Yza
Hukukçy
Kanunlar
Kanunlar
Kömek
Resminamany barla
Içeri gir
Kanunlar
«Elektrik energetikasy hakynda» Türkmenistanyň Kanuny
kanun
16.08.2014 · № 104-V
«Elektrik energetikasy hakynda» Türkmenistanyň Kanuny
30 madda · 12 sahypa
30 madda
1-nji madda
Esasy düşünjeler
Şu Kanunda aşakdaky esasy düşünjeler ulanylýar: 1) elektroenergetika - Türkmenistanyň ykdysadyýetiniň elektrik (ýylylyk) energiýasynyň öndürilmegi, özgerdilmegi, geçirilmegi, ýerlenilmegi we sarp edilmegi bilen baglylykda ýüze çykýan…
2-nji madda
Türkmenistanyň elektrik energetikasy hakynda kanunçylygy
1. Türkmenistanyň elektrik energetikasy hakynda kanunçylygy Türkmenistanyň Konstitusiýasyna esaslanýar we şu Kanundan, Türkmenistanyň elektrik energetikasy çygryndaky gatnaşyklary düzgünleşdirýän beýleki kadalaşdyryjy hukuk namalaryndan…
3-nji madda
Türkmenistanyň ykdysady ulgamynda elektrik energetikasy we onuň aýratynlyklary
1. Elektrik energetikasy ykdysadyýetiň işlemeginiň we ýaşaýşyň üpjün edilmeginiň esasy bolup durýar. 2. Türkmenistanyň elektroenergetika ulgamynyň elektroenergetikanyň ýurduň içine we daşyna iberilmegi üçin niýetlenen harytlyk önümi bolup…
4-nji madda
Türkmenistanyň elektroenergetikasyndaky eýeçilik
1. Türkmenistanyň elektroenergetika ulgamynyň obýektleri döwlet eýeçiligi bolup durýar. 2. Elektroenergetika kärhanalaryna emläk doly hojalyk ýöretmek hukugynda berkidilýär. 3. Elektroenergetikanyň kärhanalary emläge Türkmenistanyň…
5-nji madda
Elektroenergetikanyň obýektleriniň ýerleşdirilmegi üçin ýerden peýdalanmagyň düzgünleşdirilişi
1. Elektroenergetikanyň obýektlerini ýerleşdirmek üçin ýer bölekleri Türkmenistanyň kanunçylygynda bellenilen tertipde hemişelik ulanylmaga berilýär. Elektroenergetikanyň obýektlerini ýerleşdirmek üçin berilýän ýer bölekleriniň ölçegleri…
6-njy madda
Elektroenergetikanyň işlemeginiň tehnologik we ykdysady esaslary
1. Türkmenistanyň elektroenergetika ulgamy elektroenergetikanyň işlemeginiň tehnologik esasyny düzýär. 2. Elektroenergetikanyň obýektleriniň elektrik (ýylylyk) energiýasynyň öndürilmegi, özgerdilmegi, geçirilmegi, ýerlenilmegi bilen…
7-nji madda
Elektrik energetikasy çygryndaky ykdysady gatnaşyklaryň guralyşynyň esasy ýörelgeleri
Şular elektrik energetikasy çygryndaky ykdysady gatnaşyklaryň guralyşynyň esasy ýörelgeleri bolup durýar: 1) elektroenergetikanyň bökdençsiz we ygtybarly işlemeginiň üpjün edilmegi; 2) elektroenergetikanyň tehnologik bitewüligi; 3)…
8-nji madda
Elektrik energetikasy babatda döwlet dolandyryşynyň esasy ugurlary
Şular elektrik energetikasy babatda döwlet dolandyryşynyň esasy ugurlary bolup durýar: 1) Türkmenistanyň elektroenergetika howpsuzlygynyň üpjün edilmegi; 2) çäklerdäki elektrik ulgamlarynyň sarp edijilere deň derejede elýeterliliginiň…
9-njy madda
Elektrik energetikasy babatda döwlet düzgünleşdirişini amala aşyrýan edaralar
Türkmenistanyň Ministrler Kabineti we Türkmenistanyň Energetika ministrligi (mundan beýläk - Ygtyýarly edara) elektrik energetikasy babatda döwlet düzgünleşdirişini amala aşyrýan edaralar bolup durýar.
10-njy madda
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň elektrik energetikasy babatda ygtyýarlyklary
Türkmenistanyň Ministrler Kabineti elektrik energetikasy babatda: 1) şulary kesgitleýär: a) elektrik energetikasy babatda döwlet syýasatyny; b) elektrik energetikasy babatda ykdysady özgertmeleriň esasy ýörelgelerini we ileri tutulýan…
11-nji madda
Ygtyýarly edaranyň elektrik energetikasy babatda ygtyýarlyklary
Ygtyýarly edara elektrik energetikasy babatda: 1) şulary durmuşa geçirýär: a)elektrik energetikasy babatda döwlet syýasatyny; b) elektrik energetikasy babatda ykdysady özgertmeleriň esasy ýörelgelerini we ileri tutulýan ugurlaryny; ç)…
12-nji madda
Ygtyýarly edaranyň hukuklary
Ygtyýarly edaranyň şulara hukugy bardyr: 1) elektrik (ýylylyk) energiýasyny sarp edijileriň hem-de elektroenergetikanyň subýektleriniň elektrik energetikasy babatda hukuklarynyň we kanuny bähbitleriniň bozulandygy hakynda şikaýatlaryna…
13-nji madda
Elektroenergetikanyň subýektleriniň önümçilik-tehnologik işlerine gatyşylmagyna ýol berilmezligi
Döwlet häkimiýet, ýerli öz-özüňi dolandyryş edaralarynyň, elektroenergetikanyň subýektleriniň önümçilik-tehnologik işlerine gatyşmaga hukugy ýokdur, Türkmenistanyň kanunçylygynda göz öňünde tutulan halatlar muňa degişli däldir.
14-nji madda
Elektroenergetika gözegçiligi
1. Elektroenergetikanyň gözegçiligi diýlip, şu Kanunda we elektroenergetika babatda Türkmenistanyň beýleki kadalaşdyryjy hukuk namalarynda bellenilen elektroenergetika babatda howpsuzlygyň we ygtybarlylygyň talaplarynyň…
15-nji madda
Döwletiň elektroenergetikadaky maýa goýum syýasaty
1. Türkmenistanyň elektroenergetikadaky maýa goýum syýasaty onuň durnukly ösmegine, elektroenergetikanyň ähli ugurlaryna maýa goýumlary çekmek bilen elektrik energiýasynyň tygşytlylygynyň ornaşdyrylmagyna, şeýle hem maýa goýumlaryň…
16-njy madda
Elektroenergetikadaky operatiw-dispetçerçilik dolandyryş ulgamy
1. Elektroenergetikadaky operatiw-dispetçerçilik dolandyryş ulgamy elektroenergetikanyň obýektleriniň we sarp edijileriň energiýa kabul ediji enjamlarynyň döwlet standartlary we kadalaşdyryjy-tehniki resminamalar tarapyndan bellenen…
17-nji madda
Operatiw-dispetçerçilik dolandyryşyň esasy ýörelgeleri
Elektroenergetikadaky operatiw-dispetçerçilik dolandyryşy şu aşakdaky esasy ýörelgeleri öz içine alýar: 1) elektrik (ýylylyk) energiýasynyň öndürilişiniň we sarp edilişiniň deňagramlylygynyň üpjün edilmegini; 2) operatiw-dispetçerçilik…
18-nji madda
Merkezi dispetçerçilik müdirliginiň wezipeleri
1. Merkezi dispetçerçilik müdirligi Türkmenistanyň elektroenergetika ulgamyndaky operatiw-dispetçerçilik dolandyryş ulgamynyň ýokarky derejesi bolup durýar. 2. Merkezi dispetçerçilik müdirligi: 1) Türkmenistanyň elektroenergetika ulgamynyň…
19-njy madda
Heläkçilik ýagdaýlary
Heläkçilik ýagdaýlary Türkmenistanyň elektroenergetika ulgamynyň aýratyn ýerli böleklere bölünmegine, elektrik görkezijileriniň tehniki talaplaryň çäklerinden daşary üýtgemegine we sarp edijileriň energiýa üpjünçiliginiň bozulmagyna…
20-nji madda
Heläkçilik ýagdaýlaryny aradan aýyrmakda Merkezi dispetçerçilik müdirliginiň hereketleri
1. Heläkçilik ýagdaýlary dörän mahalynda Merkezi dispetçerçilik müdirligi elektrik stansiýalarynyň pudaklaýyn tabynlygyna garamazdan ätiýaçdaky ähli generirleýji kuwwatlyklaryny, şeýle hem sarp edijileriň özbaşdak energiýa çeşmelerini…
21-nji madda
Elektrik (ýylylyk) energiýasyndan peýdalanmak üçin şertnama
1. Elektroenergetikada elektrik (ýylylyk) energiýasy sarp edilende ýüze çykýan gatnaşyklar energoüpjünçilik kärhanasy bilen elektrik (ýylylyk) energiýasyny sarp edijiniň arasynda Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykda baglaşylýan elektrik…
22-nji madda
Energoüpjünçilik kärhanasynyň hukuklary we borçlary
1. Energoüpjünçilik kärhanasynyň şulara hukugy bardyr: 1) Elektrik we ýylylyk energiýasyndan peýdalanmagyň Türkmenistanyň Ministrler Kabineti tarapyndan tassyklanan kadalaryna laýyklykda sarp edijini duýdurmak bilen oňa elektrik (ýylylyk)…
23-nji madda
Elektrik (ýylylyk) energiýasyny sarp edijileriň hukuklary we borçlary
1. Elektrik (ýylylyk) energiýasyny sarp edijileriň şulara hukugy bardyr: 1) elektrik (ýylylyk) energiýasyny şertnama laýyklykdaalmaga; 2) şertnamanyň şertlerine laýyklykda energoüpjünçilik kärhanasyndan kem ýa-da hili pes iberilen…
24-nji madda
Elektroenergetikanyň obýektleriniň goralmagynyň üpjün edilişi
1. Elektroenergetikanyň has möhüm obýektleriniň goralmagy harbylaşdyrylan ýörite gorag gulluklary tarapyndan amala aşyrylýar. 2. Türkmenistanyň Ministrler Kabineti elektrik ulgamlarynyň howpsuzlygyny üpjün etmek maksady bilen ähli ýuridik…
25-nji madda
Daşary ykdysady iş
1. Ygtyýarly edara Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykda daşary ykdysady işi geçirýär. 2. Ygtyýarly edara daşary ykdysady işiň gatnaşyjysy hökmünde şulary amala aşyrýar: 1) pudagyň daşary ykdysady işiniň baş ugurlaryny işläp düzmegi; 2)…
Öňki
1 / 2
Indiki