Yza
Hukukçy
Kanunlar
Kanunlar
Kömek
Resminamany barla
Içeri gir
Kanunlar
«Türkmenistanyň Gyzyl Ýarymaý Milli jemgyýeti hakynda» Türkmenistanyň Kanuny
kanun
22.12.2012 · № 357-IV
«Türkmenistanyň Gyzyl Ýarymaý Milli jemgyýeti hakynda» Türkmenistanyň Kanuny
24 madda · 8 sahypa
24 madda
1-nji madda
Esasy düşünjeler
Şu Kanunda aşakdaky esasy düşünjeler ulanylýar: 1) Gyzyl Hajyň we Gyzyl Ýarymaýyň Halkara hereketi - ynsanperswerlik işini has netijeli amala aşyrmak maksady bilen, Gyzyl Hajyň Halkara Komitetiniň, ol tarapyndan ykrar edilen Gyzyl Haç…
2-nji madda
Türkmenistanyň Gyzyl Ýarymaý Milli jemgyýeti
1. Türkmenistanyň Gyzyl Ýarymaý Milli jemgyýeti (mundan beýläk - Jemgyýet) Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykda hem-de Gyzyl Hajyň we Gyzyl Ýarymaýyň Halkara hereketiniň ýörelgeleri esasynda öz işini ýurduň bütin çäginde amala aşyrýan…
3-nji madda
Jemgyýet hakyndaky Türkmenistanyň kanunçylygy
1. Jemgyýet hakynda Türkmenistanyň kanunçylygy Türkmenistanyň Konstitusiýasyna esaslanýar we "Jemgyýetçilik birleşikleri hakynda" Türkmenistanyň Kanunyndan, şu Kanundan, Jemgyýetiň işini düzgünleşdirýän Türkmenistanyň beýleki kadalaşdyryjy…
4-nji madda
Jemgyýetiň hukuk derejesi
1. Jemgyýet - meýletin, öz-özüni dolandyrýan, täjirçilik däl, agzalyga we meýletinlige esaslanýan, adamlaryň janyny we saglygyny goramak, durmuş taýdan kömek bermek, adatdan daşary ýagdaýlaryň netijesinde ejir çeken adamlara kömek bermek,…
5-nji madda
Jemgyýetde agzalyk
1. Eger Türkmenistanyň kanunçylygynda başgaça bellenilmedik bolsa Gyzyl Hajyň we Gyzyl Ýarymaýyň beýik maksatlaryny goldaýan Türkmenistanyň raýatlary, haýsy millete degişlidigine, teniniň reňkine, jynsyna, gelip çykyşyna, emläk hem wezipe…
6-njy madda
Jemgyýetiň işine gatnaşyjylar
1. Jemgyýetiň maksatlaryny, wezipelerini, işiniň esasy ugurlaryny ýa-da anyk çärelerini goldaýan raýatlar we ýuridik şahslar - Türkmenistanyň jemgyýetçilik birleşikleri Jemgyýetiň işine gatnaşyjylar bolup bilerler. 2. Jemgyýetiň we onuň…
7-nji madda
Jemgyýetiň Tertipnamasy
1. Jemgyýet öz Tertipnamasyny, gurluşyny we özüniň bölümleri (şahamçalary) hakyndaky Düzgünnamalary özbaşdak işläp taýýarlaýar we tassyklaýar, şeýle hem öz işini guraýar, ýygnaklary, konferensiýalary, gurultaýlary we beýleki degişli…
8-nji madda
Jemgyýetiň işiniň esasy ýörelgeleri
1. Jemgyýet adamyň we raýatyň haýsy millete degişlidigine, teniniň reňkine, jynsyna, gelip çykyşyna, emläk hem wezipe ýagdaýyna, ýaşaýan ýerine, diline, dine garaýşyna, syýasy ygtykadyna, haýsy partiýa degişlidigine ýa-da hiç partiýa…
9-njy madda
Jemgyýetiň maksatlary we wezipeleri
1. Jemgyýet mätäç adamlara ynsanperwerlik, lukmançylyk-durmuş, dikeldiş we gaýry kömekleri bermek maksady bilen döredilendir. 2. Jemgyýet özbaşdak, şeýle hem Türkmenistanyň döwlet edaralary bilen arkalaşykly hereket edip, Türkmenistanyň…
10-njy madda
Jemgyýetiň işiniň esasy ugurlary Jemgyýet öz wezipelerini ýerine ýetirmek maksady bilen Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykda şulary amala aşyrýar: 1) arassaçylygy wagyz etmäge, lukmandan deslapky ilkinji kömegi bermegiň endiklerini,…
11-nji madda
Jemgyýetiň halkara hyzmatdaşlygy
1. Jemgyýet şu Kanunda göz öňünde tutulan öz maksatlaryna we wezipelerine, şeýle hem işiniň esasy ugurlaryna laýyk gelýän işleri amala aşyrmak maksady bilen, Gyzyl Hajyň Halkara Komiteti, Gyzyl Haç we Gyzyl Ýarymaý jemgyýetleriniň Halkara…
12-nji madda
Jemgyýetiň nyşany
1. Jemgyýetiň nyşany onuň ak ýerliginde «Türkmenistanyň Gyzyl Ýarymaý Milli jemgyýeti» diýen sözler ýazylan gyzyl ýarymaýyň şekilidir. 2. Jemgyýetiň nyşany (kiçeldilen möçberlerde) tapawutlandyryjy nyşan hökmünde şu aşakdaky…
13-nji madda
Jemgyýet tarapyndan Gyzyl Ýarymaý nyşanynyň ulanylmagy
Gyzyl Ýarymaýyň we Gyzyl Hajyň nyşanlaryny, tapawutlandyryjy duýduryjylaryny, şeýle hem «Gyzyl Ýarymaý» we «Gyzyl Haç» diýen atlaryny ulanmagyň we goramagyň tertibi Gyzyl Ýarymaýyň we Gyzyl hajyň nyşanlaryny ulanmak we goramak meselelerini…
14-nji madda
Jemgyýetiň Türkmenistanyň döwlet edaralary bilen arkalaşykly hereketi
1. Jemgyýet öz Tertipnamasynyň çäklerinde Türkmenistanyň döwlet edaralary bilen arkalaşykly hereket edýär. 2. Jemgyýet Türkmenistanyň döwlet edaralary bilen arkalaşykly hereketde bolup, hyzmatdaşlygyň esasy ugurlaryny we usullaryny…
15-nji madda
Jemgyýetiň eýeçiligi
1. Jemgyýet özüne degişli emläklerine we pul serişdelerine eýeçilik edýär, ulanýar we dolandyrýar. Jemgyýetiň eýeçiligi Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykda goralýar. 2. Jemgyýetiň eýeçiliginde binalar, ymaratlar, desgalar, ýaşaýyş jaý…
16-njy madda
Jemgyýetiň emlägini emele getirmegiň çeşmeleri
1. Jemgyýetiň serişdelerini we özge emläklerini emele getirmegiň çeşmeleri şulardyr: 1) agzalyk tölegleri; 2) Türkmenistanyň raýatlarynyň, daşary ýurt raýatlarynyň we raýatlygy bolmadyk adamlaryň, şeýle hem ýuridik şahslaryň meýletin pul…
17-nji madda
Döwlet tarapyndan Jemgyýetiň goldanylmagy
1. Türkmenistanyň döwlet edaralary Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykda, Jemgyýete şu Kanunda göz öňünde tutulan wezipeleri onuň ýerine ýetirmegi üçin maliýe, maddy we gaýry goldawlary berip bilerler. 2. Döwlet goldawy Jemgyýetiň…
18-nji madda
Jemgyýetiň salgytlary we ýygymlary tölemeginiň tertibi
Jemgyýetiň we onuň tabynlygyndaky ýuridik şahslaryň salgytlary, gümrük we beýleki ýygymlary tölemeginiň tertibi Türkmenistanyň kanunçylygy bilen kesgitlenilýär.
19-njy madda
Adatdan daşary ýagdaýlar zolagynda Jemgyýete berilýän ýeňillikler Adatdan daşary ýagdaýlar bolan halatynda Jemgyýetiň işgärleri we ynsanperwerlik kömeginiň ýükleri adatdan daşary ýagdaýlaryň bolýan zolagyna Türkmenistanyň kanunçylygyna…
20-nji madda
Jemgyýete binalaryň berilmegi
Jemgyýetiň we onuň guramaçylyk düzümleriniň işini üpjün etmek we dolandyryjy edaralaryny ýerleşdirmek üçin binalaryň, jaýlaryň we meýdanlaryň berilmegi muzdsuz amala aşyrylýar.
21-nji madda
Köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň Jemgyýetiň işine ýardam bermegi
Jemgyýet öz işi barada köpçülikleýin habar beriş serişdelerine maglumatlary berýär. Döwlete degişli köpçülikleýin habar beriş serişdeleri Jemgyýetiň işi baradaky maglumatlary Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykda çap edýärler.
22-nji madda
Jemgyýetiň işini togtatmak, üýtgedip gurmak we bes etmek
Jemgyýetiň işini togtatmak, üýtgedip gurmak we bes etmek Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykda amala aşyrylýar.
23-nji madda
Şu Kanunyň bozulandygy üçin jogapkärçilik
Şu Kanunyň bozulmagy Türkmenistanyň kanunçylygynda bellenilen tertipde jogapkärçilige eltýär.
24-nji madda
Şu Kanunyň güýje girmegi
Şu Kanun resmi taýdan çap edilen gününden güýje girýär.