Yza
Hukukçy
Kanunlar
Kanunlar
Kömek
Resminamany barla
Içeri gir
Kanunlar
«Rieltorçylyk işi hakynda» Türkmenistanyň Kanuny
kanun
23.05.2015 · № 222-V
«Rieltorçylyk işi hakynda» Türkmenistanyň Kanuny
33 madda · 17 sahypa
33 madda
1-nji madda
Şu Kanunda ulanylýan esasy düşünjeler
1. Şu Kanunda şu aşakdaky esasy düşünjeler ulanylýar: 1) gozgalmaýan emlägiň bazary - gozgalmaýan emläk we oňa bolan hukuklar bilen amallaryň amala aşyrylmagy bilen baglanyşykly gozgalmaýan emlägiň obýektleriniň hukuk eýeleriniň we…
2-nji madda
Rieltorçylyk işi hakynda Türkmenistanyň kanunçylygy
1. Rieltorçylyk işi hakynda Türkmenistanyň kanunçylygy Türkmenistanyň Konstitusiýasyna esaslanýar we şu Kanundan hem-de rieltorçylyk işi babatda gatnaşyklary düzgünleşdirýän Türkmenistanyň beýleki kadalaşdyryjy hukuk namalaryndan…
3-nji madda
Şu Kanunyň maksatlary
Şular şu Kanunyň maksatlary bolup durýar: 1) Türkmenistanda gozgalmaýan emlägiň ýeke-täk bazarynyň hukuk, ykdysady we guramaçylyk esaslarynyň bellenilmegi; 2) rieltorçylyk işiniň döwlet tarapyndan düzgünleşdirilmeginiň esaslarynyň…
4-nji madda
Rieltorçylyk işiniň esasy ýörelgeleri
Hünärlilik, päk ýürekli bäsdeşlik we hyzmatdan peýdalanyjylaryň bähbitleriniň ileri tutulmagy rieltorçylyk işiniň esasy ýörelgeleri bolup durýar.
5-nji madda
Rieltorçylyk işiniň amala aşyrylmagyna bolan hukuk
1. Rieltorçylyk işiniň amala aşyrylmagyna bolan hukuga ygtyýarnamanyň esasynda rieltorçylyk guramalary eýedir. 2. Rieltorçylyk guramasynyň wezipe sanawynda hünär synagyndan geçen we rieltoryň hünär dereje şahadatnamasyny alan üçden az…
6-njy madda
Rieltorçylyk hyzmatlarynyň görnüşleri
1. Rieltorçylyk hyzmatlary diýlip gozgalmaýan emläge bolan eýeçilik ýa-da ony ulanmak hukugynyň geçmeginiň taýýarlanylmagyna we alnyp barylmagyna gönükdirilen hereketleriň toplumyna düşünilýär, has takygy: 1) kanun esasynda ygtyýar etmäge…
7-nji madda
Rieltorçylyk hyzmatynyň mazmuny
Şular rieltorçylyk hyzmatynyň mazmuny bolup durýar: 1) gozgalmaýan emlägiň bazarynyň ýagdaýlarynyň öwrenilmegi we derňelmegi, gozgalmaýan emlägiň hödürlenilýän bahasynyň kesgitlenilmegi; 2) geleşigiň taýýarlanylmagy üçin hyzmatdan…
8-nji madda
Rieltorçylyk işiniň subýektleri
1. Şu Kanunyň talaplaryna laýyklykda öz işini amala aşyrýan rieltorçylyk guramalary rieltorçylyk işiniň subýektleri diýlip ykrar edilýär. 2. Rieltorçylyk işiniň subýektleri bolup durmaýan gaýry şahslar tarapyndan şu Kanunyň 6-njy…
9-njy madda
Rieltorçylyk işiniň subýektlerine bildirilýän talaplar
1. Rieltorçylyk guramalary Türkmenistanyň kanunçylygynda bellenilen tertipde bellige alynmalydyr we şu aşakdaky talaplara laýyk gelmelidir: 1) Rieltorçylyk işiniň düzgünleriniň talaplarynyň ýerine ýetirilmegi; 2) hünär synagyndan geçen…
10-njy madda
Rieltorçylyk işiniň obýektleri
Rieltorçylyk işiniň obýektlerine gozgalmaýan emlägiň şu aşakdaky görnüşleri degişli bolup durýar: 1) ýaşaýyş jaýlary; 2) dükanlar, ofisler we beýleki täjirçilik gozgalmaýan emläkler; 3) emläk toplumy hökmünde kärhanalar; 4) eger…
11-nji madda
Rieltorçylyk işiniň döwlet tarapyndan düzgünleşdirilmegini amala aşyrýan edaralar
Türkmenistanyň Ministrler Kabineti hem-de Türkmenistanyň Maliýe we ykdysadyýet ministrligi (mundan beýläk - ygtyýarly edara) rieltorçylyk işiniň döwlet tarapyndan düzgünleşdirilmegini amala aşyrýan edaralar bolup durýarlar.
12-nji madda
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň rieltorçylyk işi babatda ygtyýarlylygy
Türkmenistanyň Ministrler Kabineti rieltorçylyk işi babatda: 1) döwlet syýasatynyň esasy ugurlaryny kesgitleýär; 2) rieltorçylyk işiniň amala aşyrylmagyny düzgünleşdirýän kadalaşdyryjy hukuk namalary kabul edýär; 3) Türkmenistanyň…
13-nji madda
Ygtyýarly edaranyň rieltorçylyk işi babatda ygtyýarlylygy
Ygtyýarly edara rieltorçylyk işi babatda: 1) rieltorçylyk işiniň döwlet tarapyndan düzgünleşdirilmegini, rieltorçylyk guramalarynyň işiniň hiliniň gözegçiligini we olaryň işiniň seljermesini amala aşyrýar; 2) kadalaşdyryjy hukuk…
14-nji madda
Rieltorçylyk işiniň ygtyýarlylandyrylmagy we oňa salgyt salynmagy
Rieltorçylyk işiniň ygtyýarlylandyrylmagy we oňa salgyt salynmagy Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykda amala aşyrylýar.
15-nji madda
Rieltor hökmünde hünär işi. Rieltor hökmünde hünär işiniň amala aşyrylmagyna bäsdeşlik edýän fiziki şahslaryň hünär synagy
1. Rieltoryň hünär dereje şahadatnamasy bolan Türkmenistanyň fiziki şahslary rieltor hökmünde hünär işini amala aşyryp bilerler. 2. Rieltoryň hünär dereje şahadatnamasy rieltor hökmünde hünär işiniň amala aşyrylmagyna bäsdeşlik…
16-njy madda
Rieltorçylyk hyzmatlarynyň edilmegi üçin esas
1. Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykda rieltorçylyk hyzmatlarynyň edilmegi üçin rieltorçylyk guramasy bilen hyzmatdan peýdalanyjynyň arasynda baglaşylan şertnama (mundan beýläk - şertnama) rieltorçylyk hyzmatlarynyň edilmegi üçin esas…
17-nji madda
Şertnama bildirilýän hökmany talaplar
1. Şertnama ýazmaça görnüşde baglaşylýar we onda şu aşakdaky maglumatlar bolmalydyr: 1) şertnamanyň taraplary; 2) şertnamanyň närsesi; 3) taraplaryň hukuklary, borçlary we şertnamanyň şertleriniň ýerine ýetirilmändigi ýa-da göwnejaý…
18-nji madda
Rieltorçylyk hyzmatlarynyň edilmeginden ýüz dönderilmegi üçin esaslar
1. Rieltorçylyk guramasy rieltorçylyk hyzmatlarynyň edilmegi üçin ýüz tutan şahsa şu aşakdaky ýagdaýlarda olaryň edilmeginden ýüz öwürmäge, şertnama baglaşylan ýagdaýynda bolsa onuň möhletinden öň ýatyrylmagyna borçludyr: 1) eger bu şahsyň…
19-njy madda
Rieltorçylyk guramasynyň işiniň çäklendirilmeleri we garaşsyzlygy
1. Rieltorçylyk guramasynyň şu aşakdakylara haky ýokdur: 1) närsesi özi babatda rieltorçylyk guramasy bilen başga hyzmatdan peýdalanyjynyň arasynda başga şertnama baglaşylan gozgalmaýan emläk ýa-da oňa bolan hukuk bolup durýan şertnamany…
20-nji madda
Rieltorçylyk hyzmatlaryny etmegiň ýaşyrynlygy
1. Rieltorçylyk guramasy we rieltorlar özleriniň hyzmatdan peýdalanyjydan alan maglumatlarynyň ýaşyrynlygyny saklamaga, şeýle hem şeýle maglumatlary öz bähbitlerine ýa-da üçünji bir şahslaryň bähbitlerine, şol sanda şertnama boýunça…
21-nji madda
Geleşigiň bahasy
1. Rieltorçylyk guramasy gozgalmaýan emlägiň bazarynyň üznüksiz maglumat gözegçiligini amala aşyrýar, onuň netijeleri hyzmatdan peýdalanyja hödürlenilýän anyk geleşigiň bazar bahasynyň esaslandyrylmasy hökmünde ulanylýar. 2. Gozgalmaýan…
22-nji madda
Rieltorçylyk hyzmatlarynyň hili
1. Hyzmatdan peýdalanyja edilen rieltorçylyk hyzmatynyň hili rietorçylyk guramasy tarapyndan olaryň arasynda baglaşylan şertnamada göz öňünde tutulan ähli şertleriň ýerine ýetirilmegi bilen kesgitlenilýär. 2. Eger-de şertnama laýyklykda…
23-nji madda
Rieltorçylyk guramasynyň hukuklary we borçlary
1. Rieltorçylyk guramasy rieltorçylyk işini amala aşyran mahalynda şulara haklydyr: 1) gozgalmaýan emlägiň bazaryndaky işi şu Kanuna laýyklykda amala aşyrmaga; 2) öz işini mahabatlandyrmaga (mahabatlandyrmada ygtyýarnamanyň belgisiniň we…
24-nji madda
Maglumatlaryň mazmuny we onuň rieltorçylyk guramalaryna berilmeginiň şertleri
1. Rieltorçylyk guramasy şulardan ýazmaça ýüz tutulmagy boýunça we şu maddanyň ikinji böleginde bellenilen şertlerde maglumat almaga haklydyr: 1) gozgalmaýan emläge bolan hukuklaryň we onuň bilen geleşikleriň döwlet tarapyndan bellige…
25-nji madda
Hyzmatdan peýdalanyjylaryň hukuklary we borçlary
1. Hyzmatdan peýdalanyjynyň şulara hukuklary bardyr: 1) rieltorçylyk guramasyny erkin saýlamaga; 2) rieltorçyyk işiniň amala aşyrylmagyna rieltorçylyk guramasynyň hukugyny tassyklaýan resminamalar bilen tanyşmaga; 3) rieltorçylyk…
Öňki
1 / 2
Indiki