Yza
Hukukçy
Kanunlar
Kanunlar
Kömek
Resminamany barla
Içeri gir
Kanunlar
«Aýallaryň we erkekleriň deň hukuklarynyň we deň mümkinçilikleriniň üpjün edilmeginiň döwlet kepillikleri hakynda» Türkmenistanyň Kanuny
kanun
18.08.2015 · № 264-V
«Aýallaryň we erkekleriň deň hukuklarynyň we deň mümkinçilikleriniň üpjün edilmeginiň döwlet kepillikleri hakynda» Türkmenistanyň Kanuny
29 madda · 8 sahypa
29 madda
1-nji madda
Şu Kanunda ulanylýan esasy düşünjeler
Şu Kanunda aşakdaky esasy düşünjeler ulanylýar: 1) deň hukuklar - döwlet we jemgyýetçilik durmuşynyň ähli çygyrlarynda aýallaryň we erkekleriň deňhukuklylygyny kepillendirýän, döwlet tarapyndan bellenilen hem-de goralýan kadalar we…
2-nji madda
Türkmenistanyň aýallaryň we erkekleriň deň hukuklarynyň we deň mümkinçilikleriniň üpjün edilmeginiň döwlet kepillikleri hakynda kanunçylygy Türkmenistanyň aýallaryň we erkekleriň deň hukuklarynyň we deň mümkinçilikleriniň üpjün edilmeginiň…
3-nji madda
Türkmenistanda aýallaryň we erkekleriň deň hukuklarynyň we deň mümkinçilikleriniň döwlet kepillikleri
1. Türkmenistan döwlet we jemgyýetçilik durmuşynyň ähli çygyrlarynda aýallaryň we erkekleriň deň hukuklaryny we deň mümkinçiliklerini (mundan beýläk - gender deňligi), şeýle hem milletine, jynsyna, gelip çykyşyna, emläk, wezipe we maşgala…
4-nji madda
Şu Kanunyň maksatlary
Döwlet we jemgyýetçilik durmuşynyň ähli çygyrlarynda gender deňliginiň üpjün edilmeginiň döwlet kepilliklerini bellemek şu Kanunyň maksatlary bolup durýar.
5-nji madda
Gender deňliginiň üpjün edilmegi çygrynda döwlet syýasatynyň esasy ugurlary
Şular gender deňliginiň üpjün edilmegi çygrynda döwlet syýasatynyň esasy ugurlary bolup durýar: 1) jyns alamatlary boýunça kemsidilmäge ýol berilmezlik; 2) hukuk esasyny döretmek we kämilleşdirmek, şeýle hem maksatnamalaýyn resminamalaryň…
6-njy madda
Jyns alamatlary boýunça kemsidilmäge ýol berilmezligi
1. Jyns alamatlary boýunça kemsidilmäge ýol berilmeýär. 2. Şular jyns alamatlary boýunça kemsidilmek hasap edilmeýär: 1) döwlet we jemgyýetçilik durmuşynyň ähli çygyrlarynda gender deňliginiň üpjün edilmegine gönükdirilen şu Kanun esasynda…
7-nji madda
Gender deňliginiň üpjün edilmegi boýunça işi alyp barýan edaralar
1. Türkmenistanyň Ministrler Kabineti, gender deňliginiň üpjün edilmegi boýunça ygtyýarly edara (mundan beýläk - ygtyýarly edara) gender deňliginiň üpjün edilmegi boýunça işi alyp barýan edaralar bolup durýarlar. 2. Beýleki döwlet…
8-nji madda
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň işi
Türkmenistanyň Ministrler Kabineti: 1) gender deňliginiň üpjün edilmegi çygrynda ýeke-täk döwlet syýasatyny kesgitleýär; 2) gender deňliginiň üpjün edilmegi çygrynda kadalaşdyryjy hukuk namalaryny çykarýar; 3) gender deňligini üpjün…
9-njy madda
Ygtyýarly edaranyň işi
Ygtyýarly edara: 1) gender deňliginiň üpjün edilmegi çygrynda ýeke-täk döwlet syýasatyny durmuşa geçirýär; 2) gender deňliginiň üpjün edilmegi çygrynda kadalaşdyryjy hukuk namalaryny kabul edýär; 3) gender deňligini üpjün etmegiň…
10-njy madda
Gender deňliginiň beýleki döwlet edaralary tarapyndan üpjün edilmegi Beýleki döwlet edaralary: 1) gender deňliginiňüpjün edilmegi çygrynda ýeke-täk döwlet syýasatyny amala aşyrýarlar; 2) gender deňligini üpjün etmegiň meseleleri boýunça…
11-nji madda
Ýerine ýetiriji häkimiýetiň ýerli edaralary we ýerli öz-özüňi dolandyryş edaralary tarapyndan gender deňliginiň üpjün edilmegi
Ýerine ýetiriji häkimiýetiň ýerli edaralary we ýerli öz-özüňi dolandyryş edaralary: 1) gender deňliginiň üpjün edilmegi çygrynda ýeke-täk döwlet syýasatyny amala aşyrýarlar; 2) beýleki döwlet edaralary bilen bilelikde gender deňligini…
12-nji madda
Jemgyýetçilik birleşikleriniň gender deňliginiň üpjün edilmegine gatnaşmagy
Jemgyýetçilik birleşikleri: 1) gender deňligini üpjün etmegiň meseleleri boýunça maksatnamalaýyn resminamalaryň we çäreleriň meýilnamasynyň amala aşyrylmagyna gatnaşýarlar; 2) Türkmenistanyň kanunçylygynda bellenen tertipde saýlawly…
13-nji madda
Gender deňliginiň üpjün edilmegi çygryndaky maliýe üpjünçiligi
Gender deňliginiň üpjün edilmegi çygrynda maliýe üpjünçiligi Türkmenistanyň Döwlet býujetiniň serişdeleriniň, şeýle hem Türkmenistanyň kanunçylygynda gadagan edilmedik başga çeşmeleriň hasabyna amala aşyrylýar.
14-nji madda
Gender deňliginiň üpjün edilmegi boýunça döwlet kepillikleri
Döwlet aýallara we erkeklere raýat hukuklarynyň amala aşyrylmagynda deňhukuklylygy, jemgyýetiň we döwletiň işleriniň dolandyrylmagyna, saýlaw işiniň barşyna deň gatnaşmaklaryny kepillendirýär. Döwlet saglygy goraýyş çygrynda, bilimde,…
15-nji madda
Raýat hukuklarynyň amala aşyrylmagynda gender deňliginiň üpjün edilmeginiň döwlet kepillikleri
1. Döwlet aýallara we erkeklere raýat hukuklarynyň amala aşyrylmagynda deňhukuklylygy kepillendirýär. 2. Döwlet aýallara we erkeklere ýaşaýşa we ony erkin amala aşyrmaga, şol sanda adyny, atasynyň adyny, familiýasyny, milletini we…
16-njy madda
Aýallaryň we erkekleriň jemgyýetiň we döwletiň işlerini dolandyrmaga gatnaşmagyna bolan deň hukuklarynyň üpjün edilmeginiň döwlet kepillikleri
1. Döwlet aýallara we erkeklere gös-göni ýa-da öz saýlanan wekilleriniň üsti bilen,Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykda jemgyýetiň we döwletiň işlerini dolandyrmaga gatnaşmaga bolan hukugynykepillendirýär. 2. Döwlet aýallara we…
17-nji madda
Saýlawlaryň barşyndagender deňliginiň üpjün edilmeginiň döwlet kepillikleri
1. Döwlet aýallara we erkeklere özleriniň isleg bildirmeginiň erkinligini, saýlaw hukuklarynyň goralmagyny kepillendirýär. 2. Döwlet Türkmenistanyňkanunçylygyna laýyklykda aýallara we erkeklere saýlawlara gatnaşmagy üçin…
18-nji madda
Aýallaryň we erkekleriň saglygy goraýyş babatda deň hukuklarynyň üpjün edilmeginiň döwlet kepillikleri
Döwlet aýallara we erkeklere şulara bolan deň hukugy kepillendirýär: 1) saglygyny goramaga we berkitmäge; 2) tölegsiz saglygy goraýyş kömeginiň döwlet tarapyndan kepillendirilen möçberini almaga; 3) oňat hilli saglygy goraýyş kömegini…
19-njy madda
Bilim we ylym babatda gender deňliginiň üpjün edilmeginiň döwlet kepillikleri
1. Döwlet aýallara we erkeklere döwlet tarapyndan bilim hyzmatlarynyň ähli görnüşleriniň, şeýle hem umumy orta bilimiň hökmanylygynyň we döwlet bilim edaralarynda onuň tölegsizliginiň elýeterliligine bolan deň hukugy kepillendirýär. 2.…
20-nji madda
Medeniýet babatda gender deňliginiň üpjün edilmeginiň döwlet kepillikleri
Döwlet aýallara we erkeklere şulary kepillendirýär: 1) medeni durmuşa gatnaşmaga deň hukugy; 2) medeniýet edaralary tarapyndan edilýän hyzmatlaryň ähli görnüşlerinden peýdalanmaga deň hukugy; 3) öz bähbitlerine we ukyplaryna laýyklykda…
21-nji madda
Aýallaryň we erkekleriň zähmet çygryndaky deň hukuklarynyň üpjün edilmeginiň döwlet kepillikleri
1. Döwlet aýallara we erkeklere zähmete deň hukugy kepillendirýär. 2. Döwlet aýallara we erkeklere işe giren mahalynda, kärini, edýän işini, iş ýerini erkin saýlamagynda, telekeçilik işini amala aşyrmagynda, hünär taýdan taýýarlygynda we…
22-nji madda
Aýallaryň we erkekleriň nika-maşgala gatnaşyklaryndaky deň hukuklarynyň üpjün edilmeginiň döwlet kepillikleri
1. Döwlet Türkmenistanyň kanunçylygynda bellenilen nika ýaşyna ýetende aýallara we erkeklere maşgala gurmaga bolan deň hukugy kepillendirýär. Olar nika baglaşan mahalynda, nikada bolýan döwründe, şeýle hem ony bozan halatynda deň…
23-nji madda
Durmuş goraglylygy babatda gender deňliginiň üpjün edilmeginiň döwlet kepillikleri
Döwlet Türkmenistanyň kanunçylygynda göz öňünde tutulan tertipde we halatlarda maddy üpjünçilik we durmuş hyzmaty görnüşinde pensiýalaryň, döwlet kömek pullarynyň tölenilmegi we durmuş ýeňillikleriniň berilmegi arkaly amala aşyrylýan…
24-nji madda
Aýallaryň we erkekleriň jyns gatnaşyklary häsiýetli zorluklardan, ogurlanmadan we olaryň söwdasyndan goralmaga bolan deň hukuklarynyň üpjün edilmeginiň döwlet kepillikleri Döwlet aýallaryň we erkekleriň jyns gatnaşyklary häsiýetli…
25-nji madda
Gender deňliginiň üpjün edilmegi çygrynda statistik hasabatlylygyň emele getirilmegi
Gender deňliginiň üpjün edilmegi çygrynda statistik hasabatlylygyň emele getirilmegi Türkmenistanyň Ministrler Kabineti tarapyndan bellenilen tertipde Türkmenistanyň Statistika baradaky döwlet komiteti tarapyndan amala aşyrylýar.
Öňki
1 / 2
Indiki