Yza
Hukukçy
Kanunlar
Kanunlar
Kömek
Resminamany barla
Içeri gir
Kanunlar
«Derman üpjünçiligi hakynda» Türkmenistanyň Kanuny
kanun
12.01.2016 · № 319-V
«Derman üpjünçiligi hakynda» Türkmenistanyň Kanuny
39 madda · 24 sahypa
39 madda
1-nji madda
Şu Kanunda ulanylýan esasy düşünjeler
Şu Kanunyň maksatlary üçin ulanylýan düşünjeler şulary aňladýar: 1) anatomiýa-terapiýa-himiýa taýdan toparlara bölmek - derman serişdeleriniň toparlara bölünmeginiň derman serişdeleri barada statistik maglumatlaryň umumylaşdyrylmagy üçin…
2-nji madda
Türkmenistanyň derman üpjünçiligi hakynda kanunçylygy
Türkmenistanyň derman üpjünçiligi hakynda kanunçylygy Türkmenistanyň Konstitusiýasyna esaslanýar we şu Kanundan we Türkmenistanyň beýleki kadalaşdyryjy hukuk namalaryndan ybarat.
3-nji madda
Şu Kanunyň hereket ediş çygry
1. Şu Kanunyň hereketi derman üpjünçiligi çygrynda ýüze çykýan gatnaşyklara degişlidir. 2. Neşe ýa-da psihotrop maddalaryny, olaryň prekursorlaryny özünde jemleýän, şeýle hem weterinariýada ulanylmagy üçin niýetlenen derman serişdeleriniň…
4-nji madda
Derman üpjünçiligi çygryndaky döwlet syýasatynyň esasy ugurlary
Şular derman üpjünçiligi çygryndaky döwlet syýasatynyň esasy ugurlary bolup durýar: 1) raýatlaryň saglygyny goramaga bolan hukuklarynyň goralmagy; 2) derman üpjünçiligi çygrynda ýüze çykýan gatnaşyklaryň döwlet tarapyndan…
5-nji madda
Derman üpjünçiligi çygrynda maliýeleşdirmek
Derman üpjünçiligi çygrynda maliýeleşdirmek Türkmenistanyň Döwlet býujetiniň serişdeleriniň, şeýle hem Türkmenistanyň kanunçylygynda gadagan edilmedik beýleki çeşmeleriň hasabyna amala aşyrylýar.
6-njy madda
Derman üpjünçiligi çygrynda döwlet tarapyndan düzgünleşdirmegi we gözegçiligi amala aşyrýan edaralar
Türkmenistanyň Ministrler Kabineti, Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrligi (mundan beýläk - ygtyýarly edara), öz ygtyýarlyklarynyň çäklerinde beýleki ministrlikler we pudaklaýyn dolandyryş edaralary, ýerine ýetiriji…
7-nji madda
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň ygtyýarlylygy
Türkmenistanyň Ministrler Kabineti: 1) derman üpjünçiligi çygrynda ýeke-täk döwlet syýasatyny kesgitleýär; 2) derman üpjünçiligi çygrynda kadalaşdyryjy hukuk namalaryny çykarýar; 4) şulary tassyklaýar: a) Derman üpjünçiligi çygryny…
8-nji madda
Ygtyýarly edaranyň ygtyýarlylygy
Ygtyýarly edara derman üpjünçiligi çygrynda: 1) ýeke-täk döwlet syýasatyny durmuşa geçirýär; 2) Derman üpjünçiligi çygryny ösdürmek boýunça döwlet maksatnamasynyň durmuşa geçirilmegini üpjün edýär; 3) kadalaşdyryjy hukuk namalaryny kabul…
9-njy madda
Güýjüni ýitiren
10-njy madda
Beýleki ministrlikleriň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň, ýerine ýetiriji häkimiýetiň ýerli edaralary we ýerli öz-özüňi dolandyryş edaralarynyň ygtyýarlylygy
Beýleki ministrlikler we pudaklaýyn dolandyryş edaralary, ýerine ýetiriji häkimiýetiň ýerli edaralary we ýerli öz-özüňi dolandyryş edaralary derman üpjünçiligi çygrynda: 1) ýeke-täk döwlet syýasatynyň durmuşa geçirilmegine gatnaşýarlar; 2)…
11-nji madda
Farmasewtik we lukmançylyk-tehniki işiň ygtyýarlylandyrylmagy
1. Derman üpjünçiligi çygryndaky farmasewtik we lukmançylyk-tehniki iş Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykda amala aşyrylýar. 2. Farmasewtik ýa-da lukmançylyk-tehniki işi amala aşyrmaklyga ygtyýarnama almak üçin derman serişdelerini,…
12-nji madda
Derman üpjünçiligi çygrynda standartlaşdyrmak we sertifikatlaşdyrmak
Derman üpjünçiligi çygrynda standartlaşdyrmak we sertifikatlaşdyrmak Türkmenistanyň kanunçylygynda bellenen tertipde amala aşyrylýar.
13-nji madda
Derman serişdeleriniň, lukmançylyk maksatlaryna niýetlenen önümleriň döwlet tarapyndan bellige alynmagy
1. Derman serişdeleriniň, lukmançylyk maksatlaryna niýetlenen önümleriň döwlet tarapyndan bellige alynmagynyň maksady olaryň şu Kanunda we Türkmenistanyň beýleki kadalaşdyryjy hukuk namalarynda bellenilen talaplara laýyklygyny kesgitlemek,…
14-nji madda
Derman serişdelerini, lukmançylyk maksatlaryna niýetlenen önümleri döwlet tarapyndan bellige almakdan ýüz öwrülmegi
1. Derman serişdeleriniň, lukmançylyk maksatlaryna niýetlenen önümleriň döwlet tarapyndan bellige alynmagy üçin berlen resminamalaryň ýa-da nusgalarynyň bilermenler seljermesi geçirilende derman serişdeleriniň, lukmançylyk maksatlaryna…
15-nji madda
Şahadatnamanyň ýatyrylmagy
1. Şahadatnamanyň ýatyrylmagy hakynda karar ygtyýarly edara tarapyndan aşakdaky halatlarda kabul edilýär: 1) derman serişdesiniň howpsuzlygynyň monitoringiniň netijeleri boýunça derman serişdesi ulanylan mahalynda adamyň janyna we…
16-njy madda
Derman üpjünçiligi çygrynda döwlet gözegçiliginiň amala aşyrylmagy
1. Türkmenistanda öndürilen (taýýarlanan) ýa-da Türkmenistana getirilýän derman serişdeleri, lukmançylyk maksatlaryna niýetlenen önümler olaryň hiliniň kadalaşdyryjy resminamalaryň talaplaryna laýyk gelşi döwlet tarapyndan gözegçilik…
17-nji madda
Derman üpjünçiligi çygrynda döwlet gözegçiligi amala aşyrylanda ygtyýarly edaranyň wezipeli adamlarynyňhukuklary
1. Ygtyýarly edaranyň wezipeli adamlarynyň derman üpjünçiligi çygrynda döwlet gözegçiligini amala aşyran mahalynda şulara hukugy bardyr: 1) Türkmenistanyň derman üpjünçiligi hakynda kanunçylygynda bellenilen talaplaryň ýerine…
18-nji madda
Derman serişdeleriniň ýaramsyz täsiriniň monitoringiniň amala aşyrylmagy
1. Türkmenistanda bellige alnan ähli derman serişdeleri ýaramsyz täsiriniň monitoringiniň geçirilmegine degişlidir. Derman serişdeleriniň ýaramsyz täsiriniň monitoringi diýlip, derman serişdeleriniň ýaramsyz täsirini ýüze çykarmak, baha…
19-njy madda
Derman serişdesiniň ulanylmagynyň togtadylmagy
Derman serişdeleriniň ýaramsyz täsirleri, olaryň adamyň janyna, saglygyna, onuň nesline zeper (zyýan) ýetirip biljek beýleki derman serişdeleri bilen özara täsiriniň aýratynlyklary hakynda maglumatlar, şeýle hem derman serişdesi barada…
20-nji madda
Derman serişdeleriniň işlenilip taýýarlanylmagy
1. Derman serişdeleriniň işlenilip taýýarlanylmagy farmakologiýa taýdan täze işjeň maddalaryň gözlegini, soňra olaryň farmakologik häsiýetleriniň öwrenilmegini, klinikadan öňki we kliniki barlaglaryny, farmasewtik substansiýalaryň…
21-nji madda
Derman serişdesiniň klinikadan öňki barlagy
1. Derman serişdesiniň howpsuzlygynyň we hiliniň subutnamalaryny almak maksady bilen, ylmy usullaryň haýwanlarda ulanylmagy arkaly derman serişdesiniň klinikadan öňki barlagy geçirilýär. 2. Derman serişdesiniň işlenilip taýýarlanylmagyny…
22-nji madda
Derman serişdesiniň kliniki barlagy
1. Derman serişdesiniň kliniki barlagy barlagdan geçirilýän derman serişdesiniň kliniki, farmakologik ýa-da farmakodinamiki netijeliligini anyklamak ýa-da adam bedenine ýaramsyz täsirini anyklamak ýa-da adam bedenine siňişini, ýaýraýşyny,…
23-nji madda
Derman serişdeleriniň kliniki barlaglaryny geçirmegiň şertleri
1. Derman serişdeleriniň fiziki şahsyň gatnaşmagyndaky kliniki barlagy onuň derman serişdeleriniň kliniki barlagyna gatnaşmaga ýazmaça razylygy bolan ýagdaýynda geçirilýär. 2. Derman serişdesiniň kliniki barlagyna gatnaşýan fiziki şahs…
24-nji madda
Derman serişdeleriniň, lukmançylyk maksatlaryna niýetlenen önümleriň öndürilmegine (taýýarlanylmagyna) bildirilýän talaplar
1. Ýuridik şahslar tarapyndan derman serişdeleriniň, lukmançylyk maksatlaryna niýetlenen önümleriň öndürilmegi (taýýarlanylmagy) Türkmenistanyň kanunçylygynda bellenilýän tertipde berilýän degişli ygtyýarnamanyň esasynda amala…
25-nji madda
Derman serişdeleriniň çekilip gaplanylmagyna, gaplanylmagyna we belgilenilmegine bildirilýän talaplar
1. Derman serişdeleriniň çekilip gaplanylmagyny, gaplanylmagyny we belgilenilmegini amala aşyrýan şahslar kadalaşdyryjy resminamalaryň olaryň çekilip gaplanylmagyna, gaplanylmagyna, belgilenilmegine, şeýle hem derman serişdeleriniň…
Öňki
1 / 2
Indiki