Yza
Hukukçy
Kanunlar
Kanunlar
Kömek
Resminamany barla
Içeri gir
Kanunlar
«Maldarçylykda tohumçylyk işi hakynda» Türkmenistanyň Kanuny
kanun
23.05.2015 · № 226-V
«Maldarçylykda tohumçylyk işi hakynda» Türkmenistanyň Kanuny
47 madda · 13 sahypa
47 madda
1-nji madda
Şu Kanunda ulanylýan esasy düşünjeler
Şu Kanunda aşakdaky esasy düşünjeler ulanylýar: 1) tohum maldarçylygy - seçgi maksatlary bilen tohum mallary köpeltmek, tohumçylyk önümini öndürmek we peýdalanmak; 2) tohumlyk mal - belli bir tohumy üznüksiz köpeltmek üçin peýdalanylýan we…
2-nji madda
Tohum maldarçylygy babatda wezipeler
Tohum mallaryň önüm berijilik hilini gowulandyrmak, ýokary önümli mallary köpeltmek, seçgi maksatlary üçin peýdaly mallaryň az sanly we ýitip barýan tohumlarynyň genofonduny aýap saklamak maksady bilen olaryň üznüksiz köpeldilmegini üpjün…
3-nji madda
Maldarçylykda tohumçylyk işi hakynda Türkmenistanyň kanunçylygy
1. Maldarçylykda tohumçylyk işi hakynda Türkmenistanyň kanunçylygy Türkmenistanyň Konstitusiýasyna esaslanýar we şu Kanundan hem-de Türkmenistanyň beýleki kadalaşdyryjy hukuk namalaryndan ybarat bolup durýar. 2. Tohum mal bolup durmaýan…
4-nji madda
Tohum maldarçylygy babatda döwlet düzgünleşdirmesini amala aşyrýan edaralar
Tohum maldarçylygy babatda döwlet düzgünleşdirmesi Türkmenistanyň Ministrler Kabineti, Türkmenistanyň Oba hojalyk ministrligi (mundan beýläk - ygtyýarlandyrylan edara) we onuň Mallaryň we guşlaryň tohumçylyk döwlet gullugy (mundan beýläk -…
5-nji madda
Tohum maldarçylygy babatda Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň ygtyýarlylygy
Tohum maldarçylygy babatda Türkmenistanyň Ministrler Kabineti: 1) ýeke-täk döwlet syýasatyny kesgitleýär; 2) döwlet maksatnamalaryny tassyklaýar; 3) halkara hyzmatdaşlygyny utgaşdyrýar; 4) Türkmenistanyň kadalaşdyryjy hukuk namalaryny…
6-njy madda
Ygtyýarlandyrylan edaranyň tohum maldarçylygy babatda ygtyýarlylygy
Ygtyýarlandyrylan edara: 1) tohum maldarçylygy babatda ýeke-täk döwlet syýasatyny amala aşyrýar; 2) tohum maldarçylygy babatda döwlet maksatnamalaryny işläp taýýarlaýar we bellenen tertipde Türkmenistanyň Ministrler Kabinetine tassyklamaga…
6¹-njy madda
Gullugyň tohum maldarçylygy babatda ygtyýarlylygy
Gulluk: 1) tohum maldarçylygy babatda ýeke-täk döwlet syýasatyny durmuşa geçirýär; 2) tohumlyk önümlerini peýdalanmagyň tertibini işläp taýýarlaýar; 3) tohum mallaryň Döwlet kitabynda we Döwlet tohumçylyk sanawynda, tohum mallary we tohum…
7-nji madda
Tohum maldarçylygy babatda ýerine ýetiriji häkimiýetiň ýerli we ýerli öz-özüňi dolandyryş edaralarynyň ygtyýarlylygy
Tohum maldarçylygy babatda ýerine ýetiriji häkimiýetiň ýerli we ýerli öz-özüňi dolandyryş edaralary: 1) Türkmenistanyň kanunçylygy bilen Gullugyň we onuň ýerlerdäki düzüm birlikleriniň üstlerine üstüne ýüklenilen wezipeleri ýerine…
8-nji madda
Tohum maldarçylygy babatda döwlet gözegçileri
1. Ygtyýarlandyrylan edara, Gulluk we onuň ýerlerdäki düzüm birlikleri öz ygtyýarlylyklarynyň çäklerinde tohum maldarçylygy babatda döwlet gözegçiligini we gözegçilik barlagyny amala aşyrýarlar. 2. Gullugyň ýolbaşçysy tohum maldarçylygy…
9-njy madda
Tohumlyk önümi peýdalanmak
1. Tohum mallaryň tohumy we düwünçekleri, inkubasion ýumurtgalar, işbil, liçinkalar we balary paketleri şu aşakdaky halatlarda ulanylýar, eger: 1) olar, görnüşleri şu Kanunyň 20-nji maddasynda sanalyp geçilen tohum maldarçylygy boýunça…
10-njy madda
Mallaryň tohumyny üznüksiz köpeltmek maksady bilen tohumlyk önümi we tohum mallary peýdalanmagyň şertleri
1. Tohumlyk önüm, onuň tohum mallardan alnan şertinde tohum mallaryň tohumyny üznüksiz köpeltmek maksady bilen peýdalanylýar. 2. Tohum mal onuň belgilenilen we tohum mallaryň Döwlet kitabynda hasaba alnan şertlerinde tohumy üznüksiz…
11-nji madda
Tohum mallary köpeltmek maksady bilen olaryň tohumyny peýdalanmagyň şertleri
Tohum mallaryň ýerlemek üçin öndürilen tohumy, onuň alnan tohum-höwür malyna tohumçylyk sertifikatynyň, genetiki we weterinar sertifikatlarynyň bar bolan mahalynda peýdalanylýar.
12-nji madda
Tohum mallary köpeltmek maksady bilen tohum mallaryň düwünçeklerini peýdalanmagyň şertleri
1. Tohum mallaryň düwünçekleri, olardan düwünçekler alnan tohum mallara tohumçylyk şahadatnamalaryň we genetiki sertifikatlaryň bar bolan mahalynda tohum mallary köpeltmek maksady bilen peýdalanylýar. 2. Tohum mallaryň düwünçekleri tohum…
13-nji madda
Tohumlyk önümiň bonitirowkasy
1. Tohum maldarçylygy boýunça edaralara degişli bolan tohumlyk önüm hökmany tertipde bonitirowka geçirilmäge degişlidir. Tohumlyk önümiň bonitirowkasy, bonitirowka edijiler (klassifikatorlar) tarapyndan geçirilýär. 2. Tohumlyk önümiň…
14-nji madda
Tohum-höwür mallary barlamak we baha bermek
1. Tohumy üznüksiz köpeltmek üçin saýlanylyp alnan tohum-höwür mallar, nesliniň hili we (ýa-da) öz önümliligi boýunça barlanylmaga we baha berilmäge degişlidir. 2. Tohum-höwür mallary barlamak, tohum mallaryň önümliliginiň bellenilen…
15-nji madda
Bonitirowka barada maglumatlaryň elýeterliligi
Tohum maldarçylygy boýunça edara bonitirowka baradaky maglumatlary umumylaşdyrýar, ýokary gymmatlygy bolan tohum mallary netijeli peýdalanmagy höweslendirmek maksady bilen onuň netijeleri hakynda, ygtyýarlandyrylan edara, Gulluga we…
16-njy madda
Tohum maldarçylygy babatda işi guramagyň esasy ýörelgeleri
1. Tohum maldarçylygy babatda iş şu ýörelgelere esaslanýar: 1) maldarçylygyň netijeliligini we bäsdeşlige ukyplylygyny ýokarlandyrmak; 2) arassa ganly tohum mallar köpeldilen mahalynda tohumy aýap saklamagy üpjün etmek; 3) tohum…
17-nji madda
Tohum mallary we tohum mallaryň sürülerini döwlet tarapyndan hasaba almak
1. Tohum mallary we tohum mallaryň sürülerini döwlet tarapyndan hasaba almagyň obýektleri tohum mallar we tohum mallaryň sürüleri bolup durýarlar. 2. Tohum mallary we tohum mallaryň sürülerini döwlet tarapyndan hasaba almak tohum mallaryň…
18-nji madda
Tohum maldarçylygy babatda ylmy taýdan üpjünçilik we hünärmenleriň hünär derejesini ýokarlandyrmak
1. Tohum maldarçylygy babatda ylmy taýdan üpjünçiligi bu ugurda ylmy işi alyp barýan Türkmenistanyň ylmy edaralary we ýokary okuw mekdepleri amala aşyrýarlar. 2. Tohum maldarçylygy babatda hünärmenleriň hünär derejesini ýokarlandyrmak…
19-njy madda
Tohum maldarçylygy boýunça edaralar
1. Tohum maldarçylygy babatda iş tohum maldarçylygy boýunça edaralar, şeýle hem Türkmenistanyň kanunçylygynda bellenilen tertipde ýuridik we fiziki şahslar tarapyndan amala aşyrylýar. 2. Tohum maldarçylygy boýunça edaralar…
20-nji madda
Tohum maldarçylygy boýunça edaralaryň görnüşleri
1. Tohum maldarçylygy boýunça edaralar tohum maldarçylygy babatda işiniň ugruna baglylykda şu aşakdaky guramaçylyk-hukuk görnüşlerde döredilip bilner: 1) tohum mallar zawody; 2) tohum mallar hojalygy; 3) tohum mallar fermasy; 4) oba…
21-nji madda
Tohum mallar zawody
1. Tohum mallar zawody - belli bir tohuma degişli ýokary önümli tohum mallaryň sürüsine eýe bolan arassa ganly tohum mallary köpeltmegi maksat edinýän, tohum mallar hojalygy bolup durýan, ýuridik şahsdyr. 2. Tohum mallar zawodynyň esasy…
22-nji madda
Tohum mallar hojalygy
Tohum mallar hojalygy - tohum mallary köpeltmek maksady bilen olary köpeltmegi amala aşyrýan, ýuridik şahsdyr.
23-nji madda
Tohum mallar fermasy
Tohum mallar fermasy - tohum maldarçylygy, belli bir görnüşli, tohumly, tipli, ugurly we krossly ýokary önümli tohum mallary üznüksiz köpeltmek, ösdürip ýetişdirmek we ýerlemek bilen meşgullanýan ýuridik ýa-da fiziki şahsdyr.
24-nji madda
Oba hojalyk mallaryny emeli tohumlandyryş merkezi
1. Oba hojalyk mallaryny emeli tohumlandyryş merkezi - tohum almak üçin tohum-höwür mallary özünde saklaýan ýuridik şahsdyr. Görkezilen merkez oba hojalyk mallarynyň emeli tohumlandyrylmagyny geçirmek üçin tohum mallaryň tohumyny almak,…
Öňki
1 / 2
Indiki