Yza
Hukukçy
Kanunlar
Kanunlar
Kömek
Resminamany barla
Içeri gir
Kanunlar
«Öri meýdanlary hakynda» Türkmenistanyň Kanuny
kanun
18.08.2015 · № 267-V
«Öri meýdanlary hakynda» Türkmenistanyň Kanuny
44 madda · 17 sahypa
44 madda
1-nji madda
Şu Kanunda ulanylýan esasy düşünjeler
Şu Kanunda aşakdaky esasy düşünjeler ulanylýar: 1) öri meýdanlary ýa-da peýdalanylýan öri meýdan ýerleri - döwlet eýeçiliginde durýan we mal bakmak hem-de beýleki maksatlar üçin peýdalanylýan, oba hojalyk maksatly ýerleriň düzümine girýän…
2-nji madda
Öri meýdanlary hakynda Türkmenistanyň kanunçylygy
1. Öri meýdanlary hakyndaky Türkmenistanyň kanunçylygy Türkmenistanyň Konstitusiýasyna esaslanýar we şu Kanundan hem-de öri meýdanlaryny rejeli peýdalanmak we gorap saklamak babatda gatnaşyklary düzgünleşdirýän Türkmenistanyň beýleki…
3-nji madda
Öri meýdanlary hakynda Türkmenistanyň kanunçylygynyň wezipeleri
Öri meýdanlary hakynda Türkmenistanyň kanunçylygynyň wezipeleri öri meýdanlaryny rejeli peýdalanmak, gowulandyrmak we gorap saklamak bilen baglanyşykly gatnaşyklary düzgünleşdirmek, şeýle hem peýdalanylýan öri meýdan ýerlerini…
4-nji madda
Öri meýdanlary hakynda Türkmenistanyň kanunçylygynyň esasy ýörelgeleri
Öri meýdanlary hakynda Türkmenistanyň kanunçylygy şu aşakdaky esasy ýörelgelere esaslanýar: 1) öri meýdanlarynyň rejeli peýdalanylmagyny we gowulandyrylmagyny üpjün etmek; 2) peýdalanylýan öri meýdan ýerleriniň goralmagyny üpjün etmek; 3)…
5-nji madda
Öri meýdanlaryna eýeçilik hukugy
1. Öri meýdanlary döwlet eýeçiligi bolup durýarlar, onuň goragy astynda bolýarlar we hususy eýeçilige berlip bilinmeýär. 2. Öri meýdanlary şu Kanun we Türkmenistanyň beýleki kadalaşdyryjy hukuk namalary bilen kesgitlenilýän şertlerde we…
6-njy madda
Öri meýdan ýerleri
1. Öri meýdan ýerleri oba hojalyk maksatly ýerleriň düzümine girýärler. 2. Öri meýdan ýerleriniň düzümine mal bakmak üçin peýdalanylýan ýerler, şeýle hem mal sürlüp geçirilýän ýollar, kommunikasiýalar, ýata suwly howdanlar, guýular, suw…
7-nji madda
Öri meýdanlary üçin berilýän ýerleriň beýleki toparlary
1. Mal bakmak üçin öri meýdan hökmünde Türkmenistanyň tokaý gaznasynyň ýerleri, aýratyn goralýan tebigy ýerleriň aýratyn bölekleri we beýleki toparlara degişli ýerler bölünip berlip bilner. 2. Türkmenistanyň tokaý gaznasynyň çägindäki mal…
8-nji madda
Öri meýdan ýerlerini ýerleriň beýleki toparlaryna geçirmek we öri meýdan ýerlerini almak
1. Öri meýdan ýerlerini oba hojalyk zerurlyklary bolmadyk hajatlar üçin ýerleriň beýleki toparlaryna geçirilmegine aýratyn ýagdaýlarda, Türkmenistanyň ýer hakyndaky kanunçylygynda we beýleki kadalaşdyryjy hukuk namalarynda kesgitlenilýän…
9-njy madda
Öri meýdanlarynyň toparlary
Öri meýdanlary şu aşakdaky toparlara bölünýärler: 1. Ýerleşýän ýerleri boýunça: 1) çöldäki; 2) dag etegindäki; 3) dagdaky. 2. Peýdalanylýan wagty boýunça: 1) ýylyň dowamynda; 2) möwsümleýin. 3. Suw bilen üpjün ediliş derejesi boýunça: 1)…
10-njy madda
Öri meýdanlaryny peýdalanmak we goramak babatda döwlet düzgünleşdirmesini amala aşyrýan edaralar
Öri meýdanlaryny peýdalanmak we goramak babatda döwlet düzgünleşdirmesi Türkmenistanyň Ministrler Kabineti, Türkmenistanyň Oba hojalyk ministrligi (mundan beýläk - ygtyýarlandyrylan edara), ýerine ýetiriji häkimiýetiň ýerli edaralary we…
11-nji madda
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň ygtyýarlyklary
Öri meýdanlaryny peýdalanmak we goramak babatda Türkmenistanyň Ministrler Kabineti: 1) döwlet syýasatyny kesgitleýär; 2) döwlet maksatnamalaryny tassyklaýar; 3) öri meýdanlaryny peýdalanmagyň we kärendesine bermegiň tertibini…
12-nji madda
Ygtyýarlandyrylan edaranyň ygtyýarlyklary
1. Ygtyýarlandyrylan edara: 1) öri meýdanlaryny durnukly dolandyrmak, rejeli peýdalanmak we goramak babatda döwlet syýasatyny durmuşa geçirýär; 2) öri meýdanlaryny rejeli peýdalanmak we goramak boýunça döwlet maksatnamalaryny işläp…
13-nji madda
Güýjüni ýitiren
14-nji madda
Güýjüni ýitiren
15-nji madda
Ýerine ýetiriji häkimiýetiň ýerli we ýerli öz-özüňi dolandyryş edaralarynyň ygtyýarlyklary
1. Öri meýdanlary peýdalanmak we goramak babatda ýerine ýetiriji häkimiýetiň ýerli edaralary: 1) öri meýdanlaryny rejeli peýdalanmak we goramak boýunça döwlet maksatnamalarynyň ýerine ýetirilmegine gatnaşýarlar; 2) özleriniň garamagyndaky…
16-njy madda
Peýdalanylýan öri meýdan ýerlerini peýdalanyjylar we kärendeçiler
1. Öri meýdanlaryny peýdalanmak hukugyna eýe bolan Türkmenistanyň ýuridik we fiziki şahslary, şeýle hem çekene peýdalanylýan öri meýdan ýerlerini peýdalanyjylar bolup durýarlar. 2. Öri meýdanlaryny kärendesine almak hukugyna eýe bolan…
17-nji madda
Öri meýdanlaryny peýdalanmak hukugy
1. Öri meýdanlary peýdalanmak hukugynda daýhan birleşiklerine, maldarçylyk hojalyklaryna, öri meýdanlaryny peýdalanyjylaryň birleşiklerine we Türkmenistanyň beýleki ýuridik şahslaryna, şeýle hem Türkmenistanyň fiziki şahslaryna we çekenä…
18-nji madda
Öri meýdanlaryny peýdalanmaga bermegiň möhletleri
Öri meýdanlary daýhan birleşiklerine, beýleki oba hojalyk kärhanalaryna we döwlete dahylly edaralaryna (döwletiň paýy bolan Türkmenistanyň ýuridik şahslary) 25 ýyla çenli möhlet bilen, beýleki döwlete dahylsyz Türkmenistanyň ýuridik…
19-njy madda
Öri meýdanlaryny peýdalanyjylaryň hukuklary we borçlary
1. Öri meýdanlaryny peýdalanyjylaryň şu aşakdakylara hukugy bardyr: 1) öri meýdanlaryny peýdalanmaga, öri meýdan hojalygyny özbaşdak ýöretmäge; 2) peýdalanylýan öri meýdan ýerlerinde işleriň ähli görnüşleriniň geçirilişine gözegçiligi…
20-nji madda
Öri meýdanlaryny peýdalanmak hukugynyň bes edilmegi
1. Öri meýdanlaryny peýdalanmak hukugy şu aşakdaky ýagdaýlarda bes edilýär: 1) peýdalanmagynda öri meýdany bar bolan daýhan birleşiginiň, maldarçylyk hojalygynyň ýa-da Türkmenistanyň beýleki ýuridik şahsynyň işi bes edilende; 2) öri…
21-nji madda
Öri meýdanlaryny peýdalanmak we goramak babatda daýhan birleşikleriniň wezipeleri
Öri meýdanlaryny peýdalanmak we goramak babatda daýhan birleşigi: 1) öri meýdanlaryň infrastrukturasyndaky obýektlerini dolandyrmagy, şeýle hem ulanmagy we saklamagy amala aşyrýar; 3) öri meýdanlaryny dolandyrmagyň meýilnamasyna laýyklykda…
22-nji madda
Öri meýdanlaryny peýdalanmak we goramak babatda maldarçylyk hojalygynyň wezipeleri
1. Maldarçylyk hojalygy ygtyýarlandyrylan edaranyň ýa-da beýleki döwlet edaralarynyň we guramalarynyň garamagynda bolýar. 2. Maldarçylyk hojalyklary, öri meýdanlaryny peýdalanmak we goramak babatda, şu Kanunyň 21-nji maddasyna laýyklykda…
23-nji madda
Öri meýdanlaryny peýdalanyjylaryň birleşikleri
1. Hususy eýeçiliginde maly bar bolan fiziki şahslar, öri meýdanlaryny peýdalanyjylaryň birleşiklerini döretmäge we peýdalanmaga öri meýdan ýerlerini almak üçin ýer meseleleri boýunça degişli toparlara ýüz tutmaga haklydyr. Çekene we…
24-nji madda
Çekene
1. Çekene bilelikde mal bakmak üçin hususy mal eýeleri tarapyndan döreýär. 2. Çekene ýuridik şahsy döretmezden öri meýdanlaryny peýdalanyjylaryň meýletin birleşigi bolup durýar. 3. Çekene degişli ýerli öz-özüňi dolandyryş edarasynda ýörite…
25-nji madda
Öri meýdanlaryny peýdalanmagy düzgünleşdirmek boýunça topar
1. Öri meýdanlaryny rejeli peýdalanmak we goramak maksady bilen, öri meýdanlaryny peýdalanmagy düzgünleşdirmek boýunça topar (mundan beýläk - Topar) döredilýär. 2. Toparlara daýhan birleşiginiň, maldarçylyk hojalygynyň wekili ýa-da degişli…
Öňki
1 / 2
Indiki