Yza
Hukukçy
Kanunlar
Kanunlar
Kömek
Resminamany barla
Içeri gir
Kanunlar
«Atmosfera howasyny goramak hakynda» Türkmenistanyň Kanuny
kanun
26.03.2016 · № 366-V
«Atmosfera howasyny goramak hakynda» Türkmenistanyň Kanuny
47 madda · 19 sahypa
47 madda
1-nji madda
Şu Kanunda ulanylýan esasy düşünjeler
Şu Kanunda aşakdaky esasy düşünjeler ulanylýar: 1) atmosfera howasy - daşky tebigy gurşawyň, atmosfera gazlarynyň tebigy garyndysyndan ybarat bolup durýan düzüm bölegi; 2) hapalaýjy (zyýanly) maddalar - atmosfera howasynda saklanýan hem-de…
2-nji madda
Atmosfera howasyny goramak hakynda Türkmenistanyň kanunçylygy
1. Atmosfera howasyny goramak hakynda Türkmenistanyň kanunçylygy Türkmenistanyň Konstitusiýasyna esaslanýar we şu Kanundan hem-de atmosfera howasyny goramak bilen bagly gatnaşyklary düzgünleşdirýän Türkmenistanyň beýleki kadalaşdyryjy…
3-nji madda
Atmosfera howasyny goramagyň esasy ýörelgeleri
Atmosfera howasynyň goragy aşakdaky esasy ýörelgeleriň esasynda amala aşyrylýar: 1) her bir adamyň amatly daşky gurşawa bolan hukugyny, ilatyň ömrüni we saglygyny goramagyň ileri tutulmagyny üpjün etmek; 2) atmosfera howasyny goramak…
4-nji madda
Atmosfera howasyna fiziki taýdan zyýanly täsir edilmegi
1. Atmosfera howasyna fiziki taýdan zyýanly täsir edilmeginiň döwlet dolandyryşy atmosfera howasyna fiziki taýdan täsir etmeleriň aňryçäk ýol berilýän kadalaryny kesgitlemek arkaly amala aşyrylýar. 2. Atmosfera howasyna fiziki taýdan…
5-nji madda
Atmosfera howasyny goramak babatda döwlet dolandyryşyny amala aşyrýan edaralar
Atmosfera howasyny goramak babatda döwlet dolandyryşy Türkmenistanyň Ministrler Kabineti, daşky gurşawy goramak babatda ýerine ýetiriji häkimiýetiň ygtyýarlandyrylan edarasy, saglygy goraýyş we derman senagaty babatda ýerine ýetiriji…
6-njy madda
Atmosfera howasyny goramak babatda Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň ygtyýarlyklary
Türkmenistanyň Ministrler Kabineti: 1) atmosfera howasyny goramak babatda ýeke-täk döwlet syýasatyny kesgitleýär; 2) atmosfera howasyny goramak babatda döwlet maksatnamalaryny tassyklaýar; 3) atmosfera howasyna hapalaýjy maddalaryň…
7-nji madda
Daşky gurşawy goramak babatda ýerine ýetiriji häkimiýetiň ygtyýarlandyrylan edarasynyň ygtyýarlyklary
Daşky gurşawy goramak babatda ýerine ýetiriji häkimiýetiň ygtyýarlandyrylan edarasy: 1) atmosfera howasyny goramak babatda ýeke-täk döwlet syýasatyny durmuşa geçirmek boýunça çäreleri amala aşyrýar, atmosfera howasyny goramak babatda…
8-nji madda
Saglygy goraýyş we derman senagaty babatda ýerine ýetiriji häkimiýetiň ygtyýarlandyrylan edarasynyň ygtyýarlyklary
Saglygy goraýyş we derman senagaty babatda ýerine ýetiriji häkimiýetiň ygtyýarlandyrylan edarasy: 1) atmosfera howasyny goramak babatda ýeke-täk döwlet syýasatyny durmuşa geçirmäge, şeýle hem atmosfera howasyny goramak babatda döwlet…
9-njy madda
Ýerine ýetiriji häkimiýetiň ýerli we ýerli öz-özüňi dolandyryş edaralarynyň ygtyýarlyklary
1. Ýerine ýetiriji häkimiýetiň ýerli we ýerli öz-özüňi dolandyryş edaralary: 1) özleriniň garamagyndaky çäklerde atmosfera howasyny goramak babatda ýeke-täk döwlet syýasatyny we döwlet maksatnamalaryny durmuşa geçirmäge ýardam edýär; 2)…
10-njy madda
Atmosfera howasyna hapalaýjy maddalaryň zyňyndylarynyň çeşmelerini toparlara bölme
1. Atmosfera howasyny goramak babatda hasaba almagy alyp barmak, tükelleýiş geçirmek, şeýle hem kadalaşdyrmak we gözegçilik etmek maksady bilen hapalaýjy maddalaryň atmosfera howasyna zyňyndylarynyň çeşmelerini toparlara bölmek amala…
11-nji madda
Atmosfera howasyna zyňylýan hapalaýjy maddalary toparlara bölme
1. Hapalaýjy maddalary howplulyk klaslary boýunça toparlara bölmek, atmosfera howasyna hapalaýjy maddalaryň zyňyndylary üçin tölegleriň möçberini, atmosfera howasyna hapalaýjy maddalaryň zyňyndylarynyň daşky gurşawa ýetiren zyýanynyň…
12-nji madda
Atmosfera howasyny goramak babatda kadalar
1. Atmosfera howasyny goramak babatda kadalar şu aşakdakylary öz içine alýar: 1) atmosfera howasynyň hiliniň kadalaryny; 2) atmosfera howasyna hapalaýjy maddalaryň zyňyndylarynyň kadalaryny; 3) atmosfera howasyna fiziki taýdan zyýanly…
13-nji madda
Atmosfera howasynyň hiliniň kadalary
1. Atmosfera howasynyň hiliniň kadalary hojalyk we beýleki işler amala aşyrylan mahalynda, daşky gurşawyň we ilatyň saglygynyň howpsuzlygyny üpjün edýän atmosfera howasyna hapalaýjy maddalaryň zyňyndylarynyň aňryçäk ýol berilýän kadalaryny…
14-nji madda
Atmosfera howasyna hapalaýjy maddalaryň zyňyndylarynyň kadalary
1. Atmosfera howasyna hapalaýjy maddalaryň zyňyndylarynyň kadalary şu aşakdakylary öz içine alýar: 1) atmosfera howasyna hapalaýjy maddalaryň zyňyndylarynyň tehnologik kadalaryny; 2) atmosfera howasyna hapalaýjy maddalaryň zyňyndylarynyň…
15-nji madda
Atmosfera howasyna fiziki taýdan zyýanly täsir etmegiň aňryçäk ýol berilýän kadalary
1. Atmosfera howasyna fiziki taýdan zyýanly täsir edilmegini döwlet tarapyndan düzgünleşdirmek maksady bilen atmosfera howasyna fiziki taýdan zyýanly täsir etmegiň aňryçäk ýol berilýän kadalary bellenilýär. 2. Atmosfera howasyna fiziki…
16-njy madda
Täsir ediş zonalary
1. Täsir ediş zonalary atmosfera howasyna hapalaýjy maddalaryň zyňyndylary bilen bagly hojalyk we beýleki işi amala aşyrýan ýuridik we fiziki şahslar tarapyndan, şu aşakdakylar üçin kesgitlenilýär: 1) taslama resminamalarynyň düzüminde -…
17-nji madda
Işi atmosfera howasyna hapalaýjy maddalaryň zyňyndylary we atmosfera howasyna fiziki taýdan zyýanly täsir edilmegi bilen bagly bolan ýuridik we fiziki şahslaryň borçlary
Işi atmosfera howasyna hapalaýjy maddalaryň zyňyndylary we atmosfera howasyna fiziki taýdan zyýanly täsir edilmegi bilen bagly bolan ýuridik we fiziki şahslar, şu aşakdakylara borçludyrlar: 1) atmosfera howasyny goramak boýunça…
18-nji madda
Atmosfera howasyny goramak babatda kadalaşdyryjy resminamalary işläp taýýarlamagy amala aşyrýan ýuridik we fiziki şahslaryň işini ygtyýarlandyrmak
Atmosfera howasyny goramak babatda kadalaşdyryjy resminamalaryň taslamalaryny işläp taýýarlamagy, şeýle hem atmosfera howasyna hapalaýjy maddalaryň zyňyndylarynyň aňryçäk ýol berilýän kadalaryny işläp taýýarlamagy, ekologiýa pasportlary…
19-njy madda
Hojalyk we beýleki işiň obýektleri taslamalaşdyrylanda, ýerleşdirilende, gurlanda, durky täzelenende we ulanylanda atmosfera howasyny goramaga bildirilýän talaplar
1. Hojalyk we beýleki işiň obýektleri taslamalaşdyrylanda, ýerleşdirilende, gurlanda, durky täzelenilende we ulanylanda, şeýle hem şäherler we beýleki ilatly ýerler gurlanda Türkmenistanyň kanunçylygynyň talaplaryna laýyklykda atmosfera…
20-nji madda
Zyňyndylaryň stasionar we stasionar däl çeşmelerinden atmosfera howasyna hapalaýjy maddalaryň zyňyndylary mahalynda atmosfera howasyny goramak boýunça talaplar
1. Atmosfera howasyna hapalaýjy maddalaryň zyňyndylarynyň stasionar çeşmeleri işlän mahalynda şu aşakdakylar ýerine ýetirilmelidir: 1) atmosfera howasyna hapalaýjy maddalaryň zyňyndylarynyň düzüminiň seljerişlerini geçirmek…
21-nji madda
Atmosfera howasyna hapalaýjy maddalaryň zyňyndylarynyň hereketlenýän çeşmeleriniň Türkmenistana getirilmegine, öndürilmegine we ulanylmagyna bildirilýän talaplar
1. Atmosfera howasyna hapalaýjy maddalaryň zyňyndylarynyň hereketlenýän çeşmeleriniň zyňyndylarynda hapalaýjy maddalaryň saklanyş derejesi Türkmenistanyň kanunçylygynda zyňyndylaryň bellenen udel kadalaryndan ýokary bolsa, olary öndürmek…
22-nji madda
Şäherler we beýleki ilatly ýerler ýerleşdirilen we ösdürilen mahalynda atmosfera howasyny goramak boýunça talaplar
Şäherleri we beýleki ilatly ýerleri taslamalaşdyrmak, gurmak, täze meýilnama boýunça gurmak, durkuny täzelemek atmosfera howasyny goramak babatda sanitariýa-gigiýena, ekologiýa we beýleki kadalara hem-de düzgünlere laýyklykda geçirilýär,…
23-nji madda
Atmosfera howasyny hapalaýan galyndylar saklanylan, gömlen, gaýtadan ulanylan we zyýansyzlandyrylan mahalynda atmosfera howasyny goramak boýunça talaplar
1. Kärhanalaryň, edaralaryň we guramalaryň, ilatly ýerleriň çäklerinde, şeýle hem önümçilik galyndylaryny ýerleşdirmek üçin galyndylaryň saklanylýan ýerlerinde atmosfera howasyny hapalaýan galyndylary saklamak, gömmek, gaýtadan ulanmak we…
24-nji madda
Ösümlik dünýäsiniň obýektleriniň gorag serişdeleri we mineral dökünler ulanylan, daşalan, saklanylan hem-de ýok edilen mahalynda atmosfera howasyny goramak boýunça talaplar
1. Hojalyk we beýleki iş bilen meşgullanýan ýuridik we fiziki şahslar, atmosfera howasynyň hapalanmagyna ýol bermezlik maksady bilen, ösümlik dünýäsiniň obýektleriniň gorag serişdeleri we mineral dökünler ulanylan, daşalan, saklanylan…
25-nji madda
Ýerasty peýdaly baýlyklar gazylyp alnan we partlama işleri geçirilen mahalynda atmosfera howasyny goramak boýunça talaplaryň ýerine ýetirilmegi
Ýerasty peýdaly baýlyklary gazyp almak we partlama işleri Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykda daşky gurşawy goramak babatda ýerine ýetiriji häkimiýetiň ygtyýarlandyrylan edarasy bilen ylalaşylan usullar arkaly, atmosfera howasyny…
Öňki
1 / 2
Indiki