Yza
Hukukçy
Kanunlar
Kanunlar
Kömek
Resminamany barla
Içeri gir
Kanunlar
«Standartlaşdyrmak hakynda» Türkmenistanyň Kanuny
kanun
19.10.2012 · № 343-IV
«Standartlaşdyrmak hakynda» Türkmenistanyň Kanuny
21 madda · 8 sahypa
21 madda
1-nji madda
Şu Kanunda ulanylýan esasy düşünjeler
Şu Kanunyň maksatlary üçin aşakdaky esasy düşünjeler ulanylýar: 1) standartlaşdyrmak - önüm (işler, hyzmatlar), onuň işlenip taýýarlanylmagynyň, öndürilmeginiň, ýerlenilmeginiň, ulanylmagynyň (peýdalanylmagynyň), saklanylmagynyň,…
2-nji madda
Standartlaşdyrmak babatda Türkmenistanyň kanunçylygy
1. Standartlaşdyrmak babatda Türkmenistanyň kanunçylygy Türkmenistanyň Konstitusiýasyna esaslanýar we şu Kanundan hem-de Türkmenistanyň beýleki kadalaşdyryjy hukuk namalaryndan ybarat. 2. Eger Türkmenistanyň halkara şertnamasynda şu…
3-nji madda
Şu Kanunyň hereket ediş çygry
1. Şu Kanun standartlaşdyrmak babatdaky iş bilen baglanyşykly gatnaşyklary düzgünleşdirýär. 2. Şu Kanunyň hereketi hereket ediş çygry Türkmenistanyň kanunçylygynda bellenilýän bilim, aragatnaşyk, döwletiň goralmagy we howpsuzlygy, saglygy…
4-nji madda
Standartlaşdyrmagyň maksatlary
Şu aşakdakylar standartlaşdyrmagyň maksatlary bolup durýar: 1) fiziki we ýuridik şahslaryň bähbitlerini kadalaşdyryjy resminamalaryň talaplaryna laýyk gelmeýän önümden (işlerden, hyzmatlardan) goramak; 2) tehniki, tehnologik we maglumat…
5-nji madda
Standartlaşdyrmak boýunça işleriň guralmagy
1. Standartlaşdyrmak boýunça işleriň guralmagy kadalaşdyryjy resminamalaryň işlenip düzülmegini we ulanylmagyny, ýuridik şahslaryň we hususy telekeçileriň standartlaşdyrmak babatda doly we dogry maglumatlar bilen üpjün edilmegini,…
6-njy madda
Standartlaşdyrmagyň maliýeleşdirilmegi Şu aşakdakylar standartlaşdyrmagyň maliýeleşdirilmeginiň çeşmeleri bolup durýar: 1) ýuridik şahslaryň we hususy telekeçileriň, olara ygtyýarly edara tarapyndan berilýän tölegli hyzmatlardan gelip…
7-nji madda
Standartlaşdyrmak babatda döwlet gözegçiligini we gözegçilik barlagyny amala aşyrýan edaralar
Standartlaşdyrmak babatda döwlet gözegçiligi we gözegçilik barlagy Türkmenistanyň Ministrler Kabineti, ygtyýarly edara, şeýle hem beýleki döwlet häkimiýet edaralary tarapyndan olaryň öz ygtyýarlyklarynyň çäklerinde amala aşyrylýar.
8-nji madda
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň ygtyýarlylygy
Türkmenistanyň Ministrler Kabineti: 1) standartlaşdyrmak babatda ýeke-täk döwlet syýasatyny kesgitleýär; 2) standartlaşdyrmak babatda Türkmenistanyň kadalaşdyryjy hukuk namalaryny çykarýar; 3) ygtyýarly edarany kesgitleýär; 4)…
9-njy madda
Ygtyýarly edaranyň ygtyýarlylygy
Ygtyýarly edara: 1) standartlaşdyrmak babatda ýeke-täk döwlet syýasatyny durmuşa geçirýär; 2) döwlet standartlaryny tassyklaýar we olara üýtgetmeler girizýär, olaryň döwlet tarapyndan bellige alynmagyny amala aşyrýar, olary herekete…
10-njy madda
Döwlet häkimiýetiniň beýleki edaralarynyň ygtyýarlylygy
Döwlet häkimiýetiniň beýleki edaralary öz ygtyýarlylygynyň çäklerinde: 1) standartlaşdyrmak babatda ýeke-täk döwlet syýasatynyň durmuşa geçirilmegine gatnaşýarlar; 2) standartlaşdyrmak babatda gözegçiligi we gözegçilik barlagyny amala…
11-nji madda
Kadalaşdyryjy resminamalaryň derejeleri
1. Türkmenistanyň çäginde kadalaşdyryjy resminamalaryň şu aşakdaky derejeleri hereket edýär: 1) döwlet standartlary; 2) halkara standartlary; 3) döwletara (sebit) standartlary; 4) tehniki şertler; 5) pudaklaýyn standartlar; 6) kärhanalaryň…
12-nji madda
Kadalaşdyryjy resminamalara bildirilýän talaplar
1. Kadalaşdyryjy resminamalar standartlaşdyrmak boýunça halkara, döwletara (sebit) standartlaryna, kadalara, düzgünlere we maslahatlara, daşary ýurt döwletleriniň progressiw standartlaryna, häzirki zaman ylmy-tehniki we tehnologik…
13-nji madda
Döwlet standartlary we tehniki şertler
1. Döwlet standartlary we tehniki şertler ygtyýarly edara, ýuridik şahslar we hususy telekeçiler, ýuridik şahslaryň standartlaşdyrmak boýunça gulluklary, standartlaşdyrmak boýunça tehniki komitetler tarapyndan işlenilip taýýarlanylýar. 2.…
14-nji madda
Pudaklaýyn standartlar we kärhanalaryň standartlary
1. Pudaklaýyn standartlar we kärhanalaryň standartlary belli bir görnüşli we şol bir sarp edilýän we funksional niýetlenilen önümi (işleri, hyzmatlary) öndürýän ýuridik şahslar we hususy telekeçiler tarapyndan işlenilip düzülýär we…
15-nji madda
Halkara, döwletara (sebit) standartlary, daşary ýurt döwletleriniň standartlary
1. Halkara standartlary standartlaşdyrmak boýunça halkara guramasy tarapyndan tassyklanylýar. 2. Döwletara (sebit) standartlary standartlaşdyrmak boýunça döwletara (sebit) guramasy tarapyndan tassyklanylýar. 3. Halkara, döwletara (sebit)…
16-njy madda
Düzgünler, düzgünnamalar, gollanmalar, usulyýet görkezmeleri, kadalar we maslahatlar
1. Düzgünler, düzgünnamalar, gollanmalar, usulyýet görkezmeleri, kadalar we maslahatlar önümi (işleri, hyzmatlary) öndürýän ýuridik şahslar we hususy telekeçiler tarapyndan işlenilip düzülýär we tassyklanylýar. Düzgünler, düzgünnamalar,…
17-nji madda
Kadalaşdyryjy resminamalaryň gaznasy
1. Peýdalanyjylary maglumat taýdan üpjün etmek maksady bilen ygtyýarly edara kadalaşdyryjy resminamalaryň gaznasyny döredýär we ol şu aşakdakylary amala aşyrýar: 1) Türkmenistanda ulanylmagy üçin kabul edilen halkara we döwletara (sebit)…
18-nji madda
Kadalaşdyryjy resminamalaryň çap edilmegi we ýaýradylmagy
1. Türkmenistanda ulanylmagy üçin kabul edilen halkara we döwletara (sebit) standartlaryny, daşary ýurt döwletleriniň standartlaryny, şeýle hem döwlet tarapyndan bellige alynmakdan geçen döwlet standartlaryny we tehniki şertleri resmi…
19-njy madda
Şu Kanunyň bozulandygy üçin jogapkärçilik
Şu Kanunyň bozulmagynda günäkär şahslar Türkmenistanyň kanunçylygynda bellenilen jogapkärçiligi çekýärler.
20-nji madda
Jedelleriň çözülişi
Standartlaşdyrmak babatda ýüze çykýan jedeller Türkmenistanyň kanunçylygynda bellenilen tertipde çözülýär.
21-nji madda
Şu Kanunyň güýje girmegi
1. Şu Kanun resmi taýdan çap edilen gününden güýje girýär. 2. 1993-nji ýylyň 1-nji oktýabrynda Türkmenistanyň Mejlisi tarapyndan kabul edilen "Türkmenistanyň Standartizasiýa we metrologiýa hakynda" Türkmenistanyň Kanunyny (Türkmenistanyň…