Yza
Hukukçy
Kanunlar
Kanunlar
Kömek
Resminamany barla
Içeri gir
Kanunlar
«Jemgyýetçilik birleşikleri hakynda» Türkmenistanyň Kanuny
kanun
03.05.2014 · № 70-V
«Jemgyýetçilik birleşikleri hakynda» Türkmenistanyň Kanuny
41 madda · 15 sahypa
41 madda
1-nji madda
Jemgyýetçilik birleşigi düşünjesi
Jemgyýetçilik birleşigi - bu, Türkmenistanyň raýatlary tarapyndan döredilen, jemgyýetçilik birleşiginiň tertipnamasynda beýan edilen umumy maksatlary durmuşa geçirmek üçin bähbitleriň umumylygy esasynda birleşen meýletin, öz-özüni…
2-nji madda
Jemgyýetçilik birleşikleri hakynda Türkmenistanyň kanunçylygy
1. Jemgyýetçilik birleşikleri hakynda Türkmenistanyň kanunçylygy Türkmenistanyň Konstitusiýasyna, halkara hukugynyň umumy ykrar edilen ýörelgelerine we kadalaryna esaslanýar we şu Kanundan, şeýle hem Türkmenistanyň beýleki kadalaşdyryjy…
3-nji madda
Şu Kanunyň hereket edýän çygry
Şu Kanunyň hereketi Türkmenistanyň raýatlary tarapyndan döredilen jemgyýetçilik birleşiklerine degişlidir, dini guramalar, syýasy partiýalar, kärdeşler arkalaşyklary, şeýle hem döredilmeginiň we işlemeginiň tertibi ýörite kanunlar bilen…
4-nji madda
Raýatlaryň jemgyýetçilik birleşiklerini döretmäge bolan hukugy
1. Raýatlaryň jemgyýetçilik birleşiklerini döretmäge bolan hukugy fiziki şahslaryň gös-göni birleşmegi ýaly, ýuridik şahslaryň - jemgyýetçilik birleşikleriniň birleşmegi arkaly hem amala aşyrylýar. 2. Raýatlaryň birleşmäge bolan hukugy…
5-nji madda
Döwlet we jemgyýetçilik birleşikleri
1. Döwlet jemgyýetçilik birleşikleriniň hukuklarynyň we kanuny bähbitleriniň berjaý edilmegini üpjün edýär, olaryň işine goldaw berýär, olara salgytlar babatda we beýleki ýeňillikleriň hem-de artykmaçlyklaryň berilmegini kanunlar arkaly…
6-njy madda
Jemgyýetçilik birleşiklerini döretmegiň we olaryň işleriniň maksatlary
1. Jemgyýetçilik birleşikleri aşakdaky maksatlar üçin döredilýär we öz işlerini amala aşyrýar: 1) raýatlaryň hukuklaryny we azatlyklaryny durmuşa geçirmek we goramak; 2) raýatlaryň başlangyçlaryny we höwesjeňligini ösdürmek; 3) ylmy,…
7-nji madda
Jemgyýetçilik birleşiklerini döretmekde we olaryň işlerinde çäklendirmeler
1. Türkmenistanyň konstitusion gurluşyny zorlukly üýtgetmegi maksat edinýän, öz işinde zorluga ýol berýän, raýatlaryň konstitusion hukuklaryna we azatlyklaryna garşy çykyş edýän, urşy, teniniň reňkiniň alamaty boýunça, milli, dini…
8-nji madda
Jemgyýetçilik birleşiklerini döretmegiň we olaryň işiniň ýörelgeleri
1. Jemgyýetçilik birleşikleri meýletinlik, deňhukuklylyk, öz-özüňi dolandyrmak, kanunylyk we aýanlyk ýörelgeleri esasynda döredilýär hem-de hereket edýär. 2. Jemgyýetçilik birleşikleri özleriniň içerki gurluşyny, maksatlaryny, öz işleriniň…
9-njy madda
Jemgyýetçilik birleşikleriniň görnüşleri
1. Türkmenistanda halkara, milli, çäk we ýerli jemgyýetçilik birleşikleri döredilýär hem-de hereket edýär. 2. Türkmenistanda döredilen jemgyýetçilik birleşigi, eger onuň tertipnamasyna laýyklykda daşary ýurt döwletlerinde iň bolmanda onuň…
10-njy madda
Türkmenistanda halkara jemgyýetçilik birleşikleriniň işi
1. Türkmenistanda halkara jemgyýetçilik birleşikleriniň gurluş düzüm birlikleri - guramalary, bölümleri (şahamçalary) we wekillikleri döredilip hem-de hereket edip bilerler. 2. Halkara jemgyýetçilik birleşikleriniň gurluş düzüm birlikleri…
11-nji madda
Jemgyýetçilik birleşikleriniň esaslandyryjylary we agzalary
1. Gurultaý (konferensiýa) ýa-da umumy ýygnak çagyryp, jemgyýetçilik birleşigini döretmek, onuň tertipnamasyny tassyklamak, ýolbaşçy hem-de gözegçilik-derňew edaralaryny döretmek barada karar kabul eden şahslar jemgyýetçilik birleşiginiň…
12-nji madda
Jemgyýetçilik birleşikleriniň guramaçylyk-hukuk görnüşleri
1. Türkmenistanda jemgyýetçilik birleşikleri şu aşakdaky guramaçylyk-hukuk görnüşlerinde döredilip bilner: 1) jemgyýetçilik guramasy; 2) jemgyýetçilik hereketi; 3) jemgyýetçilik gaznasy; 4) jemgyýetçilik höwesjeňlik edarasy. 2.…
13-nji madda
Jemgyýetçilik guramasy
1. Jemgyýetçilik guramasy birleşen raýatlaryň umumy bähbitlerini goramak we tertipnamalaýyn maksatlaryna ýetmekleri üçin bilelikdäki işi esasynda döredilen, agzalyga esaslanan jemgyýetçilik birleşigi bolup durýar. 2. Şu Kanunda, şeýle hem…
14-nji madda
Jemgyýetçilik hereketi
1. Jemgyýetçilik hereketi gatnaşyjylardan ybarat bolan we agzalygy bolmadyk, jemgyýetçilik hereketiniň gatnaşyjylary tarapyndan goldanylýan, durmuş we beýleki jemgyýete peýdaly maksatlara eýerýän köpçülikleýin jemgyýetçilik birleşigi bolup…
15-nji madda
Jemgyýetçilik gaznasy
1. Jemgyýetçilik gaznasy täjirçilik däl gaznalaryň görnüşleriniň biri bolup, ol agzalygy bolmadyk jemgyýetçilik birleşiginden ybaratdyr, onuň maksady meýletin gatançlaryň, Türkmenistanyň kanunçylygynda gadagan edilmedik beýleki gelip…
16-njy madda
Jemgyýetçilik höwesjeňlik edarasy
1. Jemgyýetçilik höwesjeňlik edarasy bähbitleri jemgyýetçilik höwesjeňlik edarasynyň tertipnamalaýyn maksatlaryny onuň döredilýän ýeri boýunça durmuşa geçirmek bilen baglanyşykly bolup durýan adamlar toparynyň talaplaryny kanagatlandyrmaga…
17-nji madda
Jemgyýetçilik birleşikleriniň birleşmeleri
Jemgyýetçilik birleşikleri özleriniň guramaçylyk-hukuk görnüşlerine garamazdan, täze jemgyýetçilik birleşiklerini döretmek bilen, birleşmeler tarapyndan kabul edilen esaslandyryş şertnamalarynyň we (ýa-da) tertipnamalarynyň esasynda…
18-nji madda
Jemgyýetçilik birleşiklerini döretmegiň tertibi
1. Jemgyýetçilik birleşikleri esaslandyryjylaryň başlangyjy boýunça döredilýär. 2. Jemgyýetçilik birleşigini döretmek barada, onuň tertipnamasyny tassyklamak hakynda we ýolbaşçy hem-de gözegçilik-derňew edaralaryny döretmek barada karar…
19-njy madda
Jemgyýetçilik birleşiginiň tertipnamasy
1. Jemgyýetçilik birleşiginiň guralyşy we gurluşy tertipnama arkaly düzgünleşdirilýär. 2. Tertipnama şulary göz öňünde tutmalydyr: 1) jemgyýetçilik birleşiginiň adyny, maksatlaryny, wezipelerini, onuň guramaçylyk-hukuk görnüşini; 2)…
20-nji madda
Jemgyýetçilik birleşiklerini döwlet belligine almak
1. Jemgyýetçilik birleşikleri Türkmenistanyň kanunçylygynda bellenilen tertipde Türkmenistanyň Adalat ministrligi tarapyndan döwlet belligine (mundan beýläk - bellige) alynýar. 2. Jemgyýetçilik birleşikleri Türkmenistanyň kanunçylygynda…
21-nji madda
Jemgyýetçilik birleşikleriniň döwlet Sanawy
1. Türkmenistanyň Adalat ministrligi jemgyýetçilik birleşikleri barada maglumatlary öz içine alýan döwlet Sanawyny ýöredýär we bellige alyş şahadatnamalaryny berýär. 2. Jemgyýetçilik birleşigini bellige almak hem-de jemgyýetçilik…
22-nji madda
Jemgyýetçilik birleşigini bellige almakdan ýüz döndermek
1. Jemgyýetçilik birleşigini bellige almakdan şu aşakdaky halatlarda ýüz dönderilip bilner, eger: 1) jemgyýetçilik birleşiginiň tertipnamasy Türkmenistanyň Konstitusiýasyna, şu Kanunyň düzgünlerine we Türkmenistanyň beýleki kadalaşdyryjy…
23-nji madda
Jemgyýetçilik birleşigini bellige almakdan ýüz dönderilmegine şikaýat etmek
Jemgyýetçilik birleşigini bellige almakdan ýüz dönderilmegi hakyndaky çözgüt kazyýete şikaýat edilip bilner.
24-nji madda
Jemgyýetçilik birleşikleriniň ady we nyşany
1. Jemgyýetçilik birleşiginiň adynyň düzüminde onuň guramaçylyk-hukuk görnüşine we işiniň häsiýetine salgylanma bolmalydyr. Jemgyýetçilik birleşiginiň guramaçylyk gurluşynyň adynda haýsy jemgyýetçilik birleşiginiň gurluş düzüm birligi…
25-nji madda
Jemgyýetçilik birleşiklerini üýtgedip guramagyň tertibi
1. Jemgyýetçilik birleşigini üýtgedip guramak şol jemgyýetçilik birleşiginiň ýokary guramasynyň çözgüdi boýunça amala aşyrylýar. 2. Üýtgedip guralan jemgyýetçilik birleşiklerini bellige almak şu Kanunda bellenilen tertipde amala aşyrylýar.
Öňki
1 / 2
Indiki