Yza
Hukukçy
Kanunlar
Kanunlar
Kömek
Resminamany barla
Içeri gir
Kanunlar
«Diplomatik gulluk hakynda» Türkmenistanyň Kanuny
kanun
29.08.2013 · № 426-IV
«Diplomatik gulluk hakynda» Türkmenistanyň Kanuny
27 madda · 11 sahypa
27 madda
1-nji madda
Diplomatik gulluk diýen düşünje
1. Diplomatik gulluk - bu döwlet gullugynyň Türkmenistanyň daşary syýasat ugrunyň durmuşa geçirilmegi boýunça ygtyýarlyklaryň ýerine ýetirilmegi, halkara gatnaşyklary çygrynda Türkmenistanyň, onuň raýatlarynyň we ýuridik şahslarynyň…
2-nji madda
Diplomatik gullugyň hukuk esaslary
Diplomatik gullugyň hukuk esaslaryny Türkmenistanyň Konstitusiýasy, şu Kanun, Türkmenistanyň beýleki kadalaşdyryjy hukuk namalary, Türkmenistanyň halkara şertnamalary, şeýle hem halkara hukugynyň umumy ykrar edilen ýörelgeleri we kadalary…
3-nji madda
Diplomatik gullugyň wezipeleri
Diplomatik gulluga şu wezipeler ýüklenilýär: 1) Türkmenistanyň daşary syýasat ugruny we Türkmenistanyň Prezidentiniň halkara başlangyçlaryny durmuşa geçirmek; 2) Türkmenistanyň özygtyýarlylygyny, howpsuzlygyny, çäk bitewiligini we…
4-nji madda
Diplomatik gullugyň borçlary
Diplomatik gulluga şu borçlar ýüklenilýär: 1) daşary ýurt döwletleri we halkara guramalary bilen diplomatik we konsullyk gatnaşyklarda Türkmenistana wekilçilik etmek; 2) gepleşikleri geçirmegi we Türkmenistanyň halkara şertnamalaryna gol…
5-nji madda
Diplomatik gullugyň ulgamy
1. Diplomatik gullugy guramak diplomatik gullugyň bitewi ulgamyny döretmegiň we ösdürmegiň üsti bilen amala aşyrylýar. 2. Diplomatik gulluk ulgamyna şular girýär: Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi, Türkmenistanyň daşary ýurt…
5¹-nji madda
Diplomatik gullugyň işgärleri
Diplomatik gullugyň işgärleri diplomatik gullugyň ulgamynda işleýän we diplomatik dereje berilmäge degişli bolan diplomatik wezipäni eýeleýän Türkmenistanyň raýatlarydyr.
6-njy madda
Diplomatik wezipeler
1. Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi üçin aşakdaky diplomatik wezipeler girizilýär: 1) daşary işler ministri; 2) daşary işler ministriniň orunbasary; 3) Daşary işler ministrliginiň aýratyn tabşyryklar boýunça Ilçisi; 4) Daşary işler…
7-nji madda
Diplomatik gulluk ulgamynda wezipelere bellemek
1. Diplomatik wezipelere Türkmenistanyň ýokary bilimli, döwlet we daşary ýurt dillerini bilýän, hünäri we diplomatik gullukda işlemek üçin zerur ýörite bilimleri bolan raýatlary bellenilip bilner. 2. Diplomatik wezipelere bellemek…
8-nji madda
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň referenturasy
1. Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde diplomatik gulluk üçin işgärleri taýýarlamak maksady bilen referentura döredilýär. 2. Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde referenturany guramagyň we geçirmegiň tertibi…
9-njy madda
Diplomatik gullugyň işgärler ätiýaçlygy
1. Diplomatik wezipelerde işlemek üçin işgärleriň ätiýaçlygy Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi tarapyndan döredilýär. Diplomatik gullugyň işgärler ätiýaçlygynyň düzümine şular girýar: 1) diplomatik wezipeleri we borçlary ýerine…
10-njy madda
Wezipeden wezipä geçirmek, diplomatik wezipeleri çalşyrmak
Diplomatik gullugyň işgärlerini bir wezipeden başga wezipä geçirmek we diplomatik wezipeleri çalşyrmak gulluk işiniň zerurlygyna laýyklykda işgärleriň kärini, hünär taýýarlygyny we işgärleriň aýlanyşygynyň ýörelgelerini nazara almak arkaly…
11-nji madda
Diplomatik gullugyň işgärleriniň aýlanyşygy
1. Türkmenistanyň diplomatik gullugy ulgamynda diplomatik gullugyň işgärleriniň aýlanyşygy amala aşyrylýar. Diplomatik gullugyň işgärleri işgärleriň aýlanyşygynyň çäklerinde hünär taýýarlygyny we ýöriteleşdirilişini göz öňünde tutmak…
11¹-nji madda
Işler wagtlaýyn ynanylan
Işler wagtlaýyn ynanylan - Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçiniň ýok wagty onuň wezipelerini wagtlaýyn ýerine ýetirmek üstüne ýüklenen Türkmenistanyň daşary ýurt döwletlerindäki diplomatik wekilhanalarynda, halkara guramalaryň ýanyndaky…
12-nji madda
Diplomatik gullukda bolmak bilen baglanyşykly çäklendirmeler
1. Diplomatik gullugyň işgärleriniň şulara hukugy ýokdur: 1) mugallymçylyk, ylmy we döredijilik işinden başga, beýleki hak tölenilýän iş bilen meşgullanmaga; 2) özüniň ýa-da ynanylan adamlarynyň üsti bilen telekeçilik işi bilen…
13-nji madda
Diplomatik gullugyň işgärlerini yzyna çagyrmak
1. Türkmenistanyň daşary yurt döwletlerindäki diplomatik wekilhanalarynda we konsullyk edaralarynda, halkara guramalaryň ýanyndaky Türkmenistanyň wekilhanalarynda işleýän diplomatik işgärler, özleri ýa-da olaryň maşgala agzalary tarapyndan…
14-nji madda
Diplomatik gullugyň bes edilmegi
Diplomatik gullugyň bes edilmegi üçin şular esas bolup durýar: 1) öz islegine görä işden boşadylmagy barada diplomatik gullugyň işgäriniň arza bermegi; 2) zähmet şertnamasynyň möhletiniň tamamlanmagy; 3) Türkmenistanyň kanunçylygynda ýa-da…
15-nji madda
Diplomatik gullugyň işgärleriniň hukuklary
1. Diplomatik gullugyň işgärleriniň öz ygtyýarlyklaryny ýerine ýetirmek bilen baglylykda şu aşakdakylara hukugy bardyr: 1) Türkmenistanyň Konstitusiýasy we kanunlary tarapyndan kepillendirilen ähli hukuklardan we…
16-njy madda
Diplomatik gullugyň işgärleriniň borçlary
1. Diplomatik gullugyň işgärleri öz ygtyýarlyklaryny ýerine ýetirenlerinde şulara borçludyrlar: 1) Türkmenistanyň Konstitusiýasyny we kanunçylygyny berjaý etmäge; 2) halkara gatnaşyklary çygrynda Türkmenistanyň, onuň raýatlarynyň we…
17-nji madda
Diplomatik gullugyň işgärlerini höweslendirmek
1. Diplomatik gullugyň işgärleri üçin höweslendirmegiň aşakdaky görnüşleri bellenilýär: 1) «Türkmenistanyň ussat diplomaty» tapawutlandyryş nyşany bilen sylaglamak; 1¹) Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Diplomy bilen…
18-nji madda
Diplomatik gullugyň işgärleriniň düzgün-nyzam jogapkärçiligi
1. Diplomatik gullugyň işgärlerine öz borçlaryny ýerine ýetirmedik ýa-da ýeterlik derejede ýerine ýetirmedik halatynda, aşakdaky düzgün-nyzam temmileri ulanylýar: 1) duýduryş; 2) käýinç; 3) berk käýinç; 4) öz gulluk borjuna doly laýyk…
19-njy madda
Diplomatik gullugyň maliýeleşdirilmegi we maddy-tehniki taýdan üpjün edilmegi
1. Diplomatik gullugyň maliýeleşdirilmegi Döwlet býujetiniň serişdeleriniň hasabyna, şeýle hem konsullyk ýygymlaryndan we peýdalanylyş tertibi Türkmenistanyň kadalaşdyryjy hukuk namalary arkaly kesgitlenilýän, Türkmenistanyň kanunçylygy…
20-nji madda
Diplomatik gullugyň ulgamynda aragatnaşygyň, arhiwiň, howpsuzlygyň guralyşy
1. Diplomatik gulluk öz işinde bar bolan aragatnaşyk we telekommunikasiýa ulgamlaryny, şeýle hem diplomatik çaparçylyk gullugyny ulanýar. 2. Diplomatik çaparçylyk gullugy Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi bilen Türkmenistanyň daşary…
21-nji madda
Diplomatik gullugyň işgärlerini maddy we durmuş-ýaşaýyş taýdan üpjün etmek
1. Diplomatik gullugyň işgärleriniň we olaryň maşgala agzalarynyň maddy we durmuş-ýaşaýyş taýdan üpjünçiligi diplomatik gullugyň geçilmeginiň şertleri we aýratynlyklary nazarda tutulyp amala aşyrylýar. 2. Diplomatik gullugyň işgärleriniň…
22-nji madda
Daşary ýurt gulluk iş saparlary
1. Diplomatik gulluga ýüklenilen wezipeleri we borçlary ýerine ýetirmek maksady bilen, diplomatik gullugyň ulgamynda işleýän şahslar, şeýle hem beýleki döwlet edaralarynyň, edaralaryň we guramalaryň ýolbaşçylary we işgärleri daşary…
23-nji madda
Diplomatik gullugyň işgärleriniň zähmet gatnaşyklaryny düzgünleşdirmek
Diplomatik gullugyň işgärleriniň zähmet gatnaşyklary şu Kanun, Türkmenistanyň Zähmet kodeksi we beýleki kadalaşdyryjy hukuk namalary arkaly düzgünleşdirilýär.
Öňki
1 / 2
Indiki