Yza
Hukukçy
Kanunlar
Kanunlar
Kömek
Resminamany barla
Içeri gir
Kanunlar
«Adamyň immunýetmezçilik wirusy sebäpli döreýän keseliň (AIW-ýokanjynyň) ýaýramagyna garşy göreşmek hakynda» Türkmenistanyň Kanuny
kanun
26.03.2016 · № 372-V
«Adamyň immunýetmezçilik wirusy sebäpli döreýän keseliň (AIW-ýokanjynyň) ýaýramagyna garşy göreşmek hakynda» Türkmenistanyň Kanuny
25 madda · 12 sahypa
25 madda
1-nji madda
Şu Kanunda ulanylýan esasy düşünjeler
Şu Kanunyň maksatlary üçin ulanylýan esasy düşünjeler şulary aňladýar: 1) adamyň immunýetmezçilik wirusy (mundan beýläk - AIW) - adamyň bedeninde immunýetmezçiligini döredýän wirus; 2) AIW-ýokanjy - AIW-iň döredýän dowamly ýokanç…
2-nji madda
Türkmenistanyň adamyň immunýetmezçilik wirusy sebäpli döreýän keseliň (AIW-ýokanjynyň) ýaýramagyna garşy göreşmek hakynda kanunçylygy
Türkmenistanyň adamyň immunýetmezçilik wirusy sebäpli döreýän keseliň (AIW-ýokanjynyň) ýaýramagyna garşy göreşmek hakynda kanunçylygy Türkmenistanyň Konstitusiýasyna esaslanýar we şu Kanundan hem-de Türkmenistanyň beýleki kadalaşdyryjy…
3-nji madda
Adamyň immunýetmezçilik wirusy sebäpli döreýän keseliň (AIW-ýokanjynyň) ýaýramagyna garşy göreşmek çygrynda döwlet syýasatynyň esasy ugurlary
Şular adamyň immunýetmezçilik wirusy sebäpli döreýän keseliň (AIW-ýokanjynyň) ýaýramagyna garşy göreşmek çygryndaky (mundan beýläk - AIW-ýokanjynyň ýaýramagyna garşy göreşmek) döwlet syýasatynyň esasy ugurlary bolup durýar: 1) sagdyn…
4-nji madda
AIW-ýokanjynyň ýaýramagyna garşy göreşmek çygryndaky işiň maliýeleşdirilmegi
AIW-ýokanjynyň ýaýramagyna garşy göreşmek çygryndaky işiň maliýeleşdirilmegi Türkmenistanyň Döwlet býujetiniň serişdeleriniň, şeýle hem Türkmenistanyň kanunçylygynda gadagan edilmedik beýleki çeşmeleriň hasabyna amala aşyrylýar.
5-nji madda
AIW-ýokanjynyň ýaýramagyna garşy göreşmek çygrynda döwlet tarapyndan düzgünleşdirmegi we gözegçiligi amala aşyrýan edaralar Türkmenistanyň Ministrler Kabineti, Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrligi, Türkmenistanyň…
6-njy madda
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň ygtyýarlylygy
Türkmenistanyň Ministrler Kabineti: 1) AIW-ýokanjynyň ýaýramagyna garşy göreşmek çygrynda ýeke-täk döwlet syýasatyny kesgitleýär; 2) AIW-ýokanjynyň ýaýramagyna garşy göreşmek çygrynda kadalaşdyryjy hukuk namalaryny çykarýar; 3)…
7-nji madda
Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň ygtyýarlylygy
Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrligi: 1) AIW-ýokanjynyň ýaýramagyna garşy göreşmek çygrynda ýeke-täk döwlet syýasatyny durmuşa geçirýär; 2) Türkmenistanda AIW-ýokanjynyň ýaýramagyna garşy göreşmegiň Milli…
8-nji madda
Ygtyýarly edaranyň ygtyýarlylygy
Ygtyýarly edara: 1) AIW-ýokanjynyň ýaýramagyna garşy göreşmek çygrynda ýeke-täk döwlet syýasatyny durmuşa geçirýär; 2) Türkmenistanda AIW-ýokanjynyň ýaýramagyna garşy göreşmegiň Milli maksatnamasyny durmuşa geçirýär; 3) AIW-ýokanjynyň…
9-njy madda
AIW-ýokanjynyň ýaýramagyna garşy göreşmek çygryndaky işi amala aşyrýan beýleki döwlet edaralarynyň, ýerine ýetiriji häkimiýetiň ýerli edaralary we ýerli öz-özüňi dolandyryş edaralarynyň ygtyýarlylygy
AIW-ýokanjynyň ýaýramagyna garşy göreşmek çygryndaky işi amala aşyrýan beýleki döwlet edaralary, ýerine ýetiriji häkimiýetiň ýerli edaralary we ýerli öz-özüňi dolandyryş edaralary: 1) AIW-ýokanjynyň ýaýramagyna garşy göreşmek çygrynda…
10-njy madda
AIW-ýokanjynyň öňüni almak, anyklamak, bejermek boýunça işi amala aşyrýan saglygy goraýyş edaralary
1. Ygtyýarly edara we welaýatlaryň AIDS-iň öňüni alyş merkezleri AIW-ýokanjynyň öňüniň alynmagyny, anyklanylmagyny, AIW-ýokanjynyň epidemiologik gözegçilik barlagyny, AIW ýokançly adamlaryň dispanser gözegçiligini amala aşyrýan edaralar…
11-nji madda
Türkmenistanyň raýatlarynyň, daşary ýurt raýatlarynyň we raýatlygy bolmadyk adamlaryň
AIW-e lukmançylyk güwä geçilmesine hukugy we borçlary 1. Türkmenistanyň raýatlarynyň, Türkmenistanyň çäginde ýaşaýan ýa-da bolýan daşary ýurt raýatlarynyň we raýatlygy bolmadyk adamlaryň Türkmenistanyň döwlet saglygy goraýyş edaralarynda…
12-nji madda
AIW-e lukmançylyk güwä geçilmesiniň görnüşleri
1. Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrligi tarapyndan kesgitlenen kadalara we düzgünlere laýyklykda ygtyýarly edarada we welaýatlaryň AIDS-iň öňüni alyş merkezlerinde AIW-e meýletin, hökmany ýa-da mejbury görnüşlerde…
13-nji madda
AIW-e hökmany lukmançylyk güwä geçilmesi
1. Şular AIW-e hökmany lukmançylyk güwä geçilmesine degişlidir: 1) gan we beýleki biologik suwuklyklary, synalary we dokumalary tabşyryjylar; 2) sagdyn maşgalanyň emele gelmegi üçin şertleri döretmek, AIW ýokançly çagalaryň dogulmagynyň…
14-nji madda
AIW ýokançly adamlaryň bellige alnyşy, hasabynyň ýöredilişi we olara dispanser gözegçiliginiň edilmegi, AIW-ýokanjynyň epidemiologik gözegçilik barlagy
1. AIW ýokançly adamlaryň bellige alnyşy, hasabynyň ýöredilişi we olara dispanser gözegçiliginiň edilmegi, AIW-ýokanjynyň epidemiologik gözegçilik barlagynyň geçirilmegi Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykda ýaşyrynlyk şertleriniň berjaý…
15-nji madda
Daşary ýurtly raýatlaryň we raýatlygy bolmadyk adamlaryň Türkmenistana gelmeginiň şertleri
1. Türkmenistanyň daşary ýurt döwletlerindäki diplomatik wekilhanalary we konsullyk edaralary Türkmenistanyň kanunçylygynda bellenilen halatlarda we tertipde, AIW-ýokanjynyň ýokdugy barada lukmançylyk güwä geçilmesiniň güwänamasyny…
16-njy madda
Donor ganynyň (onuň düzüm bölekleriniň) barlaghanada barlanylmagy
1. Lukmançylyk tejribesinde ulanylmagy üçin niýetlenen gan donorlaryndan alnan gan (onuň düzüm bölekleri) we beýleki biologik suwuklyklar, adam bedeniniň synalary we dokumalary AIW-ýokanjyna hökmany barlaghana barlagynyň geçirilmegine…
17-nji madda
AIW ýokançly adama onuň özüniň lukmançylyk güwä geçilmesiniň netijeleri baradaky maglumatlaryň berilmegi
1. AIW ýokançly adam, adamyň immunýetmezçilik sindromynyň alamatlarynyň ýoklugyna garamazdan, ýokanjyň çeşmesi bolup durýar. 2. Özünde AIW-ýokanjy ýüze çykarylan adam AIW-e lukmançylyk güwä geçilmesini geçiren saglygy goraýyş edarasynyň…
18-nji madda
AIW ýokançly adamlara we AIDS-li näsaglara lukmançylyk kömeginiň berlişi
1. AIW ýokançly adamlara we AIDS-li näsaglara lukmançylyk kömegi ýaşaýan salgysy boýunça ygtyýarly edarada we welaýatlaryň AIDS-iň öňüni alyş merkezlerinde dispanser gözegçiligine hasaba alnan şertinde, Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we…
19-njy madda
AIW ýokançly çagalary, olaryň ata-enesini ýa-da olaryň ornuny tutýan adamlary durmuş taýdan goramak
1. AIW ýokançly çagalaryň mekdebe çenli çagalar edaralarynda bolmaga we umumybilim berýän mekdeplerde okamaga bolan hukugy döwlet tarapyndan kepillendirilýär. 2. AIW ýokançly çagalara on sekiz ýaşyna çenli Türkmenistanyň kanunçylygynda…
20-nji madda
Gulluk borçlaryny ýerine ýetiren mahalynda AIW-iň ýokuşmak töwekgelligine sezewar bolan saglygy goraýyş işgärleriniň durmuş taýdan goralmagy
1. Saglygy goraýyş edaralarynyň saglygy goraýyş işgärlerine gulluk borçlaryny ýerine ýetiren mahalynda AIW-iň ýokuşmagy hünär bilen baglanyşykly döreýän keselleriň toparyna degişli bolup durýar. Olar üçin Türkmenistanyň kanunçylygyna…
21-nji madda
Birwagtlaýyn döwlet kömek puly
1. Saglygy goraýyş edaralarynyň öz gulluk borçlaryny ýerine ýetirmegi bilen baglanyşykly AIW-iň ýokuşmagy netijesinde maýyp bolan saglygy goraýyş işgärlerine Türkmenistanyň kanunçylygynda bellenilýän möçberde birwagtlaýyn kömek puly…
22-nji madda
Lukmançylyk syryny saklamak
Saglygy goraýyş edaralarynyň saglygy goraýyş işgärleri öz gulluk borçlaryny ýerine ýetirmegi bilen baglanyşykly AIW ýokançly adamlaryň we AIDS-li näsaglaryň, şeýle hem AIW-e lukmançylyk güwä geçilmesiniň netijeleri barada özüne mälim bolan…
23-nji madda
Şu Kanunyň bozulandygy üçin jogapkärçilik
Şu Kanunyň bozulmagynda günäkär adamlar Türkmenistanyň kanunçylygynda bellenilen tertipde jogapkärçilik çekýärler.
24-nji madda
Jedelleriň çözülişi
AIW-ýokanjynyň ýaýramagyna garşy göreşmek çygrynda ýüze çykýan jedeller Türkmenistanyň kanunçylygynda bellenilen tertipde çözülýär.
25-nji madda
Şu Kanunyň güýje girmegi
1. Şu Kanun resmi taýdan çap edilen gününden güýje girýär. 2. Şuny güýjüni ýitiren diýip ykrar etmeli: 2001-nji ýylyň 7-nji iýulynda kabul edilen «Adamyň immunýetmezçilik wirusy sebäpli döreýän keseliň (AIW ýokuşmasynyň) öňüni almak…