Yza
Hukukçy
Kanunlar
Kanunlar
Kömek
Resminamany barla
Içeri gir
Kanunlar
«Kärdeşler arkalaşyklary, olaryň hukuklary we işiniň kepillikleri hakynda» Türkmenistanyň Kanuny
kanun
09.11.2013 · № 443-IV
«Kärdeşler arkalaşyklary, olaryň hukuklary we işiniň kepillikleri hakynda» Türkmenistanyň Kanuny
26 madda · 10 sahypa
26 madda
1-nji madda
Türkmenistanda kärdeşler arkalaşyklary
Türkmenistanda kärdeşler arkalaşyklary (mundan beýläk - kärdeşler arkalaşygy) - agzalarynyň zähmet we onuň bilen baglanyşykda beýleki durmuş-ykdysady hukuklaryna we bähbitlerine wekilçilik etmek hem-de olary goramak, zähmeti gorap saklamak…
2-nji madda
Kärdeşler arklaşygynyň işiniň hukuk esaslary
1. Kärdeşler arklaşygynyň işiniň hukuk esasyny Türkmenistanyň Konstitusiýasy, şu Kanun we Türkmenistanyň beýleki kadalaşdyryjy hukuk namalary düzýär. Kärdeşler arklaşygynyň işi onuň tertipnamasyna laýyklykda amala aşyrylýar. 2. Eger-de…
3-nji madda
Raýatlaryň kärdeşler arkalaşygyna birleşmäge bolan hukugy
1. Türkmenistanyň raýatlarynyň meýletin başlangyçlarda kärdeşler arkalaşygyny döretmäge, bellenilen tertipde oňa agzalyga erkin girmäge ýa-da girmekden saklanmaga, kärdeşler arkalaşygynyň işine gatnaşmaga we onda agzalykdan päsgelçiliksiz…
4-nji madda
Kärdeşler arkalaşygynyň nyşanlary
Kärdeşler arkalaşygynyň baýdagy, emblemasy, wympeli we beýleki nyşanlary bolup biler. Kärdeşler arkalaşygynyň nyşanlary onuň gurultaýynda (konferensiýasynda) tassyklanýar we olaryň ýazgysy kärdeşler arkalaşygynyň tertipnamasynda…
5-nji madda
Şu Kanunda ulanylýan esasy adalgalar
Şu Kanunyň maksatlary üçin aşakdaky esasy adalgalar ulanylýar: kärdeşler arkalaşygynyň ilkinji guramasy - kärdeşler arkalaşygynyň tertipnamasy ýa-da kärdeşler arkalaşygynyň ilkinji guramasy hakynda düzgünnama esasynda hereket edýän,…
6-njy madda
Şu Kanunyň hereket ediş çygry
1. Şu Kanunyň hereketi raýatlaryň başlangyjy boýunça Türkmenistanda döredilen kärdeşler arkalaşygyna, onuň birleşmelerine, ilkinji we beýleki guramalaryna degişlidir. 2. Kärdeşler arkalaşygynyň şu Kanun bilen berkidilen hukuklary we onuň…
7-nji madda
Kärdeşler arkalaşygynyň guramaçylyk-hukuk görnüşi
1. Kärdeşler arkalaşygy özüniň guramaçylyk-hukuk görnüşi boýunça syýasy maksat tutmaýan jemgyýetçilik guramasy bolup durýar. Kärdeşler arkalaşygynyň hemmesi deň hukuklardan peýdalanýarlar. 2. Kärdeşler arkalaşygy - kärdeşler arkalaşygynyň…
8-nji madda
Kärdeşler arkalaşygynyň işiniň esasy ýörelgeleri
1. Kärdeşler arkalaşygynyň işi meýletinlik, saýlawlylyk, deňhukuklylyk, öz-özüňi dolandyrmak, kanunylyk we hasabatlylyk ýörelgelerine esaslanýar. Kärdeşler arkalaşygy gurluşyny, işiniň maksatlaryny, görnüşlerini we usullaryny kesgitlemekde…
9-njy madda
Kärdeşler arkalaşygynyň garaşsyzlygy
Kärdeşler arkalaşygy öz işinde döwlet häkimiýet edaralaryndan, ýerli öz-özüňi dolandyryş edaralaryndan, iş berijilerden, olaryň birleşiklerinden, syýasy partiýalardan we beýleki jemgyýetçilik birleşiklerinden garaşsyzdyr. Döwlet…
10-njy madda
Döwlet we kärdeşler arkalaşygy
1. Döwlet kärdeşler arkalaşygynyň hukuklarynyň we kanuny bähbitleriniň berjaý edilmegini kepillendirýär we onuň hereket etmegi üçin hukuk taýdan deň mümkinçilikleri döredýär, kärdeşler arkalaşygynyň tertipnamalaýyn işini goldaýar. 2.…
11-nji madda
Kärdeşler arkalaşygynyň birleşmeleri
Kärdeşler arkalaşygy Türkmenistan boýunça ýolbaşçy edaralary bolan milli merkezlere, arkalaşyklara, geňeşlere we beýleki birleşmelere birleşip bilerler.
12-nji madda
Kärdeşler arkalaşygyny döwlet belligine almak
1. Türkmenistanyň Adalat ministrligi kärdeşler arkalaşygyny döwlet belligine almagy amala aşyrýar we bu barada degişli şahadatnama berilýär. Kärdeşler arkalaşygy Türkmenistanyň Adalat ministrliginde döwlet belligine alynmagy we…
13-nji madda
Kärdeşler arkalaşygynda agzalyk
1. Kärdeşler arkalaşygynda agzalyk meýletindir we her bir raýatyň erk-islegini özbaşdak aňlatmagyna esaslanýar hem-de agzalyga berkidilmek tertibinde amala aşyrylýar. 2. Resmi resminamalarda, şeýle hem raýatlaryň şahsy maglumatlarynda…
14-nji madda
Kärdeşler arkalaşygynyň tertipnamasy, kärdeşler arkalaşygynyň ilkinji guramasy hakynda düzgünnama
1. Tertipnamasyny, kärdeşler arkalaşygynyň ilkinji guramasy hakynda düzgünnamany we gurluşyny kärdeşler arkalaşygy özbaşdak işläp taýýarlaýar we tassyklaýar, şeýle hem işiniň ugurlaryny kesgitleýär, gurultaýlary, konferensiýalary,…
15-nji madda
Kärdeşler arkalaşygynyň hukuklary
1. Kärdeşler arkalaşygynyň şulara hukuklary bardyr: 1) eýeçiligiň görnüşlerine garamazdan kärhanalar, edaralar, guramalar we hakyna tutma zähmeti ulanýan zähmet gatnaşyklarynyň beýleki subýektleri, şonuň ýaly-da bilim edaralary bilen…
16-njy madda
Kärdeşler arkalaşygynyň borçlary
1. Kärdeşler arkalaşygy Türkmenistanyň kanunçylygyny, kärdeşler arkalaşygynyň işine degişli halkara hukugynyň ählumumy ykrar edilen ýörelgelerini we kadalaryny, şeýle hem onuň işiniň esasy ugurlaryny kesgitleýän tertipnama we beýleki…
17-nji madda
Kärdeşler arkalaşygynyň iş berijiler, olaryň birleşikleri bilen gatnaşygy
Kärdeşler arkalaşygynyň iş berijiler, olaryň birleşikleri bilen gatnaşyklary zähmet gatnaşyklarynyň talaplary, olaryň wekilleriniň durmuş hemşeriligi we özara gatnaşyklary, şeýle hem Türkmenistanyň kanunçylygy hem-de köpçülikleýin…
18-nji madda
Kärdeşler arkalaşygynyň ilkinji guramalarynyň ygtyýarlyklary
1. Kärdeşler arkalaşygynyň ilkinji guramalarynyň ygtyýarlyklary şu Kanun, kärdeşler arkalaşygynyň tertipnamasy, kärdeşler arkalaşygynyň ilkinji guramasy hakynda düzgünnama, zähmetkeşler köpçüliginiň çözgütleri, köpçülikleýin ylalaşyklar we…
19-njy madda
Kärdeşler arkalaşygynyň işiniň döwlet tarapyndan goldanylmagy
Kärdeşler arkalaşygy öz tertipnamasyna laýyklykda amala aşyrýan işlerinde döwlet goldawynyň şu görnüşlerinden peýdalanýar: 1) döwlet köpçülikleýin habar beriş serişdelerine kepillendirilen elýeterliligiň deň şertleriniň üpjün edilmegi; 2)…
20-nji madda
Kärdeşler arkalaşygynyň işiniň kepillikleri
1. Döwlet kärdeşler arkalaşygynyň tertipnamalaýyn wezipelerini ýerine ýetirmekleri üçin oňa berlen hukuklaryň we şertleriň berjaý edilmegini kepillendirýär. 2. Kärdeşler arkalaşygynyň hukuklaryny göni ýa-da gytaklaýyn çäklendirýän, şeýle…
21-nji madda
Kärdeşler arkalaşygynyň emlägi
1. Kärdeşler arkalaşygynyň eýeçiliginde onuň tertipnamalaýyn işini maddy taýdan üpjün etmek üçin zerur bolan jaýlar, gurluşlar, desgalar, ýaşaýyş jaý gaznasy, ulaglar, enjamlar, gurallar, medeni aň-bilim we sagaldyş maksatly emläk, pul…
22-nji madda
Kärdeşler arkalaşygynyň işine gözegçilik
Kärdeşler arkalaşygynyň, onuň birleşmeleriniň, guramalarynyň we düzüm birlikleriniň işiniň Türkmenistanyň kanunçylygyna, kärdeşler arkalaşygynyň tertipnamasynda göz öňünde tutulan maksatlara we wezipelere laýyk gelýändigine gözegçilik…
23-nji madda
Kärdeşler arkalaşygynyň ýatyrylmagy we işiniň bes edilmegi
Kärdeşler arkalaşygynyň ýatyrylmagy, üýtgedilip guralmagy we işiniň bes edilmegi Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykda amala aşyrylýar.
24-nji madda
Halkara hyzmatdaşlygy
1. Kärdeşler arkalaşygy öz işinde halkara hyzmatdaşlygyny amala aşyrmaga we degişli şertnamalary baglaşmaga hukuklydyr. 2. Kärdeşler arkalaşygy öz işleri bilen baglanyşykly halkara gatnaşyklarynda Türkmenistanyň bähbitlerine wekilçilik…
25-nji madda
Kärdeşler arkalaşygynyň hukuklarynyň bozulmagy üçin jogapkärçilik
1. Şu Kanuny bozandygy üçin wezipeli adamlar, iş berijiler Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykda jogapkärçilik çekýärler. 2. Kärdeşler arkalaşygynyň guramalary şu Kanuny bozýan, köpçülikleýin ylalaşyklarda we şertnamalarda göz öňünde…
Öňki
1 / 2
Indiki