Yza
Hukukçy
Kanunlar
Kanunlar
Kömek
Resminamany barla
Içeri gir
Kanunlar
«Çaganyň hukuklarynyň döwlet kepillikleri hakynda» Türkmenistanyň Kanuny
kanun
03.05.2014 · № 74-V
«Çaganyň hukuklarynyň döwlet kepillikleri hakynda» Türkmenistanyň Kanuny
49 madda · 18 sahypa
49 madda
1-nji madda
Şu Kanunda ulanylýan esasy düşünjeler
Şu Kanunda aşakdaky esasy düşünjeler ulanylýar: 1) çaga - on sekiz ýaşyna (kämillik ýaşyna) ýetmedik adam; 2) çagalyk - çaganyň ömrüniň kämillik ýaşyna ýetmegine çenli döwri; 3) çaganyň hukuklarynyň goralmagy - jemgyýet we döwlet…
2-nji madda
Çaganyň hukuklarynyň döwlet kepillikleri hakynda Türkmenistanyň kanunçylygy
Çaganyň hukuklarynyň döwlet kepillikleri hakynda Türkmenistanyň kanunçylygy Türkmenistanyň Konstitusiýasyna esaslanýar hem-de şu Kanundan we Türkmenistanyň beýleki kadalaşdyryjy hukuk namalaryndan ybarat.
3-nji madda
Şu Kanunyň hereket edýän çygry
1. Şu Kanunyň hereketi çaganyň hukuklaryny, azatlyklaryny we kanuny bähbitlerini goramagyň çygrynda ýüze çykýan gatnaşyklara degişlidir. 2. Şu Kanunyň hereketi Türkmenistanyň çäginde ýaşaýan daşary ýurt raýatynyň, raýatlygy bolmadyk…
4-nji madda
Çaganyň hukuklarynyň deňligi
1. Türkmenistan Türkmenistanyň çäginde ýaşaýan her bir çaganyň milletine, teniniň reňkine, jynsyna, gelip çykyşyna, durmuş we emläk ýagdaýyna, özüniň we ata-enesiniň ýaşaýan ýerine, diline, bilimine, dine garaýşyna, dogluş ýagdaýyna,…
5-nji madda
Çaganyň hukuklarynyň çäklendirilmeginiň gadagan edilmegi
1. Çaganyň hukuklary çäklendirilip bilinmez, Türkmenistanyň kanunçylygynda bellenilen halatlar muňa degişli däldir. 2. Çaganyň hukuklaryny we kanuny bähbitlerini çäklendirýän islendik hereketler we (ýa-da) hereketsizlik hakyky däldir.
6-njy madda
Çaganyň bähbitleri babatda döwlet syýasaty
1. Çaganyň iň gowy bähbitleriniň üpjün edilmegi onuň bähbitleri babatda döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugry bolup durýar. 2. Çaganyň bähbitleri babatda döwlet syýasaty şu aşakdakylara gönükdirilendir: 1) çaganyň hukuklarynyň,…
7-nji madda
Çaganyň hukuklarynyň, azatlyklarynyň we kanuny bähbitleriniň goralmagy çygryndaky döwlet syýasatynyň maliýe üpjünçiligi
Çaganyň hukuklarynyň, azatlyklarynyň we kanuny bähbitleriniň goralmagy, enelige, atalyga we çagalyga goldaw berilmegi çygryndaky döwlet syýasatynyň maliýe taýdan üpjün edilmegi Türkmenistanyň Döwlet býujetiniň, Türkmenistanyň kanunçylygyna…
8-nji madda
Çaganyň hukuklarynyň döwlet kepillikleri
1. Her bir çaga döwlet tarapyndan Türkmenistanyň Konstitusiýasyna, şu Kanuna we Türkmenistanyň beýleki kadalaşdyryjy hukuk namalaryna laýyklykda hukuklar we azatlyklar berilýär we kepillendirilýär. 2. Her bir nikada we (ýa-da) nikasyz…
9-njy madda
Çaganyň ýaşamaga we ösmäge bolan hukugy
1. Saglygy goraýyş edaralary tarapyndan bellenilen ölçeglere görä diri we ýaşamaga ukyply diýlip kesgitlenen pursatyndan başlap, her bir çaga ýaşamaga, beden, akyl-paýhas we ruhy taýdan ösmäge mynasyp şertlere bolan aýrylmaz hukuga eýedir.…
10-njy madda
Çaganyň adyna we raýatlyga hukugy
1. Her bir çaganyň doglan pursatyndan başlap adyna we raýatlyk edinmäge hukugy bardyr. 2. Çaganyň dogulmagynyň fakty we ýeri raýat ýagdaýynyň namalarynyň ýazgysynyň döwlet edaralary, şeýle hem Türkmenistanyň kanunçylygynda bellenilen…
11-nji madda
Çaganyň özboluşlylygyny saklap galmaga bolan hukugy
1. Her bir çaganyň doglan pursatyndan başlap özboluşlylygyny, şol sanda raýatlygyny, milletini, adyny, atasynyň adyny, familiýasyny, şeýle hem maşgala we garyndaşlyk gatnaşyklaryny saklap galmaga hukugy bardyr. 2. Eger çaga…
12-nji madda
Çaganyň zerur bolan ýaşaýyş derejesine bolan hukugy
1. Her bir çaganyň özüniň beden, akyl-paýhas, ahlak, medeni, ruhy we jemgyýetçilik taýdan ösmegi üçin zerur bolan ýaşaýyş derejesine hukugy bardyr. 2. Çaganyň ata-enesi ýa-da olaryň ornuny tutýan adamlar, döwlet häkimiýet edaralary we…
13-nji madda
Çaganyň maşgalada ýaşamaga we terbiýelenmäge bolan hukugy
1. Her bir çaganyň maşgalada ýaşamaga we terbiýelenmäge, öz ata-enesini bilmäge, olar tarapyndan alada edilmäge, öz ata-enesi tarapyndan terbiýelenmäge we onuň iň gowy bähbitlerine garşy gelmeýän halatlarda olar bilen bilelikde ýaşamaga,…
14-nji madda
Çaganyň öz at-abraýyny we mertebesini goramaga bolan hukugy
Her bir çaganyň öz at-abraýyny we mertebesini goramaga hukugy bardyr.
15-nji madda
Çaganyň şahsy ýaşaýşa bolan hukugy
1. Her bir çaganyň şahsy ýaşaýşa bolan hukugy bardyr. 2. Hiç bir çaga özüniň şahsy ýaşaýşa, maşgala durmuşyna bolan hukugyny amala aşyrmagyna, ýaşaýyş jaýynyň eldegrilmesizligine ýa-da hat-habarlarynyň, telefon we beýleki…
16-njy madda
Çaganyň öz pikiriniň bolmagyna, wyždan we dine uýmaga erkinligine bolan hukugy
1. Her bir çaganyň wyždan we dine uýmaga erkinligine, öz pikirini we garaýyşlaryny erkin beýan etmäge hukugy bardyr. 2. Çaganyň bähbitlerine dahylly islendik meseleler çözülende onuň ýaşy we kämilligi göz öňüne tutulyp, çaganyň pikiri we…
17-nji madda
Çaganyň saglygyny goramaga bolan hukugy
1. Her bir çaganyň saglygyny goramaga we onuň berkidilmegine hukugy bardyr. 2. Her bir çaganyň Türkmenistanyň saglygy goraýyş ulgamynyň häzirki zaman hyzmatlaryndan, kesellerden bejeriliş serişdelerinden peýdalanmaga we saglygyny…
18-nji madda
Çaganyň bilime bolan hukugy
1. Her bir çaganyň Türkmenistanyň raýatynyň esasy we aýrylmaz konstitusion hukuklarynyň biri bolup durýan bilim almaga hukugy bardyr. 2. Her bir çaganyň döwletiň umumy bilim berýän edaralarynda hökmany umumy orta bilimi tölegsiz…
19-njy madda
Çaganyň mynasyp terbiýe almaga bolan hukugy
1. Her bir çaganyň taryhy we milli däpleriň, umumadamzat ruhy-ahlak, medeni we durmuş gymmatlyklaryň, özüňi alyp barmagyň jemgyýetde kabul edilen ýörelgeleriniň, düzgünleriniň we kadalarynyň esasynda şahsyýetiniň ösdürilmegine we…
20-nji madda
Çaganyň ata-enesi (olaryň biri) we ýakyn garyndaşlary, şol sanda Türkmenistanyň çäginden daşarda ýaşaýanlary bilen gatnaşyk saklamaga we Türkmenistandan gitmäge bolan hukugy
1. Çaganyň, şol sanda ogullyga (gyzlyga) alnanyň ata-enesi (olaryň biri) we ýakyn garyndaşlary, şol sanda Türkmenistanyň çäginden daşarda ýaşaýanlary bilen gatnaşyk saklamaga hukugy bardyr. 2. Çaganyň ata-enesiniň nikasyny bozmagy, onuň…
21-nji madda
Çaganyň ýaşaýyş jaýyna bolan hukugy
1. Her bir çaganyň özüniň hemişelik ýaşamagy üçin niýetlenen ýaşaýyş jaýyna hukugy bardyr. 2. Hiç bir çaga ýaşaýyş jaýsyz galdyrylyp bilinmez. Ýaşaýyş jaýy eldegrilmesizdir. 3. Ýaşaýyş jaýyny kireýine alyjynyň maşgala agzasy bolup durýan…
22-nji madda
Çaganyň dynç almaga, boş wagtyny geçirmäge we saglygyny gowulandyrmaga bolan hukugy
1. Her bir çaganyň dynç almaga, boş wagtyny geçirmäge we saglygyny gowulandyrmaga, öz ýaşyna we saglyk ýagdaýyna görä sport oýunlaryna we medeni-tomaşa çärelerine gatnaşmaga hukugy bardyr. 2. Döwlet häkimiýet, ýerli öz-özüňi dolandyryş…
23-nji madda
Çaganyň medeni gymmatlyklar bilen tanyşdyrylmaga bolan hukugy
1. Her bir çaganyň öz halkynyň taryhy, milli däpleri, ruhy baýlyklary we dünýä medeniýeti bilen tanyşdyrylmaga, çeper, ylmy we tehniki döredijiliginiň azatlygyna, jemgyýetiň medeni durmuşyna gatnaşmaga, sungat bilen meşgullanmaga, öz…
24-nji madda
Çaganyň zähmete bolan hukugy
1. Her bir çaganyň zähmet çekmäge hukugy bar. 2. Çaga bilen zähmet şertnamasynyň baglaşylmagyna diňe onuň özüniň razylygy we onuň ata-enesiniň biriniň (hossarynyň, howandarynyň) razylygy hem-de hossarlyk we howandarlyk edarasynyň rugsady…
25-nji madda
Çaganyň mirasa bolan hukugy
Her bir çaganyň Türkmenistanyň kanunçylygynda bellenilen halatlarda we tertipde miras almaga hukugy bardyr.
Öňki
1 / 2
Indiki