Yza
Hukukçy
Kanunlar
Kanunlar
Kömek
Resminamany barla
Içeri gir
Kanunlar
«Awtomobil ýollary we ýol işi hakynda» Türkmenistanyň Kanuny
kanun
02.03.2013 · № 376-IV
«Awtomobil ýollary we ýol işi hakynda» Türkmenistanyň Kanuny
35 madda · 5 bölüm · 13 sahypa
Mazmuny
Ähli bölümler
I
Umumy düzgünler
II
Awtomobil ýollary
III
Ýol işi
IV
Awtomobil ýollaryny peýdalanyjylaryň we ýol edaralarynyňhukuklary we borçlary
V
Jemleýji düzgünler
Ähli bölümler
I. Umumy düzgünler
II. Awtomobil ýollary
III. Ýol işi
IV. Awtomobil ýollaryny peýdalanyjylaryň we ýol edaralarynyňhukuklary we borçlary
V. Jemleýji düzgünler
35 madda
1-nji madda
Şu Kanunda ulanylýan esasy düşünjeler
Şu Kanunyň maksatlary üçin aşakdaky esasy düşünjeler ulanylýar: 1) awtomobil ýoly - ulag infrastrukturasynyň bellenilen tizlikleri, düşýän agramlary we gabaralary bolan awtoulag serişdeleriniň hereket etmegi üçin niýetlenilen awtomobil…
2-nji madda
Şu Kanunyň maksatlary we wezipeleri
1. Şular şu Kanunyň maksatlary bolup durýar: 1) awtomobil ýollarynyň işlemeginiň, awtomobil ýolundan peýdalanyjylaryň bähbitlerine ýol işiniň amala aşyrylmagynyň esaslaryny döretmek; 2) awtomobil ýollarynyň peýdalanylmagynyň we ýol işiniň…
3-nji madda
Türkmenistanyň awtomobil ýollary we ýol işi hakynda kanunçylygy
1. Türkmenistanyň awtomobil ýollary we ýol işi hakynda kanunçylygy Türkmenistanyň Konstitusiýasyna esaslanýar we şu Kanundan hem-de Türkmenistanyň beýleki kadalaşdyryjy hukuk namalaryndan ybarat. 2. Eger Türkmenistanyň halkara…
4-nji madda
Awtomobil ýollary we ýol işi çygrynda döwlet syýasaty
Awtomobil ýollary we ýol işi çygrynda döwlet syýasaty şu aşakdakylaryň üpjün edilmegine gönükdirilendir: 1) awtomobil ýollarynda howpsuzlygyň, adamlaryň janynyň we saglygynyň goralmagynyň; 2) awtomobil ýollary peýdalanylan mahalynda fiziki…
5-nji madda
Awtomobil ýollary we ýol işi çygrynda standartlaşdyrmak we ölçegleriň bitewiliginiň üpjün edilmegi
Awtomobil ýollary we ýol işi çygrynda standartlaşdyrmak we ölçegleriň bitewiliginiň üpjün edilmegi Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykda amala aşyrylýar.
6-njy madda
Awtomobil ýollary we ýol işi çygrynda döwlet tarapyndan düzgünleşdirmegi we dolandyrmagy amala aşyrýan edaralar
1. Türkmenistanyň Ministrler Kabineti, Türkmenistanyň Awtomobil ýollary ministrligi (mundan beýläk - ygtyýarly edara) awtomobil ýollary we ýol işi çygrynda döwlet tarapyndan düzgünleşdirmegi we dolandyrmagy amala aşyrýan edaralar bolup…
7-nji madda
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň ygtyýarlylygy
Türkmenistanyň Ministrler Kabineti: 1) awtomobil ýollary we ýol işi çygrynda ýeke-täk döwlet syýasatyny kesgitleýär; 2) awtomobil ýollary we ýol işi çygrynda Türkmenistanyň kadalaşdyryjy hukuk namalaryny çykarýar; 3) şulary tassyklaýar: a)…
8-nji madda
Ygtyýarly edaranyň ygtyýarlylygy
Ýgtyýarly edara: 1) awtomobil ýollary we ýol işi çygrynda ýeke-täk döwlet syýasatyny durmuşa geçirýär; 2) awtomobil ýollary we ýol işi çygrynda kadalaşdyryjy hukuk namalaryny kabul edýär; 2¹) öz garamagyndaky awtomobil ýollarynyň abat…
9-njy madda
Ýerine ýetiriji häkimiýetiň ýerli we ýerli öz-özüňi dolandyryş edaralarynyň, ministrlikleriň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň ygtyýarlylygy
Ýerine ýetiriji häkimiýetiň ýerli we ýerli öz-özüňi dolandyryş edaralary, ministrlikler we pudaklaýyn dolandyryş edaralary: 1) awtomobil ýollary we ýol işi çygrynda ýeke-täk döwlet syýasatynyň durmuşa geçirilmegine gatnaşýarlar; 2)…
10-njy madda
Awtomobil ýollarynyň toparlara bölünişi
1. Awtomobil ýollary özleriniň degişliligi boýunça ygtyýarly edaranyň, ýerine ýetiriji häkimiýetiň ýerli we ýerli öz-özüňi dolandyryş edaralarynyň, ministrlikleriň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň garamagyndaky hem-de ykdysadyýetiň…
11-nji madda
Awtomobil ýollaryna bolan eýeçilik
Türkmenistanda awtomobil ýollary döwlet eýeçiligine we eýeçilik hukugynda ykdysadyýetiň döwlete dahylsyz bölegine degişli bolup durýar.
12-nji madda
Awtomobil ýolunyň kybaplaşdyryş san belgisi we ady
1. Awtomobil ýollarynyň kybaplaşdyryş san belgisi we ady bolmalydyr. 2. Awtomobil ýolunyň kybaplaşdyryş san belgisi maglumat beriji-görkeziji ýol belgilerinde we kartalarda görkezilýän elipbiýiň harpyndan we sanlardan ybarat bolup…
13-nji madda
Awtomobil ýollarynyň ýeke-täk döwlet sanawy
1. Awtomobil ýollarynyň ýeke-täk döwlet sanawy döwlet maglumatlar serişdesini özünde jemleýär we onda awtomobil ýollary hakynda maglumatlar bardyr. 2. Awtomobil ýollarynyň ýeke-täk döwlet sanawynyň düzülmeginiň we ýöredilmeginiň…
14-nji madda
Awtomobil ýolunyň dowamlylygynyň hasaplanylmagy
1. Awtomobil ýolunyň dowamlylygy onuň başlanýan ýerindäki ilatly ýerden ahyryndaky ilatly ýere çenli ýa-da Türkmenistanyň Döwlet serhedine çenli hasaplanylýar. 2. Awtomobil ýolunyň ilatly ýeriň çägindäki dowamlylygy awtomobil ýolunyň…
15-nji madda
Awtomobil ýollarynyň peýdalanylmagynyň düzgünleri
Ygtyýarly edara tarapyndan awtomobil ýollarynyň abatlygyny we ýol hereketiniň howpsuzlygyny üpjün etmek maksady bilen, Türkmenistanyň Ministrler Kabineti tarapyndan tassyklanylýan Awtomobil ýollarynyň peýdalanylmagynyň düzgünleri işlenilip…
16-njy madda
Agyr agramly we uly gabaraly ulag serişdeleriniň awtomobil ýollary boýunça ýöräni üçin ýygymlar
1. Umumy agramy, okuna düşýän güýji we gabaralary bellenilen ölçegden geçýän ulag serişdeleriniň awtomobil ýollary boýunça hereketi diňe ýol hereketiniň howpsuzlygyny üpjün etmek çygryndaky degişli edara tarapyndan berilýän ýörite…
17-nji madda
Ulag serişdeleriniň awtomobil ýollary boýunça ýöräni üçin töleg
1. Ulag serişdeleriniň hereketiniň ýokary tizlikli we howpsuz düzgünini üpjün edýän awtomobil ýollarynda, şol sanda emeli ýol desgalarynda şol ýollardan ýöreleni üçin töleg alnyp bilner. 2. Awtomobil ýoly, onuň bütin dowamynda ýa-da onuň…
18-nji madda
Ulag serişdeleriniň awtomobil ýollary boýunça hereketiniň wagtlaýyn çäklendirilmegi ýa-da bes edilmegi
1. Ulag serişdeleriniň awtomobil ýollary boýunça hereketiniň wagtlaýyn çäklendirilmegi ýa-da bes edilmegi abatlaýyş-gurluşyk işleri geçirilende, ýol hereketiniň howpsuzlygyna howp abanan halatlarynda geçirilip bilner. 2. Ulag…
19-njy madda
Awtomobil ýollarynyň ösüşiniň meýilnamalaşdyrylmagy we ýol işiniň amala aşyrylmagy
1. Awtomobil ýollarynyň ösüşiniň meýilnamalaşdyrylmagy Türkmenistanyň awtomobil ýollaryny ösdürmegiň meýilnamalaryna laýyklykda amala aşyrylýar. 2. Döwlet we ýerli ähmiýetli awtomobil ýollary babatda ýol işi ygtyýarly edara tarapyndan…
20-nji madda
Ýol işiniň ygtyýarlylandyrylmagy
Ýol işiniň ygtyýarlylandyrylmagy Türkmenistanyň kanunçylygynda bellenilen tertipde ygtyýarly edara tarapyndan amala aşyrylýar.
21-nji madda
Ýol işiniň maliýeleşdirilmegi
1. Ýerine ýetiriji häkimiýetiň ýerli we ýerli öz-özüňi dolandyryş edaralarynyň garamagyndaky awtomobil ýollary babatda ýol işiniň maliýeleşdirilmegi Türkmenistanyň Döwlet býujetiniň serişdeleriniň hasabyna amala aşyrylýar. 3. Pudak ýollary…
22-nji madda
Awtomobil ýollarynyň gurluşygy, durkunyň täzelenilmegi üçin ýer bölekleriniň berilmegi
Awtomobil ýollarynyň gurluşygy, durkunyň täzelenilmegi üçin ýer bölekleriniň berilmegi Türkmenistanyň ýer hakyndaky kanunçylygyna laýyklykda amala aşyrylýar.
23-nji madda
Awtomobil ýoluna bölünip berilýän zolak
1. Awtomobil ýolunyň bölünip berilýän zolagynyň çäkleri onuň toparynyň göz öňünde tutulmagy bilen, awtomobil ýolunyň taslama resminamalary esasynda ýerleriň bölünip berilmegi boýunça bellenilen gurluşyk kadalaryna laýyklykda…
24-nji madda
Awtomobil ýollarynyň ýakasyndaky zolaklar
Awtomobil ýollary üçin ýol ýakasyndaky zolaklar bellenilýär, ilatly ýerlerde ýerleşýän awtomobil ýollary muňa degişli däldir. Awtomobil ýolunyň ýakasyndaky zolaklaryň bellenilmeginiň we ulanylmagynyň düzgünleri Türkmenistanyň Ministrler…
25-nji madda
Awtomobil ýollarynyň gurulmagy, durkunyň täzelenilmegi, düýpli abatlanylmagy üçin taslama-çenlik resminamalary
1. Awtomobil ýollarynyň gurulmagy, durkunyň täzelenilmegi, düýpli abatlanylmagy üçin taslama-çenlik resminamalarynyň taýýarlanylmagy Türkmenistanyň kanunçylygynda bellenilen tertipde taslamalaşdyryş guramalary tarapyndan amala…
Öňki
1 / 2
Indiki