Yza
Hukukçy
Kanunlar
Kanunlar
Kömek
Resminamany barla
Içeri gir
Kanunlar
«Ylmy edaralar hakynda» Türkmenistanyň Kanuny
kanun
09.11.2013 · № 444-IV
«Ylmy edaralar hakynda» Türkmenistanyň Kanuny
43 madda · 23 sahypa
43 madda
1-nji madda
Ylmy edara hakynda düşünje
Ylmy edara - bu, eýeçiliginiň görnüşine we guramaçylyk-hukuk görnüşine garamazdan esasy işi hökmünde ylmy-barlag we (ýa-da) ylmy-tehniki işleri, we (ýa-da) synag arkaly işläp taýýarlamalary (mundan beýläk - ylmy iş), ylmy işgärleri…
2-nji madda
Ylmy edaralar hakynda Türkmenistanyň kanunçylygy
Ylmy edaralar hakynda Türkmenistanyň kanunçylygy Türkmenistanyň Konstitusiýasyna esaslanýar we şu Kanundan, ylmy edaralaryň işini düzgünleşdirýän Türkmenistanyň beýleki kadalaşdyryjy hukuk namalaryndan ybaratdyr. Eger Türkmenistanyň…
3-nji madda
Ylmy edaralaryň hukuk ýagdaýy
1. Ylmy edaralaryň işi döwletiň ylmy-tehniki syýasatyna we Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykda amala aşyrylýar hem-de olaryň tertipnamalary bilen kesgitlenilýär. 2. Ylmy edaralaryň we ylmy işiň netijelerini peýdalanyjylaryň arasyndaky…
4-nji madda
Ylmy edaranyň maksatlary we wezipeleri
1. Şu aşakdakylar ylmy edaranyň maksatlary bolup durýar: 1) Türkmenistanyň tehnologiýa, ykdysady we durmuş taýdan ösüşine ýardam edýän, tebigatyň, jemgyýetiň, adamyň we döwletiň ösüş kanunlary hakynda täze bilimleri almaga gönükdirilen…
5-nji madda
Ylmy edaranyň ygtyýarlyklary
Ylmy edaranyň ygtyýarlyklaryna şu aşakdakylar degişlidir: 1) ylmy işiň esasy ugurlaryny özbaşdak döretmek; 2) ylmy barlaglary ýerine ýetirmek; 3) Türkmenistanyň kanunçylygynda göz öňünde tutulan çeşmeleriň hasabyna ylmy işleri…
6-njy madda
Ylmy edaranyň tertipnamasy
Ylmy edaranyň tertipnamasyny şu aşakdakylar düzmelidir: 1) ylmy edaranyň ady we hukuk salgysy; 2) bank rekwizitlerini, hukuk salgylaryny görkezmek bilen esaslandyryjy (esaslandyryjylar) onuň (olar) hakynda maglumat; 3) ylmy edaranyň işiniň…
7-nji madda
Ylmy edaralaryň maglumat üpjünçiligi
1. Ylmy edaralar: 1) ylym we tehnika babatda maglumat çeşmelerini döredýärler; 2) ylmy-tehniki maglumaty ýygnamagy, analitiki usulda işläp taýýarlamagy we saklamagy amala aşyrýarlar; 3) öz işiniň ylmy ugurlarynyň talaplaryna jogap berýän…
8-nji madda
Ylmy edaralaryň eýeçiliginiň görnüşleri
Ylmy edaralar Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykda eýeçiligiň şu aşakdaky görnüşlerinde bolup bilerler: 1) döwlet eýeçiliginde; 2) jemgyýetçilik birleşikleriniň (guramalaryň) eýeçiliginde; 3) gatyşyk eýeçilikde; 4) bilelikdäki…
9-njy madda
Ylmy edaralaryň guramaçylyk-hukuk görnüşleri
1. Ylmy edaralarişlerini şu aşakdaky guramaçylyk-hukuk görnüşlerde amala aşyrýarlar: 1) döwlet ylmy edarasy; 2) ylmy işgärleriň jemgyýetçilik birleşigi; 3) jemgyýetçilik birleşiginiň ylmy edarasy; 4) döwlet ylmy edarasynyň hojalyk…
10-njy madda
Döwlet ylmy edarasy
1. Türkmenistanyň ylym ulgamynyň esasyny döwlet ylmy edaralary düzýärler. 2. Döwlet ylmy edaralary - bu esaslandyryjylary döwlet häkimiýet edaralary bolup durýan edaralardyr. 3. Esaslandyryjylar döwlet ylmy edaralarynyň tertipnamalarynda…
11-nji madda
Ylmy işgärleriň jemgyýetçilik birleşikleri
1. Ylmy işgärleriň jemgyýetçilik birleşigi - ylmyň we tehnikanyň geljegi uly bolan ugurlaryny maksatlaýyn ösdürmegiň, anyk ylmy barlaglaryň geçirilmegine ylmy güýçleri jemlemegiň, ylmy barlaglary guramagyň we geçirmegiň, ylmy bilimlerini…
12-nji madda
Jemgyýetçilik birleşiginiň ylmy edarasy
1. Jemgyýetçilik birleşikleri tarapyndan döredilýän ylmy edaralar, jemgyýetçilik birleşikleriniň ylmy edaralary bolup durýarlar. 2. Jemgyýetçilik birleşikleriniň ylmy edaralary döretmäge bolan hukugy olaryň esaslandyryjy resminamalarynda…
13-nji madda
Döwlet ylmy edarasynyň hojalyk jemgyýeti
1. Döwlet ylmy edaralary alyp barýan işi olaryň ylmy işiniň netijelerini iş ýüzünde ulanmakdan (ornaşdyrmakdan) ybarat bolup durýan hojalyk jemgyýetleriniň esaslandyryjylary (şol sanda başga şahslar bilen bilelikde) bolmak hukugyna…
14-nji madda
Paýdarlar ylmy jemgyýeti
1. Paýdarlar ylmy jemgyýetleri Türkmenistanyň durmuş-ykdysady ösüşiniň strategik maksatnamalaryny çözmäge gönükdirilen, ileri tutulýan umumydöwlet ähmiýeti bolan ylmy-tehniki maksatnamalary durmuşa geçirmek üçin, şeýle hem daşary…
15-nji madda
Bilelikdäki ylmy edara
1. Bilelikdäki ylmy edaralar - bu Türkmenistanyň ylmy edaralarynyň we daşary ýurt döwletleriniň ylmy edaralarynyň emlägini umumylaşdyrmak we bilelikde ulanmak arkaly ylmy we tehnikany ösdürmegiň ileri tutulýan ugurlary boýunça ylmy işi…
16-njy madda
Ylmy edaralaryň ulgamy
1. Türkmenistanda ylmy edaralar ylmy işiniň ugurlary hem-de düýpli we amaly ylmy barlaglarynyň ugurlary boýunça şu aşakdaky görnüşlere bölünýärler: 1) ylmy-barlag institutlary; 2) ylmy-tehnologik merkezleri; 3) ylmy-kliniki merkezleri; 4)…
17-nji madda
Ylmy-barlag institutlary
1. Ylmy-barlag instituty - bu ylmy işgärleri taýýarlamagy we hünär derejesini ýokarlandyrmagy hem-de işiniň esasy ugurlary onuň tertipnamasy bilen kesgitlenilýän ylmy-barlag we (ýa-da) ylmy-tehniki işi esasy işi hökmünde amala aşyrýan ylmy…
18-nji madda
Ylmy-tehnologik merkezler
1. Ylmy-tehnologik merkezler täze we ýokary tehnologiýalary döretmegiň hem-de ösdürmegiň ileri tutulýan ugurlary, şeýle hem şonuň ýaly tehnologiýalara esaslanan geljegi uly bolan önümçilikler babatda ylmyň, bilimiň, önümçiligiň we…
19-njy madda
Ylmy-kliniki merkezler
1. Ylmy-kliniki merkezler - keselleri bejermek we öňüni almak, anyklamak, ylmy-barlag işlerini geçirmek üçin niýetlenilen ýöriteleşdirilen bejeriş-öňüni alyş edaralarydyr. 2. Ylmy-kliniki merkezleriň düzümine lukmançylyk işgärlerini…
20-nji madda
Ylmy-önümçilik merkezleri
1. Ylmy-önümçilik merkezleri dünýä ylmynyň öňdebaryjy üstünliklerini, ylmy barlaglaryň netijelerini önümçilige ornaşdyrmak maksadynda döredilýär. Ylmy-önümçilik merkezleri esasan, esasy ugurlary olaryň Tertipnamasy bilen kesgitlenilýän…
21-nji madda
Ylmy-taslama merkezleri
1. Ylmy-taslama merkezleri geljegi bar bolan innowasion desgalaryň nusgalaryny işläp taýýarlamak we durmuşa geçirmek, innowasion, tehnologik, binagärlik, konstruktiw çözgütleri taslamalaşdyrmak maksadynda döredilýär hem-de esasan…
22-nji madda
Tejribe-önümçilik barlaghanalary
1. Tejribe-önümçilik barlaghanalary Türkmenistanyň ykdysadyýetiniň pudaklaryny ylmy-tehniki we innowasion taýdan ösdürmegiň wezipelerine laýyklykda synag işlerini geçirmek maksady bilen döredilýär. 2. Tejribe-önümçilik barlaghanalary…
23-nji madda
Ylmy işi amala aşyrýan beýleki edaralar
1. Ylmy iş olar üçin işiniň esasy görnüşi bolup durmaýan edaralar, olaryň esaslandyryjy resminamalarynda berkidilen wezipeleri çözmek maksadynda öz gurluşynda ylmy düzüm birliklerini döretrmäge haklydyrlar. 2. Ylmy edaralar şertnama…
24-nji madda
Pudagara ylmy edaralar
1. Umumy döwlet ähmiýetli we Türkmenistany durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň strategik maksatnamalaryny çözmäge gönükdirilen pudagara ylmy-tehniki maksatnamalary durmuşa geçirmek maksadynda, şeýle hem uly möçberlerdäki maýa goýumlary,…
25-nji madda
Pudaklaýyn ylmy edaralar
1. Türkmenistanyň ykdysadyýetiniň pudaklaryny ylmy-tehniki we innowasion taýdan ösdürmek maksadynda ministrliklerde, pudaklaýyn edaralarda pudaklaýyn ylmy edaralar döredilip bilner. 2. Pudaklaýyn ylmy edaralar eýeçiligiň şu aşakdaky…
Öňki
1 / 2
Indiki