Yza
Hukukçy
Kanunlar
Kanunlar
Kömek
Resminamany barla
Içeri gir
Kanunlar
«Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasy hakynda» Türkmenistanyň Kanuny
kanun
28.02.2015 · № 183-V
«Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasy hakynda» Türkmenistanyň Kanuny
21 madda · 8 sahypa
21 madda
1-nji madda
Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasy düşünjesi
1. Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasy (mundan beýläk - Söwda-senagat edarasy) ýuridik şahs bolup, eýeçiligiň görnüşlerine garamazdan kärhanalary, guramalary we ýuridik şahsy döretmezden öz işini amala aşyrýan telekeçileri meýletin esasda…
2-nji madda
Söwda-senagat edarasy hakyndaky kanunçylyk
1. Söwda-senagat edarasy hakyndaky Türkmenistanyň kanunçylygy Türkmenistanyň Konstitusiýasyna esaslanýar we şu Kanundan hem-de Türkmenistanyň beýleki kadalaşdyryjy hukuk namalaryndan ybaratdyr. 2. Eger-de Türkmenistanyň halkara…
3-nji madda
Söwda-senagat edarasynyň maksatlary we wezipeleri
1. Söwda-senagat edarasy Türkmenistanyň ykdysadyýetiniň mundan beýläk-de berkidilmegine, onuň dünýä hojalyk ulgamyna birikmeginiň has-da çuňlaşdyrylmagyna, häzirki zaman senagat, maliýe we söwda infrastrukturasynyň kämilleşdirilmegine,…
4-nji madda
Söwda-senagat edarasynyň döwlet bilen özara gatnaşygy
1. Döwlet Söwda-senagat edarasynyň hukuklarynyň we kanuny bähbitleriniň berjaý edilmegini üpjün edýär, onuň işine goldaw berýär, oňa salgytlar babatda we beýleki ýeňillikleriň hem-de artykmaçlyklaryň berilmegini kanunçylyk taýdan…
5-nji madda
Söwda-senagat edarasyny döretmegiň we işiniň ýörelgeleri
Söwda-senagat edarasy esaslandyryjylaryň meýletin birleşmegi, onuň agzalarynyň deňhukuklylygy, garaşsyzlygy, hünär kämilligi, şahsy, köpçülikleýin, jemgyýetçilik we döwlet bähbitleriniň utgaşmagy, hojalyk özbaşdaklygy, durmuş adalatlylygy…
6-njy madda
Söwda-senagat edarasyny döretmegiň tertibi
1. Söwda-senagat edarasy on bäşden az bolmadyk esaslandyryjylaryň başlangyjy boýunça döredilýär. 2. Söwda-senagat edarasynyň esaslandyryjylary eýeçiligiň görnüşlerine we guramaçylyk-hukuk görnüşine garamazdan ýuridik şahslar we ýuridik…
7-nji madda
Söwda-senagat edarasynda agzalyk
1. Hojalyk işlerini amala aşyrýan ýa-da Türkmenistanyň beýleki döwletler bilen ykdysady, ylmy-tehniki we söwda aragatnaşyklaryny amala aşyrmaga gatnaşýan, eýeçiligiň görnüşlerine we guramaçylyk-hukuk görnüşine garamazdan ýuridik şahslar,…
8-nji madda
Söwda-senagat edarasynyň Tertipnamasy
1. Söwda-senagat edarasynyň Tertipnamasynda şular göz öňünde tutulmalydyr: 1) Söwda-senagat edarasynyň ady, maksatlary we wezipeleri; 2) Söwda-senagat edarasynyň agzalygyna kabul etmegiň we ondan çykmagyň şertleri we tertibi; 3)…
9-njy madda
Söwda-senagat edarasyny döwlet tarapyndan bellige almak
1. Söwda-senagat edarasyny döwlet tarapyndan bellige almak Türkmenistanyň kanunçylygynda bellenen tertipde Türkmenistanyň Adalat ministrligi tarapyndan amala aşyrylýar. 2. Söwda-senagat edarasyny bellige almak üçin Tertipnamanyň kabul…
10-njy madda
Söwda-senagat edarasynyň işiniň bes edilmegi
1. Söwda-senagat edarasynyň işini bes etmek üýtgedip guramak ýa-da ýatyrmak arkaly geçirilip bilner. 2. Söwda-senagat edarasyny üýtgedip guramak we ýatyrmak gurultaýyň (konferensiýanyň) ýa-da umumy ýygnagyň çözgüdi boýunça amala aşyrylýar.…
11-nji madda
Söwda-senagat edarasynyň eýeçiligi
1. Söwda-senagat edarasynyň eýeçiliginde gozgalýan we gozgalmaýan emlägi, paýnamalar, beýleki gymmatly kagyzlar we Tertipnamada bellenen wezipeleri ýerine ýetirmek üçin zerur bolan başga emlägi bolup biler. 2. Söwda-senagat edarasy…
12-nji madda
Söwda-senagat edarasynyň hukuklary
1. Söwda-senagat edarasy öz Tertipnamasynda kesgitlenilen maksatlary we wezipeleri amala aşyrmak üçin zerur bolan hukuklara eýedir. Söwda-senagat edarasynyň şu aşakdakylara hukugy bardyr: 1) döwlet edaralarynda öz agzalaryna wekilçilik…
13-nji madda
Söwda-senagat edarasynyň borçlary
Söwda-senagat edarasy şulara borçludyr: 1) Türkmenistanyň kanunçylygyny, şeýle hem özüniň Tertipnamasynda göz öňünde tutulan düzgünleri berjaý etmäge; 2) hemişelik hereket edýän ýolbaşçy düzüminiň hakyky ýerleşýän ýerini, onuň adyny we…
14-nji madda
Söwda-senagat edarasynyň ýolbaşçy düzümleri
1. Söwda-senagat edarasynyň ýolbaşçy düzümleri şular bolup durýar: 1) Söwda-senagat edarasynyň gurultaýy; 2) Söwda-senagat edarasynyň Müdiriýeti; 3) Söwda-senagat edarasynyň başlygy. 2. Söwda-senagat edarasynyň ýokary ýolbaşçy düzümi…
15-nji madda
Söwda-senagat edarasynyň derňew topary
Söwda-senagat edarasynyň gurultaýy Söwda-senagat edarasynyň maliýe-hojalyk işini derňemek üçin 5 ýyl möhlet bilen Söwda-senagat edarasynyň Müdiriýetiniň düzümine girmeýän adamlardan derňew toparyny saýlaýar.
16-njy madda
Söwda-senagat edarasynyň ýanyndaky halkara täjirçilik arbitražy
1. Söwda-senagat edarasynyň ýanynda Halkara täjirçilik arbitražy döredilýär we ol taraplaryň ylalaşmagy boýunça taraplaryň bolmanda biriniň täjirçilik kärhanasy Türkmenistanyň çäginden daşarda bolsa, daşary söwda we halkara ykdysady…
17-nji madda
Halkara täjirçilik arbitražynyň işine ýardam etmek
Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykda Söwda-senagat edarasy Halkara täjirçilik arbitražynyň Dessuryny we Düzgünnamasyny, arbitraž ýygymlaryny hasaplamagyň tertibini, arbitrleriň hak-heşdegini we arbitražyň beýleki çykdajylaryny…
18-nji madda
Söwda-senagat edarasynyň halkara aragatnaşyklary we halkara guramalaryna gatnaşmagy
1. Söwda-senagat edarasy özüniň Tertipnamasyna laýyklykda göni halkara aragatnaşyklaryny saklap, degişli ylalaşyklary baglaşyp biler. 2. Söwda-senagat edarasy öz agzalarynyň bähbitlerine degişli halkara guramalarynda wekilçilik edýär.
19-njy madda
Jedelleriň çözülmegi
Söwda-senagat edarasynyň guralmagy we işi boýunça jedeller Türkmenistanyň kanunçylygynda bellenilen tertipde çözülýär.
20-nji madda
Söwda-senagat edarasy tarapyndan Türkmenistanyň kanunçylygynyň berjaý edilişine gözegçilik
Söwda-senagat edarasy tarapyndan Türkmenistanyň kanunlarynyň we beýleki kadalaşdyryjy hukuk namalarynyň takyk we birmeňzeş berjaý edilişine gözegçiligi Türkmenistanyň Baş prokurory we onuň tabynlygyndaky prokurorlar amala aşyrýarlar.
21-nji madda
Şu Kanunyň güýje girmegi
1. Şu Kanun 2015-nji ýylyň 1-nji iýulyndan güýje girýär. 2. Şu Kanunyň V baby 2016-njy ýylyň 1-nji ýanwaryndan güýje girýär. 3. Şu Kanun güýje gireninden soň Söwda-senagat edarasynyň Tertipnamasy şu Kanuna laýyk getirilmäge degişlidir. 4.…