Yza
Hukukçy
Kanunlar
Kanunlar
Kömek
Resminamany barla
Içeri gir
Kanunlar
«Türkmenistanda Internet torunyň ösüşini we internet-hyzmatlaryny etmegi hukuk taýdan düzgünleşdirmek hakynda» Türkmenistanyň Kanuny
kanun
20.12.2014 · № 159-V
«Türkmenistanda Internet torunyň ösüşini we internet-hyzmatlaryny etmegi hukuk taýdan düzgünleşdirmek hakynda» Türkmenistanyň Kanuny
35 madda · 19 sahypa
35 madda
1-nji madda
Şu Kanunda ulanylýan esasy düşünjeler
1. Şu Kanunyň maksatlary üçin aşakdaky esasy düşünjeler ulanylýar: 1) Türkmenistanda Internet torunyň ösüşini düzgünleşdirmek - döwlet tarapyndan Türkmenistanda Internet toruny ösdürmegiň ýörelgelerini, hukuk kadalaryny, guramaçylyk…
2-nji madda
Türkmenistanda Internet torunyň ösüşini we internet-hyzmatlaryny etmegi hukuk taýdan düzgünleşdirmek hakynda Türkmenistanyň kanunçylygy
1. Türkmenistanda Internet torunyň ösüşini we internet-hyzmatlaryny etmegi hukuk taýdan düzgünleşdirmek hakynda Türkmenistanyň kanunçylygy Türkmenistanyň Konstitusiýasyna esaslanýar, şu Kanundan we Internet torunyň ösdürilmegi we…
3-nji madda
Şu Kanunyň maksatlary we wezipeleri
1. Şu Kanunyň esasy maksatlary aşakdakylardyr: 1) Şu Kanun bilen düzgünleşdirilýän gatnaşyklaryň subýektleriniň bähbitlerine Türkmenistanda Internet toruny ösdürmek üçin durnukly we netijeli ulanylýan hukuk binýadyny döretmek; 2) Internet…
4-nji madda
Şu Kanunyň hereket ediş çygry
1. Şu Kanunyň hereketi hyzmatlaryň edilen ýeri we (ýa-da) Internet toruny peýdalanyjynyň ýerleşýän ýeri Türkmenistanyň çägi bolan mahalynda Türkmenistanyň hukuk tabynlygy astynda amala aşyrylan diýlip hasap edilýän internet-hyzmatyna we…
5-nji madda
Şu Kanun bilen düzgünleşdirilýän gatnaşyklaryň subýektleri
Şu Kanun bilen düzgünleşdirilýän gatnaşyklaryň subýektleri aşakdakylardyr: 1) Türkmenistanda Internet torunyň ösüşini we peýdalanylyşyny düzgünleşdirmek babatda ygtyýarly döwlet edaralary; 2) Internet toruny peýdalanyjylar; 3) Internet…
6-njy madda
Türkmenistanda Internet torunyň ösüşi bilen baglanyşykly gatnaşyklary düzgünleşdirmegiň esasy ýörelgeleri
Türkmenistanda Internet toruny ösdürmek bilen baglanyşykly gatnaşyklary düzgünleşdirmek şu aşakdaky esasy ýörelgeleri berjaý etmek bilen amala aşyrylýar: 1) Türkmenistanyň raýatlarynyň Internet toruny peýdalanmaga we onda ýerleşdirilen…
7-nji madda
Internet-hyzmatlaryny bermek boýunça işiň çygrynda döwlet syýasatynyň esasy ugurlary
Şu aşakdakylar internet-hyzmatlaryny bermek boýunça işiň çygrynda döwlet syýasatynyň esasy ugurlarydyr: 1) Internet torlaryna birikdirilen, kompýuter enjamlaryny peýdalanmakda berilýän döwlet we döwlete dahylsyz gurluşlaryň…
8-nji madda
Türkmenistanda Internet torunyň ösüşini döwlet tarapyndan goldamak
1. Döwlet Türkmenistanda Internet torunyň ösüşini höweslendirýär we goldaýar. 2. Döwlet şu aşakdakylary üpjün edýän çäreleri kabul edýär: 1) Internet toruna deň hukukly, hukuk taýdan kemsitmezden elýeterliligi; 2) maglumat hyzmatlaryny we…
9-njy madda
Internet-hyzmatlaryny etmek babatda ygtyýarlylandyrmak we sertifikatlaşdyrmak
1. Internet-hyzmatlaryny etmek boýunça fiziki we ýuridik şahslaryň işini ygtyýarlylandyrmak Türkmenistanyň kanunçylygynda we Türkmenistanyň beýleki kadalaşdyryjy hukuk namalarynda bellenilen tertipde amala aşyrylýar. 2.…
10-njy madda
Türkmenistanda Internet torunyň ösdürilmegini we peýdalanylmagyny düzgünleşdirmek işine gatnaşyjylar
1. Türkmenistanda Internet torunyň ösdürilmegini we peýdalanylmagyny düzgünleşdirmek işine gatnaşyjylar şu aşakdakylardyr: 1) Internet torunyň ösdürilmegini we peýdalanylmagyny düzgünleşdirmek babatda ygtyýarly döwlet edaralary; 2)…
11-nji madda
Internet torunyň ösdürilmegini we peýdalanylmagyny düzgünleşdirmek babatda ygtyýarly döwlet edaralarynyň ygtyýarlyklary
Internet torunyň ösdürilmegini we peýdalanylmagyny düzgünleşdirmek babatda ygtyýarly döwlet edaralary: 1) Internet toruny ösdürmek babatda we milli hem-de halkara derejelerinde internet-hyzmatlaryny bermegiň döwlet syýasatyny işläp…
11¹-nji madda
Milli bellige alyjynyň ygtyýarlyklary
1. «.TM» ýokarky derejeli milli domende domen atlary we internet saýtlary Milli bellige alyjy tarapyndan bellige alynýar. Milli bellige alyjynyň domen atlaryny bellige almak hyzmatlary hem-de hostingiň internet-hyzmatlary tölegli amala…
12-nji madda
Internet torunyň ösdürilmegini we peýdalanylmagyny düzgünleşdirmek babatda Internet torunyň hyzmatlarynyň operatorlarynyň ygtyýarlyklary
1. Internet torunyň hyzmatlarynyň operatorlary: 1) Türkmenistanyň Internet torundan peýdalanyjylaryny Internet toruna elýeterlilik bilen üpjün edýärler; 2) Türkmenistanyň Internet torundan peýdalanyjylaryna internet-tehnologiýalaryny…
13-nji madda
Internet toruna birikdirmek hyzmatlaryny etmek
1. Döwlet häkimiýet edaralary üçin olaryň kompýuter torlaryny Internet toruna birikdirmek hökmany bolup durýar. Bu edaralary Internet toruna birikdirmegiň tertibi we şertleri, şol sanda şeýle torlarda bar bolan maglumaty goramagyň…
14-nji madda
Elektron poçtanyň internet-hyzmatlarynyň berilmegi
1. Elektron poçtanyň internet-hyzmatlaryny etmegiň şertnamasy boýunça Internet torunyň hyzmatlarynyň operatory hyzmatlary sarp edijä salgyny bermäge we bu salga gönükdirilen habary Internet torunyň üsti bilen kabul etmäge, şeýle hem…
15-nji madda
Hostingiň internet-hyzmatlaryny etmegi
Hostingiň internet-hyzmatlaryny etmeginiň şertnamasy boýunça Internet torunyň hyzmatlarynyň operatory Internet toruny peýdalanyjylara Internet toruna hemişelik birikdirilen enjamda bu serişdäni ýerleşdirmek arkaly maglumat serişdesine…
16-njy madda
Döwlet häkimiýet edaralary, ýerli öz-özüňi dolandyryş edaralary tarapyndan internet-hyzmatlaryny bermek
1. Döwlet häkimiýet edaralarynyň, ýerli öz-özüňi dolandyryş edaralarynyň internet-hyzmatlary, eger anyk internet-hyzmatlaryny bermek mümkinçiligi Türkmenistanyň kanunçylygynda gadagan edilmedik bolsa, Internet torundaky ýörite saýtyň üsti…
17-nji madda
Internet torunda döwlet häkimiýet edaralarynyň, ýerli öz-özüňi dolandyryş edaralarynyň işi hakynda maglumat bermek
1. Döwlet häkimiýet edaralary, ýerli öz-özüňi dolandyryş edaralary öz işi hakynda maglumaty ýerleşdirmek üçin Internet torunda öz resmi saýtlaryny döredýärler. Döwlet häkimiýet edaralary, ýerli öz-özüňi dolandyryş edaralary Türkmenistanyň…
18-nji madda
Habary köpçülikleýin ýaýratmak boýunça internet-hyzmatlaryny bermek
1. Köpçülikleýin habar bermegiň çap serişdeleriniň redaksiýalary öz neşiriniň elektron görnüşini Internet torunda goýup bilerler. Neşiriň elektron görnüşi, kada bolşy ýaly, onuň çap görnüşiniň mazmunyna laýyk gelýär, onuň dizaýnyny we…
19-njy madda
Internet torunyň kanallary boýunça berilýän maglumatlara bolan talaplar
1. Internet torunyň kanallary boýunça maglumat berýän adam ony internet-hyzmatlaryny etmek baradaky şertnamada görkezilen talaplara laýyk gelýän görnüşde bermelidir. 2. Internet hyzmatlaryny etmek baradaky şertnamada maglumatyň görnüşine…
20-nji madda
Internet-hyzmatlary edilende maglumaty bermek boýunça borçnamalary ýerine ýetirmegiň pursady
Eger internet-hyzmatlaryny etmek baradaky şertnamada başga zat göz öňünde tutulmadyk bolsa, maglumaty bermek borjy şertnamanyň güýjünde iberijiden alyjynyň ýa-da onuň başga görkezen adamynyň salgysyna maglumaty bermäge borçly, Internet…
21-nji madda
Internet torunyň hyzmatlarynyň operatory tarapyndan maglumaty ibermegiň möhletleri
1. Internet torunyň hyzmatlarynyň operatory alnan maglumaty özüne görkezilen salga bellenilen möhletiň dowamynda ibermäge borçludyr, onuň möhleti internet-hyzmatlaryny etmegiň kadalary bilen bellenilýär. 2. Internet torunyň hyzmatlarynyň…
22-nji madda
Internet-hyzmatlary edilende Internet torunyň hyzmatlarynyň operatory tarapyndan habary we ol hakdaky maglumatlary resmileşdirmek
1. Internet-hyzmatlary edilende Internet torunyň hyzmatlarynyň operatory tarapyndan habary we ol hakdaky maglumatlary resmileşdirmek internet-hyzmatlaryny etmek baradaky şertnama laýyklykda we Türkmenistanyň kadalaşdyryjy hukuk namalary…
23-nji madda
Internet-hyzmatlary edilende habary ibermek boýunça borçnamalaryň ýerine ýetirilmegini tassyklamak
1. Habary iberijiniň ýa-da maglumaty kabul edijiniň talap etmegi boýunça Internet torunyň hyzmatlarynyň operatory Türkmenistanyň kanunçylygynda bellenilýän görnüş boýunça şu Kanunyň 22-nji maddasynyň esasynda habaryň alnandygy ýa-da…
24-nji madda
Internet-hyzmatlarynyň edilýän ýeri
Internet-hyzmatlarynyň edilýän ýeri diýlip, Internet toruny peýdalanyjynyň ýaşaýan ýeri ýa-da bolýan ýeri boýunça - fiziki şahsyň bellige alynýan ýeri ýa-da eger Türkmenistanyň kanunçylygynda başga zat göz öňünde tutulmadyk bolsa, Internet…
Öňki
1 / 2
Indiki