Yza
Hukukçy
Kanunlar
Kanunlar
Kömek
Resminamany barla
Içeri gir
Kanunlar
«Gymmatly kagyzlar bazary hakynda» Türkmenistanyň Kanuny
kanun
08.11.2014 · № 139-V
«Gymmatly kagyzlar bazary hakynda» Türkmenistanyň Kanuny
54 madda · 30 sahypa
54 madda
1-nji madda
Şu Kanunda ulanylýan esasy düşünjeler
1. Şu Kanunda şu aşakdaky esasy düşünjeler ulanylýar: 1) emissiýa - emitent tarapyndan gymmatly kagyzlaryň goýberilmegi we olaryň raýat-hukuk geleşikleriniň baglaşylmagy arkaly birinji eýelerine ýerlenilmegi; 2) emissiýaly gymmatly…
2-nji madda
Türkmenistanyň gymmatly kagyzlar bazary hakynda kanunçylygy
1. Türkmenistanyň gymmatly kagyzlar bazary hakynda kanunçylygy Türkmenistanyň Konstitusiýasyna esaslanýar we şu Kanundan, Türkmenistanyň gymmatly kagyzlaryň emissiýasynyň we dolanyşygynyň meselelerini we maýa goýum işini düzgünleşdirýän…
3-nji madda
Şu Kanunyň hereket edýän çygry
1. Şu Kanunyň hereketi gymmatly kagyzlaryň bazarynda şu aşakdaky gymmatly kagyzlaryň emissiýasynda we dolanyşygynda ýüze çykýan gatnaşyklara degişli bolup durýar: 1) paýnamalaryň; 2) obligasiýalaryň; 3) geçirilýän wekselleriň; 4)…
4-nji madda
Gymmatly kagyzlar bazarynyň döwlet tarapyndan düzgünleşdirilmeginiň esaslary
Gymmatly kagyzlar bazarynyň döwlet tarapyndan düzgünleşdirilmegi şu aşakdakylaryň esasynda amala aşyrylýar: 1) gymmatly kagyzlar bazaryna gatnaşyjylaryň işine hökmany talaplaryň bellenilmegi; 2) gymmatly kagyzlaryň emissiýasynyň (goşmaça…
5-nji madda
Gymmatly kagyzlar bazarynyň döwlet tarapyndan düzgünleşdirilmegini amala aşyrýan edaralar
Türkmenistanyň Ministrler Kabineti we Türkmenistanyň Maliýe we ykdysadyýet ministrligi (mundan beýlak - ygtyýarly edara) gymmatly kagyzlar bazarynyň döwlet tarapyndan düzgünleşdirilmegini amala aşyrýan edaralar bolup durýarlar.
6-njy madda
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň ygtyýarlylygy
Türkmenistanyň Ministrler Kabineti gymmatly kagyzlar bazary babatynda: 1) şulary kesgitleýär: a) ýeke-täk döwlet syýasatyny; b) Türkmenistanyň gymmatly kagyzlar bazarynda emissiýasy we dolanyşygy göz öňünde tutulýan gymmatly kagyzlaryň…
7-nji madda
Ygtyýarly edaranyň ygtyýarlylygy
Ygtyýarly edara gymmatly kagyzlar bazary babatynda: 1) ýeke-täk döwlet syýasatyny durmuşa geçirýär; 2) şulary amala aşyrýar: a) gymmatly kagyzlar bazarynyň döwlet ösüş maksatnamasynyň taslamasynyň işlenilip düzülmegini; b) gymmatly…
8-nji madda
Ygtyýarly edaranyň hukuklary
Ygtyýarly edaranyň şu aşakdakylara hukugy bardyr: 1) Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykda gymmatly kagyzlar bazarynda hünär işiniň ygtyýarlylandyrylmagyny amala aşyrmaga; 2) gymmatly kagyzlar bazarynyň hünärli gatnaşyjylary üçin (karz…
9-njy madda
Gymmatly kagyzlar bazarynda hünär işiniň ygtyýarlylandyrylmagy
Gymmatly kagyzlar bazarynda hünär işiniň ygtyýarlylandyrylmagy Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykda amala aşyrylýar.
10-njy madda
Gymmatly kagyzlar bazaryna gatnaşyjylar
1.Gymmatly kagyzlaryň emitentleri, maýa goýujylar we gymmatly kagyzlar bazarynyň hünärli gatnaşyjylary gymmatly kagyzlar bazarynyň gatnaşyjylary bolup durýar. 2. Gymmatly kagyzlaryň emitenti - şu Kanuna laýyklykda gymmatly kagyzlaryň…
11-nji madda
Gymmatly kagyzlar bazaryndaky hünärmençilik işiniň görnüşleri
1. Türkmenistanyň gymmatly kagyzlar bazarynda hünärmençilik işiniň şu aşakdaky görnüşleri amala aşyrylyp bilner: 1) dellalçylyk işi (maliýe araçylygy); 2) dilerçilik işi; 3) gymmatly kagyzlary dolandyrmak boýunça iş; 4) özara borçnamalary…
12-nji madda
Gymmatly kagyzlar bazarynda hünärmençilik işiniň amala aşyrylmagyna çäklendirmeler
1. Dellalçylyk we (ýa-da) dilerçilik işini amala aşyrýan gymmatly kagyzlar bazarynyň hünärli gatnaşyjylarynyň şu aşakdakylara hukugy ýokdur: 1) eger-de görkezilen geleşikleriň baglaşylmagy we amala aşyrylmagy müşderileriň bähbitlerine…
13-nji madda
Dellalçylyk işi
1. Dellalçylyk işi diýlip gymmatly kagyzlar bazarynyň hünärli gatnaşyjysy-dellal tarapyndan tabşyryk ýa-da komissiýa şertnamasy esasynda hereket edýän wekil ýa-da komissioner hökmünde gymmatly kagyzlar bilen raýat-hukuk geleşikleriniň…
14-nji madda
Dilerçilik işi
1. Gymmatly kagyzlar bazarynyň hünärli gatnaşyjysy-diler tarapyndan öz adyndan we oz hasabyna satyn alyş we (ýa-da) satyş nyrhlarynyň jemagat yglan edilmegi arkaly ol gymmatly kagyzlar boýunça geleşikleriň yglan edilen nyrhlar boýunça…
15-nji madda
Gymmatly kagyzlaryň dolandyrylmagy boýunça iş
1. Gymmatly kagyzlar bazarynda gymmatly kagyzlary dolandyrmak boýunça iş diýlip, gymmatly kagyzlar bazarynyň hünärli gatnaşyjysy-ynançly dolandyryjy tarapyndan öz adyndan höweslendirmäniň hasabyna we kesgitli möhletiň dowamynda gymmatly…
16-njy madda
Özara borçnamalaryň kesgitlenilmegi boýunça iş (kliring)
1. Gymmatly kagyzlar bazarynyň hünärli gatnaşyjysynyň - kliring guramasynyň özara borçnamalaryň kesgitlenilmegi we olaryň gymmatly kagyzlar bilen geleşikleriň amala aşyrylmagynyň netijeleri boýunça hasaba alynmagy boýunça işi özara…
17-nji madda
Depozitar işi
1. Depozitar işi diýlip, gymmatly kagyzlar bazarynyň ýöriteleşdirilen hünärli gatnaşyjysy - depozitariý tarapyndan depozitariý bilen depozitariniň hyzmatlaryndan peýdalanýan şahsyň - deponentiň arasynda baglaşylan depozitar şertnamanyň…
18-nji madda
Kastodial işi
1. Gymmatly kagyzlar bazaryndaky kastodial işi diýlip, gymmatly kagyzlar bazarynyň hünärli gatnaşyjysy kastodian-karz edarasy tarapyndan emissiýaly gymmatly kagyzlaryň we beýleki maliýe gurallarynyň, şeýle hem müşderileriň pul…
19-njy madda
Gymmatly kagyzlaryň eýeleriniň sanawyny ýöretmek boýunça iş
1. Gymmatly kagyzlaryň eýeleriniň sanawyny ýöretmek boýunça iş diýlip sanawy saklaýjy (bellige alyjy) diýlip atlandyrylýan ýuridik şahs tarapyndan amala aşyrylýan, gymmatly kagyzlaryň eýeleriniň sanawyny düzýän maglumatlaryň toplanylmagy,…
20-nji madda
Gymmatly kagyzlaryň nominal saklaýjysy
1. Depozitariniň deponenti bolup we bu gymmatly kagyzlaryň eýesi bolmadyk gymmatly kagyzlaryň eýeleriniň sanawynda bellige alnan ýuridik şahs gymmatly kagyzlaryň nominal saklaýjysy bolup durýar. 2. Gymmatly kagyzlar bazarynyň hünärli…
21-nji madda
Gymmatly kagyzlar bazarynda söwdanyň guralmagy boýunça iş. Gazna biržasy
1. Gymmatly kagyzlar bazarynyň hünärli gatnaşyjysy-gazna biržasy tarapyndan gymmatly kagyzlar bazarynyň gatnaşyjylarynyň arasynda emissiýaly gymmatly kagyzlar we beýleki maliýe gurallary bilen raýat-hukuk geleşikleriniň gös-göni…
22-nji madda
Gazna biržasynyň esaslandyryjylary
1. Şu Kanuna laýyklykda dellalçylyk we (ýa-da) dilerçilik işini amala aşyrmaga hukugy bolan gymmatly kagyzlar bazarynyň hünärli gatnaşyjylarygazna biržasynyň esaslandyryjylary bolup bilerler. Türkmenistanyň Ministrler Kabineti tarapyndan…
23-nji madda
Gazna biržasynda agzalyk
1. Gymmatly kagyzlar bazarynyň hünärli gatnaşyjylary gazna biržasynyň agzalary bolup biler. 2. Gazna biržasynyň agzalarynyň sany biržanyň geňeşi tarapyndan kesgitlenilýär, ýöne alty senenama aýynyň dowamynda üçden az bolup bilmez. 3. Gazna…
24-nji madda
Gazna biržasynyň tertipnamasy we düzgünleri
1. Gazna biržasy onuň ýokary dolandyryş edarasy tarapyndan tassyklanylan tertipnamasy we gazna birža söwdasynyň düzgünleri esasynda hereket edýär. 2. Gazna biržasynyň tertipnamasynda Türkmenistanyň kanunçylygynda bellenilen maglumatlar…
25-nji madda
Gazna biržasynyň işiniň maliýeleşdirilmegi
1. Gazna biržasynyň işiniň maliýeleşdirilmegi şu aşakdakylaryň hasabyna amala aşyrylýar: 1) gazna biržasynyň paýnamalarynyň satylmagynyň; 2) gazna biržasynyň agzalarynyň giriş we yzygiderli agzalyk gatançlarynyň; 3) birža geleşikleriniň…
Öňki
1 / 3
Indiki