Yza
Hukukçy
Kanunlar
Kanunlar
Kömek
Resminamany barla
Içeri gir
Kanunlar
«Weterinariýa işi hakynda» Türkmenistanyň Kanuny
kanun
08.11.2014 · № 143-V
«Weterinariýa işi hakynda» Türkmenistanyň Kanuny
30 madda · 16 sahypa
30 madda
1-nji madda
Şu Kanunda ulanylýan esasy düşünjeler
Şu Kanunda aşakdaky esasy düşünjeler ulanylýar: 1) weterinariýa işi - ýuridik we fiziki şahslaryň haýwanlaryň keselleriniň öňüni almaga we olary bejermäge, gelip çykyşy haýwanlardan bolan oňat hilli hem-de weterinariýa babatda howpsuz…
2-nji madda
Weterinariýa işi hakynda Türkmenistanyň kanunçylygy
Weterinariýa işi hakynda Türkmenistanyň kanunçylygy Türkmenistanyň Konstitusiýasyna esaslanýar we şu Kanundan hem-de weterinariýa işini amala aşyrmak bilen bagly gatnaşyklary düzgünleşdirýän Türkmenistanyň beýleki kadalaşdyryjy hukuk…
3-nji madda
Weterinariýa işiniň esasy ýörelgeleri
Weterinariýa işiniň esasy ýörelgeleri şulardan ybaratdyr: 1) adamlar hem-de haýwanlar üçin umumy bolan kesellerden ilaty goramak; 2) weterinariýa gözegçilik barlagyna degişli maldarçylyk önümleriniň hilini we howpsuzlygyny üpjün etmek; 3)…
4-nji madda
Gullugyň we onuň ýerli edaralarynyň wezipeleri
Gullugyň we onuň ýerli edaralarynyň wezipeleri şulardan ybaratdyr: 1) döwlet syýasatynyň weterinariýa işi babatda ýörelgelerini kesgitlemek; 2) weterinariýa işini guramak we döwlet weterinariýa gözegçiligini amala aşyrmak; 3) weterinariýa…
5-nji madda
Weterinariýa işi babatda döwlet düzgünleşdirmesini amala aşyrýan edaralar
Weterinariýa işi babatda döwlet düzgünleşdirmesi Türkmenistanyň Ministrler Kabineti, Türkmenistanyň Oba hojalyk ministrligi (mundan beýläk - ygtyýarlandyrylan edara), Gulluk, ýerine ýetiriji häkimiýetiň ýerli we ýerli öz-özüňi dolandyryş…
6-njy madda
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň weterinariýa işi babatda ygtyýarlyklary
Türkmenistanyň Ministrler Kabineti: 1) weterinariýa işi babatda döwlet syýasatyny kesgitleýär; 2) eýeçiliginiň görnüşine garamazdan degişli kärhanalaryň we guramalaryň weterinariýa babatdaky işini düzgünleşdirmegi amala aşyrýar; 3)…
6¹-njy madda
Ygtyýarlandyrylan edaranyň weterinariýa işi babatda ygtyýarlyklary
Ygtyýarlandyrylan edara: 1) weterinariýa işi babatda döwlet syýasatyny amala aşyrýar; 2) adamlar hem-de haýwanlar üçin umumy bolan aýratyn howply ýokanç keseller bilen kesellän haýwanlardan alnan, gelip çykyşy haýwanlardan bolan önümleri…
7-nji madda
Gullugyň ygtyýarlyklary
1. Gulluk: 1) gelip çykyşy haýwanlardan bolan önümler, balygyň, piläniň we düzümine haýwanlardan önýän önümler goşulan konditer önümleriniň öndürilişine, gaýtadan işlenilişine, saklanylyşyna weterinariýa talaplaryna laýyklykda gözegçilik…
8-nji madda
Weterinariýa işi babatda ýerine ýetiriji häkimiýetiň ýerli we ýerli öz-özüňi dolandyryş edaralarynyň ygtyýarlyklary
Ýerine ýetiriji häkimiýetiň ýerli edaralary we ýerli öz-özüňi dolandyryş edaralary özleriniň garamagyndaky çäklerde: 1) Gulluga we onuň ýerli edaralaryna öz wezipelerini ýerine ýetirmekleri üçin şertleri döredýärler; 2) eýeleri tarapyndan…
9-njy madda
Gullugy we onuň ýerli edaralaryny hem-de olaryň weterinariýa işi babatda çärelerini maliýeleşdirmek
1. Gullugyň we onuň ýerli edaralarynyň işiniň maliýeleşdirilişi we maddy-tehniki taýdan üpjünçiligi Türkmenistanyň Döwlet býujetiniň, edilen weterinariýa hyzmatlaryndan alnan serişdeleriň, haýwanlara ulanylýan derman serişdelerini…
10-njy madda
Weterinariýa işini ygtyýarlylandyrmak
1. Weterinariýa işini ygtyýarlylandyrmak «Işiň aýry-aýry görnüşlerini ygtyýarlylandyrmak hakynda» Türkmenistanyň Kanunyna we şu Kanuna laýyklykda amala aşyrylýar. 2. Türkmenistanda weterinariýa işini ygtyýarlylandyrmak hakyndaky Düzgünnama…
11-nji madda
Haýwanlary ätiýaçlandyrmak
Ýuridik we fiziki şahslar özlerine degişli haýwanlary Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykda meýletin ätiýaçlandyryp bilerler.
12-nji madda
Döwlet weterinariýa gözegçiligi
1. Döwlet weterinariýa gözegçiligi - munuň özi, Gullugyň we onuň ýerli edaralarynyň Türkmenistanyň weterinariýa işi barada kanunçylygynyň bozulmalarynyň önüni almaga, ýokanç kesellerden saplamaga, ýokanç keselleriň ýaýradylmagynyň önüni…
13-nji madda
Türkmenistanyň Baş döwlet weterinariýa gözegçisiniň, welaýatlaryň, etraplaryň we şäherleriň döwlet weterinariýa gözegçileriniň hukuklary
Türkmenistanyň Baş döwlet weterinariýa gözegçisiniň, welaýatlaryň, etraplaryň we şäherleriň döwlet weterinariýa gözegçileriniň şu aşakdakylara hukuklary bardyr: 1) Türkmenistanyň weterinariýa işi babatdaky kanunçylygynyň ýerine…
14-nji madda
Ministrlikleriň, pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň we eýeçiliginiň görnüşine garamazdan ýuridik şahslaryň weterinariýa gulluklary
1. Haýwanlary saklaýan ministrlikler, pudaklaýyn dolandyryş edaralary we eýeçiliginiň görnüşine garamazdan ýuridik şahslar Gulluk bilen ylalaşylmagy boýunça, öz serişdeleriniň hasabyna pudaklaýyn weterinariýa gulluklaryny döretmäge…
15-nji madda
Ministrlikleriň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň we eýeçiliginiň görnüşine garamazdan ýuridik şahslaryň weterinariýa gözegçiligi
1. Ministrlikleriň, pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň we eýeçiliginiň görnüşine garamazdan ýuridik şahslaryň weterinariýa gulluklarynyň hünärmenleri öz hojalyklarynda haýwanlaryň saklanyşyna, maldarçylyk we guşçulyk önümleriniň…
16-njy madda
Weterinariýa gözegçiligine degişli desgalary taslamalaşdyrmak we gurmak
Eýeçiliginiň görnüşine garamazdan, weterinariýa gözegçiligine degişli önümleri öndürmek, gaýtadan işlemek we saklamak üçin gurulmagy meýilleşdirilýän desgalaryň taslamalary taýýarlananda we desgalar gurlanda weterinariýa-sanitariýanyň…
17-nji madda
Haýwanlaryň eýeleriniň hukuklary we borçlary
1. Haýwanlaryň eýeleriniň şu aşakdakylara hukuklary bardyr: 1) haýwanlara, maldarçylyk önümlerine geçirilen ýörite barlaglaryň netijeleri barada hem-de haýwanlaryň saklanýan ýerleriniň epizootiýa ýagdaýy hakynda ýerli edaralardan maglumat…
18-nji madda
Haýwanlaryň ýokanç keselleriniň beýleki döwletleriň çäklerinden getirilmeginden Türkmenistanyň çäklerini goramak
1. Weterinar gözegçilik barlagyna degişli haýwanlaryň we maldarçylyk önümleriniň Türkmenistanyň çägine getirilmegine weterinariýa babatda halkara talaplary, Türkmenistanyň halkara şertnamalarynyň kadalary, şeýle hem zerurlyk ýüze çykan…
19-njy madda
Karantin girizilmegiň şertleri
1. Türkmenistanyň çägine daşary ýurtlardan haýwanlar getirilende we ýurdumyzyň çägindäki haýwanlarda ýokanç keselleri dörän ýagdaýynda onyň ýaýraýyş we zyýan ýetiriş derejesine görä weterinariýa gullugynyň ýüz tutmasy esasynda, ýerine…
20-nji madda
Haýwanlary kesellerden gorap saklamak üçin weterinariýada ulanylýan serişdeler
1. Haýwanlaryň kesellerini anyklamak, keselleriň öňüni almak, bejermek üçin ulanylýan weterinariýa derman serişdeleri, şeýle-de bejermegiň adaty bolmadyk halk usullary hem-de haýwanlary kesellerden gorap saklamagyň beýleki serişdeleri…
21-nji madda
Weterinariýa gözegçiligine degişli önümleriň eksporty we importy
1. Döwlet weterinariýa gözegçiligine degişli önümleriň eksporty we importy Gullugyň rugsat bermegi bilen amala aşyrylýar. 2. Daşary ýurtlardan Türkmenistana getirilýän ýa-da onyň çäginden çykarylýan weterinariýa gözegçiligine degişli…
22-nji madda
Ot-iýmlere, ot-iým goşundylaryna bildirilýän talaplar
1. Degişli barlaglar geçirilenden soňra döwlet tarapyndan hasaba alnandygy barada şahadatnama berlen ot-iýmleri, ot-iým goşundylaryny daşary ýurtlardan Türkmenistana getirmek, ýurdumyzda öndürmek, önümçilige ornaşdyrmak, ýerlemek, ulanmak…
23-nji madda
Epizootiýa garşy adatdan daşary topar
Kärhanalara, edaralara, guramalara we raýatlara degişli haýwanlaryň ýokanç we ýokanç däl köpçülikleýin keselleriniň ýaýramagynyň önüni almak we olaryň ojaklaryny ýok etmek boýunça işlere dessin ýolbaşçylyk etmek hem-de şol işleri…
24-nji madda
Weterinariýa işiniň ylmy üpjünçiligi
1. Weterinariýa işi bilen meşgullanmaga, ýuridik we fiziki şahs hökmünde bellenilen tertipde bellige alnan we şol işi amala aşyrmaga hukuk berýän orta hünär we ýokary hünär bilimi bolan weterinariýa hünärmenlerine rugsat berilýär. 2.…
Öňki
1 / 2
Indiki