Yza
Hukukçy
Kanunlar
Kanunlar
Kömek
Resminamany barla
Içeri gir
Kanunlar
«Eýeçilik hakynda» Türkmenistanyň Kanuny
kanun
21.11.2015 · № 306-V
«Eýeçilik hakynda» Türkmenistanyň Kanuny
31 madda · 12 sahypa
31 madda
1-nji madda
Esasy düşünjeler
Şu Kanunda aşakdaky esasy düşünjeler ulanylýar: 1) eýeçilik - emlägiň paýlanylmagynyň (eýeçilik edilmeginiň) durmuş-ykdysady we guramaçylyk görnüşlerini häsiýetlendirýän ykdysady we ýuridik gatnaşyklaryň ulgamy; 2) eýeçilik hukugy - emläge…
2-nji madda
Türkmenistanyň eýeçilik hakynda kanunçylygy
1. Türkmenistanyň eýeçilik hakynda kanunçylygy Türkmenistanyň Konstitusiýasyna esaslanýar we şu Kanundan hem-de Türkmenistanyň beýleki kadalaşdyryjy hukuk namalaryndan ybarat bolup durýar. 2. Şu Kanunda göz öňünde tutulmadyk eýeçilik…
3-nji madda
Eýeçilik gatnaşyklarynyň döwlet tarapyndan düzgünleşdirilmegi
1. Eýeçilik gatnaşyklarynyň döwlet tarapyndan düzgünleşdirilmegi zadyň eýesiniň hukugynyň we borçnamalarynyň gatnaşyklaryny jemgyýetçilik bähbitleriniň ileri tutulýan talaplaryna laýyk getirmekden ybaratdyr hem-de ol eýeçilik hukugynyň…
4-nji madda
Eýeçilik hukugy
1. Türkmenistanda eýeçilik hukugy şu Kanunda we Türkmenistanyň gaýry kadalaşdyryjy hukuk namalarynda göz öňünde tutulan tertipde we şertlerde ýüze çykýar. 2. Türkmenistanda eýeçilik hukugy ykrar edilýär we ol kanun tarapyndan…
5-nji madda
Eýeçilik hukugynyň obýektleri
Şular eýeçilik hukugynyň obýektleri bolup biler: ýer, ýerasty baýlyklar, dag-magdanly ýerler, suw serişdeleri, howa giňişligi, tokaý gaznasy, ösümlik we haýwanat dünýäsi, emläk toplumlary, binalar, desgalar, ýaşaýyş jaý-jemagat obýektleri,…
6-njy madda
Eýeçilik hukugynyň subýektleri. Eýeçiligiň görnüşleri
1. Fiziki we ýuridik şahslar, döwlet Türkmenistanda eýeçilik hukugynyň subýektleri bolup durýarlar. 2.Türkmenistanda eýeçilik şu aşakdaky görnüşlerde çykyş edýär: 1) hususy eýeçilik; 2) döwlet eýeçiligi; 3) jemgyýetçilik birleşikleriniň…
7-nji madda
Zat-emläk hukuklary
1. Türkmenistanyň kanunçylygynda bellenilen halatlarda ýa-da zadyň eýesiniň garaýşyna görä onuň emlägine eýelik etmek, peýdalanmak we ygtyýar etmek hukuklary beýleki şahslara berlip bilner, olar bu hukuklary kanun ýa-da emlägiň eýesi…
8-nji madda
Eýeçilik hukugynyň edinilmegi we onuň bes edilmegi
1. Eger Türkmenistanyň kanunçylygynda ýa-da şertnamada başgaça göz öňünde tutulmadyk bolsa, fiziki ýa-da ýuridik şahs şulara eýeçilik hukugyny edinýär: 1) kanuna garşy gelmeýän esaslar boýunça özi tarapyndan edinilen emläge; 2) özleri…
9-njy madda
Umumy eýeçilik
1. Umumy eýeçilik kanuna görä ýa-da şertnama esasynda ýüze çykýar. 2. Emläk umumy eýeçilik hukugynda bir wagtyň özünde olaryň hersiniň paýlarynyň kesgitlenilmegi bilen (paýly eýeçilik) ýa-da paýlary kesgitlenilmezden (bilelikdäki eýeçilik)…
10-njy madda
Zat eýesiniň emläginiň hasabyna töleg töletdirmek çäresiniň bellenilmegi
1. Fiziki şahslar öz borçnamalary boýunça özlerine eýeçilik hukugynda degişli bolan emlägiň çäklerinde jogap berýärler. Raýatlaryň algydarlaryň nägilelikleri boýunça töleg töletdirmek çäresi bellenilip bilinmeýän emläginiň…
11-nji madda
Umumy düzgünler
Eýeçiligiň hususy görnüşi Türkmenistanyň raýatlarynyň eýeçiligine we ýuridik şahslarynyň eýeçiligine bölünýär.
12-nji madda
Türkmenistanyň raýatlarynyň eýeçilik hukugy
1. Raýatyň eýeçiligi onuň önümçilige gatnaşmagyndan we özüniň zähmete bolan başarnyklarynyň gaýry ygtyýar edilmeginden, telekeçilik işinden, şahsy hojalygynyň ýöredilmeginden alan girdejileriniň hem-de karz edaralaryna, paýnamalara we…
13-nji madda
Telekeçilik işini amala aşyrýan raýatyň eýeçilik hukugy
1. Raýat öz eýeçiliginde durýan emlägi, bu maksat üçin ýuridik şahsy döretmezden, telekeçilik işi üçin ulanyp biler. 2. Raýat tarapyndan bilelikdäki telekeçilik işi üçin maşgala agzalarynyň we (ýa-da) beýleki raýatlaryň emlägi ulanylan…
14-nji madda
Türkmenistanyň ýuridik şahslarynyň eýeçilik hukugy
1. Türkmenistanyň ýuridik şahslarynyň eýeçiligi kärhanalaryň eýeçiligine we telekeçilik birleşikleriniň eýeçiligine bölünýär. 2. Kärhananyň eýeçiligi raýatyň we (ýa-da) ýuridik şahsyň öz emläginiň döredilýän kärhana…
15-nji madda
Ýere, beýleki tebigy serişdelere, Türkmenistanyň medeni mirasynyň obýektlerine eýeçilik we gaýry zat hukuklary
1. Ýer, ýerasty baýlyklar, suw, ösümlik we haýwanat dünýäsi, howa giňişligi, medeni mirasyň obýektleri Türkmenistanyň halkynyň baýlygy bolup durýar. 2. Türkmenistan öz çäginde ýere, beýleki tebigy serişdelere eýelik etmegi, peýdalanmagy we…
16-njy madda
Döwlet eýeçiligi hukugynyň obýektleri
1. Döwlet eýeçiligi Türkmenistanyň halkynyň baýlygy bolup durýar. 2. Şular döwlet eýeçiligindedurýar:ýer,Türkmenistanyň milli medeni baýlyklarynyň döwlet obýektleri, Türkmenistanyň döwlet häkimiýet edaralarynyň, Ýaragly Güýçleriniň, milli…
17-nji madda
Ýerli öz-özüňi dolandyryş (munisipal) edaralarynyň eýeçilik hukugy
1. Ýerli öz-özüňi dolandyryş(munisipal) edaralarynyňeýeçiliginde aşakdakylar bolup biler: degişli ýerli öz-özüňi dolandyryş edaralarynyň emlägi, degişli býujetleriň serişdeleri, döwlet ýaşaýyş jaý gaznasy we ýaşaýyş jaý-jemagat hojalygy,…
18-nji madda
Döwlet we ýerli öz-özüňi dolandyryş (munisipal) edaralarynyň emläginiň eýeçiliginiň döwletiň garamagyndan aýrylmagy we hususylaşdyrylmagy
Döwlet ýa-da ýerli öz-özüňi dolandyryş (munisipal) edaralarynyň eýeçiliginde durýan kärhanalar, emläk toplumlary, binalar, desgalar we gaýry emläk Türkmenistanyň kanunçylygynda bellenilen tertipde we şertlerde olaryň eýeçiliginiň döwletiň…
19-njy madda
Jemgyýetçilik birleşikleriniň eýeçiligi hakynda umumy düzgünler
1. Jemgyýetçilik birleşikleri öz eýeçiligine binalary, desgalary, gurluşlary, ýaşaýyş jaý gaznasyny, ulaglary, enjamlary, abzallary, medeni aň-bilim we sagaldyş maksatly emläkleri, pul serişdelerini, paýnamalary, beýleki gymmatly…
20-nji madda
Jemgyýetçilik gaznalarynyň eýeçilik hukugy
1. Jemgyýetçilik gaznalarynyň özleri tarapyndan kesgitlenilýän jemgyýetçilik peýdaly maksada ýetilmegi üçin esaslandyryjylar tarapyndan berlen emläge eýeçilik hukugy bardyr. 2. Jemgyýetçilik gaznalary, şeýle-de kömekçi häsiýete eýe bolan…
21-nji madda
Dini guramalaryň eýeçilik hukugy
1. Dini guramalaryň eýeçiliginde binalar, dini dessurlara degişli zatlar, onümçilik, durmuş we haýyr-sahawat maksatly obýektler, pul serişdeleri hem-de olaryň işini üpjün etmek üçin zerur bolan gaýry emläk bolup biler. 2. Dini guramalar…
22-nji madda
Kooperatiw birleşikleriniň eýeçilik hukugy
Kooperatiw birleşikleriniň öz agzalarynyň pul we beýleki emläk gatançlarynyň hasabyna döredilen emläge, şeýle hem özleriniň önümçilik, söwda, taýýarlaýyş işinden we olaryň tertipnamasynda göz öňünde tutulan gaýry işden alýan girdejilerine…
23-nji madda
Gatyşyk (birleşen) eýeçilik
Gatyşyk (birleşen) eýeçilik hususy eýeçilige, döwlet eýeçiligine degişli obýektler, şeýle hem jemgyýetçilik birleşikleriniň, daşary ýurt döwletleriniň, olaryň fiziki we ýuridik şahslarynyň eýeçiligine degişli obýektler birleşdirilen…
24-nji madda
Bilelikdäki kärhanalaryň eýeçiligi
Türkmenistanyň fiziki we ýuridik şahslarynyň hem-de daşary ýurt döwletleriň ýuridik şahslarynyň we raýatlarynyň gatnaşmagyndaky bilelikdäki kärhanalaryň eýeçiliginde, eger Türkmenistanyň kanunçylygynda başgaça bellenilmedik bolsa,…
25-nji madda
Daşary ýurt döwletleriniň we halkara guramalarynyň eýeçiligi
Daşary ýurt döwletleri we halkara guramalary Türkmenistanyň çäginde Türkmenistanyň kanunçylygynda we Türkmenistanyň halkara şertnamalarynda bellenilen halatlarda we tertipde öz eýeçiliginde diplomatik, konsullyk we gaýry halkara…
Öňki
1 / 2
Indiki