Yza
Hukukçy
Kanunlar
Kanunlar
Kömek
Resminamany barla
Içeri gir
Kanunlar
«Professional sport hakynda» Türkmenistanyň Kanuny
kanun
18.08.2015 · № 265-V
«Professional sport hakynda» Türkmenistanyň Kanuny
29 madda · 18 sahypa
29 madda
1-nji madda
Şu Kanunda ulanylýan esasy düşünjeler
Şu Kanunyň maksatlary üçin aşakdaky esasy düşünjeler ulanylýar: 1) professional sport - sportuň düzüm bölegi,ýokary sport netijelerini gazanmak we girdeji almak maksady bilen sport ýaryşlaryny guramaga we geçirmäge gönükdirilen, esasy…
2-nji madda
Professional sport babatda Türkmenistanyň kanunçylygy we onuň wezipeleri
1. Professional sport babatda Türkmenistanyň kanunçylygy Türkmenistanyň Konstitusiýasyna esaslanýar, şu Kanundan, beýleki kanunlardan we professional sport babatda gatnaşyklary düzgünleşdirýän Türkmenistanyň beýleki kadalaşdyryjy hukuk…
3-nji madda
Professional sport babatda işi döwlet tarapyndan goldamak
Döwlet şu aşakdakylar arkaly professional sport babatda işi goldaýar: 1) professional türgenleriň, professional tälimçileriň, professional sport eminleriň we professional sport babatda işi amala aşyrýan beýleki hünärmenleriň hukuklaryny we…
4-nji madda
Professional sportuň subýektleri
Professional sportuň subýektlerine şular degişlidir: 1) bedenterbiýe we sport babatda ygtyýarly döwlet edarasy; 2) sportuň görnüşleri boýunça milli federasiýalar; 3) professional sport klublary; 4) sportuň görnüşleri boýunça professional…
5-nji madda
Bedenterbiýe we sport babatda ygtyýarly döwlet edarasynyň ygtyýarlylygy
Bedenterbiýe we sport babatda ygtyýarly döwlet edarasy: 1) professional sport babatda döwlet syýasatyny amala aşyrýar; 2) professional sporty goldamagyň we ösdürmegiň döwlet maksatnamasyny işläp taýýarlaýar we durmuşa geçirýär; 3)…
6-njy madda
Sportuň görnüşleri boýunça milli federasiýalaryň esasy hukuklary we borçlary
1. Sportuň görnüşleri boýunça milli federasiýalar şu aşakdaky hukuklara eýedirler: 1) öz ygtyýarynyň çäklerinde sportuň görnüşi (görnüşleri) boýunça degişli milli federasiýanyň agzalary bolup durýan professional sportuň subýektleri…
7-nji madda
Professional sport klublarynyň esasy hukuklary we borçlary
1. Professional sport klublary şu aşakdakylara haklydyr: 1) professional sport klubunda hereket edýän sportuň görnüşleri boýunça professional toparlary döretmäge; 2) professional sport klubuna degişliligini görkezmek bilen sportuň görnüşi…
8-nji madda
Professional türgeniň, professional tälimçiniň, professional sport babatda işi amala aşyrýan beýleki hünärmeniň, şeýle-de professional sport emininiň esasy hukuklary we borçlary 1. Professional türgen, professional tälimçi ýa-da…
9-njy madda
Professional sport babatda zähmet şertnamasynyň aýratynlyklary
1. Professional sport babatda zähmet şertnamasy ýazmaça görnüşde baglaşylýar we professional sport klubunyň ýolbaşçysynyň degişli buýrugy bilen tassyklanylýar. 2. Professional sport babatda zähmet şertnamasynda şular görkezilýär: 1)…
10-njy madda
Professional sport babatda ilkinji zähmet şertnamasyny baglaşmagyň aýratynlyklary
1. Professional sport klubunyň düzümine girýän sport mekdebiniň okuwçysy ýa-da uçurymy bolup durýan professional türgen, eger Türkmenistanyň kadalaşdyryjy hukuk namalarynda başga zat göz öňünde tutulmadyk bolsa, bu professional sport kluby…
11-nji madda
Professional sport babatda zähmet şertnamasy baglaşylanda hünär synagy hakynda
1. Professional sport babatda zähmet şertnamasy baglaşylanda taraplaryň ylalaşygy bilen, synag möhleti döwründe, şol sanda professional sport klubunyň sport ýaryşlaryna taýýarlyk döwründe professional türgeniň, professional tälimçiniň…
12-nji madda
Professional sport babatda zähmet şertnamasynyň baglaşylmagyna ýol berilýän ýaş
1. On alty ýaşyna ýeten şahslar bilen professional sport babatda zähmet şertnamasynyň baglaşylmagyna ýol berilýär. 2. Ata-eneleriň (hossaryň we howandaryň) biriniň, hossarlyk we howandarlyk edarasynyň, şeýle hem sportuň görnüşi…
13-nji madda
Professional türgenleriň, professional tälimçileriň ýa-da professional sport babatda işi amala aşyrýan beýleki hünärmenleriň hukuklarynyň kepillikleri
1. Professional sport babatda zähmet şertnamasy professional türgen, professional tälimçi ýa-da professional sport babatda işi amala aşyrýan beýleki hünärmen bilen baglaşylmadyk ýagdaýynda professional sport kluby onuň işi bilen…
14-nji madda
Professional türgeni sport ýaryşlaryna we okuw-türgenleşik işine gatnaşmakdan çetleşdirmek
1. Professional sport kluby professional türgeni aşakdaky ýagdaýlarda islendik sport ýaryşlaryna we okuw-türgenleşik işine gatnaşmakdan çetleşdirmäge borçludyr: 1) sportuň görnüşleri boýunça Türkmenistanyň milli ýygyndy toparlaryna…
15-nji madda
Professional sport babatda zähmet şertnamasyny bes etmegiň aýratynlyklary
1. Professional sport babatda zähmet şertnamasy onuň hereket ediş möhletiniň gutarmagy sebäpli professional sport klubunyň ýolbaşçysynyň degişli buýrugyny çykarmak arkaly ýatyrylýar. 2. Professional sport babatda zähmet şertnamasy…
16-njy madda
Professional türgeniň bir professional sport klubundan beýlekä geçmegi (transferi)
1. Professional türgen aşakdaky ýagdaýlarda bir professional sport klubundan beýlekä geçmek, şol sanda wagtlaýyn geçmek hukugyna eýedir: 1) professional sport babatda zähmet şertnamasynyň möhleti gutaranda; 2) professional sport babatda…
17-nji madda
Professional sportda intellektual eýeçilik
1. Eger Türkmenistanyň kanunçylygynda başga zat bellenilmedik bolsa, intellektual eýeçiligiň obýektini döreden professional türgene, professional tälimçä, professional sport eminine ýa-da professional sport babatda işi amala aşyrýan…
18-nji madda
Professional türgeni, professional tälimçini ýa-da professional sport babatda işi amala aşyrýan beýleki hünärmeni sportuň görnüşleri boýunça Türkmenistanyň milli ýygyndy toparlaryna çekmek 1. Professional türgeniň, professional tälimçiniň…
19-njy madda
Professional türgen, professional tälimçi ýa-da professional sport emini üçin bellenilýän hünär talaplary we durmuş şertleri
1. Professional sportda türgene, tälimçä we emine bellenilýän hünär talaplary degişli halkara sport guramalarynyň professional sport işini kadalaşdyryjy namalaryna laýyklykda sportuň görnüşleri boýunça milli federasiýalar bilen bilelikde…
20-nji madda
Professional sportda ýetirilen zyýan üçin jogapkärçilik
1. Sport ýaryşlaryna taýýarlyk görülýän wagtda ýa-da gös-göni olara gatnaşylýan wagtda sport kadalaryny we düzgünlerini gödek bozmak bilen (bilkastlaýyn ýa-da seresapsyzlyk bilen) professional türgen tarapyndan beýleki professional türgene…
21-nji madda
Professional sportuň maddy-enjamlaýyn binýady
1. Professional sport klublarynyň maddy-enjamlaýyn binýadynyň ýagdaýyna bildirilýän talaplar Türkmenistanyň hereket edýän kadalaşdyryjy hukuk namalaryna laýyklykda kesgitlenilýär. 2. Professional sportuň obýektleriniň eýeleýän ýer…
22-nji madda
Professional sporty maliýeleşdirmek
1. Şu aşakdakylar Türkmenistanda professional sporty maliýeleşdirmegiň çeşmeleridir: 1) professional sport klublaryny esaslandyryjylaryň serişdeleri; 2) professional sport klublarynyň, sportuň görnüşleri boýunça milli federasiýalaryň sport…
23-nji madda
Professional sportuň gaznalary
1. Professional sport babatda işi maliýeleşdirmek üçin professional sportuň gaznalary esaslandyrylyp bilner. Fiziki we ýuridik şahslar, şol sanda professional sport klublary professional sportuň gaznalaryny esaslandyryjylar bolup…
24-nji madda
Professional sport babatda sport lotereýalaryny geçirmek we sport totalizatoryny guramak
1. Professional sport babatda sport lotereýalaryny geçirmek we sport totalizatoryny guramak Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykda amala aşyrylýar. 2. Professional sport babatda sport lotereýalarynyň peteklerini ýerlemekden we sport…
25-nji madda
Professional sport babatda daşary ykdysady iş
1. Professional sport klublary daşary ykdysady işi, şol sanda sport çärelerine taýýarlyk görmek we olary geçirmek bilen baglanyşykly işi Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykda amala aşyryp bilerler. 2. Sport çärelerine taýýarlyk görmek we…
Öňki
1 / 2
Indiki