Yza
Hukukçy
Kanunlar
Kanunlar
Kömek
Resminamany barla
Içeri gir
Kanunlar
«Köpçülikleýin habar beriş serişdeleri hakynda» Türkmenistanyň Kanuny
kanun
22.12.2012 · № 355-IV
«Köpçülikleýin habar beriş serişdeleri hakynda» Türkmenistanyň Kanuny
60 madda · 29 sahypa
60 madda
1-nji madda
Köpçülikleýin habar beriş serişdesi düşünjesi
1. Köpçülikleýin habar beriş serişdesi diýlip çap, audio-,audiowizual we beýleki habarlar hem-de maglumatlar bolan köpçülikleýin habarlary döwürleýin ýaýratmagyň görnüşlerine (çap, teleradioönüm ýaýradyş, Internet ulgamyndaky neşirlere we…
2-nji madda
Köpçülikleýin habar beriş serişdeleri hakynda Türkmenistanyň kanunçylygy
1. Köpçülikleýin habar beriş serişdeleri hakynda Türkmenistanyň kanunçylygy Türkmenistanyň Konstitusiýasyna esaslanýar we köpçülikleýin habar beriş serişdelerini döretmegiň, hereket etmeginiň we ýaýratmagyň meselelerini düzgünleşdirýän şu…
3-nji madda
Kanunyň hereket ediş çygry
Şu Kanun Türkmenistanyň ýuridik we fiziki şahslary tarapyndan döredilýän köpçülikleýin habar beriş serişdelerine, şeýle hem Türkmenistanyň çäginde olaryň önümi ýaýradylýan daşary ýurt döwletleriniň köpçülikleýn habar beriş serişdelerine…
4-nji madda
Köpçülikleýin habar beriş serişdeleri babatda döwlet syýasatynyň ýörelgeleri
1. Şu aşakdakylar köpçülikleýin habarlaryň erkinligi babatda Türkmenistanyň döwlet syýasatynyň ýörelgeleridir: - Türkmenistanda köpçülikleýin habar beriş serişdeleri erkindir. Döwlet pikir aňlatmakda köpçülikleýin habar beriş serişdelerine…
5-nji madda
Köpçülikleýin habar beriş serişdelerini döwlet tarapyndan goldamak
Köpçülikleýin habar beriş serişdelerini döwlet tarapyndan goldamak şu aşakdaky maksatlar bilen amala aşyrylýar: köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň erkin we giňden ýaýradylmagyny üpjün etmek; köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň…
6-njy madda
Köpçülikleýin habar beriş serişdeleri babatda döwlet düzgünleşdirmesini amala aşyrýan edaralar
1. Köpçülikleýin habar beriş serişdeleri babatda döwlet syýasatyny Türkmenistanyň Ministrler Kabineti, şeýle hem köpçülikleýin habar beriş serişdeleri babatda ýerine ýetiriji häkimiýetiň ygtyýarly edaralary amala aşyrýarlar. 2.…
7-nji madda
Öz-özüňi düzgünleşdirmek
Žurnalistleriň hünär derejesini ýokarlandyrmak, jemgyýete berilýän maglumat dogrulygyny we tarapgöýsüzligini üpjün etmek maksady bilen žurnalistler hünär etiki ülňüleriň meýletin esasda kabul edilmegini we redaksion tertipnamanyň ýa-da…
8-nji madda
Köpçülikleýin habar beriş serişdelerini döretmäge bolan hukuk
1. Köpçülikleýin habar beriş serişdelerini döretmäge bolan hukuk şu aşakdakylara degişlidir: 1) döwlet häkimiýet edaralaryna; 2) ýerine ýetiriji häkimiýetiň ýerli edaralaryna we ýerli öz-özüňi dolandyryş edaralaryna; 3) Türkmenistanyň…
9-njy madda
Köpçülikleýin habar beriş serişdelerini döwlet tarapyndan hasaba almak
1. Şu Kanunyň 8-nji maddasynyň 2-nji böleginiň 1-2-nji bentlerine laýyklykda döredilen köpçülikleýin habar beriş serişdelerini (döwlet köpçülikleýin habar beriş serişdelerini) döwlet tarapyndan hasaba almak şu Kanuna laýyklykda we…
10-njy madda
Köpçülikleýin habar beriş serişdesini döwlet tarapyndan hasaba almakdan ýüz döndermek
1 .Köpçülikleýin habar beriş serişdesini döwlet tarapyndan hasaba almakdan ýüz döndermek şu aşakdaky esaslar boýunça mümkindir: 1) şu Kanunyň 8-nji maddasyna laýyklykda köpçülikleýin habar beriş serişdesini döretmek hukugyna eýelik etmeýän…
11-nji madda
Habary döwlet tarapyndan hasaba almazdan ýaýratmak
1. Habary döwlet tarapyndan hasaba almazdan jemagata ýaýratmaga bolan hukuga diňe resmi habarlary we maglumatlary, kadalaşdyryjy hukuk we beýleki namalary neşir etmek üçin köpçülikleýin habar beriş serişdelerini döredýän kanun çykaryjy,…
12-nji madda
Köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň döwlet tarapyndan hasaba alnandygy hakyndaky şahadatnamany hakyky däl diýip ykrar etmek
1. Köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň döwlet tarapyndan hasaba alnandygy hakyndaky şahadatnama hasaba alyjy edaranyň arzasy boýunça kazyýet tarapyndan şu aşakdaky halatlarda hakyky däl diýlip ykrar edilip bilner, eger: 1) döwlet…
13-nji madda
Köpçülikleýin habar beriş serişdesiniň işini bes etmek ýa-da togtatmak
1. Köpçülikleýin habar beriş serişdesiniň işi esaslandyryjynyň çözgüdi boýunça ýa-da ygtyýarynda ýuridik şahslary döwlet tarapyndan hasaba almagyň meseleleri bolan ýerine ýetiriji häkimiýetiň ygtyýarly edarasynyň talap arzasy boýunça…
14-nji madda
Köpçülikleýin habar beriş serişdesini döwlet tarapyndan hasaba almakdan ýüz dönderilmegine, onuň işini bes etmek ýa-da togtatmak hakyndaky çözgüde şikaýat etmegiň tertibi
1. Köpçülikleýin habar beriş serişdesini döwlet tarapyndan hasaba almakdan ýüz döndermek, köpçülikleýin habar beriş serişdesiniň işini bes etmek ýa-da togtatmak hakynda kazyýetiň çözgüdine kanunda bellenilen tertipde şikaýat edilip…
15-nji madda
Köpçülikleýin habar beriş serişdesini esaslandyryjy
1. Köpçülikleýin habar beriş serişdesini esaslandyryjy - öz adyndan köpçülikleýin habar beriş serişdesini ýaýradýan ýuridik ýa-da fiziki şahs. Şu Kanunyň 8-nji maddasynyň 1-nji böleginde görkezilen ýuridik ýa-da fiziki şahs köpçülikleýin…
16-njy madda
Köpçülikleýin habar beriş serişdesiniň redaksiýasy
1. Köpçülikleýin habar beriş serişdesiniň redaksiýasy redaksiýanyň öz Tertipnamasynyň esasynda hereket edýär. Redaksiýa öz işini hünär özbaşdaklygy esasynda amala aşyrýar. Redaksiýa köpçülikleýin habar beriş serişdesini esaslandyryjy,…
17-nji madda
Köpçülikleýin habar beriş serişdesiniň redaksiýasynyň Tertipnamasy
1. Redaksiýanyň Tertipnamasy esaslandyryjynyň, baş redaktoryň we redaksiýanyň gatnaşyklaryny, žurnalistik kollektiwiň ygtyýarlyklaryny düzgünleşdirýär. Redaksiýanyň Tertipnamasy şu Kanuna laýyk gelmelidir. 2. Köpçülikleýin habar beriş…
18-nji madda
Köpçülikleýin habar beriş serişdesini neşir ediji
1. Köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň çap önümlerini öndürmek neşir ediji tarapyndan amala aşyrylýar, neşir ediji diýlip köpçülikleýin habar beriş serişdesiniň önümini öndürmegiň material-tehniki üpjünçiligini amala aşyrýan ýa-da…
19-njy madda
Hukuklaryň we borçlaryň ýüze çykmagy
1. Esaslandyryjynyň we redaksiýanyň şu Kanunda göz öňünde tutulan hukuklary we borçlary köpçülikleýin habar beriş serişdesiniň döwlet tarapyndan hasaba alnan pursadyndan, redaksiýanyň Tertipnamasynda göz öňünde tutulanlar bolsa - onuň…
20-nji madda
Köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň çap önümlerini ýaýratmagyň tertibi
1. Köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň çap önümlerini ýaýratmak ýaýradyjy tarapyndan geçirilýär, ýaýradyjy diýlip redaksiýa, neşirçi bilen şertnama boýunça ýa-da beýleki kanuny esaslarda hereket edýän şahsa düşünilýär. Köpçülikleýin…
21-nji madda
Köpçülikleýin habar beriş serişdesiniň çykyş maglumatlary
1. Çykyş maglumatlary görkezilmezden köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň önümini ýaýratmak gadagandyr. 2. Döwürleýin çap neşiriniň her bir goýberilişinde şu aşakdaky maglumatlar bolmalydyr: 1) neşiriň ady; 2) esaslandyryjynyň (şärikli…
22-nji madda
Hökmany habarlar
1. Redaksiýa mugt we tabşyrylan möhletde aşakdakylary çap etmäge (ýaýlyma çykarmaga) borçludyr: - bu köpçülikleýin habar beriş serişdesiniň üsti bilen şeýle karary çap etmek hakyndaky talaby özünde saklaýan, kazyýetiň kanuny güýje giren…
23-nji madda
Köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň hökmany çap nusgalyklary
Köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň hökmany çap nusgalyklaryna döwlet häkimiýet edaralaryna, şeýle hem beýleki edaralara we guramalara Türkmenistanyň Ministrler Kabineti tarapyndan kesgitlenilýän tertipde mugt iberilýän nusgalyklar…
24-nji madda
Köpçülige ýetirilen habary saklamak
Köpçülige niýetlenen maglumaty taýýarlamagy amala aşyrýan subýekt çap neşiriniň nusgalyklaryny maglumatyň ýaýradylan gününden başlap azyndan bir ýyl saklamaga borçludyr.
25-nji madda
Teleradiogepleşik eşitdiriş bilen baglanyşykly işi ygtyýarlylandyrmak
Teleradioýaýradyş bilen baglanyşykly iş "Işiň aýry-aýry görnüşlerini ygtyýarlylandyrmak hakynda" Türkmenistanyň Kanunyna we Türkmenistanyň beýleki kadalaşdyryjy hukuk namalaryna laýyklykda ygtyýarlylandyrylmaga degişlidir.
Öňki
1 / 3
Indiki