Yza
Hukukçy
Kanunlar
Kanunlar
Kömek
Resminamany barla
Içeri gir
Kanunlar
«Ýangyn howpsuzlygy hakynda» Türkmenistanyň Kanuny
kanun
12.01.2016 · № 318-V
«Ýangyn howpsuzlygy hakynda» Türkmenistanyň Kanuny
38 madda · 21 sahypa
38 madda
1-nji madda
Şu Kanunda peýdalanylýan esasy düşünjeler
Şu Kanunda aşakdaky esasy düşünjeler peýdalanylýar: 1) ýangyn - adamyň janyna we saglygyna zyýan, jemgyýetiň we döwletiň bähbitlerine maddy zyýan ýetirýän gözegçiliksiz ot; 2) ýangyn howpsuzlygy - şahsyýetiň, emlägiň, jemgyýetiň we…
2-nji madda
Ýangyn howpsuzlygynyň hukuk esasy
1. Ýangyn howpsuzlygynyň hukuk esasyny Türkmenistanyň Konstitusiýasy, şu Kanun, ýangyn howpsuzlygynyň meselelerini düzgünleşdirýän Türkmenistanyň beýleki kadalaşdyryjy hukuk namalary düzýär. 2. Eger-de Türkmenistanyň halkara şertnamasynda…
3-nji madda
Ýangyn howpsuzlygyny üpjün ediş ulgamy we onuň esasy borçlary
1. Ýangyn howpsuzlygyny üpjün ediş ulgamy - güýçleriň we serişdeleriň, şeýle hem ýangynlaryň öňüni almaga we söndürmäge gönükdirilen hukuk, guramaçylyk, ykdysady, durmuş we ylmy-tehniki häsiýetli çäreleriň jemi. 2. Ýangyn howpsuzlygyny…
4-nji madda
Ýangyn howpsuzlygyny amala aşyrýan gulluklar we olaryň esasy wezipeleri
1. Türkmenistanda ýangyn howpsuzlygyny şu aşakdaky ýangyna garşy gulluklar amala aşyrýarlar: 1) Döwlet ýangyn howpsuzlygy gullugy; 2) pudaklaýyn ýangyn goragy; 3) meýletin ýangyn goragy. 2. Ýangyna garşy gulluklaryň ýangyn howpsuzlygy…
5-nji madda
Döwlet ýangyn howpsuzlygy gullugy
1. Döwlet ýangyn howpsuzlygy gullugy ýangyna garşy gulluklaryň esasy görnüşi bolup, ol Türkmenistanyň Içeri işler ministrliginiň ulgamyna girýär. 2. Döwlet ýangyn howpsuzlygy gullugy: 1) ýangyn howpsuzlygy çygrynda kadalaşdyryjy hukuk…
6-njy madda
Döwlet ýangyn gözegçiligi
1. Döwlet ýangyn gözegçiligi - ýangyn howpsuzlygynyň talaplarynyň berjaý edilişine gözegçilik etmek we olaryň bozulmalarynyň öňüni almak maksady bilen Döwlet ýangyn howpsuzlygy gullugynyň dolandyryş edaralarynyň we düzüm birlikleriniň…
7-nji madda
Döwlet ýangyn howpsuzlygy gullugynyň şahsy düzümi
1. Döwlet ýangyn howpsuzlygy gullugynyň ulgamyna gulluga kabul edilen we bellenilen tertipde ýörite atlar dakylýan Türkmenistanyň raýatlary Döwlet ýangyn howpsuzlygy gullugynyň işgärleridir. Döwlet ýangyn howpsuzlygy gullugynyň işgärleri…
8-nji madda
Döwlet ýangyn howpsuzlygy gullugynyň şahsy düzüminiň hukuk we durmuş taýdan goraglylygynyň kepillikleri
1. Döwlet ýangyn howpsuzlygy gullugynyň şahsy düzümi hem-de olaryň maşgala agzalary döwlet goragynda durýarlar. Döwlet ýangyn howpsuzlygy gullugynyň şahsy düzümine «Türkmenistanyň içeri işler edaralary hakynda» Türkmenistanyň Kanunynda we…
9-njy madda
Hünär töwekgelligine bolan hukuk
1. Ýangyna garşy gulluklaryň işgäriniň ýangyny söndürmek bilen bagly hereketlerinde administratiw ýa-da jenaýat jogapkärçiligine degişli etmişleriň alamatlary bolup, eger olar hünär töwekgelligi ýagdaýynda amala aşyrylan bolsa, onda onuň…
10-njy madda
Ätiýaçlandyrma
1. Döwlet ýangyn howpsuzlygy gullugynyň gullukçylary we raýat işgärleri Döwlet ýangyn howpsuzlygy gullugynda gulluk edýän (ýygnanyşyklara gatnaşýan) döwründe wepat bolan (ölen), ýaralanan, seňselän, ýanyk alan, maýyp bolan, kesellän…
11-nji madda
Ýangyn howpsuzlygy çygrynda maliýe we maddy-tehniki üpjünçilik
1. Ýangyn howpsuzlygy çygrynda maliýe üpjünçiligi belli bir maksatly degişli býujetlerde aýratynlykda görkezmek bilen döwlet edaralary tarapyndan öz ygtyýarlyklarynyň çäklerinde meýilnamalaşdyrylýar we amala aşyrylýar. 2. Döwlet ýangyn…
12-nji madda
Döwlet ýangyn howpsuzlygy gullugynyň emlägi
1. Döwlet ýangyn howpsuzlygy gullugynyň üstüne ýüklenen wezipeleri ýerine ýetirmegi üçin zerur bolan emlägi we gozgalmaýan emlägi Türkmenistanyň kanunçylygynda bellenen tertipde kesgitlenýär. 2. Döwlet ýangyn howpsuzlygy gullugynyň düzüm…
13-nji madda
Pudaklaýyn ýangyn goragy
1. Ýangyn howpsuzlygyny üpjün etmek maksady bilen ýerine ýetiriji häkimiýetiň ýerli edaralary, kärhanalar we guramalar pudaklaýyn ýangyn goragynyň dolandyryş edaralaryny we düzüm birliklerini döredip bilerler. 2. Pudaklaýyn ýangyn…
14-nji madda
Meýletin ýangyngoragy
1. Meýletin ýangyn goragy - munuň özi ilatly ýerlerde we kärhanalarda ýangynlaryň öňüni almagy we olary söndürmegi guramakda raýatlaryň gatnaşmagynyň görnüşidir. 2. Meýletin ýangyn söndüriji - ýangynlaryň öňüni almak we olary söndürmek…
15-nji madda
Ýangyn-tehniki toparlary
1. Obýektleriň ýangynlardan ygtybarly goragyny üpjün etmek üçin ministrliklerde, pudaklaýyn dolandyryş edaralarynda, kärhanalarda, edaralarda we guramalarda ýangyn-tehniki toparlary döredilýär. 2. Ýangyn-tehniki toparlarynyň maksady,…
16-njy madda
Ýangyn howpsuzlygy çygrynda Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň ygtyýarlyklary
Ýangyn howpsuzlygy çygrynda Türkmenistanyň Ministrler Kabineti: 1) bitewi döwlet syýasatynyň esasy ugurlaryny, ony amala aşyrmagyň strategik we taktiki çärelerini işläp taýýarlaýar; 2) döwlet maksatnamalaryny işläp taýýarlaýar hem olary…
17-nji madda
Ýangyn howpsuzlygy çygrynda ýerine ýetiriji häkimiýetiň ýerli edaralarynyň ygtyýarlyklary we borçlary
1. Ýangyn howpsuzlygy çygrynda ýerine ýetiriji häkimiýetiň ýerli edaralary: 1) ýangyn howpsuzlygynyň ýagdaýyny yzygiderli seljerýärler, bu meseleler boýunça çözgütleri kabul edýärler, meýilnamalary işläp taýýarlaýarlar we degişli çäklerde…
18-nji madda
Ýangyn howpsuzlygy çygrynda ýerli öz-özüňi dolandyryş edaralarynyň borçlary
Ýerli öz-özüni dolandyryş edaralary öz ygtyýarlyklaryna laýyklykda ýangyn howpsuzlygy çygrynda degişli çäklerde şulara borçludyrlar: 1) ýangyn howpsuzlygynyň çärelerini işlap taýýarlamaga we olaryň durmuşa geçirilmegini üpjün…
19-njy madda
Ýangyn howpsuzlygy çygrynda kärhanalaryň, edaralaryň we guramalaryň hukuklary we borçlary
1. Kärhanalaryň, edaralaryň we guramalaryň şulara hukugy bardyr: 1) Türkmenistanyň Içeri işler ministrliginiň Ýangyn howpsuzlygy müdirligi bilen şertnama baglaşmak esasynda öz serişdeleriniň hasabyna saklanylýan ýangyna garşy gulluklaryň…
20-nji madda
Ýangyn howpsuzlygy çygryny kadalaşdyryjy hukuk taýdan düzgünleşdirmek
1. Ýangyn howpsuzlygy çygrynda kadalaşdyryjy hukuk taýdan düzgünleşdirmek - bu döwlet häkimiýet edaralary tarapyndan ýangyn howpsuzlygy boýunça kadalaşdyryjy hukuk namalaryny kabul etmekden ybaratdyr. 2. Ýangyn howpsuzlygy çygrynda…
21-nji madda
Ýangyn howpsuzlygynyň çärelerini işläp taýýarlamak we durmuşa geçirmek
1. Ýangyn howpsuzlygynyň çäreleri şu Kanuna, Türkmenistanyň beýleki kadalaşdyryjy hukuk namalaryna we ýangyn howpsuzlygy boýunça kadalaşdyryjy resminamalara laýyklykda, şeýle hem ýangyna garşy göreşiň tejribesi esasynda, jisimleriň, maddy…
22-nji madda
Ýangynlary söndürmek
1. Ýangyn howpsuzlygynyň garnizonlarynda ýangynlary söndürmegiň tertibi Döwlet ýangyn howpsuzlygy gullugy tarapyndan bellenýär. 2. Ýangynlary söndürmek üçin güýçleri we serişdeleri çekmegiň tertibi Döwlet ýangyn howpsuzlygy…
23-nji madda
Ýangyn-tehniki önümleri öndürmek
1. Ýangyn-tehniki önümler döwlet buýurmasy esasynda, şeýle hem telekeçilik işi tertibinde öndürilýär. Ýangyn-tehniki önümleri öndürmek Türkmenistanyň kanunçylygy bilen düzgünleşdirilýär. 2. Ýangyn-tehniki önümlere döwlet buýurmasyny ýerine…
24-nji madda
Ýangyn howpsuzlygy çygrynda işleri we hyzmatlary ýerine ýetirmek
Ýangyn howpsuzlygy çygrynda işler we hyzmatlar ýangyn howpsuzlygynyň talaplaryny durmuşa geçirmek, şeýle hem ýangynlaryň öňüni almagy we olary söndürmegi üpjün etmek maksatlary bilen ýerine ýetirilýär. Ýangyn howpsuzlygy çygrynda işlere we…
25-nji madda
Ýangyna garşy wagyz we ýangyn howpsuzlygynyň çärelerini öwretmek
1. Ýangyna garşy wagyz - bu köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň kömegi, ýörite edebiýatlary we mahabat önümlerini neşir etmek we ýaýratmak, ýörite mowzuklaýyn sergileri, gözden geçirişleri, ylmy maslahatlary geçirmek we ilaty habarly…
Öňki
1 / 2
Indiki