Yza
Hukukçy
Kanunlar
Kanunlar
Kömek
Resminamany barla
Içeri gir
Kanunlar
«Dine uýmak erkinligi we dini guramalar hakynda» Türkmenistanyň Kanuny
kanun
26.03.2016 · № 365-V
«Dine uýmak erkinligi we dini guramalar hakynda» Türkmenistanyň Kanuny
34 madda · 13 sahypa
34 madda
1-nji madda
Şu Kanunda ulanylýan esasy düşünjeler
Şu Kanunda aşakdaky esasy düşünjeler ulanylýar: 1) din - dünýä garaýyş we dünýäni duýmak, şeýle hem şolara laýyk kimdir-birine ýa-da nämedir bir zada bolan ynanja esaslanýan hereketler we mahsus işler; 2) dine uýmak - adaty ynam-ygtykat…
2-nji madda
Şu Kanunyň düzgünleşdirýän närsesi
Şu Kanun Türkmenistanyň Konstitusiýasyna laýyklykda adamyň we raýatyň dine uýmak erkinligi çygryndaky hukuk gatnaşyklaryny, şeýle hem dini guramalaryň hukuk ýagdaýyny düzgünleşdirýär.
3-nji madda
Şu Kanunyň esasy wezipeleri
Şu Kanunyň esasy wezipeleri her bir adamyň wyždan azatlygyna we dine uýmak erkinligine, durmuş adalatlylygyna, deňlige, dine garaýşyna we dini degişliligine garamazdan hukuklaryny we kanuny bähbitlerini goramaga, dini guramalara birleşmäge…
4-nji madda
Dine uýmak erkinligi we dini guramalar hakyndaky Türkmenistanyň kanunçylygy
1. Türkmenistanyň dine uýmak erkinligi we dini guramalar hakyndaky kanunçylygy Türkmenistanyň Konstitusiýasyna esaslanýar, ol şu Kanundan we Türkmenistanyň gaýry kadalaşdyryjy hukuk namalaryndan ybaratdyr. 2. Eger Türkmenistanyň halkara…
5-nji madda
Dine uýmak erkinligine bolan hukuk
1. Türkmenistanda dine uýmak erkinligi, şol sanda özbaşdak ýa-da beýlekiler bilen bilelikde islendik dine uýmaga ýa-da hiç birine uýmazlyga, dini we gaýry garaýyşlary erkin saýlamaga we üýtgetmäge, edinmäge, beýan etmäge, şeýle hem şolara…
6-njy madda
Dinleriň deňligi
Dinler we dine uýmak kanunyň öňünde deňdir.
7-nji madda
Döwlet we din
1. Türkmenistan dünýewi döwlet bolup durýar. Dini guramalar döwletden aýrydyr. Döwlet dine uýmaýan raýatlaryň we guramalaryň arasynda hem-de dürli dinlere uýýan raýatlaryň we dini guramalaryň arasynda özara sabyrlylygy hem-de sarpa goýmagy…
8-nji madda
Bilim ulgamy we din
1. Türkmenistanda döwletiň bilim ulgamy, dinden we dini guramalaryň bilim edaralaryndan aýrydyr we ol dünýewi häsiýete eýedir. 2. Türkmenistanyň raýatlarynyň öz islegine görä özbaşdak ýa-da başgalar bilen bilelikde dini…
9-njy madda
Dini bilim edaralary
1. Dini guramalar özleriniň Tertipnamalaryna laýyklykda ruhanylary we özlerine zerur bolan din hadymlaryny hünär taýdan taýýarlamak üçin dini bilim edaralaryny esaslandyrmaga hukuklydyrlar. 2. Dini bilim edaralary bilim işine…
10-njy madda
Türkmenistanda dini guramalar bilen işlemek we dini maglumat saklaýan serişdeleri, neşirýat hem-de çaphana önümlerini seljermek boýunça Toparyň ygtyýarlyklary
1. Topar öz işini ol barada Türkmenistanyň Ministrler Kabineti tarapyndan tassyklanan Düzgünnama laýyklykda amala aşyrýar. 2. Topar öz ygtyýarlyklarynyň çäklerinde: 1) Türkmenistanda dine uýmak erkinligi we dini guramalar hakyndaky…
11-nji madda
Din işi we dini guramalar bilen özara gatnaşyklar çygrynda ýerine ýetiriji häkimiýetiň ýerli edaralarynyň ygtyýarlyklary
Din işi we dini guramalaryň bilen özara gatnaşyklar çygrynda ýerine ýetiriji häkimiýetiň ýerli edaralar: 1) özleriniň dolandyryş-çäk birliklerinde dini ýagdaýlary öwrenmegi we seljerişi geçirýärler; 2) Topara Türkmenistanda dine uýmak…
12-nji madda
Dinöwreniş seljermesi
1. Topar şu esaslarda dinöwreniş seljermesini geçirýär: 1) fiziki şahslaryň dini guramalary döwlet belligine almak barada ýüztutmasy; 2) dini edebiýatlaryň, dini mazmunly beýleki maglumat serişdeleriniň getirilmegi. 2. Dinöwreniş…
13-nji madda
Dini guramalaryň hukuk düzgüni
1. Dini gurama diýlip, bilelikde dine uýmaga hem-de dini ýaýratmaga niýetlenip döredilen, ybadat etmäge we beýleki däp-dessurlary hem dabaralary, dini terbiýäni amala aşyrýan Türkmenistanyň kanunçylygynda bellenen tertipde döwlet belligine…
14-nji madda
Dini guramalaryň Tertipnamasy
1. Dini gurama onuň döredijileri tarapyndan tassyklanylýan Tertipnama esasynda hereket edýär. 2. Dini guramanyň Tertipnamasynda şu maglumatlar bolmalydyr: 1) ady, dini guramanyň görnüşi, uýýan dini, ýuridik salgysy we işiniň ýaýraýan…
15-nji madda
Dini guramanyň ady
1. Dini guramanyň adynda haýsy dine degişlidigi we hukuk ýagdaýy bolmaly. 2. Dini guramanyň doly ady we gysgaldylan görnüşi hem-de onuň nyşanlary Türkmenistanyň we beýleki döwletleriň nyşanlary, Türkmenistanyň döwlet edaralarynyň, halkara…
16-njy madda
Dini guramalary döwlet belligine almak
1. Dini guramalary döwlet tarapyndan bellige almak Toparyň hödürlemegi boýunça, Türkmenistanyň Adalat ministrligi tarapyndan amala aşyrylýar. Dini guramalar döwlet belligine alnan we Edara görnüşli taraplaryň ýeke-täk döwlet sanawyna…
17-nji madda
Dini guramany döwlet belligine almakdan ýüz döndermek
1. Dini guramany döwlet belligine almakdan şu esaslar boýunça ýüz dönderlip bilner: 1) dini guramanyň maksatlary we işi Türkmenistanyň Konstitusiýasyna garşy gelýän bolsa; 2) döredilýän gurama dinöwreniş seljermesiniň netijesinde dini…
18-nji madda
Dini guramany döwlet belligine almakdan ýüz dönderilmegine we boýun gaçyrylmagyna şikaýat etmek
Dini guramany döwlet belligine almakdan ýüz dönderilmegine, şeýle hem şonuň ýaly bellige alynmakdan boýun gaçyrylmagyna Türkmenistanyň kanunçylygynda bellenilen tertipde kazyýete şikaýat edilip bilner.
19-njy madda
Dini guramanyň işini togtatmak
1. Dini guramanyň işi Türkmenistanyň Adalat ministrliginiň arzasy esasynda kazyýetiň çözgüdi boýunça, Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň, Türkmenistanyň kanunçylygynyň talaplarynyň we onyň Tertipnamasynyň düzgünleriniň bozulan halatynda, oňa…
20-nji madda
Dini guramanyň işini bes etmegi
1. Dini guramanyň işini bes etmegi, ony döredijileriň ýa-da dini guramanyň Tertipnamasy bilen ygtyýarly edilen guramanyň çözgüdi boýunça amala aşyrylýar. 2. Dini guramanyň işini bes etmek hakynda çözgüt Türkmenistanyň Adalat ministrligi…
21-nji madda
Dini guramanyň ýatyrylmagy
1. Dini gurama kazyýetiň çözgüdi boýunça şu halatlarda ýatyrylyp bilner: 1) Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň, şu Kanunyň we Türkmenistanyň gaýry kadalaşdyryjy hukuk namalarynyň düzgünleri birnäçe gezek ýa-da gödek bozulanda; 2) dini gurama…
22-nji madda
Dini guramalaryň eýeçiligi
1. Dini guramalar özleriniň satyn alan ýa-da hususy serişdeleriniň hasabyna döreden, fiziki we ýuridiki şahslar tarapyndan haýyr-sogap hökmünde berlen ýa-da döwlet tarapyndan dini guramalaryň eýeçiligine berlen, şeýle hem Türkmenistanyň…
23-nji madda
Döwletiň, gaýry guramalaryň ýa-da jemgyýetçilik birleşikleriň ýa-da fiziki şahslaryň eýeçiliginde durýan emläkden peýdalanmak
1. Dini guramalar döwlet, gaýry guramalar ýa-da jemgyýetçilik birleşikleri ýa-da fiziki şahslar tarapyndan berlen binalary we emlägi öz hajatlary üçin peýdalanmaga haklydyrlar. 2. Dini binalaryň ýanaşyk ýerler bilen bilelikde olara…
24-nji madda
Ýatyrylan dini guramalaryň emlägine ygtyýar etmek
1. Dini guramalar ýatyrylandan soň, ýuridik we fiziki şahslar tarapyndan olara peýdalanmaga berlen emläk, emlägi beren şahslara gaýtarylyp berilýär. 2. Dini gurama ýatyrylan mahaly, onuň eýeçiliginde duran emläge ygtyýar etmek onuň…
25-nji madda
Dini däp-dessurlar, adatlar we dabaralar
1. Dini guramalaryň ybadat etmek ýa-da dini däp-dessurlary, adatlary we dabaralary berjaý etmek üçin amatly ýerleri döretmäge we saklamaga, şeýle hem zyýarat edilýän ýerleri saklamaga hukugy bardyr. 2. Ybadat etmek, dini däp-dessurlar,…
Öňki
1 / 2
Indiki