Yza
Hukukçy
Kanunlar
Kanunlar
Kömek
Resminamany barla
Içeri gir
Kanunlar
«Gyzyl Ýarymaýyň we Gyzyl Hajyň nyşanlaryny peýdalanmak we goramak hakynda» Türkmenistanyň Kanuny
kanun
18.08.2015 · № 268-V
«Gyzyl Ýarymaýyň we Gyzyl Hajyň nyşanlaryny peýdalanmak we goramak hakynda» Türkmenistanyň Kanuny
17 madda · 4 sahypa
17 madda
1-nji madda
Şu Kanunyň hereket ediş çygry
1949-njy ýylyň 12-nji awgustyndaky Ženewa konwensiýalaryna, olara degişli 1977-nji ýylyň 8-nji iýunyndaky Goşmaça teswirnamalara laýyklykda, Kanunyň hereketi şu aşakdakylara degişlidir: Gyzyl Ýarymaýyň we Gyzyl Hajyň nyşanlaryna; «Gyzyl…
2-nji madda
Gyzyl Ýarymaýyň we Gyzyl Hajyň nyşanlary
Gyzyl Ýarymaýyň nyşany, munuň özi ýerligi ak meýdanyň ýüzüne daş keşbi we ugrukdyrylyşy erkin görnüşli, onuň gyrasyna ýetirilmän şekillendirilen Gyzyl Ýarymaýdan ybaratdyr. Gyzyl Hajyň nyşany, munuň özi ýerligi ak meýdanyň ýüzüne iki sany…
3-nji madda
«Gyzyl Ýarymaý» we «Gyzyl Haç» atlary
«Gyzyl Ýarymaý» we «Gyzyl Haç» atlary diňe Gyzyl Hajyň we Gyzyl Ýarymaýyň Halkara hereketine girýän guramalaryň atlarynda şu hereketiň ýörelgelerine laýyklykda olar tarapyndan işler amala aşyrylanda ulanylýar.
4-nji madda
Tapawutlandyryş duýduryjylary
Saglygy goraýyş düzümlerini we sanitariýa-ulag serişdelerini tanatmak üçin hyzmat edýän ýagtylyk duýduryjylary, radio duýduryjylary, elektron tanadyş duýduryjylary tapawutlandyryş duýduryjylary hasaplanylýar. Tapawutlandyryş…
5-nji madda
Türkmenistanyň Gyzyl Ýarymaý Milli jemgyýeti
Türkmenistanyň Gyzyl Ýarymaý Milli jemgyýeti Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykda hem-de Gyzyl Hajyň we Gyzyl Ýarymaýyň Halkara hereketiniň ýörelgeleri esasynda öz işini ýurduň bütin çäginde amala aşyrýan Türkmenistandaky ýeke-täk,…
6-njy madda
Gyzyl Ýarymaýyň we Gyzyl Hajyň nyşanlaryny peýdalanmak we goramak hakynda Türkmenistanyň kanunçylygy
Gyzyl Ýarymaýyň we Gyzyl Hajyň nyşanlaryny peýdalanmak we goramak hakynda Türkmenistanyň kanunçylygy Türkmenistanyň Konstitusiýasyna esaslanýar we «Türkmenistanyň Gyzyl Ýarymaý Milli jemgyýeti hakynda» Türkmenistanyň Kanunyndan, şu…
7-nji madda
Gyzyl Ýarymaýyň we Gyzyl Hajyň nyşanlarynyň peýdalanylmagy
Şu Kanuna we halkara hukuk namalaryna laýyklykda Gyzyl Ýarymaýyň we Gyzyl Hajyň nyşanlary gorag we (ýa-da) tapawutlandyryş belgisi hökmünde peýdalanylyp bilner.
8-nji madda
Gyzyl Ýarymaýyň we Gyzyl Hajyň nyşanlarynyň gorag ýa-da tapawutlandyryş belgisi hökmünde peýdalanylmagyna bildirilýän talaplar
Ýaragly çaknyşyklar ýüze çykan halatynda Gyzyl Ýarymaýyň we Gyzyl Hajyň gorag hökmünde peýdalanylýan nyşanlary 1949-njy ýylyň 12-nji awgustyndaky Ženewa konwensiýalary we olara degişli Goşmaça teswirnamalar tarapyndan saglygy goraýyş…
9-njy madda
Gyzyl Hajyň Halkara Komiteti we Gyzyl Haç we Gyzyl Ýarymaý jemgyýetleriniň Halkara Federasiýasy tarapyndan Gyzyl Hajyň we Gyzyl Ýarymaýyň nyşanlarynyň peýdalanylmagy Gyzyl Hajyň Halkara Komiteti we Gyzyl Haç we Gyzyl Ýarymaý…
10-njy madda
Türkmenistanyň Gyzyl Ýarymaý Milli jemgyýeti tarapyndan Gyzyl Ýarymaýyň nyşanlarynyň peýdalanylmagy
Türkmenistanyň Gyzyl Ýarymaý Milli jemgyýeti Gyzyl Ýarymaýyň nyşanyny gorag ýa-da tapawutlandyryş belgileri hökmünde peýdalanýar. Türkmenistanyň Gyzyl Ýarymaý Milli jemgyýeti Türkmenistanyň kanunçylygynda göz öňünde tutulan halatlarda öz…
11-nji madda
Daşary ýurtlaryň Gyzyl Haç we Gyzyl Ýarymaý milli jemgyýetleri tarapyndan Gyzyl Hajyň ýa- da Gyzyl Ýarymaýyň nyşanlarynyň peýdalanylmagy
Türkmenistanyň Gyzyl Ýarymaý Milli jemgyýetiniň resmi taýdan rugsat bermegi bilen, daşary ýurtlaryň Gyzyl Haç ýa-da Gyzyl Ýarymaý milli jemgyýetleri Türkmenistanyň çäginde öz işlerini amala aşyranda Gyzyl Hajyň ýa-da Gyzyl Ýarymaýyň…
12-nji madda
Türkmenistanyň Ýaragly Güýçleriniň saglygy goraýyş düzümleri tarapyndan Gyzyl Ýarymaýyň nyşanlarynyň peýdalanylmagy
Türkmenistanyň Ýaragly Güýçleriniň saglygy goraýyş düzümleri Gyzyl Ýarymaýyň nyşanyny öz saglygy goraýyş işgärlerini, sanitariýa-ulag serişdelerini, saglygy goraýyş emlägini, jaýlaryny, desgalaryny we saglygy goraýyş maksatly beýleki…
13-nji madda
Türkmenistanyň saglygy goraýyş edaralary tarapyndan Gyzyl Ýarymaýyň nyşanynyň peýdalanylmagy
Raýat saglygy goraýyş işgärleri, saglygy goraýyş edaralary, sanitariýa-ulag serişdeleri we saglygy goraýyş emlägi ýaragly çaknyşyk wagtynda Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň rugsat bermegi we gözegçilik…
14-nji madda
Gyzyl Ýarymaýyň we Gyzyl Hajyň nyşanlarynyň peýdalanylyşyna gözegçiligi amala aşyrýan edaralar
Döwlet häkimiýetiniň ygtyýarly edaralary Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykda, Gyzyl Ýarymaýyň we Gyzyl Hajyň nyşanlaryny peýdalanmagyň tertibini we kadalaryny düzgünleşdirýän şu Kanunyň düzgünleriniň berjaý edilişine gözegçiligi üpjün…
15-nji madda
Gyzyl Ýarymaýyň we Gyzyl Hajyň nyşanlaryny peýdalanmakda çäklendirmeler
Özünde Gyzyl Ýarymaýyň ýa-da Gyzyl Hajyň nyşany ýa-da dürli meňzetme nyşany bolan, şeýle hem şu Kanun bozulyp ulanylýan «Gyzyl Ýarymaý» ýa-da «Gyzyl Haç» ady bolan ýuridik şahslary, olaryň atlaryny we harytlyk belgilerini, senagat…
16-njy madda
Gyzyl Ýarymaýyň ýa-da Gyzyl Hajyň nyşanlarynyň bikanun ulanylandygy üçin jogapkärçilik Gyzyl Ýarymaýyň ýa-da Gyzyl Hajyň nyşanyny, «Gyzyl Ýarymaý» ýa-da «Gyzyl Haç» adyny, tapawutlandyryş duýduryjylaryny ýa-da islendik başga belgini şolara…
17-nji madda
Şu Kanunyň güýje girmegi
Şu Kanun resmi taýdan çap edilen gününden güýje girýär.