Yza
Hukukçy
Kanunlar
Kanunlar
Kömek
Resminamany barla
Içeri gir
Kanunlar
«Döwlet gullugy hakynda» Türkmenistanyň Kanuny
kanun
26.03.2016 · № 363-V
«Döwlet gullugy hakynda» Türkmenistanyň Kanuny
48 madda · 19 sahypa
48 madda
1-nji madda
Döwlet gullugy
1. Döwlet gullugy - bu döwlet gullukçylarynyň döwlet häkimiýetiniň wezipelerini durmuşa geçirmäge gönükdirilen wezipe ygtyýarlyklaryny ýerine ýetirmek boýunça amala aşyrýan hünär işidir. 2. Döwlet gullugyna degişli çygyrda döwlet…
2-nji madda
Döwlet gullugynyň hukuk esasy
1. Döwlet gullugynyň hukuk esasyny Türkmenistanyň Konstitusiýasy, şu Kanun we Türkmenistanyň gaýry kadalaşdyryjy hukuk namalary düzýärler. 2. Şu Kanun döwlet gullugyna girilmegi, onuň geçilmegi we bes edilmegi bilen bagly ýüze…
3-nji madda
Şu Kanunda peýdalanylýan esasy düşünjeler
1. Şu Kanunda şu esasy düşünjeler peýdalanylýar: 1) döwlet gullukçysy - Döwlet gullukçylarynyň wezipeleriniň sanawynda görkezilen wezipäni eýeleýän we döwlet gullugynyň öňünde durýan wezipeleri durmuşa geçirmek boýunça işi amala aşyrýan…
4-nji madda
Döwlet gullugynyň ýörelgeleri
1. Türkmenistanda döwlet gullugy şu ýörelgelere esaslanýar: 1) kanunylyk; 2) Türkmenistanyň halkyna hyzmat etmek we Watana gulluk etmek; 3) adamyň we raýatyň hukuklarynyň we azatlyklarynyň ileri tutulmagy, olaryň durmuşa…
5-nji madda
Şu Kanunyň hereket edýän çygry
Şu Kanunyň hereketi ähli döwlet gullukçylaryna degişli edilýär, muňa Türkmenistanyň Konstitusiýasy, kanunlary we gaýry kadalaşdyryjy hukuk namalary bilen döwlet gullukçylarynyň aýry-aýry toparlaryna olaryň hünär işiniň aýratynlygy bilen…
6-njy madda
Döwlet gullugynyň görnüşleri
1. Döwlet gullukçysynyň wezipe borçlarynyň häsiýetine baglylykda döwlet gullugy şu görnüşlere bölünýär: 1) döwlet raýat gullugy; 2) harby gulluk; 3) hukuk goraýyş gullugy. 2. Harby gulluk we hukuk goraýyş gullugy döwlet gullugynyň aýratyn…
7-nji madda
Döwlet raýat gullugy
Döwlet raýat gullugy - Türkmenistanyň raýatlarynyň döwlet edaralarynyň, şeýle hem döwlet wezipelerini eýeleýän adamlaryň ygtyýarlyklarynyň ýerine ýetirilmegini üpjün edýän Döwlet gullukçylarynyň wezipeleriniň sanawynda görkezilen…
8-nji madda
Harby gulluk
Harby gulluk - Türkmenistanyň Ýaragly Güýçlerinde, beýleki goşunlarynda we harby edaralarynda harby gullukçylaryň döwlet gullugynyň aýratyn görnüşidir.
9-njy madda
Hukuk goraýyş gullugy
Hukuk goraýyş gullugy - Türkmenistanyň raýatlarynyň howpsuzlygy, kanunylygy we hukuk tertibini üpjün etmek, jenaýatçylyga garşy göreşmek, adamyň we raýatyň hukuklaryny goramak boýunça ygtyýarlyklary amala aşyrýan döwlet edaralarynda we…
10-njy madda
Döwlet gullugynyň wezipeleri
1. Döwlet gullugynyň wezipeleri Türkmenistanyň kanunlary we gaýry kadalaşdyryjy hukuk namalary bilen döredilýär. 2. Döwlet gullugynyň wezipeleri şulara bölünýär: 1) döwlet raýat gullugynyň wezipeleri; 2) harby wezipeler; 3) hukuk goraýyş…
11-nji madda
Döwlet gullukçylarynyň wezipeleriniň sanawy
1. Döwlet edaralarynda işgärler bilen işlemegiň netijeliligini ýokarlandyrmak, işgärleriň, şol sanda ýolbaşçy işgärleriň hasaba alnyş ulgamyny kämilleşdirmek, olary seçip-saýlap almak, taýýarlamak, gaýtadan taýýarlamak we hünär derejesini…
12-nji madda
Döwlet wezipeleri
1. Türkmenistanyň Prezidenti döwletiň we ýerine ýetiriji häkimiýetiň baştutanydyr, Türkmenistanyň iň ýokary wezipeli adamydyr, ol Türkmenistanyň döwlet garaşsyzlygynyň we bitaraplyk hukuk ýagdaýynyň, ýurt bitewiliginiň, Konstitusiýany…
13-nji madda
Döwlet gullukçylarynyň hukuklary
Döwlet gullukçylarynyň öz wezipe ygtyýarlyklaryny ýerine ýetirenlerinde şulara hukuklary bardyr: 1) Türkmenistanyň Konstitusiýasy we kanunlary tarapyndan kepillendirilen hukuklardan we azatlyklardan peýdalanmaga; 2) meselelere garalanda we…
14-nji madda
Döwlet gullukçylarynyň borçlary
1. Döwlet gullukçylary şulara borçludyrlar: 1) Türkmenistanyň konstitusion gurluşyny goldamaga, jemgyýetde durnuklylygyň ýokary derejesini, Türkmenistanyň halkynyň agzybirligini we jebisligini üpjün etmäge; 2) Türkmenistanyň milli…
15-nji madda
Döwlet gullukçysynyň tabşyryklary ýerine ýetirmegi
1. Döwlet gullukçylary wezipe borçlaryny ýerine ýetirenlerinde Türkmenistanyň kanunçylygynda kesgitlenilen ygtyýarlyklaryň çäklerinde we wezipe gözükdirijilerine laýyklykda hereket edýärler. 2. Ýolbaşçylaryň ygtyýarlyklarynyň çäklerinde…
16-njy madda
Döwlet gullukçysynyň syýasy tarapgöýsüzligine bildirilýän talaplar
1. Döwlet gullukçysynyň iş taşlaýyşlary guramaga we olara gatnaşmaga, şonuň ýaly-da eger bu döwlet gullugynyň bähbitlerine garşy gelýän bolsa, gulluk ýagdaýyny syýasy partiýalaryň, dini guramalaryň, gaýry ýuridik şahslaryň, şeýle hem…
17-nji madda
Döwlet gullugyna bolan hukugy we döwlet gullukçysynyň hukuklaryny goramak
Şu Kanun bilen berlen hukuklaryň bozulan ýa-da olary durmuşa geçirmekde päsgelçilikleriň döredilen halatynda döwlet gullugyna dalaşgärlik edýän adam ýa-da döwlet gullukçysy tarapyndan döwlet edaralarynyň ýolbaşçylarynyň hereketlerine…
18-nji madda
Döwlet gullugy çygrynda döwlet dolandyryşy
1. Döwlet gullugy çygrynda döwlet syýasaty Türkmenistanyň Prezidenti tarapyndan amala aşyrylýar. Türkmenistanyň Prezidenti döwlet gullugynyň meseleleri boýunça özüne gös-göni tabyn we hasabat berýän Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky…
19-njy madda
Ygtyýarly edaranyň esasy ygtyýarlyklary
Döwlet gullugyny döwletiň dolandyrmagy barada ygtyýarly edaranyň esasy ygtyýarlyklary şulardyr: 1) döwletiň bitewi işgärler syýasatynyň durmuşa geçirilmegini amala aşyrmak; 2) döwlet gullugynyň işgärleri hakynda maglumatlary döretmek we…
20-nji madda
Döwlet edaralarynyň işgärler bölünmeleri
Ministrlikleriň, ýerine ýetiriji häkimiýetiň beýleki merkezi edaralarynyň, welaýatlaryň, Aşgabat we Arkadag şäherleriniň häkimlikleriniň işgärler bilen işlemek bölünmeleri şu ygtyýarlyklary amala aşyrýarlar: 1) ministrlikleriň we ýerine…
21-nji madda
Döwlet gullugynyň işgärleriniň ätiýaçlygy
1. Döwlet gullugynyň işgärleriniň ätiýaçlygy döwlet wezipeli adamlary we döwlet gullukçylaryny netijeli seçip-saýlap almak, ýerli-ýerinde goýmak we gulluk boýunça iş ýerini üýtgetmek maksady bilen döredilýär. 2. Döwlet edaralarynyň gurluş…
22-nji madda
Döwlet gullugyna bolan hukuk we oňa girmek bilen baglanyşykly çäklendirmeler
1. Hünär derejesine talaplary, taýýarlygynyň ugruny we şu Kanunda bellenilen çäklendirmeleri hasaba almak bilen haýsy millete degişlidigine, teniniň reňkine, jynsyna, gelip çykyşyna, emläk hem wezipe ýagdaýyna, ýaşaýan ýerine, diline, dine…
23-nji madda
Döwlet gullugyna girilende berilýän resminamalar we maglumatlar
1. Döwlet gullugyna girilende şular berilýär: 1) arza; 2) Türkmenistanyň raýatynyň pasporty, harby hasap resminamasy (harby borçlular we harby gulluga çagyryşa degişli adamlar üçin); 3) zähmet depderçesi, muňa işe ilkinji gezek girýänler…
24-nji madda
Döwlet gullugyna girilende berlen maglumatlary öwrenmek
1. Döwlet gullugyna girilende berilýän maglumatlary öwrenmek Türkmenistanyň kanunçylygynda bellenilen tertipde ygtyýarly döwlet edaralary tarapyndan guralýar we geçirilýär. 2. Döwlet wezipesini eýelemäge dalaşgärlik edýän adam barada…
25-nji madda
Döwlet gullugyna girilende bildirilýän esasy talaplar
1. Döwlet gullugyna girilende bildirilýän esasy talaplar şulardyr: 1) halallyk, Türkmenistanyň halkyna, Watana, Türkmenistanyň Prezidentine wepalylyk, ýurtda agzybirligi, jebisligi, durnuklylygy gorap saklamak, wepaly gulluk etmek; 2)…
Öňki
1 / 2
Indiki