Yza
Hukukçy
Kanunlar
Kanunlar
Kömek
Resminamany barla
Içeri gir
Kanunlar
«Mahabat hakynda» Türkmenistanyň Kanuny
kanun
26.03.2016 · № 374-V
«Mahabat hakynda» Türkmenistanyň Kanuny
40 madda · 35 sahypa
40 madda
1-nji madda
Şu Kanunda ulanylýan esasy düşünjeler
Şu Kanunyň maksatlary üçin aşakdaky esasy düşünjeler ulanylýar: 1) mahabat - mahabatlandyrmagyň obýektine bolan gyzyklanmany döretmäge ýa-da goldamaga hem-de onuň bazarda öňe ilerlemegine ýardam etmäge çagyrylan, oňa bolan ünsi çekmäge…
2-nji madda
Mahabat hakynda Türkmenistanyň kanunçylygy
1. Mahabat hakynda Türkmenistanyň kanunçylygy Türkmenistanyň Konstitusiýasyna esaslanýar we şu Kanundan we mahabat we mahabat işi çygrynda Türkmenistanyň beýleki kadalaşdyryjy hukuk namalaryndan ybarat. 2. Eger-de Türkmenistanyň halkara…
3-nji madda
Şu Kanunyň hereket ediş çygry
1. Şu Kanunyň hereketi fiziki we ýuridik şahslaryň, şol sanda Türkmenistanyň çäginde mahabat işini amala aşyrýan daşary ýurt raýatlarynyň we raýatlygy bolmadyk adamlaryň mahabaty öndürmek we ýaýratmak işinde ýüze çykýan gatnaşyklaryna…
4-nji madda
Şu Kanunyň maksatlary
Şu Kanunyň maksatlary aşakdakylar hasaplanylýar: 1) harytlaryň, işleriň we hyzmatlaryň bazaryny ösdürmek; 2) ynsaply we ygtybarly mahabaty almak üçin sarp edijileriň hukugyny durmuşa geçirmek; 3) mahabaty öndürmek we ýaýratmak üçin zerur…
5-nji madda
Mahabata bolan umumy talaplar
1. Mahabata bolan umumy talaplar kanunylyk, takyklyk, hakykylyk, mahabaty sarp edijä ýitgi, şeýle hem ahlak zyýanyny ýetirmeýän görnüşleriň we serişdeleriň peýdalanylmagy bolup durýar. Mahabata diňe etiki, ynsanperwerlik, ahlak, edep-ekram…
6-njy madda
Mahabatyna ýol berilmeýän harytlar we hyzmatlar
Şularyň mahabatyna ýol berilmeýär: 1) Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykda öndürmäge we ýerlemäge gadagan edilen harytlara we (ýa-da) hyzmatlara; 2) öndürmek we (ýa-da) ýerlemek üçin ygtyýarnamalaryň ýa-da beýleki ýörite rugsatlaryň…
7-nji madda
Mahabat işinde intellektual eýeçilik
1. Mahabat doly ýa-da kem-käsleýin awtorlyk hukugynyň we gatyşyk hukuklaryň, oýlap tapyşyň, haryt nyşanynyň, hyzmat ediş nyşanynyň ýa-da harydyň gelip çykan ýeriniň adynyň obýekti bolup biler, olar intellektual eýeçilik babatda…
8-nji madda
Mahabat öndürilende we ýaýradylanda kämillik ýaşyna ýetmedikleri goramak
1. Kämillik ýaşyna ýetmedikler üçin niýetlenen ýa-da olara täsir etmäge ukyply bolan mahabat olara ahlak ýa-da psihiki şikes getirip biljek, olaryň hukuklaryny we bähbitlerini wehim astyna goýup biljek beýannamalary ýa-da şekilleri özünde…
9-njy madda
Mahabat öndürilende we ýaýradylanda mahabat işiniň subýektlerine bolan talaplar
1. Mahabat beriji: 1) mahabatyň mazmuny üçin jogapkärçilik çekýär; 2) şu Kanunyň düzgünlerine laýyklykda mahabaty öndürýär we ýaýradýar ýa-da mahabatyň öndürilmegini we ýaýradylmagyny buýurýar. 2. Mahabaty öndüriji mahabat öndürilende,…
10-njy madda
Mahabatda hemaýatkärlik
1. Hemaýatkärlik mahabaty hemaýatkär bilen hemaýat edilýäniň arasynda baglaşylan hemaýatkärlik hakynda şertnamanyň şertlerinde ýaýradylýar. 2. Hemaýatkärlik goşandy mahabat üçin töleg diýlip ykrar edilýär, hemaýatkär we hemaýat edilýän…
11-nji madda
Mahabat işine salgyt salmak
Mahabat işiniň subýektlerine salgyt salmak Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykda amala aşyrylýar.
12-nji madda
Mahabaty öndürmek we ýaýratmak üçin şertnama
Mahabaty öndürmek we ýaýratmak amala aşyrylanda mahabat işiniň subýektleriniň arasyndaky gatnaşyklar Türkmenistanyň kanunçylygyna we (ýa-da) Türkmenistanyň halkara şertnamalaryna laýyklykda olaryň arasynda baglaşylýan şertnamalar bilen…
13-nji madda
Oferta diýlip ykrar edilen mahabatyň hereket ediş möhleti
Eger Türkmenistanyň Raýat kodeksine laýyklykda mahabat oferta diýlip ykrar edilse, şeýle oferta, eger-de onda başga möhlet görkezilmedik ýagdaýlarynda, mahabat ýaýradylan gününden başlap, bir aýyň dowamynda hereket edýär.
14-nji madda
Mahabat materiallaryny saklamak
Mahabat materiallaryny ýa-da olaryň göçürme nusgalaryny, olara girizilen üýtgetmeler, mahabaty öndürmek we ýaýratmak üçin şertnamalar bilen bilelikde, şeýle hem şu Kanuna laýyklykda talap edilen resminamalaryň göçürme nusgalaryny mahabaty…
15-nji madda
Teleýaýlymda ýaýradylýan mahabat
1. Teleýaýlymlar üçin niýetlenen mahabatyň ýaýradylmagyna bölünip berilýän wagtyň umumy dowamlylygy gije-gündiziň dowamyndaky ýaýlym wagtynyň umumy möçberiniň ýigrimi göteriminden geçip bilmez. 2. Dowamlylygy ýigrimi minuda çenli…
16-njy madda
Radioýaýlymda ýaýradylýan mahabat
1. Radioýaýlymlar üçin niýetlenen mahabatyň ýaýradylmagyna bölünip berilýän wagtyň umumy dowamlylygy gije-gündiziň dowamynda ýaýradylýan maglumatyň umumy möçberiniň ýigrimi göteriminden geçip bilmez. 2. Radioönümleriň toplumlarynda…
17-nji madda
Çap neşirlerindäki mahabat
1. Çap neşirlerinde mahabatyň möçberi we tematikasy degişli redaksiýanyň tertipnamasynda göz öňünde tutulan tertipde kesgitlenilýär. Ýazylyşyk boýunça ýaýradylýan çap neşirleriniň ýazylyşygynyň şertlerinde neşiriň umumy…
18-nji madda
Elektroaragatnaşygyň ulgamlary boýunça ýaýradylýan mahabat
1. Mahabatlary elektroaragatnaşyk ulgamlary boýunça, şol sanda telefon, teleks, faksimil aragatnaşygy, öýjükli hereket edýän elektroaragatnaşyk, elektron poçta boýunça ýaýratmaklyga mahabaty almak üçin abonentiň ýa-da adresatyň deslapky…
19-njy madda
Kino- we wideo hyzmatlarynda ýaýradylýan mahabat
Kino- we wideo hyzmatlarynda bölümleriň aralaryndaky arakesmelerden başga görkezilýän filmiň arasyny mahabat bilen bölmeklige, şeýle hem mahabaty görkezilýän filmiň kadrynyň üstünde ýerleşdirmek usuly bilen, ýa-da «hereketli ýazgy» usuly…
20-nji madda
Daşarky mahabat
1. Mahabat gurnawlarynda daşarky mahabaty ýerleşdirmek şu maddanyň talaplaryny berjaý etmek arkaly mahabaty ýaýradyjy hasaplanýan mahabat gurnawlarynyň eýesi tarapyndan amala aşyrylýar. 2. Ýerine ýetiriji häkimiýetiň ýerli edaralary…
21-nji madda
Ulag serişdelerindäki mahabat
1. Ulag serişdelerinde mahabaty ýerleşdirmek mahabat beriji bilen ulag serişdesiniň eýesiniň ýa-da onuň ygtyýarly şahsynyň arasynda baglaşylan şertnamanyň esasynda amala aşyrylýar. 2. Ulag serişdelerinde ýerleşdirilýän mahabat hereketiň…
22-nji madda
Durmuş mahabaty
1. Durmuş mahabaty sagdyn durmuş ýörelgäniň, saglygy we daşky gurşawy goramagyň, energiýa serişdelerini gorap saklamagyň, durmuş goraglylygynyň we ilatyň howpsuzlygyny üpjün etmegiň, hukuk bozulmalaryň öňüni almagyň, ruhy baýlygyň we bilim…
23-nji madda
Derman serişdeleriniň, lukmançylyk maksatly önümleriň we lukmançylyk tehnikalarynyň, lukmançylyk hyzmatlarynyň, öňüni alyş, dikeldiş, halk lukmançylygynyň usullarynyň mahabaty 1. Derman serişdeleriniň, lukmançylyk maksatly önümleriň…
24-nji madda
Çaga iýmiti önümleriniň mahabaty
1. Çaga iýmiti önümleriniň mahabaty ene süýdüniň öwezini dolup bilýändigi hökmünde aňladylmaly däldir we özünde çagalary emeli iýmitlendirmegiň artykmaçlyklary barada tassyknamany saklamaly däldir. 2. Caganyň bir ýaşynyň dowamyndaky…
25-nji madda
Fiziki we ýuridik şahslaryň pul serişdelerini peýdalanmak hem-de gymmatly kagyzlar bilen baglanyşykly maliýe hyzmatlarynyň mahabaty
1. Fiziki we ýuridik şahslaryň pul serişdelerini peýdalanmak hem-de gymmatly kagyzlar bilen baglanyşykly maliýe hyzmatlarynyň mahabaty mahabat berijiniň işiň degişli görnüşini amala aşyrmaga hukugyny tassyklaýan ygtyýarnamany beren edara,…
Öňki
1 / 2
Indiki