Yza
Hukukçy
Kanunlar
Kanunlar
Kömek
Resminamany barla
Içeri gir
Kanunlar
«Türkmenistanyň prokuraturasy hakynda» Türkmenistanyň Kanuny
kanun
21.11.2015 · № 305-V
«Türkmenistanyň prokuraturasy hakynda» Türkmenistanyň Kanuny
82 madda · 6 bölüm · 28 sahypa
Mazmuny
Ähli bölümler
I
Umumy düzgünler
II
Prokuratura edaralarynyň ulgamy we guralyşy
III
Prokuror gözegçiligi
IV
Prokuratura edaralarynyň işgärleri
V
Prokuraturanyň işini guramagyň beýleki meseleleri
VI
Prokuroryň kanuny işine päsgel berilmegi, onuň talaplarynyň ýerine ýetirilmezligi üçin jogapkärçilik
Ähli bölümler
I. Umumy düzgünler
II. Prokuratura edaralarynyň ulgamy we guralyşy
III. Prokuror gözegçiligi
IV. Prokuratura edaralarynyň işgärleri
V. Prokuraturanyň işini guramagyň beýleki meseleleri
VI. Prokuroryň kanuny işine päsgel berilmegi, onuň talaplarynyň ýerine ýetirilmezligi üçin jogapkärçilik
82 madda
1-nji madda
Türkmenistanyň prokuraturasy
1. Türkmenistanyň kanunlarynyň, Türkmenistanyň Prezidentiniň, Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň namalarynyň, Türkmenistanyň Mejlisiniň kararlarynyň takyk we birmeňzeş berjaý edilişine gözegçilik Türkmenistanyň Baş prokuroryna hem-de…
2-nji madda
Şu Kanunda bar bolan käbir adalgalaryň düşündirilişi
1. «Prokuror» diýlip Türkmenistanyň Baş prokuroryna, welaýatlaryň, welaýat hukukly we döwlet ähmiýetli şäherleriň, etraplaryň, etrap hukukly şäherleriň prokurorlaryna, harby we ýöriteleşdirilen prokurorlara, olaryň orunbasarlaryna, uly…
3-nji madda
Prokuraturanyň işiniň maksatlary we ugurlary
1. Prokuraturanyň Türkmenistanyň kanunlarynyň, Türkmenistanyň Prezidentiniň, Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň namalarynyň, Türkmenistanyň Mejlisiniň kararlarynyň takyk we birmeňzeş berjaý edilişine, şeýle-de Türkmenistanyň…
4-nji madda
Halkara hyzmatdaşlygy
Türkmenistanyň Baş prokuraturasy öz ygtyýarlyklarynyň çäklerinde daşary ýurt döwletleriniň degişli edaralary, şonuň ýaly-da halkara guramalary bilen hyzmatdaşlyk edýär we Türkmenistanyň halkara şertnamalaryndan gelip çykýan meseleleri…
5-nji madda
Prokuraturanyň işiniň hukuk esaslary
1. Prokuratura edaralarynyň işiniň guralyşy we tertibi hem-de prokurorlaryň ygtyýarlyklary Türkmenistanyň Konstitusiýasy, şu Kanun we prokuratura edaralarynyň işini düzgünleşdirýän Türkmenistanyň beýleki kadalaşdyryjy hukuk namalary bilen…
6-njy madda
Prokuraturanyň guralyşynyň we işiniň ýörelgeleri
1. Prokuratura edaralarynyň kanunlaryň we beýleki kadalaşdyryjy hukuk namalarynyň takyk we birmeňzeş berjaý edilişine gözegçilik etmek işi kanunylyga esaslanýar. 2. Türkmenistanyň prokuraturasy aşakda durýan prokurorlaryň ýokarda durýan…
7-nji madda
Prokuraturanyň işi we şahsyýetiň hukuklary
1. Prokuratura işgärleri öz işini amala aşyranlarynda raýatlaryň haýsy millete degişlidigine, teniniň reňkine, jynsyna, gelip çykyşyna, emläk hem wezipe ýagdaýyna, ýaşaýan ýerine, diline, dine garaýşyna, syýasy ynam-ygtykadyna ýa-da gaýry…
8-nji madda
Prokuratura işgärleriniň garaşsyzlygynyň kepillikleri
1. Prokuratura işgärleri öz ygtyýarlyklaryny amala aşyranlarynda garaşsyzdyrlar we eldegrilmesizlik hukugyndan peýdalanýarlar. 2. Prokuratura işgärlerini bikanun çözgüt kabul etmäge mejbur etmek ýa-da olaryň kanuny işine päsgel…
9-njy madda
Prokuroryň kanuny talaplaryny ýerine ýetirmegiň hökmanylygy
1. Prokuroryň Türkmenistanyň Konstitusiýasynda we kanunlarynda göz öňünde tutulan ygtyýarlyklaryndan gelip çykýan talaplaryny ýerine ýetirmek döwlet dolandyryş, ýerli öz-özüňi dolandyryş edaralary, eýeçiligiň görnüşine garamazdan ähli…
10-njy madda
Prokuratura edaralarynda arzalara we şikaýatlara seretmek
1. Prokuratura edaralary raýatlaryň, ýuridik şahslaryň kanunlaryň bozulandygy hakynda maglumatlary bar bolan arzalaryna, şikaýatlaryna we beýleki ýüztutmalaryna Türkmenistanyň kanunçylygynda bellenilen tertipde seredýärler we çözýärler.…
11-nji madda
Prokuroryň hereketlerine we namalaryna şikaýat etmek
1. Prokuror gözegçiliginiň hereketlerine we namalaryna şikaýatlar, eger kanunda başga möhlet bellenilmedik bolsa, onda prokuroryň şikaýat edilýän hereketiniň amala aşyrylan ýa-da namasynyň yglan edilen pursadyndan başlap on günüň dowamynda…
12-nji madda
Prokuroryň döwlet häkimiýet we ýerli öz-özüňi dolandyryş edaralarynyň işine gatnaşmagy
1. Türkmenistanyň Baş prokurory Türkmenistanyň Mejlisiniň we Ministrler Kabinetiniň, ministrlikleriň, pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň, ýerine ýetiriji häkimiýetiň ýerli we ýerli öz-özüňi dolandyryş edaralarynyň maslahatlaryna gatnaşmaga…
13-nji madda
Prokuroryň Türkmenistanyň hereket edýän kanunçylygyny kämilleşdirmek işine gatnaşmagy
Prokuror gözegçiligi amala aşyrylýan döwründe Türkmenistanyň hereket edýän kanunlaryny we beýleki kadalaşdyryjy hukuk namalaryny kämilleşdirmek zerurlygy ýüze çykan halatynda, Baş prokuror kanun çykaryjylyk başlangyjyna hukugy bolan…
14-nji madda
Prokuratura edaralarynyň ulgamy
1. Türkmenistanyň prokuratura edaralarynyň ýeke-täk merkezleşdirilen ulgamyna Türkmenistanyň Baş prokurory ýolbaşçylyk edýär. 2. Prokuratura edaralarynyň ulgamy şulardan ybaratdyr: 1) Türkmenistanyň Baş prokuraturasy; 2) welaýatlaryň,…
15-nji madda
Türkmenistanyň Baş prokuroryny wezipä bellemek we wezipeden boşatmak
1. Türkmenistanyň Baş prokurory Türkmenistanyň Konstitusiýasyna laýyklykda Türkmenistanyň Mejlisiniň razylygy bilen Türkmenistanyň Prezidenti tarapyndan wezipä bellenilýär we wezipeden boşadylýar. 2. Türkmenistanyň Baş prokurory ygtyýarlyk…
16-njy madda
Prokurorlary wezipä bellemek we wezipeden boşatmak
1. Türkmenistanyň Baş prokurorynyň orunbasarlary, welaýatlaryň, welaýat hukukly we döwlet ähmiýetli şäherleriň prokurorlary, olaryň orunbasarlary, şeýle hem etraplaryň we etrap hukukly şäherleriň prokurorlary, harby we ýöriteleşdirilen…
17-nji madda
Prokurorlaryň ygtyýarlyklarynyň möhletleri
Türkmenistanyň Baş prokurory we onuň orunbasarlary, welaýatlaryň, welaýat hukukly we döwlet ähmiýetli şäherleriň prokurorlary we olaryň orunbasarlary, etraplaryň we etrap hukukly şäherleriň prokurorlary, harby we ýöriteleşdirilen…
18-nji madda
Türkmenistanyň Baş prokuraturasy
1. Türkmenistanyň Baş prokuraturasyna Türkmenistanyň Baş prokurory ýolbaşçylyk edýär, onuň orunbasarlary, uly kömekçileri we kömekçileri bolýar. Orunbasarlaryň arasynda wezipe borçlaryny bölmek Baş prokuror tarapyndan amala aşyrylýar. 2.…
19-njy madda
Welaýatlaryň, welaýat hukukly we döwlet ähmiýetli şäherleriň prokuraturalary
1. Welaýatlary, welaýat hukukly we döwlet ähmiýetli şäherleriň prokurorlary degişli prokuraturalara ýolbaşçylyk edýärler we olarda orunbasarlaryň, prokurorlaryň uly kömekçileriniň we kömekçileriniň wezipeleri bellenilýär. 2. Welaýatlaryň,…
20-nji madda
Etraplaryň we etrap hukukly şäherleriň prokuraturalary, harby we ýöriteleşdirilen prokuraturalar
Etraplaryň we etrap hukukly şäherleriň prokuraturalaryna, harby we ýöriteleşdirilen prokuraturalara degişli prokurorlar tarapyndan ýolbaşçylyk edilýär. Görkezilen prokuraturalarda prokurorlaryň orunbasarlarynyň, prokurorlaryň uly…
21-nji madda
Prokuraturanyň sülçüleri
1. Türkmenistanyň Baş prokurorynyň ýanynda aýratyn möhüm işler boýunça uly sülçüler, aýratyn möhüm işler boýunça sülçüler, şeýle hem uly sülçüler bolup biler. Welaýatlaryň, welaýat hukukly we döwlet ähmiýetli şäherleriň prokuraturalarynda…
22-nji madda
Türkmenistanyň Baş prokurorynyň ygtyýarlyklary
1. Türkmenistanyň Baş prokurory kanunlaryň we beýleki kadalaşdyryjy hukuk namalarynyň takyk we birmeňzeş berjaý edilişine gös-göni we prokuratura edaralarynyň ulgamynyň üsti bilen gözegçilik edýär. Türkmenistanyň Baş prokurory…
23-nji madda
Welaýatlaryň, welaýat hukukly we döwlet ähmiýetli şäherleriň prokurorlarynyň tabynlygyndaky prokuratura edaralaryna ýolbaşçylyk etmek boýunça ygtyýarlyklary
Welaýatlaryň, welaýat hukukly we döwlet ähmiýetli şäherleriň prokurorlary Türkmenistanyň kanunlary we Türkmenistanyň Baş prokurorynyň namalary esasynda etraplaryň, etrap hukukly şäherleriň we ýöriteleşdirilen prokuraturalaryň işine…
24-nji madda
Etraplaryň we etrap hukukly şäherleriň prokurorlarynyň, harby we ýöriteleşdirilen prokurorlaryň ygtyýarlyklary
Etraplaryň we etrap hukukly şäherleriň prokurorlary, harby we ýöriteleşdirilen prokurorlar degişli prokuraturalaryň işine ýolbaşçylyk edýärler we öz ygtyýarlyklarynyň çäklerinde tabynlygyndaky işgärleriň ýerine ýetirmegi üçin hökmany bolan…
25-nji madda
Prokuratura edaralaryndaky kollegiýalar
1. Geňeşli çözgütleri talap edýän hem-de prokuratura edaralarynyň işiniň has möhüm meselelerine seretmek üçin Türkmenistanyň Baş prokuraturasynda, welaýatlaryň, welaýat hukukly we döwlet ähmiýetli şäherleriň prokuraturalarynda kollegiýalar…
Öňki
1 / 4
Indiki