Yza
Hukukçy
Kanunlar
Kanunlar
Kömek
Resminamany barla
Içeri gir
Kanunlar
«Döwlet ylmy-tehniki syýasaty hakynda» Türkmenistanyň Kanuny
kanun
01.03.2014 · № 39-V
«Döwlet ylmy-tehniki syýasaty hakynda» Türkmenistanyň Kanuny
42 madda · 19 sahypa
42 madda
1-nji madda
Şu Kanunda ulanylýan esasy düşünjeler
Şu Kanunyň maksatlary üçin aşakdaky esasy düşünjeler ulanylýar: 1) döwlet ylmy-tehniki syýasaty - Türkmenistanyň durmuş-ykdysady syýasatynyň düzüm bölegi, ol döwletiň ylmy işe bolan gatnaşygyny aňladýar, onuň maksatlaryny we ýörelgelerini…
2-nji madda
Döwlet ylmy-tehniki syýasaty hakynda Türkmenistanyň kanunçylygy
Döwlet ylmy-tehniki syýasaty hakynda Türkmenistanyň kanunçylygy Türkmenistanyň Konstitusiýasyna esaslanýar we şu Kanundan hem-de ylmy iş babatda işi düzgünleşdirýän Türkmenistanyň beýleki kadalaşdyryjy hukuk namalaryndan ybaratdyr. Eger…
3-nji madda
Döwlet ylmy-tehniki syýasatyň esasy maksatlary
Döwlet ylmy-tehniki syýasatyň esasy maksatlary şu aşakdakylardyr: 1) türkmen halkynyň durmuşynyň hilini gowulandyrmaga gönükdirilen jemgyýetiň ösüşiniň ýokary intellektual we medeni derejelerini gazanmak; 2) innowasiýa ykdysadyýetini…
4-nji madda
Döwlet ylmy-tehniki syýasatyň esasy ýörelgeleri
Türkmenistanyň döwlet ylmy-tehniki syýasatynyň esasy ýörelgeleri şu aşakdakylardyr: 1) geçirilýän ylmy barlaglaryň ýeterlik maliýe we maddy-tehniki ýagdaýyny üpjün edýän ylmy işi döwlet tarapyndan goldamak; 1¹) döwlet ylmy-tehniki…
5-nji madda
Döwlet ylmy-tehniki syýasatda ileri tutulmalar
Döwlet ylmy-tehniki syýasaty ylmy işiň ileri tutulýan ugurlaryny kesgitlemegiň esasynda döredilýär. Ylmy işiň ileri tutulýan ugurlary Türkmenistanyň durmuş- ykdysady we ylmy-tehniki ösüşiniň çaklamalaryny işläp taýýarlamalaryň netijeleri…
6-njy madda
Ylmy maksatnamalar (taslamalar)
1. Döwlet ylmy-tehniki syýasaty ylmy maksatnamalary (taslamalary) durmuşa geçirmek arkaly amala aşyrylýar, olaryň esasy görnüşleri şu aşakdakylardyr: 1) döwlet ylmy-tehniki maksatnamalar; 2) halkara ylmy-tehniki maksatnamalar we…
7-nji madda
Ylmy iş hakynda ylmy maksatnamalary (taslamalary), meýilnamalary we hasabatlary döwlet tarapyndan hasaba almak
1. Ylmy iş hakynda ylmy maksatnamalary (taslamalary), meýilnamalary we hasabatlary döwlet tarapyndan hasaba almak ylmy-tehniki maglumatyň milli serişdesini we Türkmenistanyň ylmy-tehniki mümkinçiliginiň ösüşiniň monitoringini döretmek…
8-nji madda
Ylmy işiň subýektleri
Ylmy işiň subýektleri şu aşakdakylardyr: 1) fiziki şahslar - Türkmenistanyň kanunçylygynda bellenilen hukuklaryň çäklerinde ylmy işi amala aşyrýan Türkmenistanyň raýatlary, şeýle hem daşary ýurt raýatlary, raýatlygy bolmadyk adamlar; 2)…
9-njy madda
Ylmy işi amala aşyrýan fiziki şahslar
1. Ylmy işi amala aşyrýan fiziki şahslara (mundan beýläk - ylmy işgärler): 1) ylmy guramalar, ýokary okuw mekdepleri, beýleki guramalar bilen zähmet gatnaşyklarynda durup, olaryň ylmy işine gatnaşýan işgärler; 2) aspiranturada,…
10-njy madda
Ylmy işi amala aşyrýan ýuridik şahslar
1. Ylmy işi amala aşyrýan ýuridik şahslara hukuk ýagdaýy, maksatlary, wezipeleri we ygtyýarlyklary, olaryň kysymlary we görnüşleri, olaryň işiniň döwlet tarapyndan düzgünleşdirilmegi "Ylmy edaralar hakynda" Türkmenistanyň Kanuny bilen…
11-nji madda
Ylmy işiň subýektlerine döwlet kepillikleri
1. Ylmy işiň subýektlerine şu aşakdakylar kepillendirilýär: 1) döredijilik erkinligi, ylmy barlaglary we synag işläp taýýarlamalaryny geçirmegiň ugurlaryny we usullaryny saýlamak hukugy; 2) ynsapsyz bäsdeşlikden goramak; 3) ylmy işde…
12-nji madda
Subýektler bilen ylmy işe gatnaşyjylaryň arasyndaky gatnaşyklar
Ylmy işiň subýektleri bilen ylmy işe gatnaşyjylaryň arasyndaky gatnaşyklar şertnamalaýyn esasda guralýar. Ylmy işiň subýektleri we ylmy işe gatnaşyjylar şertnama baglaşanlarynda şertnamanyň taraplaryny saýlamak, Türkmenistanyň…
13-nji madda
Ylmy işiň subýektleri üçin ylmy işgärleri taýýarlamak
Ylmy işgärleri taýýarlamak döwlet ylmy-tehniki syýasatyň düzüm bölegidir we jemgyýetiň ylmy-tehniki we intellektual mümkinçiligini artdyrmaga, döredijiligi ösdürmäge we ylmy hem-de tehniki medeniýeti ýaýratmaga gönükdirilendir. Şu…
14-nji madda
Ylmy işiň subýektleriniň maglumat üpjünçiligi
1. Döwlet ylym we tehnika babatda ylmy-tehniki maglumaty ýygnaýan, döwlet tarapyndan hasaba alýan, analitik işläp taýýarlaýan, saklaýan we sarp edijilere çenli ýetirýän döwlet maglumat gaznalarynyň we ulgamlarynyň döredilmegini üpjün…
15-nji madda
Ylym we tehnika çygrynda telekeçilik
1. Türkmenistanyň ylym we tehnika çygrynda telekeçilik şu Kanunyň, "Kiçi we orta telekeçiligi döwlet tarapyndan goldamak hakynda" Türkmenistanyň Kanunynyň we olara laýyklykda çykarylýan beýleki kadalaşdyryjy hukuk namalaryň esasynda amala…
16-njy madda
Döwlet ylmy-tehniki syýasaty döretmek we durmuşa geçirmek boýunça Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň ygtyýarlyklary
Türkmenistanyň Ministrler Kabineti: 1) Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň, Türkmenistanyň kanunlarynyň, Türkmenistanyň Prezidentiniň namalarynyň, Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň kararlarynyň we ylym we tehnika babatda…
17-nji madda
Döwlet ylmy-tehniki syýasaty döretmek we durmuşa geçirmek babatda ygtyýarly döwlet edaralary
Döwlet ylmy-tehniki syýasaty döretmek we durmuşa geçirmek babatda ygtyýarly döwlet edaralaryna şu aşakdakylar degişlidir: 1) ylym we tehnika babatdaky işiň düzgünleşdirilmegini amala aşyrýan ygtyýarly döwlet edarasy - Türkmenistanyň…
18-nji madda
Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň ygtyýarlygy
Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasy: 1) döwlet ylmy-tehniki syýasatyny durmuşa geçirýär; 2) Türkmenistanda ylmy we tehnikany ösdürmegiň ileri tutulýan ugurlaryny döredýär; 3) ýurduň durmuş-ykdysady we jemgyýetçilik-syýasy ösüşiniň…
19-njy madda
Garamagynda ylmy guramalar bar bolan ýerine ýetiriji häkimiýetiň ygtyýarly edarasynyň ygtyýarlyklary
Garamagynda ylmy guramalar bar bolan ýerine ýetiriji häkimiýetiň ygtyýarly edarasy: 1) döwlet ylmy-tehniki syýasatyň işlenip taýýarlanylmagyna we durmuşa geçirilmegine gatnaşýar; 2) ykdysadyýetiň degişli pudagynda ylmy-barlag,…
20-nji madda
Türkmenistanyň Ýokary attestasiýa komitetiniň ygtyýarlyklary
Türkmenistanyň Ýokary attestasiýa komiteti: 1) döwlet ylmy-tehniki syýasatynyň netijeli durmuşa geçirilmegine gönükdirilen ylmyň, bilimiň, tehnikanyň, tehnologiýanyň we medeniýetiň ähli ileri tutulýan ugurlary boýunça ylmy we…
21-nji madda
Edara tabynlygyndaky çäkde döwlet ylmy-tehniki syýasatyň döredilmegini we durmuşa geçirilmegini üpjün etmek böleginde ýerine ýetiriji häkimiýetiň ýerli edaralarynyň ygtyýarlyklary
Ýerine ýetiriji häkimiýetiň ýerli edaralary: 1) öz ygtyýarynyň çäklerinde döwlet ylmy-tehniki syýasatyň döredilmegine we durmuşa geçirilmegine gatnaşýar; 2) edara tabynlygyndaky çäkde ylmyň we tehnikanyň ösdürilmegine ýardam edýär; 3)…
22-nji madda
Ylmy-tehniki bilermenler seljermesi
1. Ylmy-tehniki bilermenler seljermesi - bilermenler seljermeleriniň geçirilmegini guramak, bilermenler seljermeleriniň obýektlerini seljermek we olara baha bermek, bu obýektler babatda jemgyýetçilik ähmiýetli kabul edilen kararlary…
23-nji madda
Ylmy-tehniki bilermenler seljermesiniň hukuk ýagdaýy
Ylmy-tehniki bilermenler seljermesi döwlet, jemgyýetçilik we ýörite bilermenler seljermesi hukuk ýagdaýynda bolup biler. Döwlet ylmy-tehniki bilermenler seljermesini geçirmegiň şertleri we tertibi şu Kanun hem-de Türkmenistanyň beýleki…
24-nji madda
Döwlet ylmy-tehniki bilermenler seljermesiniň wezipeleri we ýörelgeleri
1. Döwlet ylmy-tehniki bilermenler seljermesiniň esasy wezipeleri şulardyr: 1) bilermenler seljermesiniň obýektleriniň ylmy, tehniki we tehnologik bilimleriň häzirki zaman derejesine, ylmy-tehniki ösüşiň meýillerine we ileri tutulýan…
25-nji madda
Döwlet ylmy-tehniki bilermenler seljermesiniň obýektleri
1. Döwlet ylmy-tehniki bilermenler seljermesiniň obýektleri şu aşakdakylardyr: 1) dürli derejeli we maksatly döwlet ylmy-tehniki maksatnamalary, innowasiýa we maýa goýum taslamalary, şeýle hem bu maksatnamalary we taslamalary durmuşa…
Öňki
1 / 2
Indiki