Yza
Hukukçy
Kanunlar
Kanunlar
Kömek
Resminamany barla
Içeri gir
Kanunlar
«Raýatlaryň saglygynyň goralmagy hakynda» Türkmenistanyň Kanuny
kanun
23.05.2015 · № 223-V
«Raýatlaryň saglygynyň goralmagy hakynda» Türkmenistanyň Kanuny
68 madda · 33 sahypa
68 madda
1-nji madda
Şu Kanunda ulanylýan esasy düşünjeler
Şu Kanunyň maksatlary üçin ulanylýan esasy düşünjeler şulary aňladýar: 1) raýatlaryň saglygynyň goralmagy - her bir adamyň fiziki we psihiki saglygynyň goralyp saklanmagyna we berkidilmegine, onuň uzak ýyllar dowam edýän işjeň durmuşynyň…
2-nji madda
Türkmenistanyň raýatlaryň saglygynyň goralmagy hakynda kanunçylygy
1. Türkmenistanyň raýatlaryň saglygynyň goralmagy hakynda kanunçylygy Türkmenistanyň Konstitusiýasyna esaslanýar we şu Kanundan hem-de Türkmenistanyň raýatlaryň saglygynyň goralmagy çygryndaky beýleki kadalaşdyryjy hukuk namalaryndan…
3-nji madda
Şu Kanunyň hereket edýän çygry
Şu Kanunyň hereketi, eger Türkmenistanyň kanunçylygynda ýa-da Türkmenistanyň halkara şertnamalarynda başgaça bellenilmedik bolsa, ol Türkmenistanyň raýatlaryna, şeýle hem daşary ýurt raýatlaryna we raýatlygy bolmadyk adamlara degişlidir.
4-nji madda
Raýatlaryň saglygynyň goralmagy çygryndaky döwlet syýasatynyň esasy ýörelgeleri
Şular raýatlaryň saglygynyň goralmagy çygryndaky döwlet syýasatynyň esasy ýörelgeleri bolup durýar: 1) raýatlaryň howpsuz we oňat hilli saglygy goraýyş kömegini, saglygy goraýyş hyzmatyny almaga bolan hukugynyň deňligi; 2) saglygy goraýyş…
5-nji madda
Raýatlaryň saglygynyň goralmagy çygryndaky iş
1. Raýatlaryň saglygynyň goralmagy çygryndaky iş saglygy goraýyş edaralary tarapyndan amala aşyrylýar, olar ýerine ýetirýän işiniň häsiýeti boýunça bejeriş-öňüni alyş edaralaryna, sanitariýa-epidemiologiýa edaralaryna, saglygy…
6-njy madda
Raýatlaryň saglygynyň goralmagy çygryndaky maliýeleşdiriliş
1. Raýatlaryň saglygynyň goralmagy çygryndaky maliýeleşdiriliş Türkmenistanyň Döwlet býujetiniň serişdeleriniň hasabyna, Türkmenistanyň raýatlarynyň döwlet meýletin saglygy goraýyş ätiýaçlandyryş serişdeleriniň hasabyna we Türkmenistanyň…
7-nji madda
Jemgyýetçilik birleşikleriniň raýatlaryň saglygynyň goralmagynyň üpjün edilmegine gatnaşmagy
Jemgyýetçilik birleşikleri raýatlaryň saglygynyň goralmagyny üpjün etmek boýunça işe öz tertipnamalaryna we Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykda gatnaşýarlar.
8-nji madda
Raýatlaryň saglygynyň goralmagy çygrynda döwlet tarapyndan düzgünleşdirmegi amala aşyrýan döwlet edaralary
Türkmenistanyň Ministrler Kabineti, Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrligi (mundan beýläk - ygtyýarly edara), öz ygtyýarlyklarynyň çäklerinde beýleki ministrlikler we pudaklaýyn dolandyryş edaralary, ýerine ýetiriji…
9-njy madda
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň ygtyýarlylygy
Türkmenistanyň Ministrler Kabineti: 1) raýatlaryň saglygynyň goralmagy çygryndaky ýeke-täk döwlet syýasatyny kesgitleýär; 2) ygtyýarly edarany kesgitleýär; 3) raýatlaryň saglygynyň goralmagy çygryndaky kadalaşdyryjy hukuk namalaryny…
10-njy madda
Ygtyýarly edaranyň ygtyýarlylygy
Ygtyýarly edara: 1) raýatlaryň saglygynyň goralmagy çygrynda ýeke-täk döwlet syýasatyny durmuşa geçirýär; 2) raýatlaryň saglygynyň goralmagy çygrynda kadalaşdyryjy hukuk namalaryny kabul edýär; 3) raýatlaryň saglygynyň goralmagy çygryndaky…
11-nji madda
Beýleki ministrlikleriň we pudaklaýyn dolandyryş edaralaryň ygtyýarlylygy
Beýleki ministrlikler we pudaklaýyn dolandyryş edaralary: 1) raýatlaryň saglygynyň goralmagy çygrynda ýeke-täk döwlet syýasatynyň durmuşa geçirilmegine gatnaşýarlar; 2) raýatlaryň saglygynyň goralmagy çygrynda kadalaşdyryjy hukuk…
12-nji madda
Ýerine ýetiriji häkimiýetiň ýerli we ýerli öz-özüňi dolandyryş edaralarynyň ygtyýarlylygy
Ýerine ýetiriji häkimiýetiň ýerli we ýerli öz-özüňi dolandyryş edaralary: 1) raýatlaryň saglygynyň goralmagy çygrynda ýeke-täk döwlet syýasatynyň durmuşa geçirilmegine gatnaşýarlar; 2) raýatlaryň saglygynyň goralmagy çygrynda kadalaşdyryjy…
13-nji madda
Raýatlaryň saglygynyň goralmagy çygryndaky hukuklary
1. Raýatlaryň şulara hukugy bar: 1) tölegsiz saglygy goraýyş kömeginiň, saglygy goraýyş hyzmatlarynyň kepillendirilen möçberini almaga; 2) maşgala lukmanyny we saglygy goraýyş edarasyny erkin saýlamaga; 3) saglygy goraýyş kömegini almaga,…
14-nji madda
Raýatlaryň saglygynyň goralmagy çygryndaky borçlary
Raýatlar şulara borçludyr: 1) öz saglygy barada alada etmäge, ony berkitmäge we beýleki adamlaryň saglygy barada alada etmäge; 2) heläkçilige uçranlara ilkinji kömegi bermegiň esasy usullaryny, şahsy we köpçülikleýin…
15-nji madda
Maşgalanyň saglygyny goramaga bolan hukugynyň kepillikleri
1. Döwlet maşgalanyň saglygyny goramak baradaky aladany öz üstüne alýar. 2. Maşgala agzalarynyň şulara hukuklary bardyr: 1) lukmançylyk görkezijileri boýunça - maşgalany meýilleşdirmegiň meseleleri boýunça mugt maslahatlary almaga; 2)…
16-njy madda
Nika baglaşýan raýatlaryň saglygy goraýyş we lukmançylyk-genetik taýdan barlanylmaga hukugynyň kepillikleri
1. Nika baglaşmak isleýän raýatlar özara razylygy boýunça lukmançylyk barlaglaryndan geçip, şeýle hem lukmançylyk-genetik meseleler we maşgalany meýilleşdirmegiň meseleleri boýunça döwlet saglygy goraýyş edaralarynda mugt maslahat alyp…
17-nji madda
Göwreli aýallaryň saglygyny goramaga bolan hukugynyň kepillikleri
1. Türkmenistanda enelik döwlet tarapyndan goralýar. 2. Enäni goramak maksady bilen, saglygy goraýyş edaralary şulary amala aşyrýarlar: 1) ginekologiýa keselleriniň öňüniň alynmagyna we olaryň bejerilmegine, göwrelilik döwründäki,…
18-nji madda
Kömekçi önelge tehnologiýalarynyň ulanylmagy
1. Kömekçi önelge tehnologiýalaryny ulanmaga ýokary lukmançylyk bilimi bolan we bellenilen tertipde ýörite taýýarlygy geçen we saglygy goraýyş edaralarynda işleýän Türkmenistanyň kanunçylygynda bellenilen tertipde ygtyýarnama alan…
19-njy madda
Göwreli aýallaryň göwreliligini emeli usul bilen aýyrmaga bolan hukugy
1. Maşgalany meýilleşdirmek we öz saglygyny goramak, şeýle hem islenilmeýän göwreliliginiň öňüni almak maksady bilen, enelik baradaky meseläni aýalyň özbaşdak çözmäge hukugy bar. 2. Göwreli aýalyň on sekiz ýaşyna ýetenden soň, bäş hepdä…
20-nji madda
Lukmançylyk tohumsyzlandyrmasy
1. Lukmançylyk tohumsyzlandyrmasy adamy nesil öndürmek mümkinçiliginden mahrum etmek maksady bilen ýa-da göwrelilikden goranmak usuly hökmünde amala aşyrylýar we diňe ýaşy otuz bäşden geçen ýa-da azyndan üç çagasy bolan syrkawyň ýazmaça…
21-nji madda
Kämillik ýaşyna ýetmedik çagalaryň saglygyny goramaga bolan hukugynyň kepillikleri
1. Döwlet çagalaryň saglygynyň goralmagyny çagalaryň beden we psihiki taýdan ösmeginiň iň möhüm we zerur şertleriniň biri hökmünde ykrar edýär. 2. Çagalar maşgala we durmuş abadançylygyna garamazdan, olaryň saglygy barada alada edilmegini…
22-nji madda
Maýyplygy bolan adamlaryň saglygyny goramaga bolan hukugy
1. I we II topar maýyplygy bolan adamlaryň, maýyplygy kanuna garşy hereketleri netijesinde ýüze çykan adamlar muňa degişli däldir, kämillik ýaşyna ýetmedik maýyplygy bolan çagalaryň, çagalykdan I we II topar maýyplygy bolan adamlaryň…
23-nji madda
Harby gullukçylaryň, harby gulluga çagyrylmaga degişli we borçnama boýunça harby gulluga girýän raýatlaryň saglygyny goramaga bolan hukugy
1. Harby gullukçylaryň harby gulluga ýaramlylygyny kesgitlemek üçin lukmançylyk güwä geçilmesine we harby-lukmançylyk (lukmançylyk) toparynyň netijenamasy esasynda saglyk ýagdaýy boýunça harby gullukdan möhletinden öň boşadylmaga hukugy…
24-nji madda
Jenaýat etmekde güman edilip tutulyp saklanan, tussag astyna alnan, azatlykdan mahrum ediş ýerlerinde jezasyny çekýän ýa-da administratiw taýdan tussag edilen adamlaryň, şeýle hem Ýörite dikeldiş merkezinde bejergi alýan adamlaryň saglygyny goramaga bolan hukugy
1. Jenaýat etmekde güman edilip tutulyp saklanan, tussag astyna alnan, azatlykdan mahrum ediş ýerlerinde jezasyny çekýän ýa-da administratiw taýdan tussag edilen adamlaryň, şeýle hem Ýörite dikeldiş merkezinde bejergi alýan adamlaryň…
25-nji madda
Jemgyýet üçin howply kesellerden ejir çekýän raýatlaryň saglygyny goramaga bolan hukugy
1. Jemgyýet üçin howply kesellerden ejir çekýän raýatlaryň degişli saglygy goraýyş edaralarynda saglygy goraýyş kömegini, saglygy goraýyş hyzmatyny almaga we lukmançylyk gözegçiligine alynmaga hukugy bar. 2. Jemgyýet üçin howply keselleriň…
Öňki
1 / 3
Indiki