeni mirasyň gozgalýan gymmatlygyny…
24-nji madda
Bilermenler seljermesini geçirmegiň tertibi
Bilermenler seljermesini geçirmegiň tertibi, bilermenler hökmünde işe çekilip bilinjek ýuridik we fiziki şahslary kesgitlemeklige talaplar, bilermenlere berilýän resminamalaryň sanawy, olara garamagyň tertibi, bu Bilermenler seljermesiniň…
25-nji madda
Bilermenler seljermesiniň netijenamasy
1. Bilermenler seljermesiniň netijenamasy delilnama görnüşinde resmileşdirilýär, onuň mazmunynda şu Kanunyň 24-nji maddasynda bellenilen tertipde bilermenler tarapyndan geçirilen barlaglaryň netijeleri beýan edilýär. 2. Bilermenler…
Öňki
1 / 4
Indiki