Yza
Hukukçy
Kanunlar
Kanunlar
Kömek
Resminamany barla
Içeri gir
Kanunlar
«Adamyň beden agzalarynyň we (ýa-da) dokumalarynyň transplantasiýasy hakynda» Türkmenistanyň Kanuny
kanun
29.08.2013 · № 425-IV
«Adamyň beden agzalarynyň we (ýa-da) dokumalarynyň transplantasiýasy hakynda» Türkmenistanyň Kanuny
17 madda · 5 sahypa
17 madda
1-nji madda
Esasy düşünjeler
Şu Kanunda aşakdaky esasy düşünjeler ulanylýar: 1) adamyň beden agzalarynyň we (ýa-da) dokumalarynyň transplantasiýasy (oturdylmagy) - hirurgiýa operasiýasy arkaly resipiýentiň ýok bolan ýa-da adamyň ýaşaýşa ukyplylygyny üpjün edip…
2-nji madda
Türkmenistanyň transplantasiýa hakynda kanunçylygy
1. Türkmenistanyň transplantasiýa hakynda kanunçylygy Türkmenistanyň Konstitusiýasyna esaslanýar hem-de şu Kanundan we transplantasiýa babatda Türkmenistanyň beýleki kadalaşdyryjy hukuk namalaryndan ybarat. 2. Eger Türkmenistanyň halkara…
3-nji madda
Şu Kanunyň hereket edýän çygry
1. Şu Kanunyň hereketi transplantasiýa çygrynda ýüze çykýan gatnaşyklara degişli bolup durýar. 2. Şu Kanunyň hereketi adamyň köpeliş hadysasyna (ýumurtga öýjügi, döl, ýumurtgalyk, ýumurtgajyk ýa-da embrion), şeýle hem gan (onuň düzüm…
4-nji madda
Transplantasiýa babatda halkara hyzmatdaşlygy
Transplantasiýa babatda halkara hyzmatdaşlygyny öz ygtyýarlyklarynyň çäklerinde Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrligi we adamyň beden agzalarynyň we (ýa-da) dokumalarynyň alynmagy, saklanylmagy we transplantasiýasy…
5-nji madda
Adamyň beden agzalarynyň we (ýa-da) dokumalarynyň alynmagynyň, saklanylmagynyň we transplantasiýasynyň döwlet tarapyndan düzgünleşdirilmegi
1. Adamyň beden agzalarynyň we (ýa-da) dokumalarynyň alynmagynyň, saklanylmagynyň we transplantasiýasynyň döwlet tarapyndan düzgünleşdirilmegi Türkmenistanyň Ministrler Kabineti we öz ygtyýarlyklarynyň çäklerinde Türkmenistanyň Saglygy…
6-njy madda
Transplantasiýanyň şertleri we tertibi
1. Diri donordan ýa-da merhum donordan transplantasiýa diňe, eger başga saglygy goraýyş usullary resipiýentiň janyny saklap galmagyny ýa-da onuň saglygynyň dikeldilmegini kepillendirip bilmeýän mahalynda we transplantasiýanyň zerurlygy…
7-nji madda
Diri donor bolmaga çäklendirmeler
Şu aşakdakylar diri donor bolup bilmeýär: 1) çagalar (şu Kanunyň 8-nji maddasynyň birinji böleginiň 4-nji bendinde göz öňünde tutulan ýagdaý muňa degişli däldir); 2) bellenilen tertipde kämillik ukyby ýok ýa-da kämillik ukyby çäklendirilen…
8-nji madda
Diri donordan beden agzalarynyň we (ýa-da) dokumalarynyň transplantasiýa üçin alynmagynyň şertleri
1. Diri donordan beden agzalarynyň we (ýa-da) dokumalarynyň transplantasiýa üçin alynmagyna şu aşakdaky şertler ýerine ýetirilende rugsat berilýär: 1) beden agzalary we (ýa-da) dokumalary alnanda saglygynda gaýraüzülmeleriň bolup…
9-njy madda
Diri donoryň hukuklary we borjy
1. Öz beden agzalarynyň we (ýa-da) dokumalarynyň alynmagyna razylyk beren diri donoryň şu aşakdakylara hukugy bardyr: 1) öz saglyk ýagdaýy we geljekde ýüze çykyp biljek gaýraüzülmeleriň ähtimallygy barada doly maglumat almaga; 2) beden…
10-njy madda
Merhum donordan beden agzalarynyň we (ýa-da) dokumalarynyň alynmagynyň şertleri
1. Merhum donordan beden agzalarynyň we (ýa-da) dokumalarynyň alynmagyna Türkmenistanyň raýatlaryň saglygyny goramak babatda kanunçylygyna laýyklykda ölüm pursady kesgitlenilenden soň onuň ýakyn garyndaşlarynyň biriniň ýa-da kanuny…
11-nji madda
Resipiýentiň adamyň beden agzalarynyň we (ýa-da) dokumalarynyň transplantasiýasyna razylygy
1. Transplantasiýa üçin resipiýentiň ýazmaça razylygynyň bolmagy hökmandyr. Şunda resipiýent geçiriljek operasiýanyň netijesinde saglygynda mümkin bolan gaýraüzülmeleriň bolup biljekdigi barada ýazmaça duýdurylmalydyr. 2. Eger-de…
12-nji madda
Adamyň beden agzalarynyň we (ýa-da) dokumalarynyň söwdasynyň gadaganlygy
Adamyň beden agzalarynyň we (ýa-da) dokumalarynyň satyn alynmagy, satylmagy we olar babatda täjirçilik geleşikleriniň baglaşylmagy, şeýle hem olary mahabatlandyrmak gadagan edilýär.
13-nji madda
Donor we resipiýent hakynda maglumatlaryň ýaýradylandygy üçin jogapkärçilik
1. Döwlet saglygy goraýyş edarasynyň lukmanlaryna we beýleki işgärlerine donor we resipiýent hakynda maglumatlary ýaýratmak gadagan edilýär. 2. Şeýle maglumatlaryň ýaýradylmagy Türkmenistanyň kanunçylygynda bellenilen jogäpkärçilige eltýär.
14-nji madda
Döwlet saglygy goraýyş edarasynyň jogapkärçiligi
Şu Kanunda göz öňünde tutulan beden agzalaryň we (ýa-da) dokumalaryň alynmagynyň şertleriniň we tertibiniň ýa-da transplantasiýanyň şertleriniň we tertibiniň bozulmagy, şeýle hem reanimasiýa çärelerini togtatmagyň bellenilen kadalarynyň…
15-nji madda
Şu Kanunyň bozulandygy üçin jogapkärçilik
Şu Kanunyň bozulmagy Türkmenistanyň kanunçylygynda bellenilen jogapkärçilige eltýär.
16-njy madda
Jedelleriň çözülişi
Transplantasiýa çygrynda ýüze çykýan jedeller Türkmenistanyň kanunçylygynda bellenilen tertipde çözülýär.
17-nji madda
Şu Kanunyň güýje girmegi
Şu Kanun resmi taýdan çap edilen gününden güýje girýär.