Yza
Hukukçy
Kanunlar
Kanunlar
Kömek
Resminamany barla
Içeri gir
Kanunlar
«Döwlet ýaşaýyş jaý gaznasynyň ýaşaýyş jaýlarynyň hususylaşdyrylmagy hakynda» Türkmenistanyň Kanuny
kanun
22.06.2013 · № 413-IV
«Döwlet ýaşaýyş jaý gaznasynyň ýaşaýyş jaýlarynyň hususylaşdyrylmagy hakynda» Türkmenistanyň Kanuny
25 madda · 11 sahypa
25 madda
1-nji madda
Döwlet ýaşaýyş jaý gaznasynyň ýaşaýyş jaýlaryny hususylaşdyrmak düşünjesi
Döwlet ýaşaýyş jaý gaznasynyň ýaşaýyş jaýlaryny hususylaşdyrmak - döwlet ýaşaýyş jaý gaznasynyň ýaşaýyş jaýlarynyň hususylaşdyrmagyň subýektleriniň eýeçiligine muzdsuz ýa-da muzdly berilmegi (mundan beýläk - ýaşaýyş jaýlaryny…
2-nji madda
Ýaşaýyş jaýlarynyň hususylaşdyrylmagy hakynda Türkmenistanyň kanunçylygy
1. Ýaşaýyş jaýlarynyň hususylaşdyrylmagy hakynda Türkmenistanyň kanunçylygy Türkmenistanyň Konstitusiýasyna esaslanýar we şu Kanundan hem-de Türkmenistanyň beýleki kadalaşdyryjy hukuk namalaryndan ybarat bolup durýar. 2. Şu Kanunyň…
3-nji madda
Şu Kanunyň maksady we esasy wezipeleri
1. Raýatlaryň abadanlaşdyrylan ýaşaýyş jaýyny öz eýeçiligine almakda ýa-da edinmekde döwletden goldaw almaga bolan konstitusion hukugynyň amala aşyrylmagy, ýaşaýyş jaýyna bolan islegleriniň kanagatlandyrylmagynyň usulyny erkin saýlamagy…
4-nji madda
Ýaşaýyş jaýlaryny hususylaşdyrmagyň esasy ýörelgeleri
1. Şular ýaşaýyş jaýlaryny hususylaşdyrmagyň esasy ýörelgeleri bolup durýar: 1) raýatlaryň ýaşaýyş jaýlaryny hususylaşdyrmaga gatnaşmagynyň meýletinligi; 2) ýaşaýyş jaýlary hususylaşdyrylanda raýatlaryň hukuklarynyň deňligi; 3) ýaşaýyş…
5-nji madda
Hususylaşdyrylan ýaşaýyş jaýyna eýeçilik hukugynyň amala aşyrylmagynyň döwlet kepillikleri
1. Raýatlaryň öz hususylaşdyran ýaşaýyş jaýyna eýeçilik hukugynyň amala aşyrylmagy Türkmenistanyň kanunçylygynda kepillendirilýär. 2. Raýatlaryň eýeçiliginde başga ýaşaýyş jaýynyň bolmagy, olaryň şu Kanuna laýyklykda eýelik edýän…
6-njy madda
Ýaşaýyş jaýlaryny hususylaşdyrmagyň subýektleri we gatnaşyjylary
1. Türkmenistanyň raýatlary, Türkmenistanda hemişelik ýaşaýan raýatlygy bolmadyk adamlar ýaşaýyş jaýlaryny hususylaşdyrmagyň subýektleri (mundan beýläk - hususylaşdyrmagyň subýektleri) bolup durýarlar. 2. Ýerine ýetiriji häkimiýetiň ýerli…
7-nji madda
Ýaşaýyş jaýlaryny hususylaşdyrmagyň obýektleri
1. Ýaşaýyş jaýy, ýaşaýyş jaýynyň bir bölegi, köp öýli ýaşaýyş jaýyndaky öý, öýüň bir bölegi (mundan beýläk - ýaşaýyş jaýlar) hususylaşdyrmagyň obýektleri bolup durýarlar. 2. Şu ýaşaýyş jaýlary hususylaşdyrylmaga degişli däldir: 1)…
8-nji madda
Ýaşaýyş jaýlaryny hususylaşdyrmagyň görnüşleri
Ýaşaýyş jaýlaryny hususylaşdyrmak: 1) hususylaşdyrmagyň subýektleriniň eýeçiligine göni (salgyly) berilmegi görnüşinde - muzdsuz; 2) hususylaşdyrmagyň subýektleri tarapyndan ýaşaýyş jaýlarynyň satyn alynmagy görnüşinde; 3)…
9-njy madda
Ýaşaýyş jaýlarynyň hususylaşdyrylmagy çygrynda döwlet tarapyndan düzgünleşdirmegi amala aşyrýan edaralar
Türkmenistanyň Ministrler Kabineti, ýaşaýyş jaýlarynyň hususylaşdyrylmagy çygrynda ygtyýarly edara (mundan beýläk - ygtyýarly edara), şeýle hem ýerine ýetiriji häkimiýetiň ýerli edaralary we Geňeşler ýaşaýyş jaýlarynyň hususylaşdyrylmagy…
10-njy madda
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň ygtyýarlylygy
Türkmenistanyň Ministrler Kabineti: 1) ýaşaýyş jaýlarynyň hususylaşdyrylmagynyň çygrynda ýeke-täk döwlet syýasatyny kesgitleýär; 2) ygtyýarly edarany kesgitleýär; 3) ýaşaýyş jaýlarynyň hususylaşdyrylmagynda bäsleşikli söwdany guraýan we…
11-nji madda
Ygtyýarly edaranyň ygtyýarlylygy
Ygtyýarly edara: 1) ýaşaýyş jaýlaryny hususylaşdyrmagyň çygrynda ýeke-täk döwlet syýasatyny durmuşa geçirýär; 2) bäsleşikli söwdany geçirmek boýunça döwlet edarasynyň işini utgaşdyrýar; 3) şulary işläp düzýär we Türkmenistanyň Ministrler…
12-nji madda
Ýerine ýetiriji häkimiýetiň ýerli edaralarynyň we Geňeşleriň ygtyýarlylygy
Ýerine ýetiriji häkimiýetiň ýerli edaralary we Geňeşler: 1) ýaşaýyş jaýlarynyň hususylaşdyrylmagy hakynda arzalaryň kabul edilmegini we bellige alynmagyny amala aşyrýarlar; 2) ýaşaýyş jaýlarynyň hususylaşdyrylmagy hakynda arzalara…
13-nji madda
Ýaşaýyş jaýlaryny hususylaşdyrmaga bolan hukuk
1. Ýaşaýyş jaýlarynyň muzdsuz hususylaşdyrylmagyna şu aşakdakylaryň hukuklary bardyr: 1) döwlet ýaşaýyş jaý gaznasynyň ulanylan möhleti on bäş ýyldan az bolmadyk ýaşaýyş jaýynda kireýine almak-bermek şertnamasy boýunça on ýyldan köp…
14-nji madda
Ýaşaýyş jaýlaryny hususylaşdyrmagy amala aşyrýan edaralar
1. Ýerine ýetiriji häkimiýetiň ýerli edaralary we Geňeşler ýaşaýyş jaýlarynyň göni (salgyly) berilmegi görnüşinde muzdsuz we satyn alynmagy görnüşinde hususylaşdyrylmagyny amala aşyrýan edaralar bolup durýarlar. 2. Ýaşaýyş jaýlarynyň…
15-nji madda
Ýaşaýyş jaýyny hususylaşdyrmak hakynda arza bermegiň tertibi
1. Ýaşaýyş jaýyny kireýine alyjy ýaşaýyş jaýyny hususylaşdyrmak üçin maşgalanyň özi bilen bilelikde ýaşaýan kämillik ýaşyna ýeten agzalarynyň we hususylaşdyrmagyň geçirilýän pursatynda şol ýaşaýyş jaýynda ýaşaýyş meýdanyna hukugy bolan…
16-njy madda
Ýaşaýyş jaýynyň onuň kireýine alyjysy tarapyndan hususylaşdyrylmagy hakynda ýerine ýetiriji häkimiýetiň ýerli edarasynyň ýa-da Geňeşiň karar kabul etmeginiň tertibi
1. Ýaşaýyş jaýyny kireýine alyjy ýa-da onuň ynanylan adamy tarapyndan ony hususylaşdyrmak hakynda arza berlen gününden başlap otuz senenama gününiň dowamynda degişli ýerine ýetiriji häkimiýetiň ýerli edarasy ýa-da Geňeş ýaşaýyş jaýyny…
17-nji madda
Kireýine berilýän ýaşaýyş jaýynyň hususylaşdyrylmagyna gatnaşmak we hususylaşdyrylan ýaşaýyş jaýynyň eýeçilik paýyna bolan hukuk
1. Ýaşaýyş jaýyny kireýine alyjynyň maşgalasynyň kämillik ýaşyna ýeten ähli agzalarynyň razylygy bolan halatynda ýaşaýyş jaýynyň hususylaşdyrylmagy maşgalanyň ähli agzalarynyň, şol sanda wagtlaýyn bolmadyklaryň we kämillik ýaşyna…
18-nji madda
Ýaşaýyş jaýynyň bäsleşikli söwda arkaly hususylaşdyrylmagy
1. Ýaşaýyş jaýynyň bäsleşikli söwda arkaly hususylaşdyrylmagy şu Kanunyň 10-njy maddasynyň 6-njy bendinde görkezilen tertibe we Türkmenistanyň beýleki kadalaşdyryjy hukuk namalaryna laýyklykda bäsleşikli söwdany geçirmek boýunça döwlet…
19-njy madda
Ýaşaýyş jaýynyň hususylaşdyrylmagy hakynda şertnama
1. Şu Kanunyň 13-nji maddasynyň birinji bölegine laýyklykda amala aşyrylýan ýaşaýyş jaýynyň hususylaşdyrylmagy ýaşaýyş jaýyny muzdsuz göni (salgyly) bermek şertnamasy bilen resmileşdirilýär. 2. Şu Kanunyň 13-nji maddasynyň ikinji we üçinji…
20-nji madda
Hususylaşdyrylýan ýaşaýyş jaýynyň bahasynyň tölenilmegi
Ýaşaýyş jaýyny: 1) muzdsuz hususylaşdyrýan adam - diňe hususylaşdyrylan ýaşaýyş jaýyna eýeçilik hukugy hakynda resminamalaryň resmileşdirilmegi boýunça hyzmatlaryň bahasyny töleýär; 2) satyn almak görnüşinde hususylaşdyrýan adam - satylan…
21-nji madda
Ýaşaýyş jaýyny hususylaşdyrmak üçin serişdeleriň çeşmeleri we onuň tölenilmegi
1. Ýaşaýyş jaýynyň hususylaşdyrylmagynyň şu Kanunyň 13-nji maddasynyň ikinji we üçinji böleklerine laýyklykda we bäsleşikli söwda arkaly amala aşyrylmagy ony hususylaşdyrýan adamyň öz we (ýa-da) karz serişdeleriniň hasabyna geçirilýär. 2.…
22-nji madda
Hususylaşdyrylan ýaşaýyş jaýlarynyň ulanylmagy we abatlanylmagy. Jemagat hyzmatlarynyň edilmegi
Hususylaşdyrylan ýaşaýyş jaýlarynyň ulanylmagy we abatlanylmagy, jemagat hyzmatlarynyň edilmegi, şeýle hem olary saklamak boýunça çykdajylaryň maliýeleşdirilmegi Türkmenistanyň kanunçylygynda bellenilen tertipde geçirilýär.
23-nji madda
Şu Kanunyň bozulandygy üçin jogapkärçilik
Şu Kanunyň bozulmagynda günäkär şahslar Türkmenistanyň kanunçylygynda bellenilen jogapkärçiligi çekýärler.
24-nji madda
Jedelleriň çözülişi
Ýaşaýyş jaýynyň hususylaşdyrylmagy çygrynda ýüze çykýan jedeller Türkmenistanyň kanunçylygynda bellenilen tertipde çözülýär.
25-nji madda
Şu Kanunyň güýje girmegi
1. Şu Kanun 2014-nji ýylyň 1-nji ýanwaryndan güýje girýär. 2. Türkmenistanyň kadalaşdyryjy hukuk namalary şu Kanunyň güýje girmegine çenli oňa laýyk getirilmäge degişlidir.