Yza
Hukukçy
Kanunlar
Kanunlar
Kömek
Resminamany barla
Içeri gir
Kanunlar
«Aşgabat şäherinde 2017-nji ýylda Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlaryny guramak we geçirmek hakynda» Türkmenistanyň Kanuny
kanun
26.03.2016 · № 367-V
«Aşgabat şäherinde 2017-nji ýylda Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlaryny guramak we geçirmek hakynda» Türkmenistanyň Kanuny
24 madda · 9 sahypa
24 madda
1-nji madda
Şu Kanunyň esasy maksady
Şu Kanunyň esasy maksady Aşgabat şäherinde 2017-nji ýylda Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlaryny (mundan beýläk - V Aziýa oýunlary) ýokary derejede guramak we geçirmek üçin hukuk binýadyny we zerur şertleri…
2-nji madda
V Aziýa oýunlaryny guramak we geçirmek hakynda Türkmenistanyň kanunçylygy
1. V Aziýa oýunlaryny guramak we geçirmek hakynda Türkmenistanyň kanunçylygy Türkmenistanyň Konstitusiýasyna esaslanýar we şu Kanundan hem-de Türkmenistanyň beýleki kadalaşdyryjy hukuk namalaryndan ybarat bolup durýar. 2. Eger…
3-nji madda
V Aziýa oýunlarynyň guralýan we geçirilýän döwri
1. V Aziýa oýunlarynyň guralýan döwri V Aziýa oýunlaryny geçirmek hakynda şertnama gol çekilen senesinden 2010-njy ýylyň 19-njy dekabryndan başlap, 2017-nji ýylyň 31-nji dekabry aralygyny öz içine alýar. 2. V Aziýa oýunlarynyň geçirilýän…
4-nji madda
V Aziýa oýunlarynyň guramaçylary
1. V Aziýa oýunlarynyň Guramaçylyk komiteti, Türkmenistanyň Milli olimpiýa komiteti, Aşgabat şäher häkimligi we V Aziýa oýunlaryna taýýarlyk görmek baradaky Ýerine ýetiriji komitet, şeýle-de şu maddanyň ikinji böleginde görkezilen daşary…
5-nji madda
V Aziýa oýunlarynyň Guramaçylyk komiteti
1. V Aziýa oýunlarynyň Guramaçylyk komiteti (mundan beýläk - Guramaçylyk komiteti) V Aziýa oýunlaryny geçirmek we guramak babatynda Türkmenistanyň ýokary guramasy bolup durýar. 2. Guramaçylyk komitetiniň düzümi Türkmenistanyň Ministrler…
6-njy madda
V Aziýa oýunlaryna taýýarlyk görmek baradaky Ýerine ýetiriji komitet
1. V Aziýa oýunlaryna taýýarlyk görmek baradaky Ýerine ýetiriji komitet (mundan beýläk - Ýerine ýetiriji komitet) V Aziýa oýunlaryny geçirmek hakynda şertnama laýyklykda V Aziýa oýunlarynyň ýokary derejede we guramaçylykly geçirilmegini…
7-nji madda
Resmi dabaralar
Resmi dabaralar, şol sanda V Aziýa oýunlarynyň açylyş we ýapylyş dabaralary Aziýa Olimpiýa Geňeşiniň Tertipnamasyndaky we V Aziýa oýunlaryny geçirmek hakynda şertnamadaky talaplara laýyklykda amala aşyrylýar.
8-nji madda
V Aziýa oýunlarynyň guralýan we geçirilýän döwri mahabaty guramagyň aýratynlyklary
V Aziýa oýunlarynyň guralýan we geçirilýän döwri mahabat V Aziýa oýunlaryny geçirmek hakynda şertnamanyň talaplaryna laýyklykda guralýar.
9-njy madda
V Aziýa oýunlarynyň geçirilýän döwri köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň işini guramagyň aýratynlyklary
V Aziýa oýunlarynyň geçirilýän döwri köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň işi V Aziýa oýunlaryny geçirmek hakynda şertnamanyň talaplaryna laýyklykda guralýar.
10-njy madda
Aziýa oýunlarynyň nyşanlarynyň peýdalanylyşy
1. Şu maddanyň maksatlary üçin Aziýa oýunlarynyň nyşanlary diýlip, «Aziada», «Aşgabat - 2017», «Aziada - 2017», «V Aziýa oýunlary», «Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlary», «V AIMAG» atlandyrmalaryna, şol sanda…
11-nji madda
V Aziýa oýunlarynyň guralýan we geçirilýän döwri myhmanhana hyzmatlarynyň, şeýle-de V
Aziýa oýunlarynyň sport çärelerine we dabaralaryna giriş petekleriniň bahalarynyň döwlet tarapyndan düzgünleşdirilişi V Aziýa oýunlarynyň guralýan we geçirilýän döwri Türkmenistanyň Ministrler Kabineti myhmanhana hyzmatlarynyň bahalaryny,…
12-nji madda
V Aziýa oýunlarynyň guralýan we geçirilýän döwri meýletinçilik işi
V Aziýa oýunlarynyň guralýan we geçirilýän döwri meýletinçilik işi şu Kanuna we «Meýletinçilik hakynda» Türkmenistanyň Kanunyna laýyklykda amala aşyrylýar.
12¹-nji madda
V Aziýa oýunlaryny guramak we geçirmek üçin niýetlenip Türkmenistana getirilýän önümleri sertifikatlaşdyrmagyň aýratynlyklary
1. V Aziýa oýunlaryny geçirmek hakynda şertnamanyň çäklerinde Türkmenistana getirilýän önümlersertifikatlaşdyrmakdan boşadylýar, Türkmenistanyň kanunçylygynda bellenilen aýratyn halatlar muňa degişli däldir. 2. V Aziýa oýunlaryny guramak…
13-nji madda
V Aziýa oýunlarynyň guralýan we geçirilýän döwri howpsuzlygy üpjün etmegiň aýratynlyklary
1. V Aziýa oýunlarynyň guralýan we geçirilýän döwri V Aziýa oýunlaryna gatnaşyjylaryň we tomaşaçylaryň howpsuzlygyny üpjün etmek, şeýle hem olaryň geçirilýän ýerlerinde jemgyýetçilik tertibini berjaý etmek Türkmenistanyň hukuk goraýjy we…
14-nji madda
V Aziýa oýunlarynyň guralýan we geçirilýän döwründe daşary ýurt raýatlarynyň, raýatlygy bolmadyk adamlaryň V Aziýa oýunlaryna gatnaşmak we (ýa-da) olary guramak we (ýa-da) geçirmek bilen bagly işi amala aşyrmak üçin Türkmenistana…
15-nji madda
V Aziýa oýunlarynyň guralýan we geçirilýän döwründe V Aziýa oýunlaryna gatnaşýan we (ýa- da) olary guramak we (ýa-da) geçirmek bilen bagly işi amala aşyrýan daşary ýurt raýatlarynyň, raýatlygy bolmadyk adamlaryň hasaba alynmagy 1. V Aziýa…
16-njy madda
Daşary ýurt raýatlarynyň, raýatlygy bolmadyk adamlaryň V Aziýa oýunlarynyň guralýan we geçirilýän döwründe bu oýunlary guramak we (ýa-da) geçirmek bilen bagly Türkmenistanyň çäginde zähmet işini amala aşyrmagynyň aýratynlyklary
1. V Aziýa oýunlarynyň guralýan we geçirilýän döwründe V Aziýa oýunlaryny guramak we (ýa-da) geçirmek bilen bagly Türkmenistanda zähmet ýa-da raýat-hukuk häsiýetli şertnama baglaşan daşary ýurt raýatlary, raýatlygy bolmadyk adamlar…
17-nji madda
V Aziýa oýunlaryny guramak we (ýa-da) geçirmek bilen bagly işi amala aşyrýan işgärleriň zähmet gatnaşyklarynyň düzgünleşdirilişi
V Aziýa oýunlaryny guramak we (ýa-da) geçirmek bilen bagly işi amala aşyrýan işgärleriň zähmet gatnaşyklary Türkmenistanyň zähmet kanunçylygyna laýyklykda düzgünleşdirilýär.
18-nji madda
Akkreditasiýa şahadatnamalary bolan daşary ýurt raýatlarynyň, raýatlygy bolmadyk adamlaryň
V Aziýa oýunlarynyň geçirilýän döwründe amala aşyrýan pul amallary V Aziýa oýunlarynyň geçirilýän döwründe akkreditasiýa şahadatnamasy bolan daşary ýurt raýatlary, raýatlygy bolmadyk adamlar şu aşakdaky pul amallaryny çäklendirmesiz amala…
19-njy madda
Gümrük düzgüni
V Aziýa oýunlaryny guramak we geçirmek üçin niýetlenip Türkmenistana getirilýän daşary ýurt harytlaryny gümrük taýdan resmileşdirmek Türkmenistanyň Ministrler Kabineti tarapyndan bellenilýän ýörite gümrük düzgünine laýyklykda amala…
20-nji madda
Türkmenistanyň käbir kanunçylyk namalaryna goşmaçalar girizmek hakynda
1. 2004-nji ýylyň 25-nji oktýabrynda Türkmenistanyň Halk Maslahaty tarapyndan kabul edilen «Salgytlar hakynda» Türkmenistanyň bitewi Kanunyna (2005-nji ýylyň 25-nji oktýabrynda kabul edilen Türkmenistanyň Kanunynyň görnüşinde)…
21-nji madda
Şu Kanunyň bozulandygy üçin jogapkärçilik
Şu Kanunyň bozulmagy Türkmenistanyň kanunçylygynda bellenilen jogapkärçilige eltýär.
22-nji madda
Şu Kanunyň güýje girmegi
Şu Kanun resmi taýdan çap edilen gününden güýje girýär.
23-nji madda
Şu Kanunyň hereket edýän wagty
Şu Kanun 2017-nji ýylyň 31-nji dekabryna (goşmak bilen) çenli hereket edýär.