Yza
Hukukçy
Kanunlar
Kanunlar
Kömek
Resminamany barla
Içeri gir
Kanunlar
«Maglumat we ony goramak hakynda» Türkmenistanyň Kanuny
kanun
03.05.2014 · № 72-V
«Maglumat we ony goramak hakynda» Türkmenistanyň Kanuny
19 madda · 11 sahypa
19 madda
1-nji madda
Şu Kanunda peýdalanylýan esasy düşünjeler
Şu Kanunyň maksatlary üçin aşakdaky düşünjeler peýdalanylýar: 1) maglumat - gözleniş, işlenip taýýarlanyş, saklanyş, berliş we ýaýradylyş usullaryna garamazdan kagyz, elektron ýa-da başga görnüşdäki ähli maglumatlar ýa-da habarlar; 2)…
2-nji madda
Maglumat we ony goramak hakynda Türkmenistanyň kanunçylygy
1. Maglumat we ony goramak hakynda Türkmenistanyň kanunçylygy Türkmenistanyň Konstitusiýasyna esaslanýar hem-de şu Kanundan we Türkmenistanyň beýleki kadalaşdyryjy hukuk namalaryndan ybaratdyr. 2. Köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň…
3-nji madda
Maglumat we ony goramak çygryndaky gatnaşyklary hukuk taýdan düzgünleşdirmegiň ýörelgeleri
Maglumat we ony goramak çygrynda ýüze çykýan gatnaşyklary hukuk taýdan düzgünleşdirmek şu aşakdaky ýörelgelere esaslanýar: 1) islendik kanuny usul bilen maglumaty gözlemegiň, almagyň, geçirmegiň, öndürmegiň, ýygnamagyň, saklamagyň we…
4-nji madda
Maglumat hukuk gatnaşyklarynyň obýekti hökmünde
1. Maglumat raýat we beýleki hukuk gatnaşyklarynyň obýekti bolup biler. Eger Türkmenistanyň kanunçylygynda maglumata rugsady çäklendirmek ýa-da ony bermegiň ýa-da ýaýratmagyň tertibine başga talaplar bellenilmedik bolsa, maglumat islendik…
5-nji madda
Maglumata eýelik ediji
1. Türkmenistan döwleti, fiziki ýa-da ýuridik sahslar maglumatyň eýelik edijisi bolup biler. 2. Türkmenistanyň adyndan maglumata eýelik edijiniň hukuklylygy Türkmenistanyň degişli kadalaşdyryjy hukuk namalarynda bellenilen…
6-njy madda
Hemmelere elýeterli bolan maglumat
1. Hemmelere elýeterli bolan maglumata rugsady çäklendirilmedik, hemmelere mälim bolan we beýleki maglumatlar degişlidir. 2. Hemmelere elýeterli bolan maglumat şeýle maglumatyň ýaýradylmagy babatda Türkmenistanyň kanunçylygynda bellenilen…
6¹-njy madda
QR-kodlary peýdalanmagyň aýratynlyklary
1. QR-kodlar saýtyň salgysy, elektron poçta, fiziki we ýuridik şahslaryň şahsy maglumatlary baradaky maglumaty ýa-da beýleki maglumatlary özünde saklap biler. 2. Şu maddanyň birinji böleginde görkezilen kodlanylan maglumatlaryň okalmagy…
7-nji madda
Maglumata rugsada hukuk
1. Fiziki we ýuridik şahslaryň şu Kanunda we Türkmenistanyň beýleki kadalaşdyryjy hukuk namalarynda bellenilen talaplary berjaý etmek şerti bilen islendik maglumaty dürli görnüşdäki çeşmelerden gözlemäge we almaga hukugy bardyr. 2. Fiziki…
8-nji madda
Maglumata rugsady çäklendirmek
1. Konstitusion gurluşyň esaslaryny, beýleki şahslaryň ahlaklylygyny, saglygyny, hukuklaryny we kanuny bähbitlerini goramak, döwletiň goranmak ukybyny we howpsuzlygyny üpjün etmek maksady bilen maglumata rugsady çäklendirmek Türkmenistanyň…
9-njy madda
Maglumaty ýaýratmak ýa-da bermek
1. Türkmenistanda maglumatyň ýaýradylmagy Türkmenistanyň kanunçylygynda bellenilen talaplary berjaý etmek bilen erkin amala aşyrylýar. 2. Köpçülikleýin habar beriş serişdelerini ulanmazdan ýaýradylýan maglumat, oňa eýelik ediji…
10-njy madda
Maglumaty resmileşdirmek
1. Türkmenistanyň kanunçylygy ýa-da taraplaryň ylalaşygy bilen maglumaty resmileşdirmegiň talaplary bellenilip bilner. 2. Ýerine ýetiriji häkimiýet edaralarynda maglumaty resmileşdirmek Türkmenistanyň Ministrler Kabineti tarapyndan…
11-nji madda
Maglumat tehnologiýalaryny ulanmagyň çygrynda döwlet tarapyndan düzgünleşdirilişi
1. Maglumat tehnologiýalaryny ulanmagyň çygrynda döwlet tarapyndan düzgünleşdirilişi şulary göz öňünde tutýar: 1) şu Kanunda bellenilen ýörelgeler esasynda maglumat tehnologiýalaryny ulanmak (maglumatlaşdyrmak) arkaly maglumaty gözlemek,…
11¹-nji madda
Milli elektron kommunikasiýa ulgamlaryny işläp taýýarlaýjylaryň Döwlet sanawynyň hem-de milli elektron kommunikasiýa ulgamlarynyň Döwlet sanawynyň ýöredilmegi
1. Milli elektron kommunikasiýa ulgamlaryny işläp taýýarlaýjylaryň Döwlet sanawy hem-de milli elektron kommunikasiýa ulgamlarynyň Döwlet sanawy (mundan beýläk - Döwlet sanawlary) milli elektron kommunikasiýa ulgamlaryny ulanmaklygy…
12-nji madda
Maglumat ulgamlary
1. Maglumat ulgamlary şulary öz içine alýar: 1) döwlet maglumat ulgamlaryny; 2) ýerine ýetiriji ýerli häkimiýet we ýerli öz-özüňi dolandyryş edaralarynyň maglumat ulgamlaryny; 3) beýleki maglumat ulgamlaryny. 2. Maglumat ulgamynyň maglumat…
13-nji madda
Döwlet maglumat ulgamlary
1. Döwlet maglumat ulgamlary döwlet edaralarynyň ygtyýarlyklaryny durmuşa geçirmek we bu edaralaryň arasyndaky maglumat alyşmasyny üpjün etmek maksady bilen, şeýle hem beýleki döwlet zerurlyklaryny (harytlary ibermek boýunça sargytlary…
14-nji madda
Maglumat-telekommunikasiýa torlaryny peýdalanmak
1. Türkmenistanyň çäginde maglumat-telekommunikasiýa torlaryny peýdalanmak «Aragatnaşyk hakynda» Türkmenistanyň Kanunynyň, şu Kanunyň we Türkmenistanyň beýleki kadalaşdyryjy hukuk namalarynyň talaplaryny berjaý etmek bilen amala…
15-nji madda
Maglumaty goramak
1. Maglumaty goramak şu aşakdakylara gönükdirilen hukuk, guramaçylyk we tehniki çäreleriň amala aşyrylmagyny göz öňünde tutýar: 1) maglumaty birugsat aralaşmakdan, ýok etmekden, şekilini üýtgetmekden, gabamakdan, nusgasyny göçürmekden,…
16-njy madda
Maglumat we ony goramak çygrynda jogapkärçilik
1. Şu Kanunyň talaplarynyň bozulmagy Türkmenistanyň kanunçylygynda bellenilen jogapkärçilige eltýär. 2. Rugsat çäklendirilen maglumatyň aýan edilmegi ýa-da şeýle maglumatyň başga bikanun peýdalanylmagy bilen baglanyşykda hukuklary we…
17-nji madda
Şu Kanunyň güýje girmegi
Şu Kanun resmi taýdan çap edilen gününden güýje girýär.