Yza
Hukukçy
Kanunlar
Kanunlar
Kömek
Resminamany barla
Içeri gir
Kanunlar
«Halkara täjirçilik arbitražy hakynda» Türkmenistanyň Kanuny
kanun
16.08.2014 · № 101-V
«Halkara täjirçilik arbitražy hakynda» Türkmenistanyň Kanuny
48 madda · 15 sahypa
48 madda
1-nji madda
Şu Kanunyň ulanylýan çygry
1. Arbitražyň ýeri Türkmenistanyň çäginde ýerleşýän bolsa, şu Kanun halkara täjirçilik arbitražy üçin ulanylýar. Şu Kanunyň 8-nji, 9-njy, 25-nji, 26-njy, 27-nji, 46-njy we 47-nji maddalarynda göz öňünde tutulan düzgünler haçanda arbitražyň…
2-nji madda
Düşünjeleri kesgitlemek we Kanunyň aýry-aýry düzgünlerini düşündirmegiň kadalary
1. Şu Kanunyň maksatlary üçin aşakdaky esasy düşünjeler ulanylýar: 1) "halkara täjirçilik arbitražy" - anyk jedeliň seredilmegi üçin ýörite döredilen arbitraž ýa-da hemişelik hereket edýän arbitraž ýa-da jedele ýekelikde seredýän…
3-nji madda
Ýazmaça habarlary almak
1. Eger taraplar başga zat hakda ylalaşmadyk bolsalar: 1) islendik ýazmaça habar, eger ol adresata elin ýa-da onuň täjirçilik kärhanasyna, onuň hemişelik ýerleşýän (ýaşaýan) ýerine ýa-da poçta salgysyna eltilse, alnan diýlip hasap edilýär.…
4-nji madda
Garşylyga bolan hukukdan ýüz döndermek
Şu Kanunyň haýsydyr bir düzgüninden taraplaryň dänip biljekdigini ýa-da arbitraž ylalaşygynda göz öňünde tutulan haýsydyr bir bildirilen talabyň berjaý edilmändigini bilýän tarap, şeýle-de bolsa arbitraž seljerişine gatnaşmagyny dowam…
5-nji madda
Kazyýetiň gatyşmagynyň çäkleri
Şu Kanun bilen düzgünleşdirilýän meseleler boýunça, şu Kanunda onuň göz öňünde tutulan halatlardan başga ýagdaýlarda, hiç bir kazyýetiň gatyşmagyna ýol berilmeli däldir.
6-njy madda
Arbitraž babatda ýardam etmegiň we gözegçilik etmegiň wezipelerini ýerine ýetirýän edaralar
1. Şu Kanunyň 11-nji maddasynyň üçünji we dördünji böleklerinde, 13-nji maddasynyň üçünji böleginde, 14-nji maddasynyň birinji böleginde we 16-njy maddasynyň üçünji böleginde görkezilen wezipeler Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynyň…
7-nji madda
Arbitraž ylalaşygynyň kesgitlemesi we görnüşi
1. "Arbitraž ylalaşygy" - munuň özi onuň şertnamalaýyn häsiýete eýedigine ýa-da däldigine garamazdan haýsydyr bir anyk hukuk gatnaşygy bilen baglanyşykly olaryň arasynda ýüze çykan ýa-da ýüze çykyp biljek ähli ýa-da belli bir jedelleri…
8-nji madda
Arbitraž ylalaşygy we kazyýete jedeliň düýp manysy boýunça hak islegini bildirmek
1. Arbitraž ylalaşygynyň mazmuny bolup durýan mesele boýunça hak islegi berlen kazyýet, eger taraplaryň biri bu hakda jedeliň düýp manysy boýunça özüniň ilkinji arzasyny bereninden gijä galman bu hakda haýyş etse, eger bu ylalaşygyň hakyky…
9-njy madda
Arbitraž ylalaşygy we kazyýetiň üpjünçilik çäreleri
Arbitraž seljerişine çenli ýa-da onuň wagtynda hak islegini üpjün etmek boýunça çäreleri görmek hakynda haýyş bilen tarapyň kazyýete ýüz tutmagy we kazyýet tarapyndan şeýle çäreleri görmek hakynda kesgitnamanyň çykarylmagy arbitraž…
10-njy madda
Arbitrleriň sany
1. Taraplar arbitrleriň sanyny öz garamagyna görä kesgitläp bilerler, ol täk bolmalydyr. 2. Eger taraplar bu sany kesgitlemeseler, onda bellenen tertipde üç arbitr bellenilýär.
11-nji madda
Arbitrleri bellemek
1. Eger taraplar başga zat hakda ylalaşmasalar, hiç bir adam özüniň raýatlygy sebäpli arbitr hökmünde çykyş etmek hukugyndan mahrum edilip bilinmez. 2. Taraplar şu maddanyň dördünji we bäşinji böleklerinde göz öňünde tutulan talaplar…
12-nji madda
Arbitre ynanmazlyk bildirmek üçin esaslar
1. Arbitr hökmünde haýsydyr bir adamyň bellenilmek mümkinçiligi bilen baglanyşykly oňa ýüz tutulan halatynda bu adam özüniň tarapgöýsüzligi ýa-da garaşsyzlygy babatda esaslandyrylan şübheleri döredip biljek islendik ýagdaýlar hakynda habar…
13-nji madda
Arbitre ynanmazlyk bildirmek tertibi
1. Taraplar şu maddanyň üçünji böleginde göz öňünde tutulan talaplar berjaý edilende arbitre ynanmazlyk bildirmek tertibi hakynda öz garamagyna görä ylalaşyp bilerler. 2. Şeýle ylalaşyk bolmadyk mahalynda arbitre ynanmazlyk bildirmegi…
14-nji madda
Borçlary ýerine ýetirmezlik ýa-da hereketiň mümkin bolmazlygy
1. Haçanda arbitr ýuridik taýdan ýa-da hakykat ýüzünde öz wezipelerini ýerine ýetirip bilmejek ýagdaýynda bolan halatynda ýa-da başga sebäpler boýunça aklap bolmajak gijikdirme bilen olary amala aşyrmasa, eger arbitr öz-özüne ynanmazlyk…
15-nji madda
Arbitri çalyşmak
Şu Kanunyň 13-nji ýa-da 14-nji maddalarynyň esasynda arbitriň ygtyýarlyklary bes edilende ýa-da şoňa görä onuň islendik başga sebäp boýunça öz-özüne ynanmazlyk bildirmegine görä ýa-da taraplaryň ylalaşmagy boýunça onuň ygtyýarlyklarynyň…
16-njy madda
Öz ygtyýarlylygy hakyndaky kararyň çykarylmagyna arbitraž kazyýetiniň hukugy
1. Arbitraž kazyýetiniň özi öz ygtyýarlylygy hakynda, şol sanda arbitraž ylalaşygynyň bolmagy ýa-da hakykylygy babatda islendik garşylyklar boýunça karar çykarmaga haklydyr. Bu maksatlar üçin şertnamanyň bölegi bolup durýan arbitraž…
17-nji madda
Arbitraž kazyýetiniň üpjünçilik çärelerini görmek boýunça ygtyýarlyklary
1. Eger taraplar başga zat hakynda ylalaşmasalar, arbitraž kazyýeti islendik tarapyň haýyşy boýunça özüniň zerur hasap edýän jedeliniň mazmuny babatda şeýle üpjünçilik çäreleriniň haýsydyr bir tarap tarapyndan görülmegi hakynda tabşyryklar…
18-nji madda
Üpjünçilik çäreleriniň görülmegi üçin şertler
1. Şu Kanunyň 17-nji maddasynyň ikinji böleginiň 1-nji, 2-nji we 3-nji bentlerine laýyklykda üpjünçilik çäresini soraýan tarap şu aşakdakylar babatda arbitraž kazyýetini ynandyrýar, ýagny: 1) ýitgileriň öwezini dolmak arkaly göwnejaý…
19-njy madda
Üpjün edijilik çäreleri barada deslapky karary çykarmak hakynda towakganama we ony çykarmak üçin şertler
1. Eger taraplar başga zat hakynda ylalaşmasalar, tarap islendik beýleki tarapa habar bermezden, arbitraž kazyýetine soralýan üpjün edijilik çäreleri barada deslapky karary çykarmak hakyndaky towakganama bilen bilelikde, soralýan üpjün…
20-nji madda
Üpjün edijilik çäreleri barada deslapky kararyň aýratyn düzgüni
1. Arbitraž kazyýeti üpjün edijilik çäreleri barada deslapky karary çykaranyndan soň, haýal etmän üpjünçilik çäresini görmek hakyndaky haýyş barada, üpjün edijilik çäreleri barada deslapky karary çykarmak boýunça towakganama hakynda,…
21-nji madda
Üpjünçilik çärelerini we üpjün edijilik çäreleri barada deslapky karary üýtgetmek, togtatmak, ýatyrmak
Arbitraž kazyýeti taraplaryň biriniň arzasy boýunça bellenilen üpjünçilik çäresini ýa-da çykarylan üpjün edijilik çäreleri barada deslapky karary, ýa-da aýratyn ýagdaýlarda taraplar deslapdan habarly edilenden soň öz başlangyjy boýunça…
22-nji madda
Üpjünçiligi bermek
1. Arbitraž kazyýeti üpjünçilik çäresini soraýan tarapdan, bu çäre bilen baglanyşykly degişli üpjünçiligiň berilmegini talap edip biler. 2. Arbitraž kazyýeti üpjün edijilik çäreleri barada deslapky kararyň çykarylmagy hakynda towakga…
23-nji madda
Maglumaty açmak
1. Arbitraž kazyýeti islendik tarapdan üpjünçilik çäresi boýunça soralan ýa-da bellenilen ýagdaýlaryň esasynda ýüze çykan islendik düýpli üýtgeme hakynda maglumatyň haýal etmän açylmagyny talap edip biler. 2. Üpjün edijilik çäreleri barada…
24-nji madda
Harajatlar we ýitgiler
Eger arbitraž kazyýeti soňra bu ýagdaýlarda şu çäräniň bellenilmeli däldigini ýa-da bu kararyň çykarylmaly däldigini kesgitlese, üpjünçilik çäresini soraýan ýa-da üpjün edijilik çäreleri barada deslapky kararyň çykarylmagy hakynda towakga…
25-nji madda
Üpjünçilik çärelerini ykrar etmek we ýerine ýetirmek
1. Arbitraž kazyýeti tarapyndan çykarylan üpjünçilik çäresi hökmany güýje eýe diýlip ykrar edilýär we eger arbitraž kazyýeti tarapyndan başga zat göz öňünde tutulmasa, onuň çykarylan ýurduna garamazdan şu Kanunyň 26-njy maddasynda göz…
Öňki
1 / 2
Indiki