Yza
Hukukçy
Kanunlar
Kanunlar
Kömek
Resminamany barla
Içeri gir
Kanunlar
«Daýhan hojalygy hakynda» Türkmenistanyň Kanuny
kanun
09.11.2013 · № 445-IV
«Daýhan hojalygy hakynda» Türkmenistanyň Kanuny
25 madda · 8 sahypa
25 madda
1-nji madda
Daýhan hojalygy
1. Daýhan hojalygy oba hojalyk önümçiligini bilelikde alyp barmak üçin bir ýa-da birnäçe maşgalanyň agzalary tarapyndan döredilýän oba hojalyk kärhanasydyr. 2. Är-aýallar, 18 ýaşy dolan çagalar, şol sanda perzentlige alnan çagalar,…
2-nji madda
Türkmenistanyň daýhan hojalygy hakynda kanunçylygy
1. Türkmenistanyň daýhan hojalygy hakynda kanunçylygy Türkmenistanyň Konstitusiýasyna esaslanýar hem-de şu Kanundan we Türkmenistanyň beýleki kadalaşdyryjy hukuk namalaryndan ybaratdyr. 2. Eger Türkmenistanyň halkara şertnamasynda şu…
3-nji madda
Daýhan hojalygynyň eýeçiligi
1. Daýhan hojalygynyň eýeçiliginde hojalyk jaýlary we gaýry jaýlar, baglar, önüm berýän hem-de iş mallary (guşlar), oba hojalyk tehnikalary we gurallary, ulag serişdeleri hem-de oba hojalyk önümçiligini özbaşdak alyp barmak, öz öndüren…
4-nji madda
Daýhan hojalygyny ýöretmek
1. Daýhan hojalygy özbaşdak önümçilik birligi bolup durýar. 2. Daýhan hojalygy öz işiniň ugurlaryny hem-de hojalygy ýöretmek bilen baglanyşykly beýleki meseleleri özbaşdak çözýär. Kärende şertlerinde önüm öndürýän daýhan hojalygynyň…
5-nji madda
Daýhan hojalygyny döretmegiň tertibi
Daýhan hojalygy ony esaslandyryjynyň (esaslandyryjylaryň) karary boýunça döredilýär.
6-njy madda
Daýhan hojalygynyň esaslandyryjy şertnamasy
1. Daýhan hojalygyny döretmegiň we onuň işiniň esasy hökmünde esaslandyryjy şertnamasy hasaplanylýar, şeýle şertnama daýhan hojalygyny esaslandyryjylar tarapyndan baglaşylýar. Eger daýhan hojalygy bir esaslandyryjy tarapyndan döredilse,…
7-nji madda
Daýhan hojalygynyň Tertipnamasy
1. Daýhan hojalygynyň Tertipnamasy ýuridik şahs hökmünde onuň hukuk ýagdaýyny kesgitleýän esaslandyryjy resminamadyr. 2. Tertipnamada şu aşakdakylar bolmalydyr: 1) daýhan hojalygynyň ady, hukuk belgisi; 2) esaslandyryjy-fiziki şahslaryň…
8-nj madda
Daýhan hojalygyny bellige almak
1. Daýhan hojalygyny bellige almak Türkmenistanyň kanunçylygynda bellenilen tertipde amala aşyrylýar. 2. Daýhan hojalygy özüniň döwlet belligine alnandygy hakyndaky şahadatnamany alan pursadyndan başlap döredildi diýlip hasap edilýär,…
9-njy madda
Daýhan hojalygyna ýer böleklerini, mallary (guşlary), jaýlary, önümçilik desgalaryny bermegiň tertibi
1. Daýhan hojalygyny esaslandyryjy ýer serişdelerini dolandyrmak baradaky degişli döwlet edarasyna, daýhan birleşigine, beýleki oba hojalyk kärhanasyna: 1) ýer böleginiň, mallaryň (guşlaryň), jaýlaryň, önümçilik desgalarynyň berilmegi…
10-njy madda
Daýhan hojalygyna ýer böleklerini we mallary (guşlary) bermek
1. Daýhan hojalygyna ýer böleklerini bermek "Ýer hakynda" Türkmenistanyň Bitewi kanunyna laýyklykda amala aşyrylýar. 2. Daýhan hojalygyna oba hojalyk önümçiligini alyp barmak üçin ýer bölekleri: 1) peýdalanmak üçin - ýörite ýer…
10¹-njy madda
Daýhan hojalyklary tarapyndan suwdan peýdalanylmagy
1. Daýhan hojalyklarynyň oba hojalyk hajatlary üçin suw üpjünçiligi olaryň döwlet suw hojalyk guramalary bilen baglaşan şertnamalary esasynda amala aşyrylýar. 2. Daýhan hojalyklaryna oba hojalyk hajatlary üçin suwaryş suwy Türkmenistanyň…
11-nji madda
Daýhan hojalygynyň hukuklary
1. Daýhan hojalygynyň şu aşakdakylara hukugy bardyr: 1) hojalygy özbaşdak ýöretmäge; 2) bellenilen tertipde önümçilige niýetlenen binalary we desgalary gurmaga, ýer böleklerinde melioratiw işlerini geçirmäge; 3) sebitiň önümçilik-ykdysady…
12-nji madda
Daýhan hojalygynyň borçlary
Daýhan hojalygy şu aşakdakylara borçludyr: 1) ýeri agrotehniki kadalara laýyklykda ulanmaga, onuň gurplulygyny artdyrmaga, öz hojalyk işiniň netijesinde şol çäkde ekologik ýagdaýyň ýaramazlaşmagyna ýol bermezlige; 2) topragy suw hem-de ýel…
13-nji madda
Daýhan hojalygyny ýöretmäge bolan hukugy başga birine geçirmek
1. Daýhan hojalygynyň ýolbaşçysy hojalygy ýöretmekden ýüz döndermäge we hojalygyň agzalarynyň ylalaşmagy boýunça olaryň birini hukuk oruntutary edip bellemäge haklydyr. 2. Daýhan hojalygynyň ýolbaşçysy aradan çykan halatynda hojalygy…
14-nji madda
Daýhan hojalygynyň eýeçiligini miras almak
1. Daýhan hojalygynyň eýeçiligi Türkmenistanyň kanunçylygynda bellenilen tertipde miras alynýar. 2. Daýhan hojalygynyň işini dowam etdirýän mirasdar miras hakynda şahadatnama berlendigi üçin döwlet pajyny tölemekden boşadylýar.
15-nji madda
Daýhan hojalygyny hukuk taýdan goramak
1. Daýhan hojalygynyň emlägi, onuň hojalyk işi döwlet tarapyndan goralýar. 2. Döwlet edaralarynyň ýa-da olaryň wezipeli adamlarynyň daýhan hojalygynyň işine gatyşmagyna ýol berilmeýär, daýhan hojalygy tarapyndan Türkmenistanyň…
16-njy madda
Daýhan hojalygynda zähmet gatnaşyklary
1. Daýhan hojalygy zähmet şertnamasy boýunça beýleki adamlary wagtlaýyn işleri ýerine ýetirmäge çekip biler. 2. Zähmet şertnamasy boýunça işleýän wagtlaýyn işgärlere zähmet haky tölenilýär. Eger bu barada aýratyn ylalaşyk bolmasa, zähmet…
17-nji madda
Daýhan hojalygynda durmuş taýdan goraglylyk
1. Daýhan hojalygynyň agzalary, şeýle hem zähmet şertnamasy boýunça işleýän wagtlaýyn işgärler Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykda durmuş taýdan goralmaga degişlidir. 2. Daýhan hojalygynyň döwlet pensiýa ätiýaçlandyrmasyna gatançlary…
18-nji madda
Daýhan hojalyklaryny ösdürmek üçin döwlet goldawy
1. Döwlet daýhan hojalyklaryny ösdürmäge goldaw berýär, şol sanda olara uzak möhletli ýeňillikli karzlary almaga mümkinçilik döredýär. 2. Daýhan hojalygyna suwarymly ekerançylyk, beýleki önümçilik, durmuş we beýleki hajatlary üçin…
19-njy madda
Daýhan hojalygyna salgyt salmak
Daýhan hojalygyna salgyt salmak "Salgytlar hakynda" Türkmenistanyň Bitewi kanunyna laýyklykda geçirilýär.
20-nji madda
Daýhan hojalyklarynyň birleşmegä hukuklary
Daýhan hojalyklary meýletin başlangyçlarda Türkmenistanyň kanunçylygynda bellenilen tertipde jemgyýetlere, birleşmelere birleşip bilerler.
21-nji madda
Daýhan hojalyklarynyň işine gözegçilik etmek
Döwlet edaralary öz ygtyýarlyklarynyň çäklerinde daýhan hojalyklarynyň işine gözegçilik edýärler.
22-nji madda
Daýhan hojalygynyň işiniň hasaby we hasabatlylygy
Daýhan hojalygy öz işiniň netijelerini hasaba almagy we hasabatlylygyny bellenilen tertipde ýöredýär. Daýhan hojalygyndan Türkmenistanyň kanunçylygynda bellenilmedik hasabatlylygy talap etmek gadagandyr.
23-nji madda
Daýhan hojalygynyň işiniň bes edilmegi
1. Daýhan hojalygynyň işi islendik wagtda daýhan hojalygyny esaslandyryjy (esasladyryjylar) tarapyndan bes edilip bilner. 2. Daýhan hojalygynyň işi şu aşakdaky halatlarda bes edilýär: 1) berlen ýer böleginden iki ýylyň dowamynda…
24-nji madda
Şu Kanunyň güýje girmegi
1. Şu Kanun resmi taýdan çap edilen gününden güýje girýär. 2. Şu aşakdakylary güýjüni ýitiren diýip hasap etmeli: 1) 1994-nji ýylyň 28-nji martynda kabul edilen "Daýhan hojalygy hakynda" Türkmenistanyň Kanunyny (Türkmenistanyň Mejlisiniň…