Yza
Hukukçy
Kanunlar
Kanunlar
Kömek
Resminamany barla
Içeri gir
Kanunlar
«Balaryçylyk hakynda» Türkmenistanyň Kanuny
kanun
18.08.2015 · № 266-V
«Balaryçylyk hakynda» Türkmenistanyň Kanuny
31 madda · 9 sahypa
31 madda
1-nji madda
Şu Kanunda ulanylýan esasy düşünjeler
Şu Kanunda aşakdaky esasy düşünjeler ulanylýar: 1) balaryçylyk - ary balyny, ary mumyny we beýleki balary önümlerini almak üçin, şeýle hem oba hojalyk ekinleriniň hasyllylygyny ýokarlandyrmak maksady bilen olary tozanlandyrmak üçin bal…
2-nji madda
Balaryçylyk babatda Türkmenistanyň kanunçylygy
1. Balaryçylyk babatda Türkmenistanyň kanunçylygy Türkmenistanyň Konstitusiýasyna esaslanýar we şu Kanundan hem-de Türkmenistanyň beýleki kadalaşdyryjy hukuk namalaryndan ybaratdyr. 2. Eger-de Türkmenistanyň halkara şertnamasynda şu…
3-nji madda
Şu Kanunyň maksatlary we wezipeleri
1. Balaryçylyk babatda iş amala aşyrylan we bal öndürýän arylaryň goragy üpjün edilen mahalynda ýüze çykýan gatnaşyklary hukuk taýdan düzgünleşdirmek, şu Kanunyň maksady bolup durýar. 2. Şu Kanunyň wezipeleri aşakdakylar bolup durýar: 1)…
4-nji madda
Balaryçylyk babatda döwlet tarapyndan düzgünleşdirmegi amala aşyrýan edaralar
Balaryçylyk babatda döwlet tarapyndan düzgünleşdirmek Türkmenistanyň Ministrler Kabineti we ýerine ýetiriji häkimiýetiň ýerli we ýerli öz-özüňi dolandyryş edaralary tarapyndan amala aşyrylýar.
5-nji madda
Balaryçylyk babatda Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň ygtyýarlyklary
Balaryçylyk babatda Türkmenistanyň Ministrler Kabineti: 1) döwlet syýasatyny kesgitleýär; 2) Türkmenistanyň halkara hyzmatdaşlygyny ösdürmäge ýardam edýär; 3) balaryçylygy ösdürmek çygrynda Türkmenistanyň kadalaşdyryjy hukuk namalaryny…
6-njy madda
Balaryçylyk babatda ýerine ýetiriji häkimiýetiň ýerli we ýerli öz-özüňi dolandyryş edaralarynyň ygtyýarlyklary
Balaryçylyk babatda ýerine ýetiriji häkimiýetiň ýerli we ýerli öz-özüňi dolandyryş edaralary: 1) balary maşgalaly balary gapyrjaklarynyň howpsuz ýerleşdirilmegi üçin şertleri döredýärler; 2) balaryçylygy ösdürmäge ýardam edýärler; 3)…
7-nji madda
Balaryçylyk babatda işi amala aşyrmaga bolan hukuk
1.Ýuridik we fiziki şahslar balaryçylyk babatda işi amala aşyrmaga haklydyrlar. 2. Balaryçylyk bilen meşgullanýan ýuridik we fiziki şahslar ygtyýarnama almazdan işi amala aşyrýarlar. 3. Balaryçylyk önümlerini gaýtadan işlemek we ýerlemek…
8-nji madda
Balaryçylyk babatda işi amala aşyrýan şahslaryň hukuklary we borçlary
1. Ýuridik we fiziki şahslar balaryçylyk önümlerine bolan hususy zerurlyklaryny kanagatlandyrmak, sarp edijilere Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykda balaryçylyk önümlerini satmak üçin balaryçylyk babatda işi erkin amala aşyrmaga…
9-njy madda
Balary maşgalalarynyň sany
1. Ýuridik we fiziki şahslardaky balary maşgalalarynyň sany çäklendirilmeýär. 2. Bal öndürýän arylary saklamak boýunça iş Türkmenistanyň zooweterinariýa, sanitariýa hem-de ekologik kadalaryna we düzgünlerine laýyklykda amala aşyrylýar. 3.…
10-njy madda
Balary maşgalaly balary gapyrjaklaryny ýerleşdirmek
1. Ýuridik we fiziki şahslar bal öndürýän arylary saklamaklygyň zooweterinariýa, sanitariýa hem-de ekologik kadalary we düzgünleri berjaý edilen mahalynda özlerine degişli (bölünip berlen) ýer böleklerinde balary maşgalaly gapyrjaklary…
11-nji madda
Balaryçylyk babatda işi amala aşyrmak üçin ýuridik we fiziki şahslara ýer böleklerini bölüp bermek
1. Ýuridik we fiziki şahslara balaryçylyk babatda işi amala aşyrmak üçin ýer bölekleri Türkmenistanyň ýer, tokaý kanunçylygyna laýyklykda bölünip berilýär. 2. Göçme balary idedilýän ýerler beýleki balary idedilýän ýerlerden, balary…
12-nji madda
Tozanlandyrylýan oba hojalyk ösümliklerini tozanlandyrmak üçin balary maşgalalaryny peýdalanmak
Tozanlandyrylýan oba hojalyk ösümliklerini ösdürip ýetişdirmek boýunça işi amala aşyrýan ýuridik we fiziki şahslar, olaryň hasyllylygyny ýokarlandyrmak maksady bilen balary maşgalalaryny peýdalanyp bilerler.
13-nji madda
Balaryçylaryň jemgyýetçilik birleşigi
1. Balaryçylaryň Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykda balaryçylaryň jemgyýetçilik birleşigini döretmäge hukugy bardyr. 2. Balaryçylaryň jemgyýetçilik birleşikleri öz işini «Jemgyýetçilik birleşikleri hakynda» Türkmenistanyň Kanunyna…
14-nji madda
Balaryçylyk babatda eýeçiligiň obýekti
Balaryçylyk babatda eýeçiligiň obýekti bolup, balary maşgalasy (balary sürüsi) we balaryçylyk babatda işi amala aşyrmak üçin gerekli bolan beýleki zerur emläkler durýar.
15-nji madda
Uçup giden balary sürüsiniň gaýtarylyp berilmegine bolan hukuk
Balary sürüsini sypdyran balaryçylaryň, balary sürüsini üznüksiz yzarlan halatynda onuň gaýtarylyp berilmegini talap etmäge we eger balary sürüsi keseki çäkde ornaşan ýa-da boş duran keseki balary gapyrjaklarynda ýerleşen bolsa, ony…
16-njy madda
Idegsiz balary sürüsi
1. Balaryçy tarapyndan yzarlanylmaýan balary sürüsi ýa-da gelip çykyşy näbelli bolan balary sürüsi idegsiz bolup durýar. 2. Idegsiz balary sürüsine eýeçilik hukugy Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykda kesgitlenilýär.
17-nji madda
Bal öndürýän arylary goramaga bildirilýän esasy talaplar
Bal öndürýän arylary goramaga bildirilýän esasy talaplar şu aşakdakylardan ybaratdyr: 1) bal öndürýän arylaryň ylmy taýdan esaslandyrylan zootehniki hyzmatyny, peýdalanylmagyny we üznüksiz köpeldilmegini üpjün etmek; 2) bal öndürýän…
18-nji madda
Bal öndürýän arylaryň goragyny üpjün etmek
Bal öndürýän arylaryň goragy şu aşakdakylar arkaly üpjün edilýär: 1) bal öndürýän arylary saklamagyň zootehniki hem-de weterinariýa- sanitariýa kadalaryny we düzgünlerini berjaý etmek hem-de balary maşgalaly balary gapyrjaklaryny bal…
19-njy madda
Bal öndürýän arylaryň pestisidler we agrohimikatlar bilen zäherlenmeginiň öňüni almak Bal öndürýän arylaryň pestisidler we agrohimikatlar bilen zäherlenmeginiň öňüni almak pestisidler we agrohimikatlar bilen howpsuz iş salyşmak babatda…
20-nji madda
Tokaýdan peýdalanmak hukugy amala aşyrylan mahalynda bal öndürýän arylary goramak
1. Tokaýlaryň önümliligini ýokarlandyrmaga gönükdirilen çäreler, balaryçylyk babatda işleriň netijeli amala aşyrylmagyny üpjün edýän talaplary hasaba almak bilen geçirilýär. 2. Tokaýlaryň arassaçylyk ýagdaýyny we olaryň gaýtadan…
21-nji madda
Bal öndürýän arylaryň ýaşaýan tebigy gurşaw şertlerinde olary goramak
1. Bal öndürýän arylaryň peýdaly alamatlaryny peýdalanmak, bal öndürýän arylaryň ýaşaýan tebigy gurşaw şertlerinde balaryçylyk önümlerini almak boýunça iş Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykda amala aşyrylýar. 2. Eger balary maşgalasy…
22-nji madda
Bal öndürýän arylaryň kesellemeginiň öňüni almak, olary bejermek we balary maşgalalaryna zyýan berijileriň garşysyna göreşmek
1. Bal öndürýän arylaryň kesellemeginiň öňüni almak, olary bejermek we balary maşgalalaryna zyýan berijileriň garşysyna göreşmek, şeýle hem mum listlerini öndürmek weterinariýa işi hakynda Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykda…
23-nji madda
Bal öndürýän arylaryň has gymmatly populýasiýalaryny we tohumlaryny köpeltmek hem-de peýdalanmak
1. Bal öndürýän arylaryň tohumlyk jähtde has gymmatly populýasiýalaryny we tohumlaryny köpeltmek hem-de peýdalanmak boýunça ýuridik we fiziki şahslaryň işi Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykda amala aşyrylýar. 2. Bal öndürýän arylaryň…
24-nji madda
Balaryçylyk babatda zootehniki we weterinariýa-sanitariýa gözegçiligi
Bal öndürýän arylary saklamagyň zootehniki we weterinariýa- sanitariýa kadalarynyň hem-de düzgünleriniň berjaý edilişine gözegçilik Türkmenistanyň Ministrler Kabineti tarapyndan bellenilen tertipde amala aşyrylýar.
25-nji madda
Bal öndürýän arylar üçin howp döredýän ýagdaýlar barada balaryçylara habar bermek
1. Balaryçylaryň daşky tebigy gurşawyň ýagdaýy barada, şeýle hem bal öndürýän arylar üçin howp döredýän ýagdaýlar barada öz wagtynda, doly we dogry maglumaty almaga Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykda hukugy bardyr. 2. Oba hojalyk…
Öňki
1 / 2
Indiki