Yza
Hukukçy
Kanunlar
Kanunlar
Kömek
Resminamany barla
Içeri gir
Kanunlar
«Milli maddy däl medeni mirasy gorap saklamak hakynda» Türkmenistanyň Kanuny
kanun
28.02.2015 · № 187-V
«Milli maddy däl medeni mirasy gorap saklamak hakynda» Türkmenistanyň Kanuny
40 madda · 17 sahypa
40 madda
1-nji madda
Milli maddy däl medeni miras düşünjesi
Milli maddy däl medeni miras diýlip türkmen jemgyýetiniň etniki, sosial ýa-da konfessional toparlaryna mahsus bolan ruhy gymmatlyklarynyň jemine düşünilýär, olar estetiki, sosial-medeni, taryhy we başga nukdaýnazarlardan türkmen halkynyň…
2-nji madda
Milli maddy däl medeni mirasyň ýüze çykýan ýerleri we obýektleri
1. Türkmenistanyň çäginde milli maddy däl medeni miras aşakdaky ýerlerde ýüze çykyp biler: 1) maddy däl medeni mirasy göteriji hökmünde dili hem goşmak arkaly, dil üsti bilen aňlatmagyň däpleri we görnüşleri; 2) ýerine ýetirijilik…
3-nji madda
Milli maddy däl medeni mirasyň obýektleriniň toparlara bölünişi
Milli maddy däl medeni mirasyň obýektleri aşakdaky toparlara bölünýär: 1) milli maddy däl medeni mirasy göterijilerde - bileleşiklerde (toparlarda) durmuşa ukyplylygy bilen häsiýetlendirilýän we olaryň barabarlygyny kesgitlemekde açyk…
4-nji madda
Milli maddy däl medeni mirasyň obýektleriniň derejeleri
1. Milli maddy däl medeni mirasyň obýektleri şu aşakdaky derejelere bölünýär: 1) adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň Bütindünýä sanawyna (ÝUNESKO) girizilen we girizmek nazarda tutulýan, şeýle hem beýleki ýurtlaryň halklarynyň taryhyna we…
5-nji madda
Milli maddy däl medeni mirasy gorap saklamagyň kesgitlemesi
1. Milli maddy däl medeni mirasy gorap saklamak döwlet häkimiýet edaralary tarapyndan olaryň ygtyýarlyklarynyň çäklerinde onuň barabarlygynyň anyklanylmagyny, resmileşdirilmegini, öwrenilmegini, aýawly saklanylmagyny, goragyny,…
6-njy madda
Milli maddy däl medeni mirasy gorap saklamak hakynda Türkmenistanyň kanunçylygy
1. Milli maddy däl medeni mirasy gorap saklamak hakynda Türkmenistanyň kanunçylygy Türkmenistanyň Konstitusiýasyna esaslanýar we şu Kanundan hem-de medeniýet çygryndaky meseleleri düzgünleşdirýän Türkmenistanyň beýleki kadalaşdyryjy hukuk…
7-nji madda
Şu Kanunyň maksatlary we wezipeleri
1. Şu Kanunyň maksatlary şu aşakdakylardyr: 1) milli medeni mirasyň bir bölegi hökmünde milli maddy däl medeni mirasyň obýektlerini gorap saklamak; 2) bileleşikleriň, toparlaryň we aýry-aýry şahslaryň milli maddy däl medeni mirasyna hormat…
8-nji madda
Şu Kanunyň düzgünleşdirjek närsesi
Şu Kanunyň düzgünleşdirjek närsesi şulardyr: 1) Türkmenistanyň halkynyň milli maddy däl medeni mirasyny gorap saklamak babatda ýüze çykýan gatnaşyklar; 2) Türkmenistanyň maddy däl medeni mirasynyň Milli sanawyny döretmegiň we ýöretmegiň…
9-njy madda
Şu Kanunyň ulanylyş çygry
1. Şu Kanunyň hereketi adam hukuklary boýunça bar bolan halkara hukuk namalaryna we bileleşikleriň, toparlaryň hem-de aýry-aýry şahslaryň arasyndaky özara hormatyň talaplaryna, şeýle hem durnukly ösüşe laýyk gelýän milli maddy däl medeni…
10-njy madda
Milli maddy däl medeni mirasy gorap saklamak babatda döwlet syýasatynyň ýörelgeleri
Milli maddy däl medeni mirasy gorap saklamak babatda döwlet syýasaty şu aşakdaky ýörelgelerde guralýar: 1) türkmen halkynyň özboluşlulygyny, medeni taýdan köpdürlüligini we durnukly ösüşiniň kepilini üpjün etmegiň şerti hökmünde milli…
11-nji mdda
Milli maddy däl medeni mirasy gorap saklamak babatda döwlet goldawynyň esasy ugurlary
Milli maddy däl medeni mirasy gorap saklamak babatda döwlet goldawynyň esasy ugurlaryna şu aşakdakylar degişlidir: 1) jemgyýetde milli maddy däl medeni mirasyň ornunyň ýokarlandyrylmagyna gönükdirilen umumy syýasatyň kabul edilmegi we bu…
12-nji madda
Milli maddy däl medeni mirasy gorap saklamak babatda Türkmenistanyň raýatlarynyň hukuklary
1. Şu Kanuna laýyklykda häzirki we geljekki nesilleriň bähbitlerine Türkmenistanyň raýatlaryna milli maddy däl medeni mirasyň abat saklanylmagy kepillendirilýär. 2. Her bir raýatyň şu Kanunda bellenen tertipde milli maddy däl medeni mirasa…
13-nji madda
Milli maddy däl medeni mirasy gorap saklamak babatda döwlet düzgünleşdiriş edaralary
Milli maddy däl medeni mirasy gorap saklamak babatda döwlet düzgünleşdirmesi Türkmenistanyň Ministrler Kabineti, medeniýet babatda ýerine ýetiriji häkimiýetiň ygtyýarly edarasy, milli maddy däl medeni mirasy gorap saklamak boýunça ýörite…
14-nji madda
Milli maddy däl medeni mirasy gorap saklamak babatda Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň ygtyýarlygy
Türkmenistanyň Ministrler Kabineti: 1) milli maddy däl medeni mirasy gorap saklamak babatda döwlet syýasatyny kesgitleýär; 2) milli maddy däl medeni mirasy gorap saklamak babatda şu Kanunyň 13-nji maddasynda görkezilen…
15-nji madda
Medeniýet babatda ýerine ýetiriji häkimiýetiň ygtyýarly edarasynyň milli maddy däl medeni mirasy gorap saklamak meseleleri boýunça ygtyýarlygy
Medeniýet babatda ýerine ýetiriji häkimiýetiň ygtyýarly edarasy: 1) milli maddy däl medeni mirasy gorap saklamak babatda döwlet syýasatyny amala aşyrýar; 2) milli maddy däl medeni mirasy gorap saklamak babatda kadalaşdyryjy hukuk namalary…
16-njy madda
Milli maddy däl medeni mirasy gorap saklamak boýunça ýörite ygtyýarlandyrylan döwlet edarasynyň ygtyýarlygy
Milli maddy däl medeni mirasy gorap saklamak boýunça ýörite ygtyýarlandyrylan döwlet edarasy: 1) milli maddy däl medeni mirasy gorap saklamak hakynda Türkmenistanyň kanunçylygynyň ýuridik we fiziki şahslar tarapyndan berjaý edilişine…
17-nji madda
Milli maddy däl medeni mirasy gorap saklamak babatda ýerine ýetiriji häkimiýetiň ýerli edaralarynyň we ýerli öz-özüňi dolandyryş edaralarynyň ygtyýarlygy
Ýerine ýetiriji häkimiýetiň ýerli edaralary we ýerli öz-özüňi dolandyryş edaralary öz garamagyndaky çäklerde we ygtyýarlyklarynyň çäklerinde: 1) milli maddy däl medeni mirasy gorap saklamak hakynda Türkmenistanyň kanunçylygynyň berjaý…
18-nji madda
Milli maddy däl medeni mirasy gorap saklamaga ylmy edaralaryň, ýokary okuw mekdepleriň we medeniýet guramalarynyň gatnaşmagy
1. Ylmy edaralar, ýokary okuw mekdepleri: 1) milli maddy däl medeni mirasyň ýüze çykarylmagyna gatnaşýarlar; 2) milli maddy däl mdeni mirasy gorap saklamak babatda ylmy işleri amala aşyrýarlar; 3) milli maddy däl medeni mirasyň…
19-njy madda
Milli maddy däl medeni mirasy gorap saklamaga jemgyýetçilik birleşikleriniň we raýatlaryň gatnaşmagy
1. Tertipnamalarynda işiniň esasy ugry hökmünde milli maddy däl medeni mirasy öwrenmek, aýawly saklamak, goramak, nesilden nesle geçirmek, dikeltmek, ýaýratmak we peýdalanmak göz öňünde tutulan jemgyýetçilik birleşiklerişu Kanunda bellenen…
20-nji madda
Milli maddy däl medeni mirasyň obýektleriniň döwlet tarapyndan goragy hakynda düşünje
1. Milli maddy däl medeni mirasyň obýektleri olaryň ýok bolup gitmeginiň, olary bellige alan maddy göterijä zyýan ýetirilmeginiň ýa-da weýran edilmeginiň öňüni almak, olary peýdalanmagyň, ýerini üýtgetmegiň bellenen kadalarynyň…
21-nji madda
Milli maddy däl medeni mirasyň obýektleriniň döwlet tarapyndan goragyny guramagyň esasy ýörelgeleri
Milli maddy däl medeni mirasyň obýektleriniň döwlet tarapyndan goragyny guramagyň esasy ýörelgeleri şu aşakdakylardyr: 1) milli maddy däl medeni mirasy öwrenmäge, aýawly saklamaga, goramaga, nesilden nesle geçirmäge, dikeltmäge, ýaýratmaga…
22-nji madda
Milli maddy däl medeni mirasy gorap saklamak babatda döwlet gözegçiligi
1. Milli maddy däl medeni mirasy gorap saklamak babatda döwlet gözegçiligi şu Kanuna laýyklykda milli maddy däl medeni mirasyň obýektlerini gorap saklamak boýunça ýörite ygtyýarlandyrylan döwlet edarasy tarapyndan bellenen tertipde amala…
23-nji madda
Milli maddy däl medeni mirasy gorap saklamagyň ýörite döwlet maksatnamalary
1.Milli maddy däl medeni mirasy öwrenmek, aýawly saklamak, goramak, nesilden nesle geçirmek, dikeltmek, ýaýratmak we peýdalanmak üçin milli maddy däl medeni mirasy gorap saklamagyň ýörite döwlet maksatnamalary işlenip taýýarlanylýar. 2.…
24-nji madda
Türkmenistanyň maddy däl medeni mirasynyň Milli sanawy düşünjesi
1. Türkmenistanyň maddy däl medeni mirasynyň Milli sanawy milli maddy däl medeni mirasyň obýektleriniň hukuk statusy, ýazgylary, medeni gymmatlygy, beýleki degişli zatlar we olaryň abatlygyna baha bermek hakynda yzygider täzelenýän…
25-nji madda
Milli maddy däl medeni mirasyň obýektini Türkmenistanyň maddy däl medeni mirasynyň Milli sanawyna girizmek hakynda karary kabul etmek üçin hödürlenilýän resminamalar
Milli maddy däl medeni mirasyň obýektini Türkmenistanyň maddy däl medeni mirasynyň Milli sanawyna girizmek hakynda kararyň kabul edilmegi üçin arza beriji (fiziki we ýuridik şahs) milli maddy däl medeni mirasy gorap saklamak boýunça ýörite…
Öňki
1 / 2
Indiki