Yza
Hukukçy
Kanunlar
Kanunlar
Kömek
Resminamany barla
Içeri gir
Kanunlar
«Şähergurluşyk işi hakynda» Türkmenistanyň Kanuny
kanun
18.08.2015 · № 263-V
«Şähergurluşyk işi hakynda» Türkmenistanyň Kanuny
51 madda · 23 sahypa
51 madda
1-nji madda
Esasy düşünjeler
Şu Kanunda aşakdaky esasy düşünjeler ulanylýar: 1) şähergurluşyk işi (şeýle hem - şähergurluşyk) - jemgyýetçilik-ykdysady, gurluşyk-tehniki, binagärlik-çeperçilik, sanitariýa-gigiýena çözgütleriniň toplumyny üpjün edýän ilatly…
2-nji madda
Türkmenistanyň şähergurluşyk işi hakynda kanunçylygy
1. Türkmenistanyň şähergurluşyk işi hakynda kanunçylygy Türkmenistanyň Konstitusiýasyna esaslanýar we şu Kanundan hem-de Türkmenistanyň beýleki kadalaşdyryjy hukuk namalaryndan ybarat bolup durýar. 2. Eger Türkmenistanyň halkara…
3-nji madda
Döwlet şähergurluşyk syýasaty
1. Döwlet şähergurluşyk syýasaty - bu şähergurluşyk işi babatda maksatlaryň, wezipeleriň we çäreleriň döwletiň durmuş we ykdysady syýasaty bilen özara baglanyşykda emele getirilýän ulgamy. 2. Döwlet şähergurluşyk syýasaty adamyň ýaşaýyş we…
4-nji madda
Şähergurluşyk işi
Şähergurluşyk işi şulary öz içine alýar: 1) daşky gurşawyň ekologik ýagdaýyny hasaba almak bilen öndüriji güýçleriň ýerleşdirilmegini, inženerçilik, ulag, durmuş infrastrukturasynyň emele getirilmegini kesgitleýän ilaty ýerleşdirmegiň çäk…
5-nji madda
Jemgyýetiň, döwletiň, fiziki we ýuridik şahslaryň şähergurluşyk işi amala aşyrylan mahalyndaky bähbitleri
1. Şähergurluşyk işi amala aşyrylan mahalynda ilatly ýerleriň durnukly ösüşiniň gazanylmagy, ilat üçin amatly ýaşaýyş şertleriniň üpjün edilmegi, adamyň hojalyk we gaýry işiniň daşky gurşawa zyýanly täsir etmegine ýol bermezlik, ekologik…
6-njy madda
Raýatlaryň şähergurluşyk babatda hukuklary we borçlary
1. Raýatlaryň şu aşakdakylara hukugy bardyr: 1) adamyň, degişli ýer babatda, şähergurluşygynyň çägiň zolaklara bölünmegine, ekologik we sanitariýa-gigiýena howpsuzlygynyň kadalaryna hem-de bu ýeriň degişli infrastrukturalar bilen…
7-nji madda
Şähergurluşyk işini döwlet tarapyndan düzgünleşdirmegi amala aşyrýan edaralar
Şähergurluşyk işiniň döwlet tarapyndan düzgünleşdirilmegi Türkmenistanyň Ministrler Kabineti, gurluşyk we binagärlik babatda ygtyýarly döwlet edarasy (mundan beýläk - ygtyýarly edara) hem-de ýerine ýetiriji häkimiýetiň ýerli we ýerli…
8-nji madda
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň ygtyýarlylygy
Türkmenistanyň Ministrler Kabineti şähergurluşygy babatda: 1) ýeke-täk döwlet syýasatyny kesgitleýär; 2) şu aşakdakylary tassyklaýar: a) şähergurluşygynyň döwlet maksatnamasyny; b) Türkmenistanyň ilatyny ýerleşdirmegiň baş çyzgysyny; ç)…
9-njy madda
Ygtyýarly edaranyň ygtyýarlylygy
Şähergurluşygy babatda ygtyýarly edara: 1) öz ygtyýarlylygynyň çäklerinde ýeke-täk döwlet syýasatyny durmuşa geçirýär; 2) şu aşakdakylary amala aşyrýar: a) şähergurluşygynyň döwlet maksatnamasynyň taslamasynyň işlenip taýýarlanylmagyny; b)…
10-njy madda
Ýerine ýetiriji häkimiýetiň ýerli we ýerli öz-özüňi dolandyryş edaralarynyň ygtyýarlylygy
Ýerine ýetiriji häkimiýetiň ýerli we ýerli öz-özüňi dolandyryşedaralary şähergurluşyk işi babatda: 1) kadalaşdyryjy resminamalaryň talaplaryna laýyklykda degişli çäkde meýilnamalaşdyrmagyň, gurmagyň, abadanlaşdyrmagyň, ýerden peýdalanmagyň…
11-nji madda
Şähergurluşyk işiniň aýratyn döwlet düzgünleşdirilişi
1. Eger şähergurluşyk işi babatda gatnaşyklar döwlet, jemgyýetçilik we hususy bähbitleriň üpjün edilmegi çäkleriň peýdalanylmagynyň ýörite düzgünleri (mundan beýläk - ýörite düzgünler) girizilmezden kyn ýagdaýa düşürýän ýa-da mümkin…
12-nji madda
Şähergurluşyk işiniň obýektleri
1. Türkmenistanyň çägi, ilatly ýerleriň çäkleri we çäkleriň bölekleri, ýer bölekleri, binalar we desgalar, çäk-önümçilik, şähergurluşyk we landşaft toplumlar, rekreasion maksatly we senagat zolaklary, türkmen halkynyň medeni mirasynyň…
13-nji madda
Şähergurluşyk işiniň subýektleri
1. Döwlet häkimiýet edaralary, ýerli öz-özüňi dolandyryş edaralary, fiziki we ýuridik şahslar şähergurluşyk işiniň subýektleri bolup durýarlar. 2. Şähergurluşyk işiniň subýektleri şu Kanunyň 14-16-njy maddalaryna laýyklykda degişlilikde…
14-nji madda
Şähergurluşyk işi babatda buýrujylar
1. Döwlet häkimiýet edaralary, ýerli öz-özüňi dolandyryş edaralary, fiziki we ýuridik şahslar şähergurluşyk işiniň buýrujylary (mundan beýläk - buýrujylar) bolup çykyş edip bilerler. 2. Buýrujylaryň şu aşakdakylara hukugy bardyr: 1)…
15-nji madda
Şähergurluşyk resminamalaryny işläp taýýarlaýjylar
1. Şähergurluşyk resminamalaryny işläp taýýarlaýjylaryň şu aşakdakylara hukugy bardyr: 1) Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykda işlenip taýýarlanylýan şähergurluşyk resminamalarynyň düzümini we möçberini özbaşdak kesgitlemäge; 2)…
16-njy madda
Obýektleriň gurluşygy boýunça potratçylar
1. Öz işini Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykda amala aşyrýan ýuridik şahslar obýektleriň gurluşygy boýunça potratçylar bolup bilerler. 2. Obýektleriň gurluşygy boýunça potratçylaryň şu aşakdakylara hukugy bardyr: 1) binalaryň,…
17-nji madda
Şähergurluşyk resminamalarynyň düzümi
1. Şähergurluşyk resminamalaryna şu aşakdakylar degişlidir: 1) Türkmenistany we onuň dolandyryş-çäk birliklerini ösdürmegiň görkezijilerini kesgitleýän resminamalar; a) Türkmenistanyň ilatyny ýerleşdirmegiň baş çyzgysy; b) iki we şondan…
18-nji madda
Şähergurluşyk resminamalarynyň işlenip taýýarlanylyş we tassyklanylyş tertibi
1. Şähergurluşyk resminamalary şähergurluşyk resminamalaryny işläp taýýarlaýjylar tarapyndan şertnamanyň hem-de buýrujy tarapyndan berlen we ygtyýarly edara bilen ylalaşylan ýumşuň esasynda işlenip taýýarlanylýar. 2. Şähergurluşyk…
19-njy madda
Döwlet şähergurluşyk kadastry
1. Döwlet şähergurluşyk kadastry - bu Türkmenistanyň degişli çägi, dolandyryş-çäk birlikleri, ekologiýa, inženerçilik-geologiýa şertleri, döwlet gurluşyk kadalarynyň maglumat serişdeleri, çäkleriň meýilnamalaşdyrylmagynda we gurluşygynda…
20-nji madda
Türkmenistanyň ilatyny ýerleşdirmegiň baş çyzgysy
1. Türkmenistanyň ilatyny ýerleşdirmegiň baş çyzgysy bilen şu aşakdakylar kesgitlenilýär: 1) ilaty ýerleşdirmek ulgamynyň Türkmenistanyň durmuş-ykdysady ösüşiniň çaklamalaryna laýyklykda öndüriji güýçleriň ýerleşdirilmegi, tebigatdan…
21-nji madda
Şähergurluşygyny meýilnamalaşdyrmagyň konsolidirlenen (birleşdirilen) çyzgysy
1. Şähergurluşygyny meýilnamalaşdyrmagyň konsolidirlenen (birleşdirilen) çyzgysynda şu aşakdakylar göz öňünde tutulýar: 1) çägiň zolaklara bölünmeginiň meýilnamasy; 2) şu aşakdakylar boýunça çäreler: a) ilaty ýerleşdirmek ulgamynyň…
22-nji madda
Türkmenistanyň çägini meýilnamalaşdyrmagyň çyzgysy
1. Türkmenistanyň çägini meýilnamalaşdyrmagyň çyzgysynda şu aşakdakylar göz öňünde tutulýar: 1) çägiň zolaklara bölünmeginiň meýilnamasy; 2) ilaty ýerleşdirmek ulgamynyň kämilleşdirilmeginiň, ilatly ýerleriň ösdürilmeginiň esasy…
23-nji madda
Türkmenistanyň çägini ösdürmegiň pudaklaýyn çyzgylary
1. Türkmenistanyň çägini ösdürmegiň pudaklaýyn çyzgylary bilen şu aşakdakylar boýunça esasy görkezijiler we meýilnamalaşdyryş çözgütler kesgitlenilýär: 1) energiýa üpjünçiliginiň, gaz üpjünçiliginiň, aragatnaşygyň, suwaryşyň, suw…
24-nji madda
Ilatly ýerleriň baş meýilnamasy
1. Ilatly ýeriň baş meýilnamasynda şu aşakdakylar göz öňünde tutulýar: 1) ilatly ýeriň çäginiň durmuş-ykdysady taýdan ösüşiň, tebigy-howa şertleriniň we ilat sanynyň çaklamasynyň aýratynlyklarynyň hasaba alynmagy bilen ösdürilmeginiň esasy…
25-nji madda
Şäheriň we şäherçäniň serhediniň taslamasy
1. Şäheriň we şäherçäniň serhediniň taslamalary ilatly ýerleriň çäklerini meýilnamalaşdyrmagyň çyzgylarynyň we baş meýilnamalarynyň esasynda işlenip taýýarlanylýar. 2. Ilatyň sany otuz müň adama çenli bolan şäher ilatly ýerleriň şäher…
Öňki
1 / 3
Indiki