Yza
Hukukçy
Kanunlar
Kanunlar
Kömek
Resminamany barla
Içeri gir
Kanunlar
«Döwlet gullukçysynyň etikasy we gulluk özüni alyp barşy hakynda» Türkmenistanyň Kanuny
kanun
26.03.2016 · № 364-V
«Döwlet gullukçysynyň etikasy we gulluk özüni alyp barşy hakynda» Türkmenistanyň Kanuny
16 madda · 8 sahypa
16 madda
1-nji madda
Döwlet gullukçysynyň etikasy we gulluk özüni alyp barşy hakynda Türkmenistanyň kanunçylygy
Döwlet gullukçysynyň etikasy we gulluk özüni alyp barşy hakynda Türkmenistanyň kanunçylygy Türkmenistanyň Konstitusiýasyna, şeýle hem jemgyýetiň we döwletiň umumy ykrar edilen ahlak ýörelgelerine we kadalaryna esaslanýar hem-de döwlet…
2-nji madda
Şu Kanunda peýdalanylýan esasy düşünjeler
Şu Kanunda aşakdaky esasy düşünjeler peýdalanylýar: 1) hünär etikasy - hünärmeniň hünär işiniň aýratynlyklaryny we anyk ýagdaýlary hasaba almak bilen onuň özüni alyp barşynyň ahlak ýörelgeleriniň, kadalarynyň we düzgünleriniň ulgamy; 2)…
3-nji madda
Şu Kanunyň hereketiniň aýratynlyklary
1. Döwlet gullugyna girýän raýat şu Kanunyň kadalary bilen tanyşmaga we wezipe borçlaryny ýerine ýetirende olary berjaý etmäge borçludyr. 2. Döwlet gullukçysy şu Kanunyň kadalaryny berjaý etmelidir. Her bir raýat döwlet gullukçysyndan özi…
4-nji madda
Şu Kanunyň maksatlary
1. Döwlet gullukçylarynyň hünär işlerini amala aşyrmaklary üçin olaryň umumy etiki kadalaryny we özüni alyp barşyň düzgünlerini bellemek, şeýle hem döwlet gullukçysynyň abraýynyň, raýatlaryň döwlet edaralaryna ynamynyň pugtalandyrylmagyna…
5-nji madda
Döwlet gullukçylarynyň gulluk özüni alyp barşynyň ýörelgeleri we düzgünleri
1. Döwlet gullukçylarynyň gulluk özüni alyp barşynyň ýörelgeleri we düzgünleri olar wezipe borçlaryny ýerine ýetirenlerinde goldanylmaly bolan özüni alyp barşyň esaslarydyr. 2. Döwlet gullukçylary wezipe borçlaryny ýerine ýetirenlerinde…
6-njy madda
Döwlet gullukçylarynyň jemagat öňünde çykyş etmekleri
1. Döwlet edarasynyň işiniň meseleleri boýunça jemagat öňünde çykyşlar onuň ýolbaşçysy ýa-da döwlet edarasynyň oňa ygtyýarly edilen wezipeli adamlary tarapyndan amala aşyrylýar. 2. Döwlet gullukçysy şulara borçludyr: 1) jemagat öňündäki…
7-nji madda
Kanunylygyň berjaý edilmegi
1. Döwlet gullukçylary döwletiň bähbitlerine hereket etmäge we Türkmenistanyň Konstitusiýasyny, kanunlaryny we gaýry kadalaşdyryjy hukuk namalaryny berjaý etmäge borçludyrlar. 2. Döwlet gullukçysy syýasy, ykdysady maksadalaýyklygyndan…
8-nji madda
Döwlet gullukçylarynyň korrupsiýa garşy özüni alyp barşyna talaplar
1. Döwlet gullukçylary fiziki we ýuridik şahslaryň özleriniň hukuklaryny we kanuny bähbitlerini durmuşa geçirmeklerini kynlaşdyrýan hereketlere (hereketsizlige) ýol bermeli däldirler. 2. Döwlet gullukçylary öz wezipe ygtyýarlyklaryny ýa-da…
9-njy madda
Gulluk maglumaty bilen işlemek
1. Döwlet gullukçysy gulluk maglumatyny döwlet edarasynda hereket edýän Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykda kabul edilen kadalary we talaplary berjaý etmek şerti bilen işläp we geçirip biler. 2. Döwlet gullukçylary wezipe borçlaryny…
10-njy madda
Guramaçylyk-serenjam berijilik ygtyýarlyklary berlen döwlet gullukçylarynyň beýleki döwlet gullukçylary babatda özüni alyp barşynyň etikasy
1. Beýleki döwlet gullukçylary babatda guramaçylyk-serenjam berijilik ygtyýarlyklary berlen döwlet gullukçysy olar üçin hünär ussatlygynyň, birkemsiz at-abraýyň nusgasy bolmalydyr, döwlet edarasynda netijeli iş üçin oňyn ahlak-psihologik…
11-nji madda
Döwlet gullukçysynyň iş wagtyndan daşary özüni alyp barşy
1. Döwlet gullukçysy iş wagtyndan daşary umumy kabul edilen ahlak-etiki kadalary berjaý etmelidir, jemgyýetçilige garşy özüni alyp baryş halatlaryna ýol bermeli däldir. 2. Döwlet gullukçylary salyhatly bolmalydyrlar, gulluk ýagdaýyndan…
12-nji madda
Gulluk gürrüňdeşligi
1. Döwlet gullukçysynyň gulluk gürrüňdeşliginde jemgyýetiň we döwletiň iň ýokary gymmatlygynyň adamdygy, onuň hukuklarynyň we azatlyklarynyň bolsa tebigydygy hem mizemezdigi we her bir raýatyň şahsy eldegrilmesizlige, şahsy we maşgala…
13-nji madda
Döwlet gullukçysynyň daşky görnüşi
Wezipe borçlaryny ýerine ýetirende döwlet gullukçysynyň daşky görnüşi raýatlaryň döwlet edaralaryna bolan hormatyna ýardam etmelidir, resmilik, sabyrlylyk we däbe eýermeklik tapawutlandyrýan umumy kabul edilen iş sypatyna laýyk gelmelidir.
14-nji madda
Döwlet gullukçylarynyň aýry-aýry toparlary üçin hünär etikasynyň kadalary
Şu Kanun döwlet gullukçylarynyň aýry-aýry toparlary üçin döwlet edaralarynyň hünär etikasynyň kadalaryny işläp taýýarlamak boýunça esas bolup durýar.
15-nji madda
Şu Kanunyň bozulmagy üçin döwlet gullukçysynyň jogapkärçiligi
1. Döwlet gullukçysy tarapyndan şu Kanunyň bozulmagy döwlet edaralarynyň zähmetkeşler köpçülikleriniň ýygnaklarynda onuň ahlak taýdan ýazgarylmagyna degişlidir, Türkmenistanyň kanunlarynda göz öňünde tutulan halatlarda bolsa,…
16-njy madda
Şu Kanunyň güýje girmegi Şu Kanun resmi taýdan çap edilen gününden güýje girýär.